"Diýar" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-56, 39-95-30, 39-95-23
Email: diyar-zurnaly@sanly.tm

Habarlar

Täsirli geçen duşuşyk

Gökdepe etrabynyň Yzgant şäherçesinde ýerleşýän Berdimuhamet Annaýew adyndaky ýöriteleşdirilen 27-nji orta mekdepde «Beýik şahsyýetlerimizi hormatlap» ady bilen duşuşyk geçirildi. Ony Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Gökdepe etrap Geňeşi, etrabyň beýleki jemgyýetçilik guramalary hem-de Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň «Arkadag» teleýaýlymy bilelikde gurady. Duşuşykda özüniň manyly ömrüni il-halkyna, mähriban Watanyna bagyş eden beýik ynsan, Gahryman Arkadagymyzyň mähriban kyblasy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň atasy Mälikguly Berdimuhamedowyň nusgalyk ömri, belent adamkärçiligi, ynsanperwer häsiýetleri dogrusynda çykyşlar boldy. Gökdepe etrabyndaky 11-nji orta mekdebiň müdiri, Hormatly il ýaşulusy Kakageldi Atdaýewiň, Berdimuhamet Annaýew adyndaky ýöriteleşdirilen 27-nji orta mekdebiň müdiri Ogulşat Durdyýewanyň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Gökdepe etrap birleşmesiniň başlygy Baýramgeldi Ataýewiň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Gökdepe etrap Geňeşiniň bölüm müdiri Ogultäç Gurtgeldiýewanyň çykyşlarynda Mälikguly aganyň ömür we durmuş ýolunyň watansöýüjiligiň, zähmetsöýerligiň, il-güne mynasyp nesilleri terbiýelemegiň we milli ruhy-ahlak ýörelgelerimize hormat goýmagyň nusgalyk mekdebidigi barada aýdyldy.

Mekdep harytlarynyň söwda-satuwy

Welaýatymyzda täze, 2024-2025-nji okuw ýylyna ýokary derejedäki taýýarlyklar bilen barylýar. Taýýarlyk işleriniň çäginde mekdep harytlarynyň satuw-söwdasyna aýratyn üns gönükdirilýär. Bu ugurda welaýat Alyjylar jemgyýetleriniň birleşiginiň alyp barýan işleri bellenmäge mynasypdyr.

Demokratik ýörelgeleriň rowaçlanmasy

Ýakynda Änew şäherindäki Milli «Ak bugdaý» muzeýinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýat Geňeşiniň guramagynda söhbetdeşlik geçirildi. Ýaşlar guramasynyň işgärleriniň we işjeň agzalarynyň gatnaşmagynda bolan söhbetdeşlik Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň jemgyýetçilik-syýasy ähmiýetine bagyşlandy. Söhbetdeşlige gatnaşanlar mukaddes Garaşsyzlygymyzyň geçen 33 ýyla golaý döwründe berkarar Watanymyzda bolup geçen taryhy özgertmeler, üstünlikli durmuşa geçirilýän beýik taslamalar, döwletli başlangyçlar barada gürrüň edip, ýurdumyzy has-da gülledip ösdürmekde, jemgyýetimiziň jebisligini pugtalandyrmakda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň möhüm orny dogrusyndaky söhbede aýratyn ünsi çekdiler. Çykyş edenler şu ýylyň 24-nji sentýabrynda geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde Watanymyzy syýasy, durmuş-ykdysady we medeni taýdan ösdürmegiň esasy ugurlarynyň, döwletimiziň we jemgyýetimiziň durmuşyna degişli beýleki wajyp meseleleriň jemgyýetçiligiň wekilleriniň gatnaşmagynda ara alnyp maslahatlaşyljakdygyny aýdyp, bu umumymilli forumyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň taryhy ähmiýetli wakasyna öwrüljekdigini buýsanç bilen bellediler.

