"Diýar" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-56, 39-95-30, 39-95-23
Email: diyar-zurnaly@sanly.tm

Habarlar

Bol­ga­ri­ýa ýew­ro ge­çer

Bol­ga­ri­ýa­nyň Halk ýyg­na­gy (par­la­ment) ýew­ro­nyň mil­li pul hök­mün­de do­la­ny­şy­ga gi­ri­zil­me­gi­ni tas­syk­la­ýan ka­nun ka­bul et­di. Bu ka­nun Bol­ga­ri­ýa­da ýew­ro­nyň do­la­ny­şy­ga gi­ri­zil­me­gi­niň ýö­rel­ge­le­ri­ni we ka­da­la­ry­ny ter­ti­be sa­lyp, ýew­ro ge­çi­şiň düz­gün­le­ri­ni kes­git­le­ýär hem-de ra­ýat­la­ra tä­ze wal­ýu­ta uý­gun­laş­ma­ga wagt ber­jek ge­çiş döw­rü­ni gi­riz­ýär. Bol­ga­ri­ýa­da ýew­ro­nyň do­la­ny­şy­ga goý­be­ril­jek wag­ty he­niz kes­git­le­nil­me­di. Onuň wag­ty Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi­niň Ge­ňe­şi ta­ra­pyn­dan kes­git­len­me­li diý­lip, ha­bar­da bel­le­nil­ýär.

Af­ri­ka­nyň iň uly ho­wa men­zi­li gurlar

Efio­pi­ýa­nyň paý­tag­ty Ad­dis-Abe­ba­nyň go­la­ýyn­da Af­ri­ka yk­ly­myn­da iň uly hal­ka­ra ho­wa men­zi­li­ni gur­mak ba­ra­da ka­rar ka­bul edil­di. Mag­lu­mat­la­ra gö­rä, ho­wa men­zi­li ýyl­da 100 mil­li­on ýo­lag­ça hyz­mat et­mek üçin ni­ýet­le­nen­dir. Af­ri­ka­nyň iň uly we iň çalt ös­ýän awia­kom­pa­ni­ýa­sy «Et­hio­pi­an Air­li­nes» Efio­pi­ýa­nyň tä­ze ho­wa men­zi­li­niň di­zaý­ny­ny iş­läp düz­mek mak­sa­dy bi­len DAR hal­ka­ra kon­sal­ting to­pa­ry bi­len öza­ra dü­şü­niş­mek ba­ra­da­ky Äht­na­ma gol çek­di. «Et­hio­pi­an Air­li­nes» to­pa­ry­nyň baş di­rek­to­ry Mes­fin Ta­seu­nyň söz­le­ri­ne gö­rä, top­lu­myň ba­ha­sy 6 mil­liard dol­la­ra deň bo­lup, meý­da­ny 35 ine­dör­dül ki­lo­metr bo­lar. Ho­wa men­zi­li ýur­duň paý­tag­tyn­dan 17 ki­lo­metr uzak­lyk­da­ky Bi­şof­tun şä­he­ri­niň go­la­ýyn­da bäş ýy­lyň için­de gur­lup, ulan­ma­ga ber­ler. Şeý­le hem DAR ägirt uly gur­lu­şyk tas­la­ma­sy üçin kä­ren­de­çi­le­ri saý­lar.

Dört gün­lük iş hep­de­si­ni hö­dür­le­mek­çi

Du­ba­ýyň Hö­kü­me­ti­niň Adam gor­la­ry­ny do­lan­dyr­mak bo­ýun­ça de­par­ta­men­ti dört gün­lük iş hep­de­si­ni gi­riz­mek bo­ýun­ça sy­nag­la­ra 15 sa­ny döw­let eda­ra­sy­ny saý­lap al­dy. Şeý­le hem bu eda­ra­la­ryň iş­gär­le­ri­niň iş gü­nü­niň do­wam­ly­ly­gy­ny ýe­di sa­ga­da çen­li azalt­mak göz öňün­de tu­tul­ýar. Bu ba­ra­da Emir­li­giň Hö­kü­me­ti­niň met­bu­gat gul­lu­gy ha­bar ber­di. 12-nji aw­gust­da gi­ri­zi­len sy­nag 30-njy sent­ýab­ra çen­li do­wam eder. Bu dö­wür­de sy­nag tas­la­ma­sy­na gat­naş­ýan eda­ra­la­ryň iş­gär­le­ri­ne do­ly aý­lyk tö­le­ner. «Bi­ziň çe­ýe tom­su­myz» di­ýip at­lan­dy­ry­lan Hö­kü­me­tiň baş­lan­gy­jy di­ňe döw­let iş­gär­le­ri­ne de­giş­li bo­lup, bu sy­na­ga hu­su­sy pu­da­gyň kom­pa­ni­ýa­la­ry gat­naş­ma­ýar.

Abaý gü­ni bel­le­nil­di

10-njy aw­gust­da Ga­za­gys­tan­da gör­nük­li şa­hyr, aň-bi­lim ýaý­ra­dy­jy we fi­lo­sof Abaý Ku­nan­ba­ýe­wiň hor­ma­ty­na Abaý gü­ni bel­le­ni­lip ge­çil­di. Bu ýyl onuň dog­lan gü­nü­ne 179 ýyl dol­dy. Şol gün ýur­duň paý­tag­ty As­ta­na­da Aba­ýyň ýa­dy­gär­li­gi­ne gül goý­mak da­ba­ra­sy ge­çi­ril­di. Abaý Ku­nan­ba­ýew ga­zak şa­hy­ry, ma­ga­ryf­çy­sy, akyl­da­ry we jem­gy­ýet­çi­lik iş­gä­ri­dir. Ol Ga­za­gys­ta­nyň ýa­zuw ede­bi­ýa­ty­ny esas­lan­dy­ry­jy we ýur­duň il­kin­ji nus­ga­wy ýa­zy­jy­sy­dyr. Abaý, ys­lam ýö­rel­ge­le­ri esa­syn­da ga­zak däp-des­sur­la­ry­ny Ýew­ro­pa me­de­ni­ýe­ti­ne ýa­kyn­laş­dyr­ma­ga ta­gal­la eden me­de­ni re­for­ma­çy hök­mün­de hem giň­den ta­nal­ýar.

Tä­ze hü­när­ler tas­syk­lan­dy

Hy­ta­ýyň Adam gor­la­ry we jem­gy­ýet­çi­lik üp­jün­çi­li­gi mi­nistr­li­gi tä­ze 19 hü­nä­riň yk­rar edi­len­di­gi­ni ha­bar ber­di. Tä­ze hü­när­le­riň kö­pü­si san­ly yk­dy­sa­dy­ýet we in­no­wa­si­ýa pu­dak­la­ry bi­len gö­nü­den-gö­ni bag­la­ny­şyk­ly bo­lup, mu­nuň özi bu pu­dak­la­ryň ýo­ka­ry dep­gin bi­len ös­ýän­di­gi­ni gör­kez­ýär. Tä­ze hü­när­le­ri tas­syk­la­mak bo­ýun­ça iş­ler ge­çen ýy­lyň ahy­ryn­da baş­lan­dy, ