"Neutral Turkmenistan" newspaper

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-18, 39-95-82, 39-95-88
Email: neutralturkmenistan-gazeti@online.tm

Habarlar

Welaýatymyzda «Baky oda» gül desseleri goýuldy

Şu gün Ýeňiş güni mynasybetli welaýatymyzdaky «Baky ot» ýadygärliklerine ildeşlerimiz tarapyndan gül desseleri goýuldy. Öten-geçenlerimizi hatyralamak çärelerine watandaşlarymyz agzybirlik bilen gatnaşdylar. Säher bilen Türkmenabat şäherindäki «Bitaraplyk» seýilgähinde ýerleşýän «Baky ot» ýadygärliginiň töweregi hem köpadamly boldy. Bu ýerde öten-geçenlerimizi hatyralap, ýadygärlige gül desselerini goýmak üçin şäheriň ýaşaýjylarynyň, onuň myhmanlarynyň, edara-guramalaryň wekilleriniň, ýaşulularyň, kümüş saçly enelerimiziň we ýaşlaryň ýüzlerçesi ýygnandy. Az salymdan olar uzyn hatary emele getirip, geçmişiň gowgaly wakalarynda, şol sanda 1941 ― 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda wepat bolan gerçeklerimiziň hatyrasyna dikilen ýadygärlige gül desselerini goýdular.

Döwlet Baştutanymyz Ýaşlyk suw arassalaýjy desgasynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy

8-nji maýda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ahal welaýatyndaky kuwwatlylygy bir gije-gündizde 30 müň kub metr bolan Ýaşlyk suw arassalaýjy desgasynyň açylyş dabaralaryna gatnaşdy.  Halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň yzygiderli ýokarlandyrylmagy hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugrudyr. Ýurdumyzda kabul edilen we üstünlikli durmuşa geçirilýän giň möçberli maksatnamalar, şol sanda «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasy» şu maksatlara ýetmäge gönükdirilendir. Şunda ilatyň arassa agyz suwy bilen üpjün edilmegi esasy wezipeleriň biri hökmünde kesgitlenildi.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Bäherden sement zawodynyň ikinji tapgyrynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy

8-nji maýda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ahal welaýatyndaky ýylda 1 million tonna sement öndürmäge niýetlenen Bäherden sement zawodynyň ikinji tapgyrynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmakda wajyp orny eýeleýän gurluşyk-senagat pudagynyň ösdürilmegi döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlenildi. Gahryman Arkadagymyz tarapyndan milli ykdysadyýetimiziň bu möhüm pudagynda başy başlanan we hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeler esasynda baý ýerli çig mal gorlarynyň binýadynda daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan, eksport ugurly önümleriň öndürilýän görnüşleri we möçberi yzygiderli artdyrylýar. Möhüm senagat desgalaryny gurmaga işjeň gatnaşýan hususy telekeçileriň hyzmatdaşlygy üçin amatly şertler döredilýär. Önümçiligiň doly awtomatlaşdyrylmagy, döwrebap innowasion tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy, täze, kuwwatly kärhanalaryň döredilmegi we ozal bar bolanlarynyň durkunyň täzelenilmegi ýurdumyzyň dünýäniň senagat taýdan ösen döwletleriniň hataryna girmegini şertlendirýär.

«Türkmenaragatnaşyk» agentliginde 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňiş güni mynasybetli Döwlet Baştutanymyzyň adyndan pul sylaglary, gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy

Şu günler Beýik Watançylyk urşunyň gahrymanlarynyň hormatyna ýurdumyzda gurnalýan çäreleriň çäklerinde «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň edara-kärhanalarynda zähmet çeken uruş weteranlaryna, paýhasly ýaşulularymyza, mukaddes ojaga wepaly enelerimize Döwlet Baştutanymyzyň adyndan pul sylaglary, gymmat bahaly sowgatlar we ajaýyp ýaz gülleri gowşuryldy. Aragatnaşyk pudagynda onlarça ýyl zähmet çeken Walentina Žerdowa we Marguşa Aýriýewa urşa gatnaşanlaryň we onda wepat bolanlaryň maşgalalarynyň abadançylygy barada yzygiderli aladasy we olaryň abadan ýaşamagy üçin döredýän ähli şetleri üçin Türkmenistanyň hormatly Prezidentine alkyş sözlerini aýtdylar. 

