Täsirli geçen dabara

23 Awgust 2024
198

Ýurdumyzda  ilkinji gezek geçirilen «Kids Ekspo: ähli zat çagalar üçin» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işini tamamlady. Täze okuw ýylynyň öňüsyrasynda guralan  bu gözden geçiriliş aýratyn many-mazmuna eýe boldy. Sergi-ýarmarkasynyň işine paýtagtymyzyň ýaşaýjylary, myhmanlar işjeň gatnaşdylar. Olar öz perzentleri bilen wagtlaryny gyzykly hem-de şadyýanlykda geçirdiler. Bu sergi-ýarmarkasy çagalar hakyndaky aladalaryň aýdyň güwäsidir. Munuň şeýledigine sergi-ýarmarkasynda ýurdumyzyň mekdepleriniň hem-de mekdebe çenli çagalar edaralarynyň taýýarlan görkezme esbaplarynyň, döredijilik işleriniň sergisiniň görkezilmegi hem aýdyň şaýatlyk edýär.  Sergi-ýarmarkanyň ýapylyş dabarasynda ses bermek arkaly jemi jemlenen bu işler birinji orna mynasyp boldy. Türkmenistanyň Bilim ministrligine hem-de Aşgabat şäher Baş bilim müdirligine  «Kids Ekspo: ähli zat çagalar üçin» atly halkara sergi-ýarmarkasyny guraýjylar tarapyndan degişli şahadatnamalar gowşuryldy.

Ýörite habarçymyz.
Beýleki habarlar