2023-nji ýylda türk pissesi 96 ýurda iberildi

21 Ýanwar 2024
460

Türkiye pisse öndürmekde we eksport etmekde uly kuwwata eýedir. Bu ýurtda pisse, esasan, Şanlyurfa we Gaziantep welaýatlarynda ösdürilip ýetişdirilýär. Günorta-gündogar Anadoly eksportçylar birleşiginiň habaryna görä, ýurtda 2022-nji ýylda 179,695 million dollarlyk pisse eksport edildi.

Geçen ýyl 96 ýurda, şol sanda Germaniýa, Italiýa, Yrak, Gyrgyzystan, Hytaý, Täjigistan, Angliýa, Albaniýa, Katar, Hindistan, Türkmenistan, Şweýsariýa, Ispaniýa, Polşa, Malta, Gana, Ýaponiýa, Kuba we Rumyniýa ýaly ýurtlara eksport edildi. «BazaarTimes»-iň habaryna görä, Türkiýe pisse eksportyndan geçen ýyl 151,57 million dollar girdeji gazanypdyr. Pissäniň köpüsi Germaniýa eksport edildi. 2023-nji ýylda Türkiýe Germaniýa, takmynan, 36 million dollarlyk pisse eksport etdi. Soňra 22,46 million dollarlyk möçberinde Italiýa, 12,62 million dollar möçberinde hem Yraga eksport edilipdir.

Taýýarlan: Rozymuhammet ARTYKOW, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Ýolöten etrap birleşmesiniň başlygy.