Kämillige ýol

22 Iýul 2024
166

Biziň ýaşaýan häzirki döwrümiz görlüp-eşidilmedik ylmy-tehniki ösüşleriň döwri bolup, ol bilimiň derejesiniň we hiliniň, tehnologiýalaryň, döredijilik mümkinçilikleriniň okgunly ösüşi bilen şertlendirilýär. Şoňa görä-de, ýurdumyzda hemmetaraplaýyn bilimli, döredijilikli pikirlenýän, ylmy-tehniki ösüşiň gazananlaryndan oňat baş çykarýan ýaş hünärmenleriň taýýarlanylmagyna aýratyn ähmiýet berilýär. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň 12-nji iýulda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde gol çeken Buýrugy esasynda 2024-nji ýylda Türkmenistanyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmegiň meýilnamalarynyň tassyklanylmagy bilen, nobatdaky jogapkärli möwsüme badalga berildi. Şu günler Diýarymyzyň çar künjeginde bilime höwesli, zehinli ýaşlarymyz «talyp» diýen arzyly adyň eýesi bolmak üçin öz saýlap alan hünärleri boýunça bilim ojaklaryna resminamalaryny tabşyrýarlar.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ykdysadyýetimiziň ileri tutulýan ugurlary bilen bir hatarda, ýurdumyzyň bilim ulgamy hem yzygiderli döwrebaplaşdyryp, ony milli we öňdebaryjy tejribeler, umumy ykrar edilen halkara kadalar esasynda kämilleşdirmek ugrunda uly işler durmuşa geçirilýär. Watanymyzyň ähli künjeklerinde häzirki zaman çagalar baglary, orta mekdepler, ýokary we orta hünär bilimi edaralary gurlup, ýaş nesillerimiziň ýokary hilli bilim almaklary, sagdyn ösmekleri üçin oňaýly şertler döredilýär. Milli bilim ulgamyna täzeçil usullar işjeň ornaşdyrylýar, okuw maksatnamalary yzygiderli döwrebaplaşdyrylýar, okuw kitaplarydyr gollanmalar many-mazmun taýdan baýlaşdyrylýar. Ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak üçin milli bilim ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýady maksatnamalaýyn esasda pugtalandyrylýar.

Aýgül YBADULLAÝEWA,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň mugallymy.
Beýleki habarlar