"Neutral Turkmenistan" newspaper

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-18, 39-95-82, 39-95-88
Email: neutralturkmenistan-gazeti@online.tm

Habarlar

Täsirli geçen maslahat

Ýakynda Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Lebap welaýat we Saýat etrap komitetleriniň bilelikde guramagynda etrapdaky Sakar şäher medeniýet öýünde edara-kärhanalarda zähmet çekýän hünärmenleriň gatnaşmagynda maslahat geçirildi. Çykyş edenler Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy hakynda, ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllyk baýramyna we Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine görülýän taýýarlyk işleri dogrusynda giňişleýin gürrüň berdiler. Şeýle hem sungat işgärleriniň ýerine ýetirmeginde aýdymdyr sazlar ýaňlandy. Maslahatyň ahyrynda halky hakynda irginsiz alada edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözleri aýdyldy.

Magtymguly Pyragynyň we gadymy Änewiň şöhraty dünýä ýaň salýar

Ýakynda Türkiýe Respublikasynda Türki medeniýetiň halkara guramasy (TÜRKSOÝ) tarapyndan Magtymguly Pyragynyň goşgular ýygyndylary türk dilinde neşire taýýarlanyldy. Munuň özi medeni-ynsanperwer ulgamda netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça Gahryman Arkadagymyzyň öňe süren başlangyçlarynyň häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň nobatdaky güwäsidir. “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” şygary astynda geçýän şu ýylda ýurdumyzyň ähli künjeginde we daşary döwletlerde beýik akyldar şahyryň ýubileýine bagyşlanan çäreleriň geçirilýändigini bellemek gerek. Olaryň esasy maksady Magtymguly Pyragynyň edebi mirasynyň mundan beýläk-de wagyz edilmegine ýardam etmekden, bu ugurda ylmy barlaglary çuňlaşdyrmakdan, türkmen nusgawy şahyrynyň şahyrana-filosofik mirasyna halkara ylmy-edebi jemgyýetçiligiň ünsüni çekmekden ybaratdyr.

Täsirli geçen dabara

Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli «Bilimli nesil Watanymyzyň egsilmez kuwwatydyr» atly aýdym-sazly baýramçylyk dabarasy geçirildi. Bu dabarany Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşi, Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşi bilelikde guradylar. Baýramçylyk dabarasynyň başynda Türkmenistanyň Ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşiniň başlygy Hanaly Baýramow çykyş etdi. Ol öz çykyşynda «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasy» esasynda bilim işgärleriniň öňünde goýlan möhüm wezipeler dogrusynda belledi. Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza bilim ulgamyna berýän taýsyz tagallalary üçin alkyşly sözlerini aýtdy.

Ýokary hilli harytlar bilen üpjün edilýär

Çagalar täze okuw ýylynyň başlanmagyna sabyrsyzlyk bilen garaşýarlar. Olaryň halaýan okuw esbaplaryny mekdep bazarlaryndan saýlap almaga doly mümkinçilikleri bar. Ene-atalaryň çagalaryna alyp berýän täze okuw esbaplary olaryň göwünlerini göterýär. Şol göwün göteriji harytlary bolsa, ýurdumyzda täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli welaýatlarda we Aşgabat şäherimizde guralan mekdep bazarlaryndan elýeterli bahalardan satyn alyp bolýar. Mekdep bazarlarynyň mähellesi günsaýyn artýar. Olarda mekdep harytlarynyň söwdasy barha gyzyşýar. Satuw tekjelerinde okuwçylar üçin dürli derslere degişli bolan depderler, gündelikler, reňkli kagyzlar, surat albomlary we galamlaryň dürli görnüşleri bar. Kiçi ýaşly mekdep okuwçylaryna derslerde dürli hasaplamalary öwrenmek üçin ýörite taýajyklar elýeterli boldy. Uly we kiçi ýaşly oglandyr gyzlara niýetlenen mekdep torbalarynyň ýokary hilli görnüşlerine, milli nagyşlar bilen keşdelenen oglan we gyz tahýalaryna bolan islegler has-da uly. Mekdep bazarlarynda okuwçylar bilen bilelikde mugallymlar hem-de talyplar üçin degişli harytlary tapmak bolýar.