Ahal welaýatynyň ilatyna täze döwrebap ýolagçy awtobuslarynyň 200-si sowgat hökmünde gowşuryldy

Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynyň çäginde ýerleşýän Bäherden sement zawodynyň ikinji tapgyrynyň açylmagy mynasybetli Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ahal welaýatynyň ilatyna 200 sany döwrebap ýolagçy awtobuslaryny sowgat etdi. Munuň özi Watanymyzyň ykdysady kuwwatynyň görkezijisine öwrülen taryhy ähmiýetli wakalaryň üstüni ýetirdi. Ahal welaýatynyň ilatyna orta we kiçi synply döwrebap ýolagçy awtobuslarynyň 200-siniň sowgat hökmünde gowşurylmagy bilen «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň «Ahalawtoulag» önümçilik birleşiginiň hem maddy-enjamlaýyn binýady kämilleşdiriler. Bu awtobuslar welaýatyň ýaşaýjylarynyň gatnaw mümkinçiliklerini gowulandyrmakda ajaýyp şertleri döreder. «HIACE» we «COASTER» kysymly ýolagçy awtobuslary önümçilik birleşiginiň işini döwrüň talabyna laýyk derejede guramagynda, welaýatyň ilaty üçin täze ugurlaryň ýola goýulmagynda, hyzmatlaryň kämilleşdirilmeginde möhüm ähmiýete eýe bolar.

Döwürleriň ruhy çyragy

Golaýda Arkadag şäheriniň döwlet arhiwinde akyldar şahyrymyzyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli «Magtymguly Pyragy — döwürleriň ruhy çyragy» atly sergi we maslahat geçirildi. Oňa Arkadag şäheriniň häkimliginiň, şäheriň döwlet arhiwiniň işgärleri hem-de jemgyýetçilik guramalarynyňdyr köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Maslahata gatnaşyjylar, ilki bilen, sergidäki milli gymmatlyklarymyzy synladylar hem-de olar hakdaky maglumatlar bilen içgin gyzyklandylar. Soňra maslahat öz işine başlady. Onda çykyş edenler sarpasy belent akyldar Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllyk toýunyň ähmiýeti hakda nygtadylar.

Röwşen günleriň rahatlygy

Gurbanbibi ATAGELDIÝEWA,Arkadag şäheriniň ýaşaýjysy: — Uruş ýyllarynda, ondan soňam esli ýyl bar arzuwymyz arpa çöreginden doýmakdy. Döwrüň döwürden parhy köp. Biz ýaly garrylary idäp duran döwletimizden aýlanaýyn! Bir wagtlar dagy gözümiziň görýän bu zatlaryna arzuwymyzam ýetmezdi. Şol agyr ýyllar tapan zadyň ajy-süýji diýmän, bala dönerdi.

«Akylly» şäheriň köçesinde

Edebiýatçy alym, şahyr, Türkmenistanyň halk ýazyjysy Aman Kekilowyň adyny göterýän köçe Arkadag şäheriniň keşbinde aýratyn orny eýeleýär. Bu köçäniň uzaboýuny döwrebap binalardyr desgalar bezeýär. Gahryman Arkadagymyzyň adyny göterýän Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezi hem bu köçäniň ugrunda ýerleşýär. Köçäniň demirgazyk tarapyny güýçli depginde alnyp barylýan «akylly» şäheriň gurluşygynyň 2-nji tapgyry tutýar. Gurulýan binadyr desgalaryň hatarynda şäheriň Baş metjidi, çagalar dünýäsi dynç alyş merkezi, saglyk öýi, Arkadag şäheriniň etrap häkimliginiň edara binasy we döwrebap ýaşaýyş jaýlar toplumy bar.

Abuna — 2024

Hormatly okyjylar! 2024-nji ýylyň ikinji ýarymy üçin «Arkadag» gazetiniň çap edilýän görnüşine abuna ýazylyşyk dowam edýär.

