"Neutral Turkmenistan" newspaper

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-18, 39-95-82, 39-95-88
Email: neutralturkmenistan-gazeti@online.tm

Habarlar

«Türkmenaragatnaşyk» agentligi sanly ulgamyň täze gazananlary barada söhbetdeşlik gurnady

«Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň hünärmenleri bilen Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň mugallymlarynyň arasynda ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde maglumat we aragatnaşyk tehnologiýalaryny ulanyp, elektron okuw sapaklaryny ösdürmekde we ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamakda alnyp barylýan işler barada söhbetdeşlik gurnaldy. Arkadag şäheriniň Aragatnaşyk müdirliginiň edara binasynda gurnalan tegelek stoluň başynda aragatnaşyk pudagynyň hünärmenleri: «Sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden peýdalanmak we edara-kärhanalara yzygiderli täze sanly hyzmatlary ornaşdyrmak ýurdumyzda hünärmenler we innowasiýalar üpjünçiligine gönüden-göni bagly bolup durýar» diýip belläp geçdiler.

Kämillige ýol

Biziň ýaşaýan häzirki döwrümiz görlüp-eşidilmedik ylmy-tehniki ösüşleriň döwri bolup, ol bilimiň derejesiniň we hiliniň, tehnologiýalaryň, döredijilik mümkinçilikleriniň okgunly ösüşi bilen şertlendirilýär. Şoňa görä-de, ýurdumyzda hemmetaraplaýyn bilimli, döredijilikli pikirlenýän, ylmy-tehniki ösüşiň gazananlaryndan oňat baş çykarýan ýaş hünärmenleriň taýýarlanylmagyna aýratyn ähmiýet berilýär. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň 12-nji iýulda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde gol çeken Buýrugy esasynda 2024-nji ýylda Türkmenistanyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmegiň meýilnamalarynyň tassyklanylmagy bilen, nobatdaky jogapkärli möwsüme badalga berildi. Şu günler Diýarymyzyň çar künjeginde bilime höwesli, zehinli ýaşlarymyz «talyp» diýen arzyly adyň eýesi bolmak üçin öz saýlap alan hünärleri boýunça bilim ojaklaryna resminamalaryny tabşyrýarlar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ykdysadyýetimiziň ileri tutulýan ugurlary bilen bir hatarda, ýurdumyzyň bilim ulgamy hem yzygiderli döwrebaplaşdyryp, ony milli we öňdebaryjy tejribeler, umumy ykrar edilen halkara kadalar esasynda kämilleşdirmek ugrunda uly işler durmuşa geçirilýär. Watanymyzyň ähli künjeklerinde häzirki zaman çagalar baglary, orta mekdepler, ýokary we orta hünär bilimi edaralary gurlup, ýaş nesillerimiziň ýokary hilli bilim almakl

Ýer böleklerini eýeçilige, peýdalanmaga we kärendä bermek boýunça namalary resmileşdirmegiň, hasaba almagyň we bermegiň Tertibi tassyklanyldy

Türkmenistanyň ýer serişdelerini rejeli we netijeli peýdalanmak hem-de ýer gatnaşyklaryny kadalaşdyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, ýer böleklerini eýeçilige, peýdalanmaga, kärendä bermek boýunça namalary resmileşdirmegiň, hasaba almagyň we bermegiň Tertibi hem-de ýer meseleleri baradaky döwlet topary hakynda Düzgünnama tassyklanyldy. Oba hojalyk ministrligine Adalat ministrligi bilen bilelikde Karardan gelip çykýan üýtgetmeleri we goşmaçalary Türkmenistanyň kanunçylygyna girizmek baradaky teklipleri bir aý möhletde taýýarlamak hem-de Ministrler Kabinetine bermek tabşyryldy.

