Kino täzelikleri

23 Awgust 2024
83

Iň­lis ýa­zy­jy­sy Wil­li­am Şeks­pi­riň «Korol Lir» (King Le­ar) at­ly pýesasy esa­syn­da ek­ran­laş­dy­ryl­jak «Le­ar Rex» at­ly fil­miň kas­tin­gi­ne ýe­ne-de os­kar­ly ar­tist­le­riň 2-si go­şul­dy. Ber­nard Ro­uz ta­ra­pyn­dan su­ra­ta dü­şü­ril­jek film­de akt­ýor Al Pa­çi­no bi­len akt­ri­sa Jes­si­ka Çes­teýn hem keşp jan­lan­dy­rar. Al Pa­çi­no Korol Li­riň, Çes­teýn bol­sa onuň uly gy­zy Go­ne­ri­liň keş­bi­ni ýe­ri­ne ýe­ti­rer. Film­de Al Pa­çi­no bi­len Çes­teýn­den baş­ga-da Aria­na De­Bo­se, Ra­çel Bros­na­han, Pi­ter Dink­leýj, Den­ni Hýus­ton, Kris Mes­si­na, La­Ke­it Stan­fild, Ted Le­win, Matt­ýuw Jeý­kobs, Ris Koi­ro Os­wald, Ste­fen Dorff ýa­ly ar­tist­ler dür­li keşp­ler­de su­rata dü­şerler. Fil­miň su­ra­ta dü­şü­ri­liş iş­le­ri eý­ýäm ýo­la goý­lup, onuň gör­ke­zil­jek wag­ty hä­zir­lik­çe bel­li däl.

«Dis­ney» stu­di­ýa­sy­nyň köp­le­riň söý­gü­si­ni ga­za­nan «Do­ňak­lyk» (Fro­zen) ani­ma­si­ýa­synyň 3-nji bö­lü­mi­niň gör­ke­zil­jek wag­ty mä­lim edil­di. «Do­ňak­lyk 3» ani­ma­si­ýa­sy 2027-nji ýyl­da pro­kat­la­ra ýaý­ra­dy­lar. Il­kin­ji­si 2013-nji ýyl­da ek­ran­la­ra çy­kan ani­ma­si­ýa pro­kat­dan 1,2 mil­liard dol­larlyk, 2019-njy ýyl­da gör­ke­zi­len 2-nji bö­lümi bol­sa 1,45 mil­liard dol­lar­lyk ga­zanç edip­di. Hans Kris­ti­an An­der­se­niň 1844-nji ýyl­da çap­dan çy­kan «Gar şa­gy­zy» at­ly ese­ri esa­syn­da saz­ly gör­nüş­de ek­ran­laş­dy­ry­lan ani­ma­si­ýa­nyň 3-nji­si ba­ra­da­ky beý­le­ki mag­lu­mat­lar öňü­miz­dä­ki gün­ler­de bel­li bo­lar.

Beýleki habarlar