Ýylyň şygary — täze üstünlikleriň badalgasy

5 Ýanwar 2021
2888

Ýurdumyzda her bir ýyly täze şygar bilen atlandyrmak asylly däbe öwrüldi. Gadam basylan Täze, 2021-nji ýyl «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip atlandyryldy. Bu ýylyň şygarynda çuň many bar. Çünki Gahryman Arkadagymyzyň parahatçylyga, döredijilige, ösüşe gönükdirilen içeri we daşary syýasatynyň özenini ynanyşmak, birek-birege hormat goýmak ýörelgeleri düzýär. Bu ýörelgeler Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistany hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösdürmäge, dünýädäki abraýyny has-da ýokarlandyrmaga, ählumumy parahatçylygy, durnukly ösüşi üpjün etmäge şert döredýär.

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň halkymyzyň, ýurdumyzyň durmuşynda şanly wakalara, taryhy ösüşlere we belent sepgitlere beslenjekdigine ynanýarys hem-de muňa juda begenýäris. Ýagşy arzuwlar bilen garşylanan Täze ýylymyzda — 2021-nji ýylda bagtyýar halkymyz mukaddes ýurt Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygyny uly dabaralar bilen belläp geçer.

Gülşat GURBANNAZAROWA,
Kaka etrap kazyýetiniň arhiwçisi.