Adam hukuklarynyň möhüm şerti

19 Iýul 2024
188

Gender deňligi Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde möhüm ähmiýete eýedir. Munuň üstünlikli durmuşa geçirilmegi bolsa Türkmenistanyň durmuş-ykdysady syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Ýurdumyzda işiň ähli ugurlaryna aýal-gyzlaryň işjeň gatnaşmagy döwlet tarapyndan kepillendirilýär.

Häzirki wagtda «Türkmenistanda gender deňligi boýunça 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasy» üstünlikli durmuşa geçirilýär. Bu Meýilnama erkekleriň we aýallaryň jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ulgamlaryna deň derejede gatnaşmaklary üçin zerur şertleriň üpjün edilmegine gönükdirilen maksatnamalaýyn resminama bolup durýar. Şeýle hem ol gender deňligi boýunça ykdysady ösüşiň durnuklylygyny üpjün etmegi, gender syýasatynyň maksatlaryny, wezipelerini we ýörelgelerini kesgitleýär.

Aýna TANGYÝEWA,
Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň ylmy işgäri.
Beýleki habarlar