Özbegistan sogan eksportynda dünýäniň ilkinji bäşligine girip biler

4 Fewral 2024
437

«EastFruit» portalynyň hasaplamalaryna görä, 2023-24-nji ýyllaryň oba hojalyk möwsümi boýunça Özbegistan ter soganyň eksportynda dünýäniň ilkinji bäşligine girip biler.

Portalyň hünärmenleri muny dünýäniň esasy sogan eksport edijilerinde, hususan-da, bu ugurda ilkinji bäşlige girýän Müsürde bu oba hojalyk önüminiň eksportyna girizilen çäklendirmeler, şeýle hem, özbek soganynyň daşary bazara iberilýän möçberiniň artmagy we eksport geografiýasynyň giňemegi bilen esaslandyrýarlar.

Taýýarlan: Annajemal GURBANÝAZOWA,
Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň «Olimp» orta sport mekdebiniň türkmen dili we edebiýaty mugallymy.