Ýeralma — islegli önüm

31 Maý 2023
350

Arkadagly Serdarymyz ýurdumyzda oba hojalygyny okgunly ösdürmäge, azyk önümleriniň bolçulygyny artdyrmaga hemişe uly üns berýär. Döwlet Baştutanymyzyň tabşyryklaryna laýyklykda, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzy tutuş ýylyň dowamynda ter gök önümler bilen bolelin üpjün etmek meselesiniň oňyn çözgüde eýe bolýandygyny ýurdumyzyň ak bazarlaryna, söwda nokatlaryna baranyňda hem aýdyň görmek bolýar. Munuň özi hormatly Prezidentimiziň ene topraga göwnejaý ideg edip, ýokary hasyl almak, halal gazanyp, hojalygyňy gurplandyrmak üçin döredip berýän amatly şertlerinden, giň mümkinçiliklerinden zähmetsöýer babadaýhanlaryň başarnykly peýdalanýandyklarynyň kepilidir.

Beýleki azyklyk önümler bilen bir hatarda, ýeralma hem ýylyň bütin dowamynda ilat tarapyndan ýokary islege eýe bolýan esasy önümleriň biridir. Indi welaýatymyzda hem dürli görnüşli ekinlerden bol hasyl almakda yhlasly zähmet çekip, tutanýerlilik görkezýän daýhanlaryň hatary barha artýar. Bu ugurda iş alyp barýan kärendeçi daýhanlaram, hususy ýer eýeleri hem iş tejribelerini ýylba-ýyldan artdyryp, ideg edýän ekin meýdanlaryndan ýokary hasyl almagy başarýarlar.

Toýjan Mämmedow.