Türkmen-türk dostlugy

25 Oktýabr 2023
460

«Bir millet — iki döwlet» ýörelgesi esasynda has-da pugtalanýar

20-nji oktýabrda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Türkiýe Respublikasyna resmi saparyna görülýän taýýarlyk barada hem hasabat berildi. Hormatly Prezidentimiz Türkiýe Respublikasynyň ýurdumyzyň iň ýakyn hyzmatdaşlarynyň biridigini nygtap, geçen ýyllarda gol çekilen döwletara, hökümetara hem-de pudagara resminamalar toplumynyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ygtybarly hukuk binýadyny emele getirýändigini belledi. Döwlet Baştutanymyz öňde boljak saparyň iki ýurduň doganlyk halklarynyň taryhy taýdan emele gelen umumylygyna daýanýan däp bolan türkmen-türk gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn ösdürilmegine ýardam etjekdigini aýdyp, saparyň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy.

Rahmanberdi GÖKLEŇOW.
«Türkmenistan».
Beýleki habarlar