Seýilbaý aganyň seýil bagy

31 Maý 2023
308

Seýilbaý aga zähmetsöýer adam. Kän geplänok. Sowal berseňem oýlanyşyp durýar-da, soňundan jogap gaýtarýar: — Gara Seýitliýew: «Kim-de kim bir agaç ekse ýadygär,//Dünýäň kitabynda onuň ady bar» diýip ýazypdyr. Bizem şondan çen tutup, haýsy ýere göçüp barsak-da, şol ýere agaç ekýäris — diýýär: — Agaçly, daragtly ýeriň saýasy goýry bolýar. Şol ýeriň howasy-da beýleki ýerleriň howasyndan aýry gelýär.

— Meniň bu ýere göçüp gelenime az wagt bolmady. Şol wagtky eken nahallarym miwä durdular. Her ýyl olaryň şirin miwelerinden çagalarymyz iýýär. Hatda bazara çykaryp, il-güne-de hödürleýäris — diýip, Seýilbaý aga gürrüň berýär. Onuň ogly Sapargeldi bireýýäm kakasynyň yzyna düşdi. Täze nahallary getirip oturtmalymy, öňkülerine ideg etmelimi, ony hiç kimden sorap duranok. Suw gerekmi, ýere iýmit gerekmi göz çeni bilen bilýär. Arazgeldi, Arazbagt, Bilbil dagy Seýilbaý aganyň bagbançylyk kärine eýerip, hemme işleri ýerbe-ýer edip bilýärler. Bu ýerde alma, erik, üzüm, garaly, şetdaly agaçlarynyň örän köpüsi bar. Olaryň hemmesi miwe berip otyr.

Leýla MÄTMURADOWA,
Türkmenistanyň Tebigaty goramak jemgyýetiniň welaýat bölüminiň hünärmeni.