Bagtyýarlygyň Diýary

8 Maý 2024
464

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň daşyna mäkäm jebisleşen mähriban halkymyz öz aýdyň ertirlerini, şöhratly geljegini gurýar. Muny durmuşymyzyň döwrebap özgertmelerinde, alnyp barylýan beýik işlerde has aýdyň duýýarys. Watany söýmek, il-güne hyzmat etmek halkymyzyň gadymdan gelýän asylly ýörelgesidir. Häzirki wagtda milli ruhda terbiýe alýan ýaşlarymyz Watana wepaly, kämil şahsyýetler bolup ýetişýärler.

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda biz — ýaşlara ukyp-başarnygymyzy açyp görkezmäge we ýurdumyzda alnyp barylýan Ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegine işjeň gatnaşmaga uly mümkinçilikler döredilýär. Iň gowy asylly ýörelgeler Watanyň beýgelmeginiň hatyrasyna amal edilýär. Watanyň goragy bolsa mukaddesligiň goragydyr. Watanymyzyň mukaddesligi Garaşsyzlygymyz hem-de hemişelik Bitaraplygymyz bilen aýrylmaz baglydyr.

Aýnagözel ANNANUROWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher geňeşiniň hasapçy-buhgalteri.
Beýleki habarlar