Belent sarpanyň nyşany

Düýn Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda geçirilen maslahat «Magtymguly — umumadamzat şahyry» diýlip atlandyryldy. Ony Medeniýet ministrliginiň Maddy däl medeni miras müdirligi hem-de Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi bilelikde guradylar. Maslahatda şahyryň döredijiligini öwrenýän alymlaryň, onuň eserlerini ylham çeşmesi hasaplaýan medeniýet we sungat işgärleriniň çykyşlaryna giň orun berildi. Çykyş edenler Magtymguly Pyragynyň şygyrlarynda durmuşyň dürli meseleleriniň öz beýanyny tapýandygyny, şonuň üçinem «şygryýetiň sütünine» deňelýän şahyryň keşbiniň teatrda, nakgaşçylyk sungatynda uly orna eýedigini bellediler. Türkmen halkynyň ruhy dünýäsini, milliligini giňden beýan edýän goşgularyň bagşylaryň dilinde hoş owazly aýdymlar bolup ýaňlanýandygy barada aýdyldy. Söz ussadynyň halkymyzyň ruhy gymmatlyklaryny, durmuş pelsepesini kämilleşdirmekdäki orny, onuň döredijiliginiň dünýä edebiýatynyň altyn hazynasynda mynasyp orun alyp, daşary ýurt alymlary tarapyndan hem öwrenilýändigi barada beýan edilen pikirler özboluşly ähmiýete eýe boldy.

Ýandepderçedäki pikir düwünçekleri

■ Ömrüni bir kesp-käre bagyşlan ynsanyň gerdenlerinde «Men muny başardym» diýýän buýsanjy gördüm. Synlamak ýakymlydy. ■ Agyrmaýan ýürege derman edip bolmaýar.

Taýýarlygyň gerimi giňeýär

Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde, ýurdumyzda halk demokratiýasy dabaralanýar. Şu ýylyň sentýabr aýynda paýtagtymyzda geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi munuň aýdyň subutnamasy bolar. Çünki Halk Maslahaty türkmen demokratiýasynyň ajaýyp nusgasydyr. Häzirki günlerde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini guramaçylykly geçirmäge uly taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Şu ýylyň 20-nji iýulynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumy «Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini çagyrmak we guramaçylykly geçirmek hakynda» Karar kabul etdi. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini guramaçylykly geçirmek maksady bilen kabul edilen bu Kararda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisini 2024-nji ýylyň 24-nji sentýabrynda çagyrmak we ony Aşgabat şäherindäki Maslahat köşgünde geçirmek bellenildi. Şeýle-de ony ýokary derejede geçirmek boýunça guramaçylyk topary döredilip, onuň düzümi tassyklanyldy. Umuman, bu möhüm ähmiýetli resminama ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşynda uly waka bolan Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň paýtagtymyzda ýokary guramaçylyk derejesinde geçmegini üpjün eder.

Täsirli geçen dabara

Ýurdumyzda  ilkinji gezek geçirilen «Kids Ekspo: ähli zat çagalar üçin» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işini tamamlady. Täze okuw ýylynyň öňüsyrasynda guralan  bu gözden geçiriliş aýratyn many-mazmuna eýe boldy. Sergi-ýarmarkasynyň işine paýtagtymyzyň ýaşaýjylary, myhmanlar işjeň gatnaşdylar. Olar öz perzentleri bilen wagtlaryny gyzykly hem-de şadyýanlykda geçirdiler. Bu sergi-ýarmarkasy çagalar hakyndaky aladalaryň aýdyň güwäsidir. Munuň şeýledigine sergi-ýarmarkasynda ýurdumyzyň mekdepleriniň hem-de mekdebe çenli çagalar edaralarynyň taýýarlan görkezme esbaplarynyň, döredijilik işleriniň sergisiniň görkezilmegi hem aýdyň şaýatlyk edýär.  Sergi-ýarmarkanyň ýapylyş dabarasynda ses bermek arkaly jemi jemlenen bu işler birinji orna mynasyp boldy. Türkmenistanyň Bilim ministrligine hem-de Aşgabat şäher Baş bilim müdirligine  «Kids Ekspo: ähli zat çagalar üçin» atly halkara sergi-ýarmarkasyny guraýjylar tarapyndan degişli şahadatnamalar gowşuryldy.