Ünslüligi ünsden düşürmäň!

Ýaşaýyş jaýlaryndan, iş ýerlerinden gitmezden öň, ähli elektrik, gaz enjamlarynyň öçürilendigini barlamagy ýatdan çykarmaly däldir. Bir wagtyň özünde birnäçe kuwwatly elektrik sarp ediji enjamlary bir birikdirijä birikdirmeli däldir. Kiçi ýaşly çagalary öýde ýeke goýup gitmeli däldir. Ýangyn dörände ýol berilmesiz düzgünler:

Suw - ýaşaýşyň gözbaşy

Berkararlyk bagty Bilşimiz ýaly, ata Watanymyzyň şöhratly ösüşleri «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hem batly depginler bilen dowam edýär. Aýratyn hem, halkymyzyň asuda durmuşda bagtyýar ýaşaýşyny üpjün etmeklige gönükdirilen işleriň ýokary netijelere eýe bolýandygyny aýratyn bellemek gerek. Muňa mysal hökmünde şu ýylyň mart aýynda dabaraly ýagdaýda açylyp ulanylmaga berlen Mary welaýat Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkeziniň binalar toplumyny bellemek bolar. Düýn Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynda kuwwatlylygy bir gije-gündizde 30 müň kub metr bolan Ýaşlyk suw arassalaýjy desganyň dabaraly ýagdaýda açylyp, ulanylyşa girizilmegi hem hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen halkymyzyň bähbidine amal edilýän işleriň nobatdaky görkezijisine öwrüldi.

Gahrymanlar baky ýaşaýar

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow: — Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe nusgalyk durmuş mekdebini geçen ýaşuly nesillerimiziň — külli adamzadyň azatlygy we erkinligi ugrunda göreşe çykan, gije-gündiz zähmet çekip, şanly Ýeňşi ýakynlaşdyran edermen watandaşlarymyzyň mertebesini belent tutýarys.

Mertlere tagzym

Gahryman Arkadagymyzyň nygtaýşy ýaly, mertler Watany beýgeldýär. 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşundan ençeme ýyl geçse-de, Watan üçin ýeňiş gazanmagyň ugrunda batyrgaýlyk görkezenleriň edermenligi, gahrymançylygy, olaryň yzynda maşgala ojagyny saklap galan zenanlaryň zähmetsöýerligi hakydalardan çykmaýar, unudylmaýar. Şol döwürde ýaşap geçen birnäçe şahyrlarymyz öz döredijiligi bilen ähli halkymyzy Beýik Ýeňşe ruhlandyrdy. Olar diňe tylda bolup geçen wakalary beýan etmek bilen çäklenmän, eýsem, hakyky mert ýigitleriň, gahryman pederlerimiziň görkezen edermenliklerini, gelin-gyzlaryň hem-de ak saçly eneleriň dünýä nusgalyk zähmetsöýerligini şirin söz bilen äleme äşgär etdiler. Beýik Watançylyk urşuna eli ýaragly gatnaşan şahyr, zähmetiň hem çeper döredijiligiň weterany D.Haldurdynyň şygyrlary hem muňa aýdyň subutnamadyr. Şahyryň «Dostumyň ýadygärligine», «Ak ýektaýly gyz», «Bize batyr halkyň perzendi diýrler», «Öň hatarda» diýen goşgulary söweş meýdanynyň gahrymançylygyny açyp görkezýär. Şahyr Nurberdi Pommanyň «Watanym», «Illerimize», «Ilimiz», «Biz ýeňeris» ýaly goşgulary hem watançylygyň mukaddesdigini teswirleýär. Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet guşy» romanyndan mähriban pederi Mälikguly Berdimuhamedowyň jöwher zehininden dörän «Ýakyn bolsun ynsanlaryň arasy, Ýürek mydam mähribanlyk küýseýär» diýen ajaýyp setirlerini okanyňda, tolgunmazlyk asla mümkin däl. Bu g

