Üçdepede ýetişen bag

18 Iýun 2023
877

Ol ýere ýetmek üçin ýola çykanlaryň aýdyşy ýaly, «ganymat boýnuňy sozmaly». Marynyň welaýat merkezinden uzaklaşyp, Peşanalynyň üsti bilen çöle çykmaly. Soňam bir sagatdan gowrak ýöräberseň, akyp ýatan urpak çägeligiň arasy bilen kä egrelýän, kä dogrulanýan ýoluň iki gapdaly göm-gök öwsüp oturan ekinzarlyga eltýär. Peýwagtyna gezip ýören düýe sürüleri täze gazylan ýapdan teşneligini gandyryp, bärligine gözlände, göýä, akary çekenlere alkyş aýdýana meňzeýär. Medeni zonadan 60 kilometr çemesi uzaklykdaky Üçdepe düzlügi indi görenlere «Adam eli — gyzyl gül» diýlen nakyly ýatladýar. Bu düzlügi özleşdirmäge Garaşsyzlykdan soň içgin girişilendigini gürrüň berýärler. Şeýdip, akyp ýatan çägeler düzlenip, tekizlenip, ýap-çil çekilip, elektrik togy getirilip... garaz, iş hem durmuş hajatlary üçin zerur şertler döredilip, toprak bilen daýhanyň ysnyşygy başlanypdyr. Indi bu ýerde Mary welaýatynyň Mary, Sakarçäge, Wekilbazar, Murgap etraplarynyň ýüzlerçe gektara uzap gidýän ekerançylyk meýdanlary bar.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary-da haýyrly işe ykjam ýapyşypdyrlar. Muňa bizi alysdaky ekin meýdanyna «myhmançylyga» çagyran «Miweli ülke» hususy kärhanasynyň mysalynda göz ýetirdik.

Gur­ban­na­zar ORAZ­GU­LY­ÝEW,
«Biznes reklama».