Asuda ýaşaýşyň goragynda

Howanyň aşa gyzýan günlerinde hormatly watandaşlarymyzy Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet ýangyn howpsuzlygy gullugy ýaşaýyş jaýlarynda, iş ýerlerinde elektrik we gaz enjamlary talabalaýyk gurnamaga, ulanmaga we ýangyn howpsuzlyk düzgünlerini dürs berjaý etmäge çagyryp, öýlerden, iş ýerlerden çykyp gitmezden öň, ýangyn howpsuzlyk düzgünleri esasynda jaýlary gözden geçirip, ähli elektrik we gaz enjamlarynyň öçürilendigini barlamagy, öýlerdäki, iş ýerlerdäki zerurlygy bolmadyk ulanylmaýan elektrik we gaz enjamlary ulanyşdan doly aýyrmaklygy, işläp duran elektrik we gaz enjamlary iş ýagdaýynda gözegçiliksiz galdyrmagyň örän howpludygyny ýatladýar.

Döwlet gümrük gullugynyň harby gullukçylarynyň hünär derejeleriyzygiderli ýokarlandyrylýar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Milli Liderimiziň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň harby gullukçylarynyň hünär derejelerini ýokarlandyrmak we gümrük işiniň dürli ugurlary boýunça yzygiderli okuw maslahatlary geçirmek babatda netijeli işler alnyp barylýar. Gullugyň harby gullukçylary diňe bir ýurdumyzyň çägindäki okuw maslahatlara gatnaşman, eýsem, bu ugra degişli halka­ra guramalar tarapyndan guralýan okuw sapaklaryna hem yzygiderli gatnaşyp, hünär derejelerini ýokarlandyryp, halkara tejribesini öwrenýärler. Häzirki wagtda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy bilen Bütindünýä gümrük guramasynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk has-da ýokarlanýar. Guramanyň halkara bilermenleri Döwlet gümrük gullugynyň harby gullukçylary bilen yzygiderli duşuşyklary geçirýärler. Ýakynda hem Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynda Bütindünýä gümrük guramasynyň ýardam bermeginde maksatnamasy boýunça okuw maslahaty geçirildi. Bu okuw çäresine Döwlet gümrük gullugynyň harby gullukçylary hem-de Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň wekilleri gatnaşdylar. Şeýle-de bu okuw maslahatyna Bütindünýä gümrük guramasynyň Ygtyýarly ykdysady operator boýunça tehniki maslahatçylary, Italiýanyň gümrük we monopoliýalar boýunça agentliginiň işgäri Gaetano Sassone hem-de Koreýa Respublikasynyň Gümrük gullugynyň işgäri Dongsu

HIÇ HAÇAN ÝEKE DOLANDYRMAŇ, şeýle-de zamanabap liderligiň beýleki düzgünleri

Keýt Ferrassi, «Hiç haçan ýeke naharlanmaň» bestselleriniň awtory. (Başlangyjy gazetiň geçen sanlarynda).

Mani ýa-da pul harplygy

BODO ŞEFER  (Başlangyjy gazetiň geçen sanlarynda).

Türkmenistanda ilkinji gezek «Mango festiwaly» geçirildi

19-njy iýulda paýtagtymyzyň «Ýyldyz» myhmanhanasynda Hindistan Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň guramagynda «Mango festiwaly» atly baýramçylyk dabarasy geçirildi. Geçirilen çärä Hindistan Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň wekilleri, Türkmenistanyň söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň daşary ykdysady aragatnaşyklary hukuk taýdan kadalaşdyryş we utgaşdyryş bölüminiň başlygy, hem-de diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Hemmämiziň bilşimiz ýaly, mango iň gadymy tropiki miweleriň biri. Bu miwe Hindistanda 8 müň ýyldan gowrak wagt bäri ösdürip ýetişdirilýär we şu güne çenli hindi mangosynyň 1500-e golaý görnüşi beýan edildi. Hindistan üçin mango diňe bir adaty miwe däl-de bengal gaplaňy ýa-da lotos güli ýaly hindi medeniýetiniň bir nyşany bolup durýar.

