Bolçulygyň çeşmesi

7 Fewral 2024
548

Halkymyzda tebigy baýlygymyz hasaplanýan suwy tygşytly ulanmak, ösüp gelýän ýaş nesliň aňynda oňa bolan garaýyşlary terbiýelemek aýratyn ähmiýete eýe bolup durýar. Bu barada türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen çap edilen «Paýhas çeşmesi» kitabynda beýan edilýän «Ýer görki — suw, suw görki — guw», «Suw ýygnanyp köl bolar, köp ýygnanyp — il», «Damja suwdan tal çykar», «Tereň suwlar bulanmaz», «Wagt dagy gemrer, suw — daşy» diýen ajaýyp nakyllar hem onuň näderejede gymmatly hazynadygyny tassyklaýar. Türkmen halky ýere, suwa uly hormat goýýar. Tebigatyň janly-jandarlara eçilen bu gymmatly baýlygyny aýawly saklamak, her bir damjasy altyna deňelýän suwy tygşytly ulanmak her birimiziň mukaddes borjumyz hasaplanýar.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ekerançylyk meýdanlaryny akar suw bolçulygy bilen üpjün etmek ugrunda giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Ata Watanymyzyň suw çeşmesi Amyderýa, Murgap, Tejen, Etrek, Sumbar we Türkmen derýalary bolup durýar. Garagumuň jümmüşinde «Altyn asyr» Türkmen kölüniň gurulmagy ekologiýa üçin hem-de oba hojalyk pudagynda ähmiýetli bolup, täze suwarymly ekerançylyk meýdanlarynyň peýda bolmagyna getirýär. Şeýle hem ekinleriň hasyllylygyny ýokarlandyrmakda, ýerleriň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmakda, maldarçylyk pudagy üçin öri meýdanlarynyň çäginiň giňemeginde aýratyn ähmiýete eýedir.

«Daşoguz habarlary».