Dost-doganlyk gatnaşyklary ösdürilýär

24 Oktýabr 2023
891

Ylym-bilimiň ýokary derejede ösýän häzirki döwründe bu ugurdan halkara hyzmatdaşlygy-da ösdürilýär. Häzirki ajaýyp döwrümizde hormatly Prezidentimiziň alyp barýan parasatly daşary syýasaty netijesinde Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň arasyndaky köpugurly dostlukly gatnaşyklar yzygiderli pugtalandyrylýar. Bu iki ýurduň arasyndaky diplomatik gatnaşyklar resmi taýdan 1992-nji ýylyň 6-njy ýanwaryndan başlandy. Bu iki ýurduň arasyndaky özara bähbitli gatnaşyklaryň taryhy kökleri müňýyllyklara uzap gidýär. Bu bolsa eziz Watanymyzyň Beýik Ýüpek ýolunyň merkezinde ýerleşendigi bilen baglydyr.

Häzirki wagtda Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk strategiki häsiýete eýedir. Hytaý Halk Respublikasy Türkmenistanyň iri söwda hyzmatdaşlarynyň biri bolup, iki ýurduň arasynda haryt dolanyşygy ýokary derejede saklanýar. Hytaýyň iri kompaniýalary Türkmenistanda ykdysadyýetiň dürli ugurlarynda, hususan-da nebit-gaz, telekommunikasiýa, gurluşyk, ulag we himiýa pudaklarynda alnyp barylýan iri taslamalara işjeň gatnaşýarlar. Medeniýet, sport, ylym we bilim, saglygy goraýyş ulgamlarynda hem hyzmatdaşlyk çuňlaşdyrylýar.

Orazgylyç ORAZGYLYJOW,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň kafedra müdiri, lukmançylyk ylymlarynyň kandidaty.
Beýleki habarlar