"Garagum" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-83, 39-96-05, 39-96-07
Email: garagum_tm@sanly.tm

Habarlar

Täsirli geçen döredijilik bäsleşigi

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylymyzda şanly Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk baýramçylyk senesine bagyşlanyp ýurdumyzyň çar künjeginde geçirilýän toý-baýramlar, edebi hem medeni dabaralar göwünleri galkyndyrýar. Düýn şeýle dabaralaryň çäklerinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi bilen «Garagum» žurnalynyň redaksiýasynyň ýaşlaryň arasynda bilelikde yglan eden «Müň parasat, müň many, köňülleriň çyragy – pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly döredijilik bäsleşiginiň jemi jemlenildi. Mälim bolşy ýaly, döredijilik bäsleşigine ýurdumyzyň dürli künjeklerinden ýaşlarymyz seslenip, öz şygyr we kyssa eserleri bilen gatnaşdylar. Olaryň akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň ömri we döredijiligine, şahyrana dünýäsine degişli hem-de öňe süren ynsanperwer ideýalaryndan ruhlanyp ýazan eserleri «Garagum» žurnalynyň üstümizdäki ýylda çykan 3-nji we 4-nji sanlarynda çap edilip, giň okyjylar köpçüligine ýetirildi. Bu bäsleşikde ýörite düzülen eminler topary iberilen eserleriň döwrebaplygyna, çeper beýan ediliş, žanr aýratynlygyna üns berip, ýeňijileri kesgitlediler.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri: Habarlar

3-nji iýun. Ýurdumyzda, asylly däbe görä, Bütindünýä welosiped güni bellenildi. Birleşen Milletler Guramasynyň senenamasynda mynasyp orun eýeleýän bu halkara baýramy mynasybetli paýtagtymyzda geçirilen köpçülikleýin welosipedli ýörişe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow gatnaşdy. 5-nji iýun. Hormatly Prezidentimiz Daşoguz welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, ýurdumyzda bitewi halkalaýyn energoulgamyny döretmegiň taslamasynyň çäginde gurlan «Balkan–Daşoguz» ugry boýunça täze howa elektrik geçirijisini we güýjenmesi 500 kilowolt bolan elektrik beketlerini işe girizmek dabarasyna gatnaşdy. Şol gün Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäherinde bina edilen döwrebap ýaşaýyş jaýlary dabaraly ýagdaýda açylyp, ulanmaga berildi. Şeýle-de, Daşoguz welaýatynyň ilatyna ýokary hilli hyzmat etjek 200 sany täze, döwrebap ýolagçy awtobuslary sowgat hökmünde gowşuryldy.

Halk Maslahaty: Üstünlikler we nurana geljek

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!» atly dünýä nusgalyk ynsanperwer taglymatyny dowamat-dowama besleýän hormatly Prezidentimiziň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen belent şygary esasynda ýurdumyzyň ähli pudaklarynda gazanylýan ösüşler her bir raýata sapaly durmuşy, döredijilik üstünliklerini serpaý edýär. Döwlet Baştutanymyzyň şu ýylyň 12-nji iýulynda geçiren Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllygynyň baýram edilýän günlerinde paýtagtymyz Aşgabatda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň geçiriljekdigi barada aýdyp, bu ählihalk forumyna şu günlerden ýokary taýýarlyk görmek barada beren tabşyryklary mukaddes baýramçylygymyz mynasybetli geçiriljek döwletli işlere badalga berdi.

Terbiýe mekdebi

Durmuş özboluşly umman. Elbetde, durmuşda ähli zat göwnüň isleýşi ýaly, diňe gowulyk, şatlykly wakalar bolup duranok. Käte kynçylykly pursatlaram, kelebiň ujuny ýitirýän wagtlaryňam bolýar. Şeýle ýagdaýlarda özüňi nähili alyp barmalydygy, kynçylyklardan nädip baş alyp çykmalydygy barada pederlerimiziň durmuş tejribesi bize ýol görkeziji çelgi bolup hyzmat edýär. Gahryman Arkadagymyzyň okyjylara peşgeş beren eserlerinde hem şeýle durmuş wakalary giňden açylyp görkezilýär. Gahryman Arkadagymyzyň ajaýyp eserleriniň biri bolan «Döwlet guşy» romanynda 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşy döwründäki kynçylyklar, şol wagtky türkmen obalarynda, uzak tylda, kolhoz meýdanlarynda, urşa gidenleriň yzynda galan maşgalalaryň agyr durmuşy açylyp görkezilýär. Uruş ýyllarynyň oglany bolan Mälikguly aga bu nägehan urşuň uzaklardaky, tylda ýerleşýän obalarda bolýan wakalara doly gatnaşyp, nägehan urşuň her bir adama, her bir maşgala ýetiren täsirine gözli şaýat bolýar. Romanda türkmen obalaryndan urşa gidýänleriň dabaraly, gowy arzuwlar, ýagşy dilegler bilen fronta ugradylyşy ýaşajyk Mälikgulynyň aňyna müdimilik ornaşýar. Ýaş ýigitleri urşa ugradanlarynda adatça, Mody aga, oba sowetiniň başlygy Garadöwlet aga, mekdep direktory Berdimuhamet Annaýew dagy söz sözläp, Watana uly howpuň abanandygyny, faşistleriň bet pygyllary, azat ýaşaýyş, ar-namys üçin Watany iň soňky damja ganyňa çenli g