Ykjam taýýarlyk bilen

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ösüp gelýän ýaş nesle döwrebap bilim we terbiýe bermek işinde etrabymyzyň mekdebe çenli çagalar edaralarynyň agzybir işgärleri ýokary işjeňlik görkezýärler. Olar hormatly Prezidentimiziň bilim özgertmelerini üstünlikli durmuşa geçirmek ugrunda yhlasly we döredijilikli zähmet çekýärler. Ýetip gelýän täze okuw ýylynyň öň ýanyndaky günlerde bolsa geçen döwürde bitirilen işlere seljerme berlip, jogapkärli wezipeler kesgitlenilýär, öňdebaryjy iş tejribeleri umumylaşdyrylýar. Etrabymyzda çagalar bakja-baglarynyň 13-si bolup, olarda öz kärini söýýän we ýokary başarnykly hünärmenler zähmet çekýär. Bu işde aýry-aýry işgärlerimiz has tapawutlanýarlar. Olaryň biri-de 3-nji çagalar bakja-bagynyň terbiýeçisi Gülüstan Haýydowadyr. Ol üstümizdäki ýylda «Ýylyň terbiýeçisi» bäsleşiginiň etrap tapgyrynda 1-nji orna mynasyp boldy. Şu çagalar bakja-bagynyň terbiýeçisi Hemrägül Annageldiýewa, 11-nji çagalar bakja-bagynyň terbiýeçisi Abadan Annaýewa, 13-nji çagalar bakja-bagynyň terbiýeçisi Ogulsapar Pirgulyýewa, 10-njy çagalar bakja-bagynyň terbiýeçi-usulçysy Tawus Nobatowa, aýdym-saz mugallymlary Begenç Rahmanow, Şaýmerdan Pirow, 2-nji çagalar bakja-bagynyň şepagat uýasy Sülgün Jumageldiýewa dagy has göreldeli zähmet çekýärler.

Türk­me­nis­tan bag­ty­ýar ça­ga­ly­gyň ýur­dy

19-22-nji aw­gust­da paý­tag­ty­myz­da «Kids Eks­po: äh­li zat ça­ga­lar üçin» at­ly hal­ka­ra ser­gi-ýar­mar­ka­sy ge­çi­ril­di Türk­me­nis­ta­nyň Söw­da-se­na­gat eda­ra­sy we «Türk­men Eks­po» hu­su­sy kär­ha­na­sy ta­ra­pyn­dan bi­le­lik­de ka­şaň «Ga­ra­gum» myh­man­ha­na­sy­nyň ýa­nyn­da­ky açyk meý­dan­ça­da gu­ral­an giň ge­rim­li göz­den ge­çi­ri­liş­de ça­ga­lar üçin ha­ryt­lar we hyz­mat­lar pu­da­gyn­da iş alyp bar­ýan ýur­du­my­zyň we Rus­si­ýa­nyň, Ger­ma­ni­ýa­nyň, ABŞ-nyň, Ka­na­da­nyň, Por­tu­ga­li­ýa­nyň, Ita­li­ýa­nyň, BAE-niň, Tür­ki­ýä­niň, Sin­ga­pu­ryň, Hy­ta­ýyň, Bah­reý­niň, Be­ýik Bri­ta­ni­ýa­nyň, Gyr­gy­zys­ta­nyň, Ga­za­gys­ta­nyň kom­pa­ni­ýa­la­ry öz önüm­le­ri­ni gör­kez­di­ler.

