"Neutral Turkmenistan" newspaper

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-18, 39-95-82, 39-95-88
Email: neutralturkmenistan-gazeti@online.tm

Habarlar

Türkmenistan — Türkiýe: dostluk, ynanyşmak, işewürlik

25-26-njy oktýabrda döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasyna ilkinji resmi saparyny amala aşyrdy Döwletara gatnaşyklary pugtalandyrmak hormatly Prezidentimiziň sebitde we dünýäde durnuklylygyň, ösüşiň üpjün edilmegine ýardam berýän daşary syýasatynyň esasy ugrudyr. Ýüzýyllyklara uzaýan türkmen-türk hyzmatdaşlygynyň häzirki döwürde hil taýdan täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýandygy hem munuň aýdyň güwäsidir.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Türkmen-türk işewürlik maslahatyndaky çykyşy

(Ankara şäheri, 2023-nji ýylyň 26-njy oktýabry) Hormatly işewür toparlaryň wekilleri!

Köpugurly hyzmatdaşlyga ygrarlylyk

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň arasynda aýratyn häsiýete eýe bolan özara gatnaşyklaryň ulgamy kemala geldi. Sebäbi özara düşünişmek, ynanyşmak we pugta dost-doganlyk iki halkyň ýeten belent sepgitleri bolmak bilen, ikitaraplaýyn, köptaraplaýyn esasda, ilkinji nobatda, iri halkara guramalaryň, abraýly sebit düzümleriniň çäklerinde üstünlikli ösdürilýän köpugurly hyzmatdaşlyk üçin ygtybarly giňişligi emele getirýär. Muny hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň 25-26-njy oktýabrda Türkiýe Respublikasyna amala aşyran ilkinji resmi sapary aýdyňlygy bilen tassyklaýar. Türkiýe Türkmenistanyň döwlet Garaşsyzlygyny ilkinjileriň hatarynda ykrar eden, häzirki döwürde dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan sebit parahatçylygyny we durnuklylygyny üpjün etmegiň netijeli guraly hasaplanýan Bitaraplyk derejesini iki gezek goldan ýurtdur. Şunda türkmen-türk dialogynyň netijeli guraly köp babatda iki ýurduň döwlet Baştutanlarynyň gatnaşyklary ösdürmäge berýän aýratyn ünsi bilen şertlendirilip, özara saparlaryň işjeň häsiýete eýe bolmagy Türkmenistanyň we Türkiýäniň köpugurly hyzmatdaşlygy diwersifikasiýalaşdyrmaga, söwda-ykdysady, ynsanperwer hyzmatdaşlygy giňeltmäge gönükdirilen tagallalarynyň özboluşly görkezijisi bolup çykyş edýär.

Dost-doganlyk rowaçlanýar

Bu gün berkarar Watanymyzyň dünýäniň dürli ýurtlary, şol sanda goňşy döwletler bilen dost-doganlyk gatnaşyklarynyň barha rowaçlanmagy her birimizi begendirýär, buýsandyrýar. Biziň doganlyk döwletlerimiziň biri bolan Türkiýe Respublikasy bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygyň, dost-doganlyk gatnaşyklaryň barha pugtalanmagy şatlygymyzy goşalandyrýar. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň bu ýurda amala aşyran ilkinji resmi sapary türkmen-türk gatnaşyklarynyň, özara bähbitli hyzmatdaşlygynyň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagynyň we ösdürilmeginiň, täze derejä çykarylmagynyň ýolunda möhüm ädime öwrüldi. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasyna amala aşyran resmi saparynyň barşynda türk kärdeşi Rejep Taýyp Ärdogan bilen geçiren ikitaraplaýyn gepleşiklerini, şeýle-de beýleki duşuşyklaryny, şol sanda Türkmen-türk işewürlik forumyndaky çykyşyny “mawy ekran” arkaly tomaşa etdik. Arkadagly Serdarymyzyň doganlyk ýurda amala aşyran resmi sapary mahalynda Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň arasyndaky däbe öwrülen dostlukly gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek we çuňlaşdyrmak maksady bilen ikitaraplaýyn resminamalara, şol sanda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Türkiýe Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda ýaşlar we sport babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşygy durmuşa geçirmek boýunça 2024–2026-njy ýyllarda ýaşlar syýasaty babatda hyzmatdaşlyk hak

Güýz göwünli mukamlar

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň 11-nji oktýabrynda sebitde ilkinji «akylly» şäher bolan Arkadag şäheriniň «Arkadag binasynyň» öňündäki meýdançada V Wena baly hem-de «Galkynyş» türkmen-awstriýa simfoniki orkestriniň konserti geçirildi. Onda türkmenistanly we awstriýaly sungat ussatlary çykyş etdiler. Neda Berger: — Söýýän seni, Türkmenistan!

Bu ýollarda dost-doganlyk gülleýär

Türkmen halkynyň millilikleri inçeden asylly häsiýetleri ýüze çykarmakda halkymyzyň mizemez gory bolup, milletimiziň baý hazynasyna öwrülendir. Bu hazynany gorap, aýap, apalap saklamakda bolsa, halkymyzyň paýyna düşýän jogapkärçilik diýseň uly. Islendik ýurduň milliliklerini, däp-dessurlaryny alyp görenimizde-de, şol döwletiň asyl gelip çykyşyna, taryhyna, edebiýatyna düşünmek mümkinçiligi açylýar duruberýär. Bu duýgy Pekinde geçirilen «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly türkmen milli gymmatlyklarynyň sergisinde-de öz beýanyny tapdy. Şu ýylyň 17 — 19-njy oktýabrynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň Hytaý Halk Respublikasyna iş sapary amala aşdy. «Bir guşak, bir ýol» taslamasynyň 10 ýyllygy mynasybetli Hytaýyň paýtagty Pekinde geçirilen bu başlangyjyň üçünji ýokary derejeli halkara forumy dünýäniň ýüzlerçe döwletinden ýokary derejeli myhmanlary bir ýere jemledi. Bu forumda ilkinji bolup taryhy çykyş eden Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzyň halkara giňişligindäki hyzmatdaşlyk ýollarynyň oňyn bähbitlere gönükdirilýändigini dürli ugurlarda amala aşyrylýan işleriň mysallary arkaly açyp görkezdi. Milli Liderimiz öz çykyşynda ýangyç-energetika, ulag-logistika, daşky gurşawy goramak, ekologik howpsuzlygyny üpjün etmegiň ýurdumyzyň ileri tutýan ugurlarynyň biridigini nygtady. Ýokary derejeli maslahatda Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň «Beýik

Halkara gatnaşyklarda täze sahypalar

Şu ýylyň 8 — 10-njy sentýabry aralygynda Hytaýyň gündogaryndaky Fuszýan welaýatynyň Sýamen şäherinde «23-nji Hytaý Maýa goýum we söwda halkara ýarmarkasynyň» çarçuwasynda guralan 10-njy «Merkezi Aziýa — Hytaý hyzmatdaşlyk forumy» geçirildi. Onuň çäklerinde «Merkezi Aziýa sebitinde we Hytaýda «Zenanlaryň ösüşi», «Sanly ykdysadyýetiň ösüşi», «Doganlaşan şäherleriň hyzmatdaşlygy we ynsanperwer alyş-çalyşlar» hem-de «Guryýer-deňiz arabaglanyşygy we senagat hyzmatdaşlygynyň ösüşi» atly mowzuklar boýunça kiçi forumlar geçirildi. Şeýle hem Merkezi Aziýa — Hytaý hyzmatdaşlyk forumynyň dowamynda «Merkezi Aziýa — Hytaý hyzmatdaşlygynyň ýeten sepgitleri» atly zenanlaryň gazananlarynyň sergisi guraldy. Foruma ýurdumyzyň wekiliýetleri, ýagny Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň hem-de Söwda-senagat edarasynyň wekilleri gatnaşdylar. Türkmen wekillerine forumyň açylyş dabarasynda we «Zenanlar we durnukly ösüş» atly kiçi forumda çykyş etmek miýesser etdi. Çykyşyň dowamynda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda zenanlara goýulýan hormat-sarpa, olaryň ylymda, bilimde, sportda, medeniýetde, ykdysadyýetde, sanly tehnologiýalarda, ulag-kommunikasiýa toplumynda, oba hojalygynda, telekeçilik ulgamynda döredijilikli zähmet çekmekleri üçin döredilýän giň mümkinçilikler barada gürrüň edildi. Şeýle hem sebitde deňi-taýy bolmadyk ekologiýa taýdan ara

Türkmenistan — Türkiýe: söwda-ykdysady gatnaşyklary hil taýdan täze derejä çykarmagyň ugry bilen

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň arasynda gepleşikler geçirildi Ankara — Aşgabat, 26-njy oktýabr (TDH). Şu gün Ankara şäherinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň arasynda gepleşikler geçirildi. Ozal habar berlişi ýaly, düýn döwlet Baştutanymyz dostlukly döwlete resmi sapar bilen geldi.

«Türkmendeňizderýaýollary» agentliginiň wekiliýeti Guançjouda birnäçe işewür duşuşyklary geçirdi

«Türkmendeňizderýaýollary» agentliginiň ýolbaşçylary Hytaýyň Guançjou şäherinde gualan Kanton ýarmarkasynyň çäklerinde hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça birnäçe işewür duşuşyklary geçirdiler. «Türkmendeňizderýaýollary» agentliginiň metbugat gullugynyň habar bermegine görä, Türkmenistanyň gämi gurluşyk pudagynyň mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak maksady bilen agentligiň wekilleri kebşirleýiş elektrodlary we sim öndürmek bilen meşgullanýan TIANJIN MINMETALS CO.,LTD kompaniýasynyň hünärmenleri bilen gepleşikleri geçirdiler.

Ankarada ýokary derejeli türkmen-türk gepleşikleri geçiriler

Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkiýe Respublikasyna resmi sapary başlandy Aşgabat — Ankara, 25-nji oktýabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow resmi sapar bilen Türkiýe Respublikasyna ugrady. Aşgabadyň Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy resmi adamlar ugratdylar.

Dünýäniň bilermenleri Aşgabatda ýangyç-energetika toplumynyň ählumumy meýillerini maslahatlaşýarlar

«Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2023» atly halkara maslahat we sergi Aşgabat, 25-nji oktýabr (TDH). Şu gün paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2023» atly XXVIII halkara maslahat we sergi öz işine başlady. Ol «Türkmengaz», «Türkmennebit» döwlet konsernleri, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasy tarapyndan guraldy.

Dünýäniň bilermenleri Aşgabatda ýangyç-energetika toplumynyň ählumumy meýillerini maslahatlaşýarlar

«Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2023» atly halkara maslahat we sergi Aşgabat, 25-nji oktýabr (TDH). Şu gün paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2023» atly XXVIII halkara maslahat we sergi öz işine başlady. Ol «Türkmengaz», «Türkmennebit» döwlet konsernleri, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasy tarapyndan guraldy.

Nebitgaz pudagynda gazanylanlar we geljekki mümkinçilikler

nobatdaky ýöriteleşdirilen sergide öz beýanyny tapdy Düýn paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynda öz işine başlan «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2023» atly halkara maslahat we sergi dünýäniň 45-den gowrak döwletinden 700-den gowrak wekili bir meýdança jemlemek bilen, ählumumy energetika ulgamynyň häzirki ýagdaýyna we geljekki meýillerine baha bermäge, şunda ýurdumyzyň eýeleýän ornuna aýdyň göz ýetirmäge amatly şertleri döretdi. Maslahatyň çäginde guralan iri gözden geçirilişde nebitgaz pudagynda iş alyp barýan ýöriteleşdirilen düzümler giň jemgyýetçiligi öňdebaryjy innowasion tehnologiýalarydyr hödürleýän döwrebap hyzmatlary bilen ýakyndan tanyşdyrmaga mümkinçilik aldylar.

Türkmenistan hem-de ÝB energiýa we ulag pudagynda hyzmatdaşlygy giňeltmek meselesini ara alyp maslahatlaşdylar

Lýuksemburgda geçirilen «Merkezi Aziýa — ÝB»-niň ministrler duşuşygynyň çäklerinde Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçysy R.Meredow Ýewropa Bileleşiginiň Halkara hyzmatdaşlygy boýunça komissary Ýutta Urpilaýnen bilen ikitaraplaýyn gepleşik geçirdi. 23-nji oktýabrda bolan duşuşykda esasy üns «Ýewropa Topary» maksatnamasynyň sebitleýin başlangyçlaryna gönükdirildi diýlip, Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda habar berildi. Bu çekişmeler energetika we ulag pudagynda hyzmatdaşlygyň mümkinçiligi barada çuň gepleşikler üçin esas döretdiler. Şeýle hem Türkmenistanyň Bütindünýä Söwda Guramasyna (BSG) goşulmagyndaky öňegidişligi görkezildi. Türkmenistanyň daşary syýasy edarasynyň ýolbaşçysy türkmen tarapynyň ÝB-niň bu ugurdaky goldawyna ýokary baha berjekdigini aýtdy.

Hoşniýetli gatnaşyklar we täze mümkinçilikler

Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasatynda Aziýa — Ýuwaş umman sebitiniň döwletleri, şol sanda Hytaý Halk Respublikasy bilen netijeli gatnaşyklary ösdürmek möhüm ugurlaryň biri bolup durýar. Geçen ýyl Türkmenistan bilen Hytaýyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy bellenildi. Emma iki halkyň arasyndaky gatnaşyklar taryhyň jümmüşine uzalyp gidýar. Iki ýurdy birleşdiren Beýik Ýüpek ýoly döwründen bäri türkmen hem hytaý halky medeniýetler, däp-dessurlar, dünýägaraýyşlar babatynda özara gatnaşyklar bilen baýlaşypdyr. Iki halky birleşdiren Beýik Ýüpek ýoly özara bähbitli söwda hyzmatdaşlygy bolmak bilen birlikde, giň gatnaşyklar üçin hem köpri boldy. Şonuň üçin Ýuwaş ummandan Atlantik ummanyna çenli ägirt uly giňişligi öz içine alýan gadymy gatnaşyklary has-da berkitmäge, ýygjamlaşdyrmaga gönükdirilen ugur ähmiýetli bolmagynda galýar. Gadymy söwda ýoluny döwrebap ýörelgelerde birleşdirip, Ýewraziýanyň ykdysady ösüşine itergi bermäge gönükdirilen bu ugur birek-birege bagly bolan önümçilik we tehnologik ulgamlary, senagat guşaklyklaryny döredip, dürli durmuş meselelerini çözmäge, halklaryň ýaşaýyş derejesiniň hilini ýokarlandyrmagy üpjün etmäge gönükdirilendir. Ine, 18-nji oktýabrda Gahryman Arkadagymyzyň Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygynyň çakylygy boýunça «Bir guşak, bir ýol» üçünji ýokary derejeli maslahatyna gatnaşmagy bu ugurdaky özara h

Türkmen-türk dostlugy

«Bir millet — iki döwlet» ýörelgesi esasynda has-da pugtalanýar 20-nji oktýabrda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Türkiýe Respublikasyna resmi saparyna görülýän taýýarlyk barada hem hasabat berildi. Hormatly Prezidentimiz Türkiýe Respublikasynyň ýurdumyzyň iň ýakyn hyzmatdaşlarynyň biridigini nygtap, geçen ýyllarda gol çekilen döwletara, hökümetara hem-de pudagara resminamalar toplumynyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ygtybarly hukuk binýadyny emele getirýändigini belledi. Döwlet Baştutanymyz öňde boljak saparyň iki ýurduň doganlyk halklarynyň taryhy taýdan emele gelen umumylygyna daýanýan däp bolan türkmen-türk gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn ösdürilmegine ýardam etjekdigini aýdyp, saparyň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy.

Halkara nebitgaz forumy: energetika howpsuzlygyny üpjün etmäge goşant

Soňky ýyllarda energetika pudagynda ählumumy derejede uly üýtgeşmeler bolup geçýär. Munuň özi, ilkinji nobatda, adamzadyň abadan geljeginiň bähbidine energiýanyň ekologik taýdan arassa görnüşine — «ýaşyl» energiýa geçmek boýunça meselä aýratyn üns berilmegi bilen şertlendirilendir. Ýurdumyzda geçirilmegi asylly däbe öwrülen halkara nebitgaz forumlary bolsa energetika geçişi bilen bagly alnyp barylýan işleri giňden şöhlelendirmekde, bu ugurda özara pikir alşyp, hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny berkitmekde, nebitgaz taslamalaryny durmuşa geçirmegi üpjün edýän netijeli çözgütleri kabul etmekde, täzeçil strategiýalary işläp taýýarlamakda ykrar edilen meýdança öwrüldi. Şu gün — 25-nji oktýabrda hem paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2023» atly XXVIII halkara maslahat we sergi öz işine başlaýar. Halkara nebitgaz forumynyň guralmagynyň esasy maksady energetika pudagyny mundan beýläk-de durnukly ösdürmek üçin sebitleýin dialogy pugtalandyrmakdan, dünýä energetika ulgamyndaky soňky meýillere syn bermekden we Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna göni daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmegiň mümkinçiliklerini giňeltmekden ybaratdyr. Şoňa görä-de, däp bolşy ýaly, dünýäniň onlarça ýurdundan nebitgaz kompaniýalarynyň, iri halkara maliýe institutlarynyň ýolbaşçylarydyr wekilleriniň ýüzlerçesi foruma gatnaşmak maksady bilen paýtagtymyza ýygnandylar. «Tü

Lukmançylyk ylmynyň baý mirasyna bagyşlap

Häzirki döwürde ýurdumyzda Abu Aly ibn Sina, Muhammet Gaýmaz Türkmen, Seýit Ysmaýyl Gürgenli, Abu Reýhan Biruny, Muhammet Hüseýin ýaly lukmançylyk ylmynda öçmejek yz galdyran alymlaryň baý mirasyna uly sarpa goýlup, onuň giňden öwrenilmegi, özleşdirilmegi ugrunda yzygiderli tagalla edilýär. Ýakynda Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde Eýran Yslam Respublikasynyň wekilleriniň gatnaşmagynda Abu Aly ibn Sina bagyşlanan maslahatyň geçirilmegi-de munuň aýdyň mysalydyr. Bu maslahat Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli 11-nji oktýabrda paýtagtymyzda guralan «Gündogaryň meşhur akyldary we lukmany Abu Aly ibn Sinanyň umumadamzat ähmiýetli mirasy» atly giň wekilçilikli halkara maslahatyň özboluşly dowamyna öwrüldi. Dünýä döwletleri, şol sanda goňşy döwletler bilen dostlukly gatnaşyklary ösdürmek Türkmenistanyň oňyn bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk we giň halkara hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasat strategiýasynyň esasy ugrudyr. Häzirki wagtda Türkmenistanyň we Eýran Yslam Respublikasynyň arasynda dürli ugurlar, şol sanda ylym-bilim, saglygy goraýyş ulgamlarynda hyzmatdaşlyk yzygiderli pugtalandyrylýar. Geçen ýyl Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersiteti bilen Maşat Lukmançylyk ylymlary uniwersitetiniň arasynda bilim we saglygy goraýyş ulga

Dost-doganlyk gatnaşyklary ösdürilýär

Ylym-bilimiň ýokary derejede ösýän häzirki döwründe bu ugurdan halkara hyzmatdaşlygy-da ösdürilýär. Häzirki ajaýyp döwrümizde hormatly Prezidentimiziň alyp barýan parasatly daşary syýasaty netijesinde Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň arasyndaky köpugurly dostlukly gatnaşyklar yzygiderli pugtalandyrylýar. Bu iki ýurduň arasyndaky diplomatik gatnaşyklar resmi taýdan 1992-nji ýylyň 6-njy ýanwaryndan başlandy. Bu iki ýurduň arasyndaky özara bähbitli gatnaşyklaryň taryhy kökleri müňýyllyklara uzap gidýär. Bu bolsa eziz Watanymyzyň Beýik Ýüpek ýolunyň merkezinde ýerleşendigi bilen baglydyr. Häzirki wagtda Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk strategiki häsiýete eýedir. Hytaý Halk Respublikasy Türkmenistanyň iri söwda hyzmatdaşlarynyň biri bolup, iki ýurduň arasynda haryt dolanyşygy ýokary derejede saklanýar. Hytaýyň iri kompaniýalary Türkmenistanda ykdysadyýetiň dürli ugurlarynda, hususan-da nebit-gaz, telekommunikasiýa, gurluşyk, ulag we himiýa pudaklarynda alnyp barylýan iri taslamalara işjeň gatnaşýarlar. Medeniýet, sport, ylym we bilim, saglygy goraýyş ulgamlarynda hem hyzmatdaşlyk çuňlaşdyrylýar.

Dünýäniň ykrary – «Bir guşak, bir ýol»

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň 17 – 19-njy oktýabry aralygynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynda iş saparynda bolup, «Bir guşak, bir ýol» üçünji ýokary derejeli maslahata gatnaşdy. Mälim bolşy ýaly, Aziýa — Ýuwaş umman sebitiniň döwletleri, şol sanda HHR bilen netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmak hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ýurdumyzyň amala aşyrýan daşary syýasy strategiýasynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Soňky ýyllarda türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň barha okgunly ösdürilmegi iki dostlukly ýurduň strategik hyzmatdaşlygyny hil taýdan täze derejä çykarmaga giň mümkinçilik berýär. Muny döwlet Baştutanymyzyň şu ýylyň ýanwar we maý aýlarynda HHR-e amala aşyran saparlarynyň önjeýli netijeleri hem subut etdi.