Täsirli geçen bäsleşik

Tomusky dynç alyş möwsüminde mekdep okuwçylarynyň wagtlaryny şatlykly-şagalaňly geçirmekleri üçin ýurdumyzda uly aladalar edilýär. Şu günler ýurdumyzyň ähli künjeginde çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezlerinde ýaş nesliň şadyýan sesleri ýaňlanýar. Welaýatymyzdaky «Bagtyýar nesil» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde welaýatyň dürli ýerlerinden gelen çagalaryň ýüzlerçesi dynç alyp, saglygyny berkidýär. Daşoguz şäher häkimliginiň garamagyndaky bu merkezde çagalaryň her bir gününiň manyly, şadyýan geçmegi babatda zerur tagallalar edilýär. Merkezde dürli ýaşdaky çagalardan düzülen toparlaryň arasynda geçirilýän baý mazmunly çärelere gyzyklanma diýseň uludyr. Şeýle çäreleriň biri hem golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Görogly etrap Geňeşi tarapyndan ýörite meýilnama esasynda geçirilen «Şygryýet ummanynyň dürdäneleri» atly şygar astynda goşgy aýtmak boýunça bäsleşikdir. Bäsleşigiň esasy maksady «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin döwlet Maksatnamasyny» amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasyny durmuşa ornaşdyrmakdan, ýaşlary kitap okamaklyga, goşgy ýat tutmaklyga höweslendirmekden ybaratdyr. Şeýle hem hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ösýän, özgerýän, abraý-mertebesiniň dünýä dolýan ýurdumyzyň ýaşlarynyň ruhy dünýäsin

Abadançylygyň gözbaşy

Şu günler howanyň gyzmagy bilen baglylykda, ýangyn howpsuzlyk düzgünlerini dürs berjaý etmäge çagyryp, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet ýangyn howpsuzlygy gullugy şu aşakdakylary ýatladýar. Elektrik nokadyna çendenaşa agram düşmez ýaly, oňa birnäçe elektrik enjamlaryny birikdirmeli däl. Şeýle hem elektrik akymyna gereginden artykmaç kuwwatly goraýjylary goýmak olaryň goraýjylyk ukybyny peseldýär. Aýratyn üns bermeli zatlaryň biri hem, soňky wagtda giňden ýaýran elektrik sarp edijiligi kuwwatly bolan elektrik enjamlary gurnamak, olarda bejeriş-abatlaýyş işlerini geçirmek ýörite şol ugurdan işleýän hünärmenler tarapyndan ýerine ýetirilmeli. Elektrik geçirijilerini aýratynlykda özbaşyna geçirip, elektrik geçirijiniň ugrunda awtomatik goraýjylar oturdylmaly.

IKI ASYRYŇ ŞAÝADY

Halk arasynda uzak ýaşap, durmuşyň ajysyny-süýjüsini başdan geçirip, onuň synaglaryndan abraý bilen geçen adamlara aýratyn sarpa goýulýar. Olaryň durmuş ýoly, uzak ýaşamagyň syrlary baradaky gürrüňlerini diňlemek her birimiz üçin hem gyzykly bolsa gerek. Ahal welaýatynyň Tejen şäherinde ýaşaýan Ahmet Ahmedow hem uzak ömür miýesser eden adamlardan. Ol şu ýylyň baharynda, tüweleme, 102 ýaşyny doldurdy. Bütin ömrüne halal zähmeti hemra edinen Ahmet aga saglygyň syryny hereket bilen baglanyşdyrýar. «Gülmek ömürden», «Ýylgyran ýüze ýygyrt düşmez» diýen sözlere eýerýän ruhubelent ýaşuly häzir hem degişgenligi bilen köpleri haýran galdyrýar. Bir asyrdan gowrak ýaşandygyna garamazdan, durmuşdan lezzet alyp, köpçülige goşulyp-garylyp ýaşamaga, başy çykýan işleri bilen goňşy-golamlara kömek bermäge yhlas etmegi — Ahmet aganyň artykmaçlygy. Ol maşgalasynda üç ogul, bir gyzy kemala getirdi, häzir ýedi agtygy, alty çowlugy bar. Olaryň agzybir maşgalasynda hemmeler sportuň, bedenterbiýäniň aşygy. Ýaşulynyň özi sport bilen meşgullanmasa-da, gündelik endigine eýerip, gezelenç edýär, öýde bolýan wagtlary öz söýgüli pişesi bolan sagatdyr ütükleri, stol çyralaryny bejermek bilen gümra bolýar. Ömürboýy çagalar öýünde işländendir, belki, onuň özüniňem göwni çaganyňky ýaly päk. Uzak ýyllaryň dowamynda ondan bilimiň, terbiýäniň ilkinji sapaklaryny alyp, häzirki wagtda mugallymdyr lukma

