Şanly baýramyň şanyna

29 Maý 2024
257

24-nji maýda paýtagtymyzda ýerleşýän «Aşgabat» aýdym-saz merkezinde Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli baýramçylyk konserti geçirildi. Aşgabat şäher häkimligi tarapyndan guralan dabara dürli pudaklaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, Aşgabat şäheriniň ýaşaýjylary we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Dabaranyň çäklerinde Aşgabat şäher häkimligi bilen «Aşgabat» gazetiniň redaksiýasynyň bilelikde yglan eden «Arkadagly Gahryman Serdarly ak şäherim Aşgabat», «Şygryýetiň göwher gaşy» hem-de «Gündogar edebiýatynyň genji-hazynasy» atly döredijilik bäsleşikleriniň jemleri jemlenildi. Eminler topary tarapyndan gelnen netijä laýyklykda «Arkadagly Gahryman Serdarly ak şäherim Aşgabat» döredijilik bäsleşiginde Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň mugallymy Dünýägözel Çerkezowa «Iň gowy makala», Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyby Miwe Ataýewa «Iň gowy goşgy», «Aşgabat» gazetiniň fotohabarçysy Arslan Müllikow «Iň gowy fotosurat», «Aşgabat» gazetiniň habarçysy Nazar Berdiýew «Iň gowy kollaž işi» ugurlary boýunça ýeňiji diýlip yglan edildi. Şeýle hem, žurnalist Atamyrat Şagulyýew «Gündogar edebiýatynyň genji-hazynasy», Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň talyby Selim Rasulow bolsa «Şygryýetiň göwher gaşy» atly döredijilik bäsleşiklerinde ýeňiji boldular. Ýeňijilere Hormat hatlary hem-de gymmat bahaly sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

Ýörite habarçymyz.
Beýleki habarlar