"Neutral Turkmenistan" newspaper

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-18, 39-95-82, 39-95-88
Email: neutralturkmenistan-gazeti@online.tm

Habarlar

Sport mümkinçilikleriniň şäheri

Tamamlanyp barýan aýda ýurdumyzda giňden bellenen seneleriň biri-de Aşgabat şäheriniň güni boldy. Şol şanly senä gabatlanyp paýtagtymyzda geçen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň geňeşiniň mejlisinde Aşgabat şäherini Arkalaşygyň täze sport mümkinçilikleriniň şäheri diýip yglan etmek hakynda taryhy Çözgüt kabul edildi. Bu waka halkymyzyň toý şatlygyny goşalandyrdy. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlary, hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzyň baş şäheri günsaýyn özgerýär, ösýär. Aşgabatda yzygiderli gurlup ulanylmaga berilýän desgalaryň hatary hem barha giňeýär. Şol desgalaryň arasynda köpugurly sport toplumlarynyň, sport ugurly beýleki desgalaryň bolmagy diýseň guwandyryjydyr.

Çagalar bagynda geçen dabara

Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli Bäherden etrabynyň 1-nji çagalar bagynda etrap bilim bölüminiň hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň etrap Geňeşiniň bilelikde guramagynda baýramçylyk dabarasy geçirildi. Şatlyk-şowhuna beslenen dabaranyň dowamynda aýdym-sazlar ýaňlandy, körpeleriň labyzly okan goşgulary diňlendi, sahnalaryna tomaşa edildi. Dabaranyň dowamynda çykyş edenler ýurdumyzy bagtly çagalygyň mekanyna öwüren Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna sagbolsunlary aýtdylar. Dabara gatnaşan çagalara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň etrap Geňeşiniň ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

Änew — baý taryhly mekan

Änew şäheriniň üstümizdäki ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýen derejäni götermegi bilen baglylykda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ak bugdaý etrap Geňeşiniň guramalarynda etrabyň ýaşlarynyň gatnaşmagynda gyzykly çäreler yzygiderli guralýar. Etrabymyzyň merkezindäki Milli «Ak bugdaý» muzeýine, Seýit Jemaleddin ýadygärligine guralýan syýahatlar has-da täsirli bolýar. Milli «Ak bugdaý» muzeýinde guralan «tegelek stoluň» başyndaky nobatdaky söhbetdeşlik uly gyzyklanma döretdi. Onda Änew şäheriniň üstümizdäki ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýen derejäni götermegi bilen bagly täsirli söhbet açyldy, hormatly Prezidentimiziň «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitabynyň baý many-mazmuny dogrusynda gürrüň edildi. Çykyş edenler halkymyzyň şöhratly taryhyny, baý medeni mirasyny öwrenmekde we giňden wagyz etmekde Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitabynyň ähmiýetiniň uludygyny buýsanç bilen belläp geçdiler.

1-nji iýun — Çagalary goramagyň halkara güni

Körpeleriň bagtyýarlygy 1-nji iýunda dünýäniň ähli döwletlerinde bolşy ýaly, Türkmenistanda hem Çagalary goramagyň halkara güni giňden bellenilýär. Bu sene dünýä bileleşigi bilen raýdaşlygyň, Birleşen Milletler Guramasynyň çagalaryň hukuklary we bähbitleri babatda esas goýujy maksatlaryna, ýörelgelerine ygrarlylygyň beýany hökmünde ýurdumyzyň resmi baýramçylyklarynyň sanawyna girizildi.

Wagyz-nesihat çäreleri

Magtymguly, paýhasyň müň asyra aýdyň Etrabymyzdaky 12-nji orta mekdepde akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli “Arzuwlan zamanaň geldi, Pyragy!” atly dabaraly çäre geçirildi. Bu dabaraly çäre etrap häkimligi, TDP-niň etrap komiteti, TMÝG-niň etrap geňeşi, etrap bilim bölümi tarapyndan guraldy. Çärä ýokarda atlary agzalan edaralaryň işgärleri, etrapdaky orta mekdepleriň mugallymlary, 12-nji orta mekdebiň ýokary synp okuwçylary gatnaşdylar. Çäre örän gyzykly geçdi. Çärede TDP-niň etrap komitetiniň başlygy Tawus Gylyjowa, TMÝG-niň etrap geňeşiniň başlygy Nagmat Hümmedow, şol mekdebiň mugallymlary Gyzylgül Berdiýewa, Bahar Mämmedowa, Annageldi Akyýew çykyş etdiler.

Wagyz-nesihat duşuşygy

Pyragy — ähli döwürleriň şahyry Golaýda etrap häkimliginiň, TDP-niň etrap komitetiniň, TMÝG-niň etrap birleşmesiniň bilelikde guramagynda etrap medeniýet öýünde akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli “Pyragy — ähli döwürleriň şahyry” ady bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Duşuşyga etrap häkimliginiň jogapkär işgärleri, ýokarda ady agzalan syýasy we jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, medeniýet öýüniň işgärleri gatnaşdylar.

Wagyz-nesihat duşuşygy

29-njy maýda Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda we Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebinde wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan Garaşsyz, baky Bitarap Diýarymyzda sagdyn durmuş kadalaryny berjaý etmek boýunça alnyp barylýan döwlet syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen, şeýle-de «Türkmenistanda temmäkä garşy göreşmek boýunça 2024-nji ýylyň maý aýynyň 1 — 31-i aralygynda geçiriljek çäreleriň meýilnamasyna» laýyklykda, ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde talyp ýaşlaryň arasynda zyýanly endikleriň ýaramaz täsirini düşündirmek, sagdyn durmuş we milli ahlak ýörelgelerini ýaýbaňlandyrmak boýunça geçirilen duşuşyk örän täsirli boldy. Bu wagyz-nesihat çäresine mugallymlar we talyp ýaşlar, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, harby we hukuk goraýjy edaralarynyň işgärleri gatnaşdylar. Wagyz-nesihat çäresinde çykyş edenler asuda Diýarymyzda Temmäkä garşy bütindünýä göreş gününiň giňden bellenip geçilmeginiň maksady we ähmiýeti barada aýtdylar. Şeýle-de Milli Liderimiziň hem-de hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda adamyň saglygyny goramak boýunça amala aşyrýan nusgalyk işleriniň uzak geljegi nazarlaýandygyny buýsanç bilen bellediler.

Aşgabat – Awaza ugry boýunça awtobus gatnawynyň petekleri «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň «e.gov.tm» portalynda

Mälim bolşy ýaly, «Awtomobil ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti 1-njy iýundan başlap, Aşgabat – Awaza – Aşgabat ugry boýunça awtobus gatnawyny ýola goýýar. Şu ugurlar boýunça şäherara awtobus gatnawlarynyň petekleri «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň Döwlet hyzmalary portalynda (e.gov.tm) onlaýn satuwa çykaryldy. Munuň özi Türkmenistanda ulag we aragatnaşyk ulgamlaryndaky hyzmatlaryň günsaýyn kämilleşdirilýändigini görkezýär. Ýeri gelende bellesek, bir taraplaýyn petegiň bahasy ulular üçin 75 manada, 5 — 13 ýaş aralygyndaky çagalar üçin bolsa 37 manat 50 teňňä deňdir. Petekleriň satuwy diňe onlaýn te däl, eýsem, kassalaryň üsti bilen hem amala aşyrylýar.

