"Garagum" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-83, 39-96-05, 39-96-07
Email: garagum_tm@sanly.tm

Habarlar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri: Habarlar

1-nji aprel. Hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we welaýatlarynda alnyp barylýan möwsümleýin işleriň barşy bilen bagly meselelere garaldy. 3-nji aprel. Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň şu ýylyň üç aýynda ýerine ýetiren işleriniň netijelerine garaldy. Şeýle hem gün tertibine Garaşsyz döwletimizde howpsuzlygy we asudalygy üpjün etmek, harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, olaryň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek bilen baglanyşykly meseleler girizildi.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri: Habarlar

1-nji aprel. Hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we welaýatlarynda alnyp barylýan möwsümleýin işleriň barşy bilen bagly meselelere garaldy. 3-nji aprel. Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň şu ýylyň üç aýynda ýerine ýetiren işleriniň netijelerine garaldy. Şeýle hem gün tertibine Garaşsyz döwletimizde howpsuzlygy we asudalygy üpjün etmek, harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, olaryň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek bilen baglanyşykly meseleler girizildi.

Beýik döwrümiziň edebi sütüni

Žurnalymyzyň şu sany türkmen nusgawy edebiýatynyň görnükli wekili, Gündogaryň akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň ömri we döredijiligine bagyşlanylýar. Bu ýyl Türkmenistanyň Prezidentiniň ýörite Karary bilen Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy halkara derejesinde bellenilip geçilýär. Üstümizdäki ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip atlandyrylmagy bu günki günde söz ussadynyň ömri we döredijiligine goýulýan hormatyň çäksizdigini aýdyň äşgär edýär. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň halkymyza Täze ýyl Gutlagynda: «2024-nji ýyl beýik akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli guraljak şanly senelere beslener. Biz halkymyzyň özboluşly däp-dessurlarynyň, taryhy-medeni mirasynyň goralyp saklanmagyna, ylmy esasda çuňňur öwrenilmegine we wagyz edilmegine gönükdirilen döwlet syýasatymyzy mundan beýläk-de dowam etdireris» diýip belleýşi ýaly, badalga berlen edebi hem-de medeni dabaralaryň gerimi giňden tutulýar.

Magtymguly Pyragy hakda

Hormatly Prezidentimiz Serdar BERDIMUHAMEDOWYŇ «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabyndaky Magtymguly Pyragy hakda aýdylan pikirlerden: «Eýsem, Gündogaryň beýik akyldary, türkmeniň beýik şahyry we filosofy Magtymguly Pyragynyň eserleri ähli döwürler üçin bahasyna ýetip bolmajak ruhy gymmatlykdyr. Magtymgulynyň öz şygyrlarynda ýüzlenmedik temasy ýok diýen ýaly. Onuň watançylyk, ynsanperwerlik, il-halka wepalylyk, halallyk, belent adamkärçilik düşünjelerine ýugrulan eserleri ideýa-mazmun taýdan güýçli bolmak bilen, ýokary terbiýeleýjilik ähmiýete eýedir».

Magtymguly Pyragy hakda

Türkmen halkynyň Milli Lideri,Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň BaşlygyGurbanguly BERDIMUHAMEDOWYŇMagtymguly Pyragy hakda aýdanlaryndan: — Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň edermen, ynsanperwer, zähmetsöýer halkynyň kalbynda egsilmez joşgun, buýsanç we aýdyň ertire ynam döreden Magtymguly Pyragynyň şygryýet baýramyny ruhubelentlik, uly dabara bilen belläp geçmek asylly däbe öwrüldi.

Pyragy

Şahyryň sesine, sözüne gymmat goýlanda, döwrüň başgaça ýylgyrýan meňzini synlaýaň, oňa guwanýaň, buýsanýaň.Eşretli eýýamyň waspyna, badyna, bagyna sözümem, söhbedimem ejiz gelýär. Diýeniňi kemter görýäň. Aýdymyň, aýdanyň az oňa. Sen derýa ýaly joşguna dolýaň. Durşuň bilen oňa sary akýaň. Gülşenli günlerine bakýaň.Onsoňam, bizi goltugyna gysan döwrem büs-­bütin başgaça bolubam geldi. Bu ösüşleri, özgerişleri synlap durkaň, nädip saýramajak? Günler asuda, parahat akyp dur. Parahat gijeleriň senden goşgy talap edýär. Onuň raýyny ýykasyň gelenok. Seniň özüňem oňa ilgezik ahyryn.Men näme üçindir Magtymguly Pyragynyň döwri bilen öz döwrümizi deňeşdirýän. Olaryň parhyny bilýän, bilibem joşa gelýän.Ony direldip, şu döwrüň gujagyna getiresiň gelýär. Onda ol nähili saýrardy?! Biziň çakymyz bolmazdy, bilbilgöýä öwrülerdi, döwrüň-­döwranyň gadyr­-gymmatyny başgaça bilerdi. Şahyrlaryň arzuwydyr diňe saňa meňzemek,Aýdymyňa,                 aýdyşyňa owazyny deňlemek.Matlabyny,                gatnawyny ünse berip diňlemek,Ýaranymsyň,                ýardamymsyň                                 hem ussadym,       

