Döwlet gümrük gullugynyň harby gullukçylarynyň hünär derejeleriyzygiderli ýokarlandyrylýar

21 Iýul 2024
99

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Milli Liderimiziň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň harby gullukçylarynyň hünär derejelerini ýokarlandyrmak we gümrük işiniň dürli ugurlary boýunça yzygiderli okuw maslahatlary geçirmek babatda netijeli işler alnyp barylýar. Gullugyň harby gullukçylary diňe bir ýurdumyzyň çägindäki okuw maslahatlara gatnaşman, eýsem, bu ugra degişli halka­ra guramalar tarapyndan guralýan okuw sapaklaryna hem yzygiderli gatnaşyp, hünär derejelerini ýokarlandyryp, halkara tejribesini öwrenýärler.

Häzirki wagtda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy bilen Bütindünýä gümrük guramasynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk has-da ýokarlanýar. Guramanyň halkara bilermenleri Döwlet gümrük gullugynyň harby gullukçylary bilen yzygiderli duşuşyklary geçirýärler. Ýakynda hem Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynda Bütindünýä gümrük guramasynyň ýardam bermeginde maksatnamasy boýunça okuw maslahaty geçirildi. Bu okuw çäresine Döwlet gümrük gullugynyň harby gullukçylary hem-de Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň wekilleri gatnaşdylar. Şeýle-de bu okuw maslahatyna Bütindünýä gümrük guramasynyň Ygtyýarly ykdysady operator boýunça tehniki maslahatçylary, Italiýanyň gümrük we monopoliýalar boýunça agentliginiň işgäri Gaetano Sassone hem-de Koreýa Respublikasynyň Gümrük gullugynyň işgäri Dongsuk Kim hem gatnaşdy. Okuw maslahatynyň dowamynda dürli mowzuklarda sessiýalar geçirildi, şol sanda Bütindünýä gümrük guramasynyň Çarçuwaly SAFE standartlary, Türkmenistanda Ygtyýarly ykdysady operator maksatnamasyny ornaşdyrmak, Ygtyýarly ykdysady operatorlary özara ykrar etmek barada Ylalaşyklar hem-de bu mowzuklar boýunça Gullugyň işgärleriniň bilimini ýokarlandyrmak we okuw çärelerini geçirmek babatda pikir alyşmalar boldy. Bu okuw çäresi Ygtyýarly ykdysady operator maksatnamasyny Türkmenistanda işe girizmegiň meselelerini öwrenmäge uly mümkinçilik döretdi.

Kakageldi ORAZGELDIÝEW,
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň Arkadag şäheriniň gümrükhanasynyň harby gullukçysy, maýor.
Beýleki habarlar