«Awtomobil ulаg hyzmaty» kompaniýasy sürüjileri işe çagyrýar

«Awtomobil ulаg hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti Türkmenistanyň raýatlaryny sürüji wezipesine işe alynýandygyny yglan edýär. Dalaşgärlerden edilýän esasy talaplar «B,C,D» derejeli sürüjilik şahadatnamasynyň we awtoulag sürmek tejribesiniň bolmagydyr. Işe ýerleşmek isleýänler  Aşgabat şäheriniň Çoganly ýaşaýyş toplumynyň çägindäki Halkara awtomenziliň çäginde ýerleşýän kompaniýanyň merkezi edarasyna ýüz tutmalydyrlar, edaranyň salgysy: A.Nyýazow şaýoly, 422-nji jaý.

Ajaýyp toý sowgady

Ahal welaýatyndaky Bäherden çeper halyçylyk kärhanasynda Magtymguly Pyragynyň keşbi şekillendirilen portret halylaryň birbada ikisi dokaldy. Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllyk toýunyň giňden dabaralandyrylýan ýylynda kärhananyň çeper elli halyçylarynyň uz barmaklaryndan dörän nepisden gözel halylar ýakynda bellenilen Türkmen halysynyň baýramyna özboluşly sowgat boldy. Täze halylaryň her biriniň ini 1,30, boýy 1,65 metre deňdir. Halylaryň bir inedördül metrinde 480 müň çitim bar. Täsin göller, özboluşly öwüşgin atýan dürli reňkli çitimler, akyldar şahyrymyzyň nurana keşbi dokalan nepis halylaryň gözelligini artdyrýar.

Kadalary berjaý edeliň!

Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet ýangyn howpsuzlygy gullugy watandaşlarymyzy ýaşaýyş jaýlarynda, iş ýerlerinde elektrik we gaz enjamlaryny talabalaýyk gurnamaga, ulanmaga hem-de ýangyn howpsuzlyk düzgünlerini berjaý etmäge çagyrýar. Hususan-da, öýlerden, iş ýerlerinden çykyp gitmezden öň, ýangyn howpsuzlyk düzgünleri esasynda jaýlary gözden geçirip, ähli elektrik we gaz enjamlarynyň öçürilendigini barlamagy, zerurlygy bolmadyk elektrik, gaz enjamlaryny ulanyşdan doly aýyrmagy, işläp duran elektrik, gaz enjamlaryny iş ýagdaýynda gözegçiliksiz galdyrmagyň örän howpludygyny ýatladýar. Ýaşaýyş jaýlarynyň, garažlaryň, howlynyň daş-töwereklerini zir-zibillerden arassalap, olary öz wagtynda çäkden çykarmaly. Jaýlaryň üçeklerine ýanyjy agaç gyryndylary, sypaldyr beýleki çalt tutaşýan çig mallar düşelse, üçeklerdir ýerzeminlerde ýanyjy hojalyk goşlary saklansa, elektrik tok geçirijileri suwagyň astyndan ýa-da polat turbalaryň içinden geçirilip gurnalmaly. Elektrik çyralarynyň daşlary aýna gorag örtügi bilen üpjün edilse, ýangyn howpsuzlyk düzgünleriniň talaplaryna laýyk bolsa, döräp biläýjek dürli howplaryň öňi alnar.

Myhmansöýerligiň mekany

24-nji maýda hormatly Prezidentimiz Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşmak üçin gelen Täjigistan Respublikasynyň Premýer-ministri Kohir Rasulzodany kabul etdi. Myhmana iş saparynyň dowamynda sebitde ýeke-täk «akylly» şäher bolan Arkadag şäheri bilen tanyşmaga mümkinçilik döredildi.

