21 film baş baý­ra­ga da­laş­gär görkezildi

23 Awgust 2024
73

Dün­ýä­niň iň ga­dy­my film fes­ti­wa­ly ha­sap­lan­ýan We­ne­si­ýa ki­no şü­we­le­ňi öňü­miz­dä­ki gün­ler­de 81-nji ge­zek ge­çi­ri­ler. Has ta­ky­gy, fes­ti­wa­lyň 81-nji­si 28-nji aw­gust­da baş­lap, 7-nji sent­ýabr­da ta­mam­la­nar. Fes­ti­wal­da emin­ler to­pa­ry­na fran­si­ýa­ly meş­hur akt­ri­sa Iza­bel Ýup­per ýol­baş­çy­lyk eder. Emin­ler to­pa­ryn­a bol­sa ozal ha­bar ber­li­şi ýa­ly, ame­ri­ka­ly re­žiss­ýor hem sse­na­ri­çi Jeýms Greý, bri­ta­ni­ýa­ly re­žiss­ýor Andr­ýuw He­ig, pol­şa­ly ta­ny­mal re­žiss­ýor Ag­ni­eş­ka Hol­land, bra­zi­li­ýa­ly re­žiss­ýor, sse­na­ri­çi, prod­ýu­ser Kle­ber Men­don­sa Fi­lo, maw­ri­ta­ni­ýa­ly re­žiss­ýor Ab­der­rah­man Sis­sa­ko, ita­li­ýa­ly bel­li re­žiss­ýor Ju­sep­pe Tor­na­to­re, ger­ma­ni­ýa­ly sse­na­ri­çi hem re­žiss­ýor Ýu­lia won Haýns, hy­taý­ly meş­hur akt­ri­sa Çžan Szyý ýa­ly ki­no sun­ga­ty­nyň gör­nük­li we­kil­le­ri ça­gy­ry­lyp­dy.

11 gün­läp do­wam et­jek fes­ti­wal­da baş baý­rak ug­run­da 21 film bäs­le­şer. Şol film­le­riň ara­syn­da Ped­ro Al­mo­do­war, Wal­ter Sal­les, Todd Fil­lips, Pab­lo Lar­ra­in, Em­ma­nu­el Mu­re, Lu­ka Gua­da­ni­no ýa­ly us­sat re­žiss­ýor­la­ryň soň­ky film­le­ri hem bar. Da­laş­gär gör­ke­zi­len film­le­riň ara­syn­da ýy­lyň iň köp ga­ra­şyl­ýan ek­ran eser­le­rin­den Todd Fil­lip­siň režiss­ýor­ly­gyn­da­ky «Jo­ker: iki di­wa­na» fil­mi hem bo­lup, 200 mil­li­on dol­lar býu­jet­li ki­no­da baş keşp­le­ri Hoa­kin Fi­niks bi­len Leý­di Ga­ga jan­lan­dyr­ýar.

Beýleki habarlar