Körpeleriň sagdynlygy — baş aladamyz

5 Iýun 2024
289

Güneşli diýarymyzda körpe nesil aýratyn üns we alada bilen gurşalýar. Munuň şeýledigine mekdebe çenli çagalar edaralarynda alnyp barylýan işler anyk şaýatlyk edýär. Çagalar baglarynda körpelere döwrebap sowat öwredilýär, olaryň watansöýüjilik ruhunda terbiýelenmegi, sagdyn ösmegi babatda buýsanja mynasyp işler alnyp barylýar.

Tomus möwsüminiň gelip ýetmegi bilen baglylykda, mekdebe çenli çagalar edaralarynda körpeler bilen geçirilýän taplama, göwünaçma we oýun çäreleriniň sany artýar. Şonuň bilen baglylykda, biziň çagalar baglarymyzda hem tomus sagaldyş möwsümine ykjam taýýarlykly gelindi. Tomusky taplama çäreleri guramak üçin toparyň meýdançalarynda çägedanlary çägeden doldurmak we reňklemek, taplama degişli çagalar üçin enjamlary ýerbe-ýer etmek, düşekçeleri taýýarlamak, egin-eşikler, süpürgiçler taýýarlamak boýunça degişli işler alnyp baryldy.

Zyýadagül MÄMIÝEWA,
Kaka etrabynyň 2-nji çagalar bagynyň müdiri.
Beýleki habarlar