Tämiz duýgularyň joşguny

Her ýylyň 1-nji iýunynda dünýäniň ähli döwletlerinde bolşy ýaly, Türkmenistan Watanymyzda hem Çagalary goramagyň halkara güni giňden bellenilýär. Bu şanly sene mynasybetli şu günler ýurdumyzyň ähli künjeklerinde körpe nesillerimiz üçin baýramçylyk dabaralary, medeni köpçülikleýin çäreleri giň gerime eýe bolýar. Milli Liderimiziň başlangyjy boýunça hem-de degişli Kararyna laýyklykda döredilen Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň howandarlyk etmeginde yglan edilen «Biz — Arkadag Serdarly Watanyň bagtyýar nesilleri» atly surat çekmek bäsleşigi hem ýokary derejede geçirilýär. Oňa ýurdumyzyň ähli künjeklerinden, şol sanda Arkadag şäheriniň çäginde hereket edýän orta mekdeplerde, çagalar sungat mekdebinde bilim alýan, çagalar baglarynda terbiýelenýän, şol sanda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezinde bejergi alýan çagalaryň onlarça döredijilik işi hödürlenildi. Paýtagtymyz Aşgabatdaky Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde hem-de Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda ýaýbaňlandyrylan sergilerde çagalaryň döredijilik işlerini görmäge birnäçe ildeşlerimiz gatnaşdylar. Bäsleşik Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ajaýyp keşbini, eziz Watanymyza, ene topragymyza, maşgala mukaddesligine, gözel tebigatymyza bolan söýgini çeperçilik işlerinde beýan edýä

Ene alkyşy eziz

Güljeren BABAÝEWA,Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Bagabat obasynyň ýaşaýjysy: — 10 ýaşyny dolduran körpe oglum Döwranyň çaga serebral ysmaz hassalygy bardy. Ýerli lukmanlarymyza wagtly-wagtyna görkezip durýardyk. Bir gün maşgala lukmanymyz öýümize geldi. Ol oglumyzy Arkadag şäherindäki Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezine ugradylsa gowy boljakdygyny aýtdy. Şondan köp salym geçmänkä, maşgala lukmanymyz jaň edip, tolgundyryjy habar ýetirdi.

Arassa suw — saglygyň sakasy

Ähli pudaklaryň sazlaşykly ösüşinde, ilatyň saglygyny goramakda suw üpjünçiliginiň, arassa agyz suwunyň orny uludyr. Daşky gurşawyň abadançylygy, tämiz howa, arassa suw, ekologiýa taýdan sagdyn iýmit bilen halkymyzyň yzygiderli hem-de bolelin üpjün edilmegi gaýragoýulmasyz meselelerdir. Şonuň üçin hem hormatly Prezidentimiz suw hojalygy pudagynyň ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň 2010-njy ýylyň 14-nji maýynda Daşoguz şäherinde geçirilen Türkmenistanyň Ýaşulularynyň maslahatynda öňe süren Türkmenistanyň ähli ilatly ýerlerini arassa agyz suwy bilen üpjün etmek baradaky başlangyçlarydyr tabşyryklarynyň esasynda düzülen ýörite maksatnamada we Oba milli maksatnamasynda kesgitlenen wezipelere görä, suw hojalygynda örän köp işler amala aşyryldy.

Milli mirasym — mertebäm

Golaýda Arkadag şäherindäki Bagt köşgünde Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli «Dünýä meşhur şanyň türkmen halysy» atly döredijilik duşuşygy geçirildi. Arkadag şäheriniň häkimliginiň, Bagt köşgüniň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Arkadag şäheriniň birleşmesiniň bilelikde guramagynda geçirilen duşuşykda Gahryman Arkadagymyzyň ýiti zehininden dörän «Janly rowaýat», «Arşyň nepisligi» atly kitaplarynda türkmen halysy barada giňden beýan edilýändigi dogrusynda buýsanç bilen aýtdylar.

Syýahatçy bilen söhbet

3-nji iýun — Bütindünýä welosiped güni Batyr Abdyllaýewiň durmuşy bilen tanşanymda, onuň uzak-uzak menzilleri welosipedli, paý-pyýada söken syýahatçydygyny bilip galdym. Söhbetdeşligimiz şondan hem başlandy.