Adam hukuklarynyň möhüm şerti

Gender deňligi Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde möhüm ähmiýete eýedir. Munuň üstünlikli durmuşa geçirilmegi bolsa Türkmenistanyň durmuş-ykdysady syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Ýurdumyzda işiň ähli ugurlaryna aýal-gyzlaryň işjeň gatnaşmagy döwlet tarapyndan kepillendirilýär. Häzirki wagtda «Türkmenistanda gender deňligi boýunça 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasy» üstünlikli durmuşa geçirilýär. Bu Meýilnama erkekleriň we aýallaryň jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ulgamlaryna deň derejede gatnaşmaklary üçin zerur şertleriň üpjün edilmegine gönükdirilen maksatnamalaýyn resminama bolup durýar. Şeýle hem ol gender deňligi boýunça ykdysady ösüşiň durnuklylygyny üpjün etmegi, gender syýasatynyň maksatlaryny, wezipelerini we ýörelgelerini kesgitleýär.

Redaksiýanyň elektron poçtasyndan: watan@sanly.tm

Wagyz-nesihat çäresi Ýakynda Türkmenistanyň Demokratik Partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň guramagynda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde wagyz-nesihat çäresi geçirildi.

Durmuşymyzyň asudalygy — ýurdumyzyň abadanlygy

Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 3-nji iýulynda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow harby we hukuk goraýjy edaralaryň şu ýylyň alty aýynda ýerine ýetiren işleriniň netijelerine bagyşlanan Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisini geçirdi. Onuň dowamynda ýurdumyzda hukuk tertibiniň, kanunylygyň ýokary derejede bolmagynyň, jemgyýetçilik tertibiniň goralmagynyň üpjün edilmeginiň zerurdygyna üns çekildi, howanyň gyzmagy bilen baglylykda, ýangynyň döremegine garşy gözegçilik işlerini alyp barmak tabşyryldy. Häzirki tomus paslynyň dowam edýän döwründe ýaşaýyş jaýlary, edara binalary has-da ýylaýar, şunuň bilen baglylykda, degişli howa derejesini saklamak üçin sowadyjylar işledilýär. Şoňa görä-de, her bir raýat, isle uly ýaşly bolsun, isle-de kiçi ýaşly, tapawudy ýok, elektrik togy bilen iş salyşjak bolsa, hökmany ýagdaýda onuň kadalaryny berk berjaý etmegi öwrenmeli. Tehniki näsazlyklar ýa-da elektrik enjamlaryna nädogry çemeleşme howply ýangynlaryň döremegine sebäp bolup bilýär. Şeýle-de tomus paslynda meýdanlarda ýangyn döremek ähtimallygy bar bolup, şonuň üçin-de açyk ýerlerde kükürt çyzmak, ot ýakmak ýaly ýagdaýlara ýol berilmeli däldir. Şular bilen baglylykda, häzirki wagtda Içeri işler ministrligimiziň degişli düzümleri bilen bilelikde ýurdumyzyň edara-kärhanalarynda yzygiderli düşündiriş, wagyz-nesih

Üçe çenli — aýny wagty!

MASARU IBUKA (Irki terbiýe bilen bagly 76 maslahat) ENÄNIŇ WEZIPESI ÇAGA BARYP ÝETÝÄN MAGLUMATLARYŇ YMGYR KÖP MUKDARYNDAN IŇ GOWULARYNY SAÝLAMAKDAN YBARATDYR

Emeli aň hakynda okuw maslahaty geçirildi

Şu ýylyň 17-18-nji iýulynda paýtagtymyzda ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkezi tarapyndan «Emeli aň we onuň erkin sözlülige edýän täsiri» diýen at bilen okuw maslahaty geçirildi. Oňa gatnaşmaga Bolgariýadan we Awstriýadan halkara bilermenler çagyryldy. Maslahatyň ilkinji gününde gatnaşyjylar emeli aňyň döreýşi, şeýle hem Ýewropa Bileleşiginiň emeli aň, sanly hyzmatlar babatdaky kanunçylygy bilen tanyşdyryldy. Okuw maslahatynyň ikinji güni hem gyzykly dowam etdi. Onda beýleki ýurtlaryň emeli aňy köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde ulanyşlary, onuň düzgünleri, emeli aňy ulanmagyň etiki meseleleri, internet sowatlylygy ara alnyp maslahatlaşyldy.