«Ismim düşdi ilden-ile»

Akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň: «Ismim düşdi ilden-ile, Nagyş ederler dilden-dile» diýip aýdan pikiri bu gün hakykat ýüzünde amal boldy. Häzirki wagtda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýörite Karary esasynda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy halkara derejesinde giňden bellenilip geçilýär. Hemmämize mälim bolşy ýaly, 2014-nji ýylda akyldar şahyryň 290 ýyllyk şanly senesi-de halkara derejesinde giňden bellenilip geçilipdi. Şol ýyla «Magtymguly Pyragy ýyly» diýlip at berlip, beýik şahyryň ömri we döredijiligine bagyşlanan dabaralar giňden ýaýbaňlanypdy. Ýurdumyzyň çäginde we daşary ýurtlarda geçirilen şol dabaralarda, edebi-medeni baýramçylyklarda Pyragynyň parasatly pikirleri, çuňňur pähim-paýhasy wagyz edilipdi. Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna bagyşlanan dabaralardyr edebi-medeni çärelerden görnüşi ýaly, türkmen halkynyň öz akyldar şahyryna goýýan hormatynyň ýokarydygyny, döredijiligine bolan garaýşynyň çuňňurdygyny ýene bir gezek jahana äşgär etdi. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başda durmagynda Magtymgulynyň döredijiligini öwrenmek we dünýä ýaýmak boýunça ägirt uly işler durmuşa geçirildi we geçirilýär. Magtymgulynyň goşgularynyň ençeme dile terjime edilmegi, ylmy monografiýalaryň ýazylmagy, akyldar şahyryň şygyrlarynyň ylmy tekstiniň taýýarlanylmagy we onuň öňe süren çuň manyly pikirleri boýunça ylmy gözlegleriň dowam etdirilmegi ýal

Daglar

Olar gudrat bolup dogulýar. Soňra müňläp ýyllar geçýär. Şonda-da sarsmaýar. Başlary mydama gowgaly. Apy-tupanlar hars urup, däli siller bükdürilişip, onuň erkini syndyrjak bolýar. Munuň üstesine-de gör, kime atylan oklar gelip-gelip ýene-de şoňa degýär. Olar syr saklap howalanyp dur. «Adam diýilýän mahluklar başy» onuň duşundan misli gyzykly kino ýaly geçip gidýär. Munda zawlary beýik babamyz aýtmyşlaýyn, aždarha eýeleýär. Onuň her bir namarda ýetdirmeýänligi nähili gowy! Tebigat daglara mert täleý hem-de gaýratly ömür beripdir. Magtymguly hem daglar! Olar bir-birine ötlem-ötlem, kemer-kemer bagly. Beýik şahyryň mährini inderen setirlerini okap, şeýle netijä gelýärsiň: onuň ýürek edip gerdenine alan ýüküni diňe daglar çekip biljek:

Türkmen ruhuna heýkel

«Magtymgula ýetmek aňsat däl». Bu sözi 2022-nji ýylyň maý aýynda, belent heýkeliň dikeldiljek ýerine ýetenimde aýdypdym. Ýola düşmänkäm, belli heýkeltaraş Saragt Babaýewe jaň edip, onuň şol ýerdedigini, ýadygärligiň işleri bilen meşguldygyny anyklapdym. Dag eteginiň, bu ýerdäki seýilgähiň gözelliklerini aralap, arzuwyňa tarap göterilip ugrarsyň — ýokarlygyna, Magtymgula tarap uzaýan basgançakly ýoluň her ýerinde-her ýerinde meýdança bardyr. Basgançaklaryň her toplumyndan geçip, şol meýdançalaryň birinde demiňi dürsärsiň. Şeýdip basgançak-basgançak ýokary galarsyň... Şol pursatlar akyldaryň hakykatyň ýollaryny külterleýşi-de ýadyňa düşmän durmaz. Ol ýollar hasam uzak, hasam kyn bolandyr. Onda diňe injigiň gurbatyna däl, ylmyň hem akylyň güýjüne daýanmaly bolandyr.