UEFA Çem­pi­on­lar Li­ga­syn­da fi­nal tap­gy­ry­ny kes­git­le­jek du­şu­şyk­la­r

UEFA Çem­pi­on­lar Li­ga­syn­da fi­nal tap­gy­ry­na gat­naş­jak soň­ky 7 klu­by kes­git­le­ýän pleý-off tap­gy­ry­nyň 1-nji du­şu­şyk­la­ry ge­çi­ril­di. Çem­pi­on to­par­la­ryň ara­syn­da­ky du­şu­şyk­lar­da Şweý­sa­ri­ýa­nyň «Ýang Boýz» to­pa­ry Tür­ki­ýä­niň çem­pio­ny «Ga­la­ta­sa­ra­ýy» 3-2 ha­sa­byn­da ýeň­di. 1-nji ýa­rym­da Mon­tei­ro­nyň 3-nji we 45+4-nji mi­nut­lar­da ge­çi­ren gol­la­ry bi­len ýer eýe­le­ri 2-0 ha­sa­byn­da öňe saý­lan­dy. 2-nji ýa­rym­da oý­na go­şu­lan Mi­çi Bat­şua­ýi 66-njy we 72-nji mi­nut­lar­da ha­sa­by deň­le­di. Oý­nuň 86-njy mi­nu­tyn­da VAR-yň gör­kez­me­si bo­ýun­ça ger­ma­ni­ýa­ly Da­ni­el Si­bert ýer eýe­le­ri­niň peý­da­sy­na pe­nal­ti ur­gu­sy­ny bel­le­di. Ony-da Ug­ri­niç dürs urup, to­pa­ry­na ýe­ňiş ge­ti­ren oýun­çy bol­dy.

Su­per Ku­bo­gy hem «Ba­ýer» eýe­le­di

Ger­ma­ni­ýa­da ge­çen möw­süm­de ta­ry­hyn­da­ky il­kin­ji çem­pi­on­ly­gy­ny hem-de 2-nji ge­zek ýur­duň ku­bo­gy­ny ga­za­nan «Ba­ýer» to­pa­ry Su­per Ku­bo­ga hem my­na­syp bol­dy. Bu ugur­da wi­se-çem­pi­on «Ştut­gart» bi­len du­şu­şan le­wer­ku­zen­li­ler ýe­ne-de soň­ky mi­nut­lar­da ha­sa­by deň­le­me­gi ba­şar­dy­lar. 11-nji mi­nut­da Bo­ni­feý­siň go­ly bi­len öňe ge­çen «Ba­ýe­riň» der­we­ze­sin­den 15-nji mi­nut­da Mil­lo ha­sa­by deň­län go­ly gi­riz­di. 37-nji mi­nut­da «Ba­ýer­den» Mar­tin Ter­rie gy­zyl kart al­dy. 63-nji mi­nut­da De­niz Un­daw «Ştut­gart» to­pa­ry­ny 2-1 ha­sa­byn­da öňe çy­kar­dy. 73-nji mi­nut­da oý­na gi­ren Pat­rik Şik 88-nji mi­nut­da ha­sa­by deň­le­di. Goş­ma­ça wagt be­ril­mez­den, ýe­ri­ne ýe­ti­ri­len pe­nal­ti ur­gu­la­ryn­da «Ba­ýer» 4-3 ha­sa­byn­da üs­tün çy­kyp, il­kin­ji ge­zek Ger­ma­ni­ýa­nyň Su­per Ku­bo­gy­ny eýe­le­di. Le­wer­ku­zen­li­ler bu ku­bo­gy ga­za­nan 9-njy to­par bol­dy. Ger­ma­ni­ýa­nyň Su­per Ku­bo­gy du­şu­şy­gy il­kin­ji ge­zek 1987-nji ýyl­da ge­çi­ri­lip, «Ba­wa­ri­ýa» 10, «Bo­rus­si­ýa Dort­mund» 6, «Wer­der» 3 ge­zek ýeňiş ga­zan­ma­gy ba­şar­dy. Du­şu­şyk 1997-2009-njy ýyl­lar ara­ly­gyn­da ge­çi­ril­me­di. Şeý­le-de, Ang­li­ýa­nyň Su­per Ku­bo­gy­na «Man­çes­ter Ýu­naý­te­di» pe­nal­ti­le­riň ne­ti­je­sin­de ýe­ňen «Man­çes­ter Si­ti» my­na­syp bol­dy (1-1, 7-6 p). Bu şä­her­li­le­riň 5 ýyl­dan soň il­

