Mertlere tagzym

8 Maý 2024
538

Gahryman Arkadagymyzyň nygtaýşy ýaly, mertler Watany beýgeldýär. 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşundan ençeme ýyl geçse-de, Watan üçin ýeňiş gazanmagyň ugrunda batyrgaýlyk görkezenleriň edermenligi, gahrymançylygy, olaryň yzynda maşgala ojagyny saklap galan zenanlaryň zähmetsöýerligi hakydalardan çykmaýar, unudylmaýar. Şol döwürde ýaşap geçen birnäçe şahyrlarymyz öz döredijiligi bilen ähli halkymyzy Beýik Ýeňşe ruhlandyrdy. Olar diňe tylda bolup geçen wakalary beýan etmek bilen çäklenmän, eýsem, hakyky mert ýigitleriň, gahryman pederlerimiziň görkezen edermenliklerini, gelin-gyzlaryň hem-de ak saçly eneleriň dünýä nusgalyk zähmetsöýerligini şirin söz bilen äleme äşgär etdiler.

Beýik Watançylyk urşuna eli ýaragly gatnaşan şahyr, zähmetiň hem çeper döredijiligiň weterany D.Haldurdynyň şygyrlary hem muňa aýdyň subutnamadyr. Şahyryň «Dostumyň ýadygärligine», «Ak ýektaýly gyz», «Bize batyr halkyň perzendi diýrler», «Öň hatarda» diýen goşgulary söweş meýdanynyň gahrymançylygyny açyp görkezýär. Şahyr Nurberdi Pommanyň «Watanym», «Illerimize», «Ilimiz», «Biz ýeňeris» ýaly goşgulary hem watançylygyň mukaddesdigini teswirleýär. Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet guşy» romanyndan mähriban pederi Mälikguly Berdimuhamedowyň jöwher zehininden dörän «Ýakyn bolsun ynsanlaryň arasy, Ýürek mydam mähribanlyk küýseýär» diýen ajaýyp setirlerini okanyňda, tolgunmazlyk asla mümkin däl. Bu günki gün, parahatçylygyň tarapdary mähriban halkymyz 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunyň gahrymanlarynyň görkezen beýik edermenliginiň, şöhratly ruhunyň öňünde baş egýär.

Ogulgerek ATAÝEWA,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň talyby.
Beýleki habarlar