Ýaş nesliň kämil terbiýesi ugrunda
Çagalaryň ertirki güni hut olar baradaky alada, körpeleriň bagtyýar durmuşyny üpjün etmek baradaky tagallalara baglydyr. Şu günler ýurdumyzda tomus pasly dowam edýär. Umumybilim edaralarynyň okuwçylarynyň dynç alyş möwsümini gyzykly geçirmekleri, orta mekdepde alan bilimleriniň üstüni ýetirmekleri, ukyp-başarnyklaryny kämilleşdirmekleri üçin ajaýyp mümkinçilik berýän bu döwürde ýurdumyzdaky çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezleriniň işi aýratyn bellenmäge mynasypdyr. Şypaly Gökderäniň sapaly künjeklerinde, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda, welaýatlaryň ajaýyp tebigy ýerlerinde gurlup ulanmaga berlen sagaldyş we dynç alyş merkezleri tapgyrlaýyn esasda müňlerçe ýaş türkmenistanlylara tomusky möwsümiň gyzykly başdan geçirmelerini sowgat edýär. Watanymyzyň aýdyň geljeginiň eýeleriniň uly topary 2-nji iýunda 1-nji tapgyr boýunça çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezlerine ugradyldy. Bilşimiz ýaly, merkezlerde oýun oýnamak, bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmak üçin meýdançalar, tans zallary, kompýuter otaglary, el iş gurnaklary, teatr, şekillendiriş otaglary, kitaphanalar hereket edip, şadyýan çagalaryň kalbynda egsilmez joşgun we buýsanç duýgularyny döredýär. Türkmenistanyň Bilim, Medeniýet, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrlikleriniň, Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň, jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikdäki tagallalary esasynda, ýörit