Bu günki hereket — ertirki bereket

31 Ýanwar 2024
602

Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň oba hojalygy pudagyny ösdürmek babatdaky taýsyz tagallalarynyň netijesinde, ene toprakdan bol hasyl almak üçin döredilýän mümkinçiliklerden ýerlikli peýdalanmaga çalyşýan Boldumsaz etrabynyň «Döwletli» daýhan birleşiginiň zähmetsöýer kärendeçileri önümçiligiň dürli ugurlarynda ýylyň-ýylyna guwandyryjy netijeleri gazanýarlar. Olar şu günleriň esasy aladalarynyň biri bolan meýdanlary ýazky gowaça ekiş möwsümine taýýarlamak babatynda alnyp barylýan işleriň depginini birjik-de gowşatmaýarlar. Şu ýylyň baharynda gowaça ekilmegi göz öňünde tutulýan 350 gektardan gowrak meýdanda şüdügär sürümi öz wagtynda geçirilip, tekizleme, çil çekmek ýaly çärelere ýol açylypdyr. Şol gaýragoýulmasyz işleri ýerine ýetirmekde Agajan Amangeldiýew, Nurnepes Çaryýew dagynyň we başga-da birnäçe mehanizatorlaryň yhlasly zähmet çekendiklerini nygtamak zerur. Elbetde, şeýle öz işine yhlasly mehanizatorlar häzirki wagtda hem öz işlerini öndürijilikli dowam etdirýärler.

Daýhan birleşigi boýunça bar bolan ekiji gurallar, borona-malalar abatlaýjylar tarapyndan gözden geçirilip, ekiş möwsümine taýýar edilipdir. Hojalygyň abatlaýjy ussalarynyň hatarynda Arazmyrat Otuzow, Aşyr Şiriýew dagyny görkezmek bolar.

Raziýa GAÝYPJANOWA,
«Daşoguz habarlary».