Hoşniýetli gatnaşyklar we täze mümkinçilikler

25 Oktýabr 2023
553

Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasatynda Aziýa — Ýuwaş umman sebitiniň döwletleri, şol sanda Hytaý Halk Respublikasy bilen netijeli gatnaşyklary ösdürmek möhüm ugurlaryň biri bolup durýar. Geçen ýyl Türkmenistan bilen Hytaýyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy bellenildi. Emma iki halkyň arasyndaky gatnaşyklar taryhyň jümmüşine uzalyp gidýar. Iki ýurdy birleşdiren Beýik Ýüpek ýoly döwründen bäri türkmen hem hytaý halky medeniýetler, däp-dessurlar, dünýägaraýyşlar babatynda özara gatnaşyklar bilen baýlaşypdyr.

Iki halky birleşdiren Beýik Ýüpek ýoly özara bähbitli söwda hyzmatdaşlygy bolmak bilen birlikde, giň gatnaşyklar üçin hem köpri boldy. Şonuň üçin Ýuwaş ummandan Atlantik ummanyna çenli ägirt uly giňişligi öz içine alýan gadymy gatnaşyklary has-da berkitmäge, ýygjamlaşdyrmaga gönükdirilen ugur ähmiýetli bolmagynda galýar. Gadymy söwda ýoluny döwrebap ýörelgelerde birleşdirip, Ýewraziýanyň ykdysady ösüşine itergi bermäge gönükdirilen bu ugur birek-birege bagly bolan önümçilik we tehnologik ulgamlary, senagat guşaklyklaryny döredip, dürli durmuş meselelerini çözmäge, halklaryň ýaşaýyş derejesiniň hilini ýokarlandyrmagy üpjün etmäge gönükdirilendir. Ine, 18-nji oktýabrda Gahryman Arkadagymyzyň Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygynyň çakylygy boýunça «Bir guşak, bir ýol» üçünji ýokary derejeli maslahatyna gatnaşmagy bu ugurdaky özara hyzmatdaşlyga täze öwüşgin çaýdy.

Oguljemal NURMYRADOWA,
«Ahal durmuşy».
Beýleki habarlar