Watan mukaddesligi

Ynsan durmuşyny manyly geçirip, il-ýurt bähbitli işler etmek her bir ynsanyň esasy maksady bolmalydyr. Adam ömrüniň manysy bolsa, söýüp-söýlüp ýaşamakda jemlenendir. Söýgüleriň iň mukaddesi ata Watana, ene topraga, il-ýurduňa, ýagşylyga söýgüdir. Hormatly Prezidentimiz «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly ajaýyp eserinde: «Ata-babalarymyz Watany belent başlarynyň mertebesi saýypdyrlar. Watan — adamzat ömrüniň manysy. Jandan eziz, ynamdan, ygrardan, gudratdan dörän, Hakyň nazary siňen ata Watan her bir ynsanyň kalbynda ebedi ýaşaýar. Gözüň gören topragy, ýüregiň aram tapan mekany bolsa, kalp çuňlugyndan doguma, gaýrata, mukaddes kelama siňip, adamzadyň watançylyk duýgusynyň iň naýbaşy nusgasy hökmünde beýan edilýär» diýip belleýär. Watan mukaddesligi, watansöýüjilik, ata-babalarymyzyň ynsanperwerlik ýörelgelerine ygrarlylyk türkmen halkynyň owal-ahyr aň-düşünjesine siňen mukaddeslikler hasaplanýar. Watana söýgi ata-babalarymyzyň kemala getiren iň mukaddes taglymatydyr. Şonuň üçin hem merdana pederlerimiz bu mukaddes taglymaty geljek nesillerine miras galdyrmagy özleriniň borjy hasaplapdyrlar. Şunda eziz Watanymyzyň her bir gymmatlygyny goramak ugrunda edilen işleriň näderejede mukaddeslikdigi aýan bolýar. Gahryman Arkadagymyzyň çuňňur pelsepewi düşünjelere, paýhasly öwüt-ündewlere baý bolan «Mertler Watany beýgeldýär» atly kitabynda belleýşi ýaly, mähriban Watanymyza söýgi akyldarl

Şygryýet bossany

Magtymguly Pyragy Jahana gaýdyp gelenMagtymguly Pyragy. «Watanym — janym» diýen Magtymguly Pyragy.

Şygryýet bossany

Diýar Sährasynda hyrka geýip, Hydyr ata gezen ýerler,Görki bilen aşyk eýläp, yşk şerbetin ezen ýerler.At toýnagy deprek çalsa «Nagyşbendi» düzen ýerler,Asmany päk, ýollary ak, ösüş-özgerişli Diýar.

Şygryýet bossany

Diňleseň Yşkly dünýä pähim paýlar gojalar,Watan waspy her ýürekde joş alar,Juwanlaşýar, gözelleşýär goja ýer,Magtymgulyň goşgularyn diňleseň.

Şygryýet bossany

Özüme sargyt Sessiz akaryn, ýöne,Hanamda karar etmen.Ula hormatym uly,Kiçiligme ar etmen.

Şygryýet bossany

Şygryýetiň ägirdi Şygryýetiň ägirdi — türkmenimiň beýgisiň,Ylham joşýan serlerde, ýüreklerde söýgüsiň,Ruhubelent kalplarda iň ýakymly duýgusyň,Adyň äleme dolup, ýaňlandyrdy heňňamy,Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy.

Şygryýet bossany

Aýly Aşgabat Aý bakyp dur asmanyndan,Nur gönderip Ýer ýüzüne.Paý dileýip wysalyndan,Sylýar gören gör, ýüzüne.

Şygryýet bossany

Aýly Aşgabat Aý bakyp dur asmanyndan,Nur gönderip Ýer ýüzüne.Paý dileýip wysalyndan,Sylýar gören gör, ýüzüne.

Şygryýet bossany

Ene toprak Bagrym topraga baglanyp,Göwnüm Diýarda galdy.Men bir oba oglanydym,Ýaşlyk hyýalda galdy.

Şygryýet bossany

Watan Seniň waspyň sözlesem, gözel ülke, gül Diýar,Äpet sallançak kimin körpeler uklap ýatan.Köp milletli halkyň bar, zähmetsöýer, bagtyýar,Bilbiller şirin saýrap, daňlary rahat atan.

Şygryýet bossany

Dürler hazynasy — Magtymguly sen           (goşgular toplumy) Şirin dilli ussadym

Şygryýet bossany

Tapmak Bilbil säher çawuş çaksa bir güle, Gelýär ony bar gülleriň eşdesi. Ýalňyz özüň täleýimiň peşgeşi,Diňe özüň ykbalymyň keşdesi.

Şygryýet bossany

Söz mülküniň şamçyragy Türkmeni bu goja dünýä tanadan, Il-günümiň arzymany Pyragy.Ýürekleriň iň töründe ýer eden,Sözleň lagyl, asal-many Pyragy.

Şygryýet bossany

Eziz topragym Rysgalym, çöregim, baýlygym-genjim,Perzentlerim, ogul-agtyk dowamym,Begenjim, buýsanjym geljek umydym — Mähribanym, jandan eziz topragym.

Şygryýet bossany

Älem içre nur saçdyň Adamzat kowmunyň beýik perzendi,Älem içre nuruň saçdyň, Pyragy!Hak emrinden pata alan pähimdar,Asyrlara giň ýol açdyň, Pyragy!

Şygryýet bossany

Türkmenistanym Geçmişim hem geljegim, ýürekdäki buýsanjym,Keramatly Watanym, eziz Türkmenistanym!Bagtyýardyr halkymyz, Garaşsyzlyk guwanjym,Keramatly Watanym, eziz Türkmenistanym!