Işleriň netijeliligi gazanylýar

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Ahal welaýat we etrap birleşmeleriniň degişli hünärmenleri bolup welaýatymyzyň çägindäki önümçilik kärhanalarynda tehniki howpsuzlygyň düzgün-kadalary boýunça düşündiriş işlerini, şeýle-de okuw maslahatlaryny yzygiderli häsiýetde geçirip durýarys. Möwsümleýin oba hojalyk çärelerine gabatlanyp, etraplardaky «Obahyzmat» önümçilik kärhanalarynda, galla kabul ediş hem-de pagta arassalaýjy kärhanalarda okuw maslahatlaryny guramaga aýratyn ähmiýet berýäris. Pagta ýygymy möwsüminiň golaýlap gelýändigi bilen baglylykda, şu günler degişli kärhanalaryň işçi-hünärmenleriniň, mehanizatorlaryň arasynda tehniki howpsuzlygynyň düzgünleri boýunça okuw maslahatlaryny geçirýäris, möwsümde degişli düzgün-kadalary berjaý etmek boýunça olara degerli maslahatlarymyzy berýäris. Çünki pagta Watanymyzyň gymmatly baýlygydyr. Daýhan yhlasy bilen ýetişdirilýän bol gowaça hasylyny ýitgisiz ýygnamak we harmana daşamak, ýangyn howpundan goramak, möwsümde tehnikalary bökdençsiz işletmek hem-de olaryň hyzmatyndan netijeli peýdalanmak, pagta arassalaýjy we kabul ediş kärhanalarda degişli talaplary berjaý etmek möhüm bolup durýar.

Abadançylygyň gözbaşy

Daşky gurşawy gorap saklamak, tebigy baýlyklardan, aýratyn-da, ýer, suw baýlyklaryndan rejeli peýdalanmak Türkmenistanyň ekologiýa baradaky döwlet syýasatynyň baş ugurlarynyň birine öwrüldi. Tebigaty goramak, ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek meselelerine aýratyn ähmiýet berip, Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň daşky gurşaw baradaky halkara ylalaşyklaryna, konwensiýalaryna goşuldy. Hususan-da, Birleşen Milletler Guramasynyň daşky gurşaw boýunça esasy konwensiýalaryny, şol sanda Howanyň üýtgemegi boýunça çarçuwaly konwensiýany, Biodürlülik hakynda konwensiýany, Çölleşmäge garşy göreş boýunça konwensiýany, Hazar deňziniň deňiz gurşawyny goramak boýunça çarçuwaly konwensiýasyny, şonuň bilen birlikde, suw boýunça konwensiýany tassyklamak bilen, Türkmenistan daşky gurşawy gorap saklamagyň dünýä ähmiýetli meseleleriniň oňyn çözülmegine özüniň işjeň garaýşyny hem-de ekologiýa taýdan durnukly, howpsuz ösüşe ygrarlydygyny iş ýüzünde subut etdi. Bu konwensiýalardan gelip çykýan borçnamalary ýerine ýetirmekde Türkmenistan Merkezi Aziýa, Hazarýaka ýurtlary bilen halkara derejede, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasy bilen işjeň hyzmatdaşlygy amala aşyrýar. Hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli ekologiýa syýasaty diňe bir milli derejede däl-de, eýsem, tutuş sebitiň ekologiýa ýagdaýyny gowulandyrmaga gönükdirilendir. Jemgyýetiň ösüşini daşky gurşaw bilen sazlaşykly ýa

Usuly-amaly okuwlar

Şu günler ýurdumyzyň beýleki ýerlerinde bolşy ýaly, Ak bugdaý etrabynda hem bilim işgärleriniň etrap usuly-amaly okuwlary dowam edýär. Etrap derejesindäki usuly-amaly okuwlar etrapdaky 1-nji, ýöriteleşdirilen 45-nji we 46-njy orta mekdeplerde geçirilýär. Usuly-amaly okuwlaryň guramaçylykly geçmegi ugrunda etrap bilim bölümi tarapyndan öňünden döredilen şertler, edilen tagallalar ýerine düşýär. 12-nji awgustda badalga alan usuly-amaly okuwlarda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ösüp gelýän ýaş nesle çuňňur bilim we asylly terbiýe bermegiň möhüm meseleleri, ýokary netijeli iş tejribeler, okatmagyň täze, işjeň usullary barada giňişleýin gürrüň edilýär.

Ýürek seni küýsedi (deňiz kenaryndaky oýlanma)

