Suw - ýaşaýşyň gözbaşy

8 Maý 2024
338

Berkararlyk bagty

Bilşimiz ýaly, ata Watanymyzyň şöhratly ösüşleri «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hem batly depginler bilen dowam edýär. Aýratyn hem, halkymyzyň asuda durmuşda bagtyýar ýaşaýşyny üpjün etmeklige gönükdirilen işleriň ýokary netijelere eýe bolýandygyny aýratyn bellemek gerek. Muňa mysal hökmünde şu ýylyň mart aýynda dabaraly ýagdaýda açylyp ulanylmaga berlen Mary welaýat Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkeziniň binalar toplumyny bellemek bolar. Düýn Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynda kuwwatlylygy bir gije-gündizde 30 müň kub metr bolan Ýaşlyk suw arassalaýjy desganyň dabaraly ýagdaýda açylyp, ulanylyşa girizilmegi hem hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen halkymyzyň bähbidine amal edilýän işleriň nobatdaky görkezijisine öwrüldi.

Ýörite habarçymyz.
Beýleki habarlar