Iki­si-de 15-nji çem­pi­on­ly­gy­ny ga­zan­dy

Ten­nis bo­ýun­ça ABŞ-da ge­çi­ri­len «Sin­sin­na­ti Açyk» ýa­ry­şyn­da er­kek­le­riň ara­syn­da ita­li­ýa­ly Ýan­nik Sin­ner, ze­nan­lar­dan be­la­rus­ly Ary­na Sa­ba­len­ka ýe­ňi­ji bol­dy. «Mas­ters 1000» ýa­ryş­la­ry­nyň bi­ri bo­lan bäs­le­şi­giň er­kek­le­riň ara­syn­da­ky fi­na­lyn­da Sin­ner ýer eýe­le­rin­den ame­ri­ka­ly Fran­ses Tia­fou­ny 7:6 we 6:2 ha­sap­lar bi­len ýeň­li­şe se­ze­war et­di. Bu onuň 3-nji «Mas­ters» çem­pi­on­ly­gy bo­lup, ol mart­da Ma­ýa­mi­de, ge­çen ýy­lam Ka­na­da­da «ATP 1000» ýa­ryş­la­ryn­da ýe­ňiş ga­za­nyp­dy. Bu onuň umu­my­lyk­da 15-nji ATP Ku­bo­gy­dyr.

Çem­pio­nyň 25-nji ýeň­şi

Mo­to GP bo­ýun­ça möw­sü­miň 11-nji ýa­ry­şy Awst­ri­ýa «Gran Pri­sin­de» «Ducati Le­novo» to­pa­ry­nyň ital­ýan sü­rü­ji­si Fran­çes­ko Ba­naia ýe­ňiş ga­zan­dy. Ol 28 aý­la­wy 42 mi­nut 11,173 se­kunt­da ta­mam­la­ma­gy ba­şar­dy. Bu onuň şu möw­süm­dä­ki 7-nji, kar­ýe­ra­syn­da­ky 25-nji ýeň­şi hök­mün­de ha­sa­ba alyn­dy. Ýa­ryş­da 1-nji ha­tar­dan bat alan «Pri­ma Pra­mac» to­pa­ry­nyň is­pan sü­rü­ji­si Hor­ge Mar­tin ýe­ňi­ji­den 3,323 se­kunt yza ga­lyp, 2-nji or­ny eýe­le­di. Ýe­ňi­ji­niň hem to­par­da­şy, hem-de wa­tan­da­şy Enea Bas­tia­ni­ni 3-nji or­na my­na­syp bol­dy. Ge­çi­ri­len 11-nji ýa­ryş­dan soň Fran­çes­ko Ba­naia 275 utuk bi­len tä­ze­den sa­na­wyň 1-nji or­nu­na beý­gel­di. 2-nji ýer­dä­ki Hor­ge Mar­ti­niň 5 utu­gy kem, 270 utu­gy bar. Enea Bas­tia­ni­ni 214 utuk bilen 3-nji or­na geç­di.