Tomsuň jokrama yssy günleri deňziň kenarynda dynç almakdan uly lezzet ýok bolsa gerek. Günüň tyllaýy tygy deňziň suwuna düşende özboluşly sazlaşygyň emele gelşi, ak bulutlar süýşüp barýarka çarlaklaryň asmanda ganat kakyp, soňra bolsa deňze çümüp-çykyp, özboluşly oýun oýnamasy, asuda tolkun gaýtaryp ýatan deňziň gol bulap gujagyna çagyryşy göwnüňi göterip, çagalyk döwrüňi ýadyňa salýar. Deňziň kenary oýlanmak, oýuňa gelen pikir ýordumlaryňy ak kagyza ýazmak üçin iň oňaýly ýer bolýar. Bu ýerde ylham guşuň al-asmana göterilýär. Aňyrsyna-bärsine göz ýetmeýän giňişlik göwnüňe aram berse, durnanyň gözi ýaly dury suwuň näzijek sesi guşlaryň hoş owazyna sazlaşýar. Deňziň kenarynda otursam nämüçindir özümi asmanda ýaly duýýaryn. Ýokary gök asman, dabanyň düýbünde bolsa gök deňiz. Iki sany ajaýyp sazlaşygyň arasynda göwnüň çarlaklara öwrülip, pelesaň kakyp ýörendir. Tutuşlygyňa suwuň arasynda ýalysyň. Deňziň kenaryndaky howany diýsene, ondan säher bilen dartyp alýan demiň ýüregiňi rahatlandyryp, şähdiňi açýar. Bu gözellikleri säher bilen synlamagyň aýratyn lezzetiniň bolşy ýaly, agşamara synlamak hem täsin duýga gaplaýar. Deňiz kenaryna gelseň, eşretli ýaşaýyş özüniň bardygyny güjeňleýän ýaly bolýar. Şol wagt bu giňişligi, suwy, asmany, guşlary, çägäni — hut şu gözellikleri küýsäp, kalbyň nähili teşnelik çekendigini duýup galýarsyň. Şol pursat ýyldyrym tizliginde deňiňden geçip barýan

Soňky sütün

— Türkmençilikde öňler çaganyň galpak saçy syrylanda oglanjyga käkil, gyzjagazlara maňlaýyndan alynsaç, depesinden iki sany gulpak, gulagynyň ýanynda zülp we ýeňsesinde çokul goýulýar eken. Oglanjygyň käkili yzyndan ogul bolanyndan soň syrylyp, torbajykda düýebaşlygyň üstünden asylyp goýulýar. — Çaganyň kellesi, bedeniň umumy uzynlygynyň dörtden birine, 25 ýaşly ynsanyňky bolsa sekizden birine deňdir.

Ýaş hünärmenler zähmet ýoluna gadam basýarlar

Sarahs etrap bilim bölüminde «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ýurdumyzyň ýörite we ýokary okuw mekdeplerini üstünlikli tamamlap gelen ýaşlaryň saýlap alan ugurlary boýunça işe ugradyş dabarasy boldy. Dabara etrap bilim bölüminiň hünärmenleri, mekdepleriň hem-de çagalar baglarynyň müdirleri, mugallymdyr terbiýeçiler gatnaşdy. Şu ýyl etrabyň bilim ulgamyna ýurdumyzyň ýörite orta okuw mekdeplerini hem-de ýokary okuw mekdeplerini tamamlap gelen hünärmenleriň 100-den gowragy ýaşlara bilim we terbiýe bermek üçin zähmet ýoluna gadam basarlar. Dabarada etrap bilim bölüminiň müdiriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirijisi Azat Öwezgurdow çykyş edip, ýaş hünärmenleri ilkinji zähmet ýoluna başlamaklary bilen gutlady. Hormatly Prezidentimize geljegimiz bolan ýaş nesliň döwrebap bilim we terbiýe almaklary üçin döredýän giň mümkinçilikleri üçin alkyşly sözleri aýdyp, bilim işgärlerine Watana wepaly nesliň kemala gelmeginde üstünlikleri gazanmagyny arzuw etdi.

Wagyz-nesihat çäresi

Ýangyndan ägä bolunmalydyr Üstümizdäki ýylyň tomus paslynyň soňky günlerinde howanyň aşa gyzmagy ýangynlaryň döremek ähtimallygyny ýüze çykarýar. Şonuň üçinem ýangyn hadysalarynyň öňüni almak maksady bilen wagyz-nesihat çäreleri giňden ýaýbaňlandyrylýar.

Wagyz-nesihat duşuşygy

Günsaýyn özgerýär ýaşlaň ykbaly Golaýda şeýle at bilen TDP-niň Wekilbazar etrap komitetiniň, TAP-nyň etrap komitetiniň, TMÝG-niň etrap geňeşiniň, etrap bilim bölüminiň bilelikde guramagynda etrabyň merkezi kitaphanasynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Duşuşyga ýokarda ady agzalan guramalaryň işgärleri we işjeň agzalary, ýaşuly nesliň wekilleri gatnaşdylar.