Bagtyýarlygyň Diýary

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň daşyna mäkäm jebisleşen mähriban halkymyz öz aýdyň ertirlerini, şöhratly geljegini gurýar. Muny durmuşymyzyň döwrebap özgertmelerinde, alnyp barylýan beýik işlerde has aýdyň duýýarys. Watany söýmek, il-güne hyzmat etmek halkymyzyň gadymdan gelýän asylly ýörelgesidir. Häzirki wagtda milli ruhda terbiýe alýan ýaşlarymyz Watana wepaly, kämil şahsyýetler bolup ýetişýärler. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda biz — ýaşlara ukyp-başarnygymyzy açyp görkezmäge we ýurdumyzda alnyp barylýan Ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegine işjeň gatnaşmaga uly mümkinçilikler döredilýär. Iň gowy asylly ýörelgeler Watanyň beýgelmeginiň hatyrasyna amal edilýär. Watanyň goragy bolsa mukaddesligiň goragydyr. Watanymyzyň mukaddesligi Garaşsyzlygymyz hem-de hemişelik Bitaraplygymyz bilen aýrylmaz baglydyr.

Edermenligiň nusgasy

Golaýda paýtagtymyzyň «Mekan» köşgünde 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 79 ýyllygy mynasybetli uruş weteranlaryna, şeýle hem uruşda wepat bolan esgerleriň ýanýoldaşlaryna Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan baýramçylyk sowgatlarynyň gowşurylyş dabarasy boldy. Oňa uruş weteranlarydyr tylda zähmet çekenler, harby gullukçylar, ýaşuly nesliň wekilleridir ýaşlar we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Ata Watan, il-ýurt, maşgala ynsan üçin mukaddeslikdir. 1941 — 1945-nji ýyllaryň urşunda janyny orta goýup söweşen gahrymanlarymyz şol mukaddeslikleri nähili söýmelidigini, ezizlemelidigini görkezdiler. Pajygaly uruşda mert durup, ynam bilen ýetilen Beýik Ýeňşiň gymmatyny hiç zat bilen deňäp bolmaz. Olaryň görkezen deňsiz-taýsyz edermenligi bu günki nesilleriň ýüreginde müdimilik ýaşaýar.

Ahal welaýatynda döwrebap täze desgalar açylyp ulanylmaga berildi

Şu gün 8-nji maýda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ahal welaýatyndaky täze, möhüm desgalaryň — ýylda 1 million tonna sement öndürmäge niýetlenen Bäherden sement zawodynyň ikinji tapgyrynyň we Ýaşlyk şäherçesindäki kuwwaty bir gije-gündizde 30 müň kub metre deň bolan agyz suw arassalaýjy desganyň açylyş dabaralaryna gatnaşdy. Açylyş dabarasynda Germaniýa Federatiw Respublikasynyň ugurdaş kompaniýasy tarapyndan Bäherden sement zawodynyň 2-nji tapgyrynda ýerine ýetirilen inženerçilik işleriniň we oturdylan enjamlaryň dünýä standartlaryna laýyk gelýändigini tassyklaýan güwänama gowşuryldy.

Gözelligiň dürdänesi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe paýtagtymyz Aşgabady dünýäniň iň gözel, arassa, ýaşamak üçin amatly şäherleriň birine öwürmek ugrunda alnyp barylýan beýik işler uly üstünliklere beslenýär. Merjen şäherimiz günsaýyn özgerýär, gözelleşýär. Hormatly Prezidentimiz: «Aşgabat şäherinde alnyp barylýan işler ähli babatda nusgalyk derejä eýe bolmalydyr, şäheriň çäklerindäki gurluşyk işleriniň depginlerini güýçlendirmek zerurdyr» diýip belleýär. Hawa, ak şäherimiz bu gün özüniň sergin howasy, arassa seýilgähleri, owadan binalary bilen göreni haýrana goýýar. Hormatly ­Prezidentimiziň alyp barýan syýasaty netijesinde ­«Pähim- paýhas ummany ­Magtymguly ­Pyragy» ýylynda hem paýtagtymyz üstünlikli dowam etdirilýän düýpli gurluşyklary, badalga berilýän täsin iri taslamalary bilen ösdürilýär. Hut, şu nukdaýnazardan, raýatlarymyzyň abadançylygynyň, eşretli ýaşaýşynyň, amatly iş gurşawynyň, şeýle hem ruhy dünýäsiniň sagdynlygynyň esasy orun­da durýandygy buýsandyryjydyr. Paýtagtymyzyň çäklerinde gurul­ýan we gurlup ulanylmaga berilýän binadyr desgalaryň kaşaňlygy, işlemek we ýaşamak üçin amatlylygy bilen bir hatarda, onuň daş-töwereginiň bezeg aýratynlyklary, şol sanda suw çüwdürimleriniň, gülleriň we baglaryň sazlaşygy ajaýyp gözelligi döredýär. Şunda adamzat jemgyýetiniň we tebigatyň ajaýyp bitewüligi emele gelýär. Şeýlelikde, paýtagtymyz diňe bir owadan binalaryň şäheri b

