FIJITAL SPORT: HYÝAL BILEN HAKYKATYŇ SAZLAŞYGY

2 Mart 2024
442

Häzirki zaman ösen jemgyýeti kämil tehnikasyz, «akylly» tehnologiýalarsyz göz öňüne getirmek örän kyn. Tehnika we tehnologiýa gün-günden kämilleşýär. Olar adamzadyň gündelik durmuşyna barha giň gerim bilen aralaşýar. Şonuň netijesinde hem, «elektron metbugat», «onlaýn söwda», jemgyýetde «wirtual aragatnaşyk», «elektron resminama dolanyşygy», «elektron hökümet» ýaly sanly tehnologiýalar bilen baglanyşykly adalgalar hem dilimizi baýlaşdyrýar.

Ylmyň we tehnologiýalaryň güýçli depgin bilen ösüşiniň adamzat durmuşyny barha «wirtuallaşdyrýandygyna» şaýat bolýarys. Döwür özgerýär, şonuň bilen birlikde, adamzadyň durmuşdaky närselere bolan garaýşy, nukdaýnazary hem özgerýär. Ilkibaşda adaty däl, hyýaly zat ýaly görünse-de, her bir döwrüň ýüze çykarýan täzeligi soňlugy bilen durmuşyň aýrylmaz bölegine öwrülýär. Tehnologiýalar asyrynda peýda bolan kiber sporta ýa-da fijital sporta hem şeýle nukdaýnazar bilen garamak mümkin. Durmuşymyzda peýda bolanyna kän wagt bolmasada, sportuň bu görnüşi gysga wagtyň içinde dünýä jemgyýetçiliginde uly gyzyklanma döretdi. Esasan hem, ýaşlaryň arasynda uly meşhurlyga eýe bolan fijital sport boýunça dünýäniň ençeme döwletlerinde milli, sebit derejesinde çempionatlar yzygiderli geçirilýär. Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Kazan şäherinde şu ýylyň 21-nji fewraly – 3-nji marty aralygynda ilkinji gezek halkara derejede «Geljegiň oýunlary» diýen at bilen geçirilýän tehnologik sport ýaryşyna dünýä ýurtlaryndan 2000-den gowrak türgenler gatnaşýar. Bu sportuň janköýerleriniň sany 150 milliondan hem aşar diýlip çaklanylýar.

Aýmyrat MUHAMMEDOW
Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň ylmy işler boýunça prorektory.