Dowamat-dowamly mertdir pederim

Düýn Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Mälikguly Berdimuhamedow adyndaky 1001-nji harby bölüminiň Medeniýet öýünde «Dowamat-dowamly mertdir pederim» atly dabaraly maslahat geçirildi. Ol hormatly Prezidentimiz, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşy Serdar Berdimuhamedowyň mähriban atasy, Gahryman Arkadagymyzyň eziz kyblasy, içeri işler edaralarynyň hormatly weterany Mälikguly Berdimuhamedowyň nusgalyk ömür ýoluna bagyşlandy. Dabaraly maslahatyň öňüsyrasynda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň harby gullukçylary hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň mähriban atasynyň Içeri işler ministrliginiň Mälikguly Berdimuhamedow adyndaky 1001-nji harby bölüminde ýerleşýän heýkeline gül desselerini goýup hatyraladylar. Içeri işler edaralarynyň weteranlary, serkerdeler, Içeri işler ministrliginiň institutynyň talyplary, esgerler bu ýerde Mälikguly Berdimuhamedowyň gulluk ýyllarynda dolandyran moto we awtoulaglaryň sergisini synladylar.

Halk Maslahaty halkyň bähbidini ileri tutýar

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi 2024-nji ýylyň 24-nji sentýabrynda Aşgabat şäherindäki Maslahat köşgünde geçiriler. Bu wekilçilikli mejlis Garaşsyzlyk ýyllarynda gazanan üstünliklerimizi has-da berkitmekde, halkymyzyň abadan ýaşaýşynyň bähbidine öňde duran örän möhüm meseleleri maslahatlaşyp, anyk wezipeleri kesgitlemekde uly ähmiýete eýe bolar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Halk Maslahaty ýurdumyzyň Konstitusiýasyna laýyklykda hereket edýän halk häkimiýetiniň ýokary wekilçilikli edarasy bolmak bilen, döwürleriň aýrylmaz baglanyşygyny hem-de nesilleriň dowamatlylygyny, Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň gadymdan gelýän demokratik ýörelgelere, saýlap alan döredijilikli ýoluna ygrarlydygyny alamatlandyrýar. Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelgesi il-günümiz üçin bähbitli işlerde özüniň beýanyny tapýar.

Redaksiýanyň elektron poçtasyndan: watan@sanly.tm

Wagyz-nesihat edildi Ýakynda TKA-nyň Esenguly etrap birleşmesiniň guramagynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Oňa jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, il sylagly ýaşulular, lukmanlar gatnaşdy. Duşuşykda sagdyn durmuş ýörelgesi, ýaşlaryň ýaramaz, zyýanly endiklerden daşda durmagy, sport bilen meşgullanmaklary barada giňişleýin gürrüň edildi.

Üns merkezinde — çagalar

Ýene-de sanlyja günlerden bagtyýar çagalar ak mekdepleriň bosagasyndan ätlärler. Bilim ojaklarynda olaryň çuňňur bilim we döwrebap terbiýe almaklary üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Etrabymyzyň mekdeplerini täze okuw ýylyna taýýarlamak işleri-de üstünlikli tamamlandy. Bu işler hormatly Prezidentimiziň ýaş nesli kämil şahsyýetler edip ýetişdirmek boýunça öňde goýan jogapkärli wezipelerinden gözbaş alýar. Häzirki günlerde ene-atalar çagalaryny mekdebe taýýarlamak, olary okuw esbaplary we beýleki zerur zatlar bilen üpjün etmek bilen baglanyşykly meseleleri çözýärler. Bu babatda biz olara ýakyndan ýardam berýäris. Guramamyz tarapyndan ýylyň-ýylyna hemaýata mätäç we köp çagaly maşgalalaryň çagalaryna okuw esbaplary satyn alnyp berilýär. Şu ýyl şeýle kömek mekdep okuwçylarynyň 400-den gowragyna berler. Ýurdumyzyň geljegi bolan ýaşlaryň tomus dynç alşyny guramak meselesi hem üns merkezinde saklanyldy. Olara ýurdumyzyň sapaly ýerlerinde ýerleşýän çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezlerine ýollanmalaryň 300-den gowragy berildi. Bagtyýar çagalar ol ýerlerde wagtlaryny şadyýan geçirip, täze okuw ýylynda gowy bahalar bilen okamak üçin güýç topladylar.

