Aşgabat – Awaza ugry boýunça awtobus gatnawynyň petekleri «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň «e.gov.tm» portalynda

30 Maý 2024
280

Mälim bolşy ýaly, «Awtomobil ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti 1-njy iýundan başlap, Aşgabat – Awaza – Aşgabat ugry boýunça awtobus gatnawyny ýola goýýar. Şu ugurlar boýunça şäherara awtobus gatnawlarynyň petekleri «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň Döwlet hyzmalary portalynda (e.gov.tm) onlaýn satuwa çykaryldy. Munuň özi Türkmenistanda ulag we aragatnaşyk ulgamlaryndaky hyzmatlaryň günsaýyn kämilleşdirilýändigini görkezýär.

Ýeri gelende bellesek, bir taraplaýyn petegiň bahasy ulular üçin 75 manada, 5 — 13 ýaş aralygyndaky çagalar üçin bolsa 37 manat 50 teňňä deňdir. Petekleriň satuwy diňe onlaýn te däl, eýsem, kassalaryň üsti bilen hem amala aşyrylýar.

Beýleki habarlar