«Teke bazardaky» tomus (Durmuş we biz)

Bu sözbaşynyň yzyny «şeýle bir gowy, şeýle bir gowy» diýip dowam etmezimden öňürti görýänje, belki-de, duýýanja zatlarym barada agzamalydyryn. Öýe derman-beýleki almaly bolsam, hökman «Nazarly Ada» degip geçýän. «Nazarly Ada» degibem, aşaklygyna ýolumy «Teke bazaryň» üsti bilen dowam edýän. Ugry Gurtla tarap bolan awtobuslaryň gatnawy hasam şu köçede kän. Şol sebäpden, wagtym boldugyndan, «Teke bazaryň» üstünden düşýän ýolumy ädimlerim bilen, azajygam bolsa, gysgaltmaga çalyşýan. Gysgaltmaga çalşylýan ýollarda, köplenç, ýatlamalar ýaşaýar. Töwerekden gulagyňa ilýän her sözüň holtumyna gysylyp, nädip şol günlere garşy gaýýanyňam bileňok şonda. Her zatdan many gözläp barýan ünsüň bolsa sözleri ýeke-ýekeden ýadyna ýazyp alýar: «Gel, jigim, buz ýaly buzgaýmak bar!», «Ýertudanalysyndan guýaýynmy, agam?», «Üstüne şokolad sepmelimi?», «Buzgaýmaga geliň, ýüregi sowadýan buz ýaly buzgaýmaga!».

Gün tertibinde — täze innowasion usullar

17-nji iýulda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Himiýa institutynda «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylmy-barlaglary alyp barmagyň döwrebap usullary» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Oňa Ylymlar akademiýanyň we himiýa institutyň alymlary, ylmy işgärleri we hünärmenleri gatnaşdy. Maslahatda çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylmyň gazananlaryny durmuşa ornaşdyrmagyň ýurdumyzyň häzirki zaman ylym ulgamynyň häsiýetli aýratynlygy bolup durýandygyny bellediler. Daşky gurşawy goramakda alnyp barylýan ylmy-barlag usullar barada gürrüň etdiler. Şol usullar ýokary ýodly senagat suwlarynyň fiziki-himiki häsiýetlerini öwrenmek bilen bagly işlerde öz beýanyny tapyp, täze innowasion usullar arkaly ylmy-barlaglaryň alnyp barlyşy barada meseleler maslahatyň esasyny düzdi.

Hukuk düşünjeliligi ― parahat durmuş

Şu gün — 19-njy iýulda Türkmenistanyň Baş prokuraturasy, Aşgabat şäher prokuraturasy hem-de Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Aşgabat şäher komiteti bilelikde wagyz-nesihat çäresini gurady. Onuň maksady Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň halkymyzyň we her bir raýatyň abadançylygynyň üpjün edilmegine gönükdirilen du döwlet syýasatyny wagyz etmekden, raýatlaryň hukuk düşünjeliligini ýokarlandyrmakdan ybarat boldy. Duşuşykda prokuratura işgärleri ýurdumyzda kanun bozulmalarynyň öňüniň alynmagy, jemgyýetde tertip-düzgüniň berjaý edilmegi, nesil terbiýesi barada çykyş etdiler.

Muzeýe syýahat guraldy

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ak bugdaý etrap Geňeşi tarapyndan Ýaşlar guramasynyň işjeň agzalary üçin Änew şäherindäki Milli “Ak bugdaý” muzeýine syýahat guraldy. Änew şäheriniň 2024-nji ýylda “Türki dünýäsiniň medeni paýtagty” diýen derejäni göterýändigi mynasybetli guralan syýahat uly gyzyklanma döretdi. Ýaşlar muzeý zallaryna aýlanyp, dürli gymmatlyklar bilen içgin tanyşdylar, muzeýiň hünärmenleriniň sergi bölümleriniň aýratynlyklary hakdaky gürrüňlerini diňlediler.