Täsirli geçen duşuşyk

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Kaka etrap Geňeşi tarapyndan etrabyň jemgyýetçilik guramalarynyň binasynda etrabyň edara-kärhanalarynda zähmet çekýän ýaşlaryň gatnaşmagynda söhbetdeşlik duşuşygy geçirildi. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň jemgyýetçilik-syýasy ähmiýetini wagyz etmek maksady bilen geçirilen söhbetdeşlik duşuşygynda täsirli çykyşlar diňlendi. Çykyş edenler Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döredijilikli syýasatynyň netijesinde ösüşleriň täze belentliklerine tarap bedew bady bilen ynamly öňe barýan Türkmenistan döwletimizde türkmen jemgyýetinde demokratik başlangyçlary ösdürmek, raýat jemgyýeti edaralarynyň işjeňligini ýokarlandyrmakda alnyp barylýan giň möçberli işler, şu ýylyň 24-nji sentýabrynda boljak Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine taýýarlykly barmagyň ähmiýeti dogrusyndaky gürrüňe aýratyn ähmiýet berdiler.

Beýik akyldar şahyryň edebi mirasyna bagyşlandy

Sarahs etrap merkezi kitaphanasynda okyjylaryň arasynda gürrüňdeşlik geçirildi. “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylyna bagyşlanan gürrüňdeşlik kitaphananyň Syýasy jemgyýetçilik edebiýatlary bölümi tarapyndan guraldy. “Beýik akyldar Magtymguly Pyragy” ady bilen geçen gürrüňdeşlikde türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň Magtymguly Pyragynyň ömür menziline bagyşlap döreden “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” atly goşgusynyň baý many-mazmuny, berkarar Watanymyzda akyldar şahyrymyzyň edebi mirasyny öwrenmek, dünýä ýaýmak boýunça durmuşa geçirilýän işler dogrusynda durlup geçildi. Magtymguly Pyraga we onuň döredijiligine goýulýan çäksiz sarpa, beýik söz ussadynyň umumadamzat gymmatlyklaryny, ynsanperwer ýörelgelerini wasp edýän pelsepewi eserleriniň gymmaty barada aýdylanlar uly täsirleri döretdi.

Wagyz-nesihat çäresi

Halal zähmet berekediň gözbaşy Golaýda TKA-nyň mejlisler zalynda TAP-nyň welaýat komitetiniň we welaýat prokuraturasynyň guramagynda “Halal zähmet berekediň gözbaşy” atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Oňa TAP-nyň welaýat, şäher, etrap komitetleriniň işgärleri we işjeň agzalary, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň agzalary, şeýle-de kärendeçi daýhanlar gatnaşdylar.

Şadyýan tomus — 2024

Durmuşymyzyň gunça-gülleri Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ösüşiň täze belentliklerine tarap ynamly öňe barýan Türkmenistan döwletimiz bagtyýar çagalaryň mekany hökmünde ykrar edilýär. Ýaş nesli hemmetaraplaýyn terbiýelemek bolsa Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň esasy maksatlarynyň biridir.

Beýik başlangyçlara badalga

Ýakynda welaýat kitaphanasynda “Türkmenistanyň Halk Maslahaty — beýik başlangyçlara badalga” atly brifing geçirildi. TMÝG-niň welaýat geňeşiniň, welaýat Adalat bölüminiň we welaýat kitaphanasynyň bilelikde guramagynda geçirilen brifinge welaýatyň dürli edara-kärhanalarynda zähmet çekýän ýaşlar gatnaşdylar. Brifingi TMÝG-niň welaýat geňeşiniň başlygy, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty Maksat Janmyradow alyp bardy. Täsirli geçen brifingde Türkmengalanyň ýüplük üçin kagyz tegeklerini öndürýän fabrigiň ykdysatçysy, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty Orazgeldi Saparow, Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň ýanyndaky gozgalmaýan emläge bolan hukuklary we onuň bilen bagly geleşikleriň döwlet tarapyndan bellige alynmagy baradaky gullugyň Mary welaýat müdirliginiň Sakarçäge etrap bölüminiň döwlet bellige alyjysy Myrat Kulyýew, “Maru — şahu jahan” welaýat gazetiniň bölüm redaktory, Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýesi Sülgün Şadyýewa, welaýat kitaphanasynyň birinji derejeli kitaphanaçysy Gunça Ataýewa çykyş etdiler. Çykyş edenler Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň ähmiýeti, onuň manysy, ýurdumyzyň kanunçylygy, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda alnyp barylýan il-ýurt bähbitli beýik başlangyçlar, häzirki wagtda Türkmenistanyň Halk Maslahatyna görülýän taýýarlyk hakynda giňişleýin gürrüň etdiler.