Saz ynsan ruhuny tämizleýär

1 Aprel 2024
832

Muňa ýurdumyzyň teleýaýlymlary arkaly ilkinji görkezilişi bolan «Kompozitor» atly filmiň mysalynda göz ýetirmek bolýar

Sazyň täsinlikleri, onuň ynsan ruhuny bejerijilik häsiýeti barada türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz «Ile döwlet geler bolsa...» atly kitabynda: «Lukman bedeni bejerýän bolsa, sungat — sagaldyjy, şypa beriji täsir etmek bilen, adamyň ruhy-ahlak dünýäsine gönügendir... Saz diňe bir sungat bolman, eýsem, Hudaý tarapyndan berlen peşgeşdir. Saz Gurhanyň süreleri ýaly, adamlaryň ruhuny tämizleýär» diýip, belläp geçýär. Bu pikirler ýurdumyzyň Oguz han adyndaky «Türkmenfilm» birleşiginde surata düşürilen we ilkinji görkezilişi bolan «Kompozitor» atly filmiň düýp mazmunyndan eriş-argaç bolup geçýär hem-de onuň süňňüni düzýär.

Kakajan ÇARYÝAROW,
Hydyr Derýaýew adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň pedagogika mugallymy.
Beýleki habarlar