Meş­hur se­ria­lyň 2-nji möw­sü­mi

HBO-nyň meş­hur se­ri­al­la­ryn­dan «The Last of Us» ek­ran ese­ri­niň 2-nji möw­sü­mi­niň ýaý­ly­ma be­ril­jek se­ne­si mä­lim edil­di. Anyk wag­ty aý­dyl­ma­sa-da, 2025-nji ýyl­da ek­ran­la­ra çyk­jak se­ria­lyň to­mus­da to­ma­şa­çy­la­ra ýe­ti­ril­me­gi­ne ga­ra­şyl­ýar. Su­ra­ta dü­şü­ri­liş iş­le­ri ta­mam­la­nan 2-nji möw­süm­de ýe­ne-de Ped­ro Pas­kal, Bel­la Rem­zi, Gab­ri­el Lu­na da­gy esa­sy keşp­le­ri jan­lan­dy­rar­lar. Ola­ryň ha­ta­ry­na Iza­be­la Mer­sed, Jeff­ri Raýt, Ke­it­len De­wer, Ýang Ma­zi­no, Ka­te­rin O’Ha­ra ýa­ly meş­hur ar­tist­ler hem go­şu­lar. Se­ri­al ady­bir komp­ýu­ter oý­nu­nyň ikin­ji nus­ga­sy esa­syn­da su­ra­ta dü­şü­ril­di. Se­ria­lyň 1-nji möw­sü­mi 2023-nji ýyl­da ek­ran­la­ra çy­kyp, köp­le­riň söý­gü­si­ni ga­za­nyp­dy. Se­ri­al 8 ugur­dan «Em­my» baý­ra­gy­ny eýe­läp­di.

Fran­suz ki­no sun­ga­ty­nyň meş­hur akt­ýo­ry ara­dan çyk­dy

Fran­suz ki­no sun­ga­ty­nyň al­tyn döw­rü­niň iň ta­ny­mal akt­ýor­la­ryn­dan bo­lan Alan De­lon 1935-nji ýy­lyň 8-nji no­ýab­ryn­da Pa­ri­žiň go­la­ýyn­da­ky So di­ýen ýer­de dün­ýä in­ýär. 1950-nji ýyl­la­ryň ikin­ji ýa­ry­myn­dan baş­lap, ki­no sun­ga­ty­na ara­la­şan akt­ýor 90-a go­laý film­de ulu­ly-ki­çi­li keşp­le­ri jan­lan­dyr­ýar. Ol Ren Kle­men, Kris­ti­an Žak, Žan-Pi­er Mel­will, Lu­çi­no Wis­kon­ti, Mi­çe­lan­he­lo An­to­nio­ni ýa­ly us­sat re­žiss­ýor­la­ryň film­le­rin­de su­ra­ta düş­di. Oňa il­kin­ji şöh­rat ge­ti­ren keşp Ren Kle­me­niň «Has ýi­ti gün» (Plein So­le­il) fil­min­dä­ki Tom Rip­li­niň keş­bi bol­dy. Alan De­lo­nyň meş­hur film­le­ri­niň ha­ta­ryn­da «Gü­nüň ýaş­ma­gy» (L’Eclis­se, 1962), «Ala­ja­gap­laň» (Il gat­to­par­do, 1963), «Ga­ra çi­gil­dem» (La Tu­li­pe noi­re, 1964), «Sa­mu­raý» (Le Sa­mou­rai, 1967), «Ýü­züş how­zy» (La Piscine, 1969), «Si­si­li­ýa kla­ny» (Le clan des Siciliens, 1969), «Bor­sa­li­no» (Bor­sa­li­no, 1970), «Gy­zyl hal­ka» (Le Cercle Rou­ge, 1970) ýa­ly il­ha­lar ki­no­la­ry gör­kez­mek bo­lar. De­lo­nyň «Ala­ja­gap­laň», «Sa­mu­raý» film­le­ri nus­ga­wy film­le­riň ha­ta­ryn­da bo­lup, ola­ryň iki­si ki­no sun­ga­ty­nyň kult eser­le­ri hök­mün­de gö­rül­ýär. Alan De­lon 60 ýyl­dan gow­rak kar­ýe­ra­syn­da egin­deş­le­ri – akt­ýor­lar Žan-Pol Bel­man­do, Burt Lan­kas­ter, Iw Mon­tan, akt­ri­sa­lar Jeýn Fon­da, Ro­mi Şne