Aşgabat — ajaýyp mukam

Gözelligiň gaýtalanmajak nusgasy, görenleri haýrana goýýan, hemmeleriň göwün isleginiň, arzuwlarynyň hasyl bolýan ýeri bolan ak şäherimiz Aşgabat bu gün ajaýyplygy bilen dünýäde giňden tanalýar. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen ak şäherimiz Aşgabat beýik ösüşlere beslenýär. Paýtagtymyz özüniň milli binagärlik däpleri, ak mermerli binalary, ekologik arassalygy, suw çüwdürimleriniň ajaýyp sazlaşygy bilen görenleri özüne bendi edýär. Bu bolsa halkymyzyň göwnüni galkyndyrýar we ýüreklerini buýsandyrýar. Çünki Aşgabat şäheri ýurdumyzyň ýüregi, halkymyzyň arzuw-islegidir. Ol Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň at-abraýyny we dünýä bileleşigindäki ornuny has-da dabaralandyrýar. Ak mermerli paýtagtymyz häzirki wagtda sebitde we yklymda adamlaryň oňaýly ýaşaýşyny, durmuşyň ýokary derejesini, öndürijilikli zähmeti we göwnejaý dynç alşy üpjün edýän şäherleriň hatarynda tanalýar. Aşgabat şäheriniň gözel keşbinde ýurdumyzyň durmuş-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlarda ýeten belent derejeleri aýdyň duýulýar.

Ykbalyň bagt ýyldyzy hemmelere miýesser etsin!

Hamal (guzy 21.03-20.04) Geljek hepdede hamallaryň işleriniň ýokary netijesi olaryň ynamly hereketlerine bagly bolar. Meýilnamalaryňyz babatda pikirleriňizi we garaýyşlaryňyzy çäklendirmäň! Gerek ýerinde töwekgelçilikli hereketlere taýýarlykly boluň!

Merdanalygyň görelde mekdebi

Watan ugrundaky söweşlerde batyrlygyň, merdanalygyň belent nusgasyny görkezen pederlerimiziň gahrymançylygy öçmejek şöhrata eýedir. Olaryň sarpasyny saklamak we şöhratyny ebedileşdirmek bolsa biziň her birimiz üçin mukaddes borç we belent mertebedir. Aýratyn hem, XX asyryň ortasynda adamzat taryhynda iň pajygaly waka hökmünde yz goýan 1941—1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gaýduwsyzlyk görkezen gerçeklerimiziň edermenligi watansöýüjiligiň belent nusgasy bolup hakydalarda müdimilik ýaşaýar. Biziň zähmet çekýän ojagymyz hem şeýle il ogullarynyň gahrymançylykly durmuş ýolunyň iň köp ýatlanylýan ýerleriniň biridir. Muzeýimizde şol ýalynly ýyllary gözi bilen görüp, egni bilen çeken gahrymanlaryň edermenliklerine şaýatlyk edýän taryhy maglumatlaryň we esbaplaryň uly toplumy ýerleşýär. Şöhratly pederlerimiziň beýik gahrymançylygyny beýan edýän gymmatlyklaryň sanynyň ýylsaýyn artýandygyny-da bellemek gerek. Geçen ýylda olaryň sany 3390 bolan bolsa, häzirki wagtda ildeşlerimiziň kömegi bolan olaryň üsti ýetirilip, sany 3500-e golaýlady.