Şygryýet bossany

Dog­lan gü­nü­niň 300 ýyl­lyk şan­ly se­ne­si hal­ka­ra de­rej­esin­de da­ba­ra­ly bel­le­nil­ýän Ma­gtym­gu­ly Py­ra­gy­nyň gol­ýaz­ma­lar top­lu­my­nyň ÝU­NES­KO-nyň «Dün­ýä­niň ha­ky­da­sy» mak­sat­na­ma­sy­nyň hal­ka­ra sa­na­wy­na gi­ri­zil­me­gi we Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň dog­lan gü­nü­niň 300 ýyl­ly­gy­nyň 2024-2025-nji ýyl­lar­da bu gu­ra­ma bi­len bi­le­lik­de bel­le­ni­lip ge­çil­jek şan­ly se­ne­le­riň sa­na­wy­na go­şul­ma­gy, Tür­ki me­de­ni­ýe­tiň hal­ka­ra gu­ra­ma­sy TÜRK­SOÝ-yň 2024-nji ýy­ly «Tür­ki dün­ýä­niň be­ýik şa­hy­ry we akyl­da­ry Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy ýy­ly» di­ýip ka­bul eden ka­ra­ry, Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­my­zyň BMG-niň be­lent mün­be­rin­den Py­ra­gy­nyň «Adam­zat» şyg­ry­nyň bir par­ça­sy­ny äle­me jar et­me­gi pä­him­dar şa­hy­ry­my­zyň dün­ýä­de do­ly yk­rar edil­me­gi­niň aý­dyň ny­şa­ny­dyr. Bu türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri, Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­my­zyň, Ga­raş­syz, he­mi­şe­lik Bi­ta­rap Wa­ta­ny­my­zyň, hal­ky­my­zyň be­lent mer­te­be­si­ni hem ab­ra­ýy­ny tas­syk­la­ýan ha­ky­kat­dyr. Arkadag hossarly beýik Pyragy

Şygryýet bossany

Bilmediň(nezire) «Magtymguly diýer, dostum-ýaranym,Kelam haýsy, destan haýsy, bilmedim».                                  Magtymguly Pyragy.

Şygryýet bossany

Magtymguly Sözleriň goşulyp mukama-saza,Aýdymlaň ogşaýar bilbil owaza,Kalplary joşduryp,                                dönderip ýaza,Paýhasly goşgulaň umman Magtymguly!

Şygryýet bossany

Nur Magtymguly Bu dünýäde gadamlaryň rowandyr,Elmydam alnyňda dur Magtymguly.Şygyrlary bakylyga dowamdyr —Hakdan hak halatly — nur Magtymguly.

Şygryýet bossany

Bagtyýar döwürde Mertebeläp Magtymguly danasyn,Belläp üç ýüz ýyllyk şanly senesin,Toý toýlaýas jemläp halklaň hemmesin, Bagtyýar döwürde, ajap eýýamda.

Şygryýet bossany

Her şygry arzyly(akra) Pähimiň, paýhasyň ummany özüň,Älemiň baş egip, uýýany özüň,Her şygryň hikmetli, dürdür her sözüň,Indi dünýä meşhur dogduk Gerkeziň, Manydan doludyr şygryň Pyragy!

Şygryýet bossany

Ynsan göwünleriniň röwşen çyragy(şygyr bossany) Akyldar Pyragy,Beýik Pyragy!Haky gözläp gezdiň ýakyn-yragy,Halkyň görer gözi,Sözlär tili sen,Ynsan göwünlerniň röwşen çyragy.

Şygryýet bossany

Hasyl bolan arzuw Köňlüň ganatlanyp kyldyň syýahat,Kalplara paýladyň nurly sahawat,Päk ahlagy edindiň baş syýasat,Dünýäň pähim-parasaty, Pyragy!

Şygryýet bossany

«Ömrüm, eý, gara gözüm,Kimge derkardyr sözüm».          Magtymguly Pyragy. Diwan

Şygryýet bossany

Köňül kelamy Magtymguly, indi biziň illerde,Gül açyp, burk urýar dürli baglar, heý!Garagum basyrylyp elwan güllere,Abanyp durandyr beýik daglar, heý!

Şygryýet bossany

Kalplaryň nury Bu jahanda baky öçmez yz goýan,Kalplaň nury Magtymguly Pyragy.Şygryýet älemin ýagty Gün saýan,Kalplaň nury Magtymguly Pyragy.