Heýkeltaraşlyk sungaty medeni taryhymyzda

23 Aprel 2021
1130

Türkmenistan iň gadymy medeniýetiň dörän we ösen ýeri hökmünde tanalýar. Ata-babalarymyz müňýyllyklaryň dowamynda tebigy gözelligi bilen adamzady özüne bendi eden ýurdumyzyň çäklerinde gaýtalanmajak nusgalara eýe bolan sungaty miras goýup gidipdirler. Heýkeltaraşlyk sungatynyň naýbaşy eserleri taryhy tapyndylaryň içinde iň gymmatly eksponatlaryň biridir. Daşdan, toýundan, bürünçden ýasalan heýkeller hakykatdan hem ylahy zehinli ata-babalarymyzyň miras galdyran beýik sungatydyr. Bu miras bolsa asyrlaryň aşmagy bilen bagtyýarlyk döwrümize gelip ýetipdir.

Türkmen halkynyň orta asyrlara çenli öz içine alýan geçmişinde onuň medeniýetiniň meseleleri aýratyn orun tutýar. Esasan-da onuň aýrylmaz bölegi bolup durýan heýkeltaraşlyk sungatynyň taryhynyň biziň döwrümize çenli wajyplygyny ýitirmän gelmegi hem munuň aýdyň subutnamasydyr. Türkmenistanyň çäklerinde bu sungat öz gözbaşyny paleolit, ýagny, gadymy daş asyryndan alyp gaýdýar diýip bolar. Çünki adamzat paleolit döwründe daşy ýonup ilkinji zähmet guralyny ýasapdyr. Muny olara tebigy ýagdaýlar mejbur edipdir. Ilkidurmuş adamlary awçylyk bilen meşgullanypdyrlar we aw awlanlarynda ýekelikde däl-de, köpçülik bilen aw awlapdyrlar. Aw awlamak üçin bolsa gural gerek bolupdyr. Şeýlelikde, ilkinji daşdan aw gurallaryny, çakmak daşlaryny ýasapdyrlar.

Aýjeren ÝAÝLYMOWA,
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň uly ylmy işgäri