Kino täzelikleri

Iň­lis ýa­zy­jy­sy Wil­li­am Şeks­pi­riň «Korol Lir» (King Le­ar) at­ly pýesasy esa­syn­da ek­ran­laş­dy­ryl­jak «Le­ar Rex» at­ly fil­miň kas­tin­gi­ne ýe­ne-de os­kar­ly ar­tist­le­riň 2-si go­şul­dy. Ber­nard Ro­uz ta­ra­pyn­dan su­ra­ta dü­şü­ril­jek film­de akt­ýor Al Pa­çi­no bi­len akt­ri­sa Jes­si­ka Çes­teýn hem keşp jan­lan­dy­rar. Al Pa­çi­no Korol Li­riň, Çes­teýn bol­sa onuň uly gy­zy Go­ne­ri­liň keş­bi­ni ýe­ri­ne ýe­ti­rer. Film­de Al Pa­çi­no bi­len Çes­teýn­den baş­ga-da Aria­na De­Bo­se, Ra­çel Bros­na­han, Pi­ter Dink­leýj, Den­ni Hýus­ton, Kris Mes­si­na, La­Ke­it Stan­fild, Ted Le­win, Matt­ýuw Jeý­kobs, Ris Koi­ro Os­wald, Ste­fen Dorff ýa­ly ar­tist­ler dür­li keşp­ler­de su­rata dü­şerler. Fil­miň su­ra­ta dü­şü­ri­liş iş­le­ri eý­ýäm ýo­la goý­lup, onuň gör­ke­zil­jek wag­ty hä­zir­lik­çe bel­li däl. «Dis­ney» stu­di­ýa­sy­nyň köp­le­riň söý­gü­si­ni ga­za­nan «Do­ňak­lyk» (Fro­zen) ani­ma­si­ýa­synyň 3-nji bö­lü­mi­niň gör­ke­zil­jek wag­ty mä­lim edil­di. «Do­ňak­lyk 3» ani­ma­si­ýa­sy 2027-nji ýyl­da pro­kat­la­ra ýaý­ra­dy­lar. Il­kin­ji­si 2013-nji ýyl­da ek­ran­la­ra çy­kan ani­ma­si­ýa pro­kat­dan 1,2 mil­liard dol­larlyk, 2019-njy ýyl­da gör­ke­zi­len 2-nji bö­lümi bol­sa 1,45 mil­liard dol­lar­lyk ga­zanç edip­di. Hans Kris­ti­an An­der­se­niň 1844-nji ýyl­da çap­dan çy­kan «Gar şa­gy­zy» at­ly ese­ri esa­syn­da saz­ly gör­nüş­de ek­ran­laş­dy