«Ýürekleriň töründe adyň, Pyragy» atly maslahat geçirildi

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzyň her bir güni taryhy wakalara, baýramçylyklara beslenýär. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli Köpetdagyň ajaýyp dag eteginde Akyldar şahyryň ýadygärliginiň hem-de «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynyň аçylmagy hem muňa şaýatlyk edýär. Ýurdumyzda ýene bir hoş habarlaryň biri-de halkymyza sowgat bolan «Magtymguly» atly saýlanan eserleriniň ýygnanan kitabydyr. Häzirki wagtda bu kitabyň tanyşdyrylyş dabarasy ähli pudaklarda  giň gerimde dowam edýär.

Şanly baýramyň şanyna

24-nji maýda paýtagtymyzda ýerleşýän «Aşgabat» aýdym-saz merkezinde Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli baýramçylyk konserti geçirildi. Aşgabat şäher häkimligi tarapyndan guralan dabara dürli pudaklaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, Aşgabat şäheriniň ýaşaýjylary we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Dabaranyň çäklerinde Aşgabat şäher häkimligi bilen «Aşgabat» gazetiniň redaksiýasynyň bilelikde yglan eden «Arkadagly Gahryman Serdarly ak şäherim Aşgabat», «Şygryýetiň göwher gaşy» hem-de «Gündogar edebiýatynyň genji-hazynasy» atly döredijilik bäsleşikleriniň jemleri jemlenildi. Eminler topary tarapyndan gelnen netijä laýyklykda «Arkadagly Gahryman Serdarly ak şäherim Aşgabat» döredijilik bäsleşiginde Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň mugallymy Dünýägözel Çerkezowa «Iň gowy makala», Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyby Miwe Ataýewa «Iň gowy goşgy», «Aşgabat» gazetiniň fotohabarçysy Arslan Müllikow «Iň gowy fotosurat», «Aşgabat» gazetiniň habarçysy Nazar Berdiýew «Iň gowy kollaž işi» ugurlary boýunça ýeňiji diýlip yglan edildi. Şeýle hem, žurnalist Atamyrat Şagulyýew «Gündogar edebiýatynyň genji-hazynasy», Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň talyby Selim Rasulow bolsa «Şygryýetiň göwher gaşy» atly döredijilik bäsleşiklerinde ýeňiji boldular. Ýeňijilere Hormat hatla

Mermer binalaryň öwüşgini

Mälim bolşy ýaly, 25-nji maýda giňden bellenilen Aşgabat şäheriniň güni paýtagtymyzyň dürli künjeklerinde geçirilen açylyş dabaralary bilen utgaşdy. Şol gün Hoja Ahmet Ýasawy köçesiniň ugrunda işewürlik maksatly edara-binalaryň 8-si ulanylmaga berildi. Munuň özi soňky ýyllarda ýurdumyzyň hususy pudagynyň batly depginler bilen gazanýan ösüşleriniň özboluşly görkezijisine öwrüldi. Paýtagtymyzyň ýylsaýyn kämilleşýän şähergurluşyk-binagärlik keşbinde ak mermere beslenen ýaşaýyş toplumlarynyň, medeni-durmuş maksatly desgalaryň sany hem yzygiderli artýar. Şolaryň hatarynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň binalarynyň bardygyny hem bellemek gerek. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly başlangyçlary bilen ýurdumyzda kiçi we orta telekeçiligi goldamak ugrunda alnyp barylýan işler, maksatnamalar özüniň oňyn netijelerini hem berýär. Bu gün telekeçiler ata Watanymyzyň dürli ulgamlarynyň, şol sanda azyk senagaty, oba hojalygy, şähergurluşygy, dokma senagaty, ýeňil senagat pudaklarynyň ösüşlerine özleriniň saldamly goşantlaryny goşýarlar. Importuň ornuny tutýan, eksport ugurly, bäsdeşlige ukyply ýerli önümler diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem, daşary döwletlerde hem uly islegden peýdalanýar. Telekeçileriň önümçilik mümkinçilikleriniň barha giňemegi netijesinde sarp edijilere öndürilýän harytlaryň täze görnüşleri hem yzygiderli hödü