Döwletliligiň nyşany

4 Noýabr 2021
1109

Halkymyzyň ata-baba dowam edip gelýän ýörelgelerine kybaplykda rysgal-bereket bilen baglanyşykly zatlara uly hormat-sarpa goýulýar. Pula hem halkymyzda berekediň, döwletliligiň nyşany hökmünde garalýar. Hut şonuň üçinem 1993-nji ýylyň 1-nji noýabrynda milli manadymyzyň dolanyşyga girizilmegini halkymyz döwletliligiň dolanmagynyň ýene bir nyşany hökmünde kabul edip, bu senäni hemişelik ýüregine ýazdy. Şondan bäri hem milli manadymyz halkymyzyň rysgal-berekediniň kepili bolup, kadaly hereketini dowam etdirip gelýär.

Milli manadyň kadaly hereketiniň üpjün edilmegi, onuň hümmetiniň ýokary bolmagy bilen baglanyşykly işleriň esasy bölegi bank ulgamynyň işi bilen baglanyşykly bolup durýar. Munuň üçin dünýäniň iri maliýe edaralary, guramalary bilen alnyp barylýan işleriň ýylsaýyn kämilleşdirilmegi dowam etdirilýär. Olaryň hatarynda Halkara Pul Gaznasyny, Bütindünýä bankyny, Yslam ösüş bankyny, Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankyny, Aziýanyň ösüş bankyny, Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Süýşürintgiler kassalarynyň halkara hyzmatdaşlyk boýunça gaznasyny görkezmek bolar.

Ymamguly REJEPOW,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň mugallymy.