21 film baş baý­ra­ga da­laş­gär görkezildi

Dün­ýä­niň iň ga­dy­my film fes­ti­wa­ly ha­sap­lan­ýan We­ne­si­ýa ki­no şü­we­le­ňi öňü­miz­dä­ki gün­ler­de 81-nji ge­zek ge­çi­ri­ler. Has ta­ky­gy, fes­ti­wa­lyň 81-nji­si 28-nji aw­gust­da baş­lap, 7-nji sent­ýabr­da ta­mam­la­nar. Fes­ti­wal­da emin­ler to­pa­ry­na fran­si­ýa­ly meş­hur akt­ri­sa Iza­bel Ýup­per ýol­baş­çy­lyk eder. Emin­ler to­pa­ryn­a bol­sa ozal ha­bar ber­li­şi ýa­ly, ame­ri­ka­ly re­žiss­ýor hem sse­na­ri­çi Jeýms Greý, bri­ta­ni­ýa­ly re­žiss­ýor Andr­ýuw He­ig, pol­şa­ly ta­ny­mal re­žiss­ýor Ag­ni­eş­ka Hol­land, bra­zi­li­ýa­ly re­žiss­ýor, sse­na­ri­çi, prod­ýu­ser Kle­ber Men­don­sa Fi­lo, maw­ri­ta­ni­ýa­ly re­žiss­ýor Ab­der­rah­man Sis­sa­ko, ita­li­ýa­ly bel­li re­žiss­ýor Ju­sep­pe Tor­na­to­re, ger­ma­ni­ýa­ly sse­na­ri­çi hem re­žiss­ýor Ýu­lia won Haýns, hy­taý­ly meş­hur akt­ri­sa Çžan Szyý ýa­ly ki­no sun­ga­ty­nyň gör­nük­li we­kil­le­ri ça­gy­ry­lyp­dy. 11 gün­läp do­wam et­jek fes­ti­wal­da baş baý­rak ug­run­da 21 film bäs­le­şer. Şol film­le­riň ara­syn­da Ped­ro Al­mo­do­war, Wal­ter Sal­les, Todd Fil­lips, Pab­lo Lar­ra­in, Em­ma­nu­el Mu­re, Lu­ka Gua­da­ni­no ýa­ly us­sat re­žiss­ýor­la­ryň soň­ky film­le­ri hem bar. Da­laş­gär gör­ke­zi­len film­le­riň ara­syn­da ýy­lyň iň köp ga­ra­şyl­ýan ek­ran eser­le­rin­den Todd Fil­lip­siň režiss­ýor­ly­gyn­da­ky «Jo­ker: iki di­wa­na» fil­mi hem bo­lup, 200 mil­li­on dol­lar býu­jet

Siz mek­de­be taý­ýar­my?

To­mus­ky dynç alyş möw­sü­mi ta­mam­la­nyp bar­ýar. Dynç alyş möw­sü­min­de çe­per eser­le­ri okan­sy­ňyz, tä­ze dost­lar tu­tu­nan­sy­ňyz, se­ýil­gäh­ler­de dynç alyp, sport bi­len meş­gul­la­nan­sy­ňyz. Eý­sem, tä­ze okuw ýy­ly­na gi­riş­mek, sa­pak­lar­dan has ýo­ka­ry ne­ti­je al­mak üçin nä­hi­li taý­ýar­lyk gör­me­li?! Sa­naw dü­zmek

Nä­me üçin pan­da­la­ryň sü­tü­gi ala­be­der?

Dün­ýä­de ýi­tip git­mek how­py aban­ýan jan­dar­la­ryň ha­ta­ry­na gir­ýän pan­da­lar bam­buk to­kaý­lyk­la­ry bi­len ta­nal­ýan Hy­ta­ýyň gü­nor­ta-gün­ba­ta­ryn­da ýa­şa­ýar­lar. Hä­zir­ki wagt­da bu ena­ýy­ja aýy­la­ryň sa­ny­nyň 2 müň­den geç­me­ýän­di­gi bel­le­nil­ýär. Du­man­ly we ýa­gyş­ly ho­wa uý­gun­la­şan pan­da­la­ryň sü­tü­gi­niň ak we ga­ra reňk­de bol­ma­gy köp­le­riň ün­sü­ni özü­ne çek­ýär. Eý­sem, nä­me üçin bam­buk aýy­sy­nyň reň­ki ap-ak, ýa şar ga­ra, ýa-da go­ňur däl. Nä­me üçin beý­le­ki jan­dar­lar­dan ta­pa­wut­ly­lyk­da pan­da­la­ryň sü­tü­gi ala­be­der? Süý­dem­di­ri­ji­le­riň kö­pü­si­niň sü­tü­gi bir­sy­dyr­gyn reňk­de bol­ýar. Em­ma pan­da­la­ryň beý­le­ki jan­dar­lar­dan ta­pa­wut­ly­lyk­da «eli», aýa­gy we gu­la­gy tu­tuş­ly­gy­na ga­ra bo­lup, göw­re­si­niň ga­lan bö­le­gi­ni ak sü­tük ört­ýär. Şeý­le hem äh­li pan­da­nyň gö­zün­de ga­ra me­nek­ler bar.