Döwlet synaglary dowam edýär

5 Iýun 2024
350

Üstümizdäki şanly ýylda orta mekdepleri tamamlan uçurym ýaşlar şu günler gutardyş döwlet synaglaryny üstünlikli tabşyrýarlar. Ýeri gelende, 2023-2024-nji okuw ýylynda Gökdepe etraby boýunça bagtyýar ýaşlaryň 1 müň 830-synyň mekdep uçurymy bolandygyny aýratyn bellemek gerek. Häzirki döwlet synaglary olaryň durmuşynda aýratyn ähmiýete eýedir.

11-nji synpy tamamlan ýaşlar 1-nji iýunda türkmen dili we edebiýaty dersinden ilkinji döwlet synagyny üstünlikli tabşyrdylar. Bilim ojaklarynda döredilen giň şertler we mümkinçilikler synaglaryň guramaçylyk derejesine oňyn täsirini ýetirdi. Bagtyýar ýaşlar beýleki degişli dersler boýunça döwlet synaglaryny hem tabşyrýarlar. Bu synaglar olaryň ak mekdeplerde alan bilimlerini näderejede özleşdirendigini, şeýle-de zehin-başarnyklaryny ýüze çykarýar.

Akmyrat KADYROW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Gökdepe etrap Geňeşiniň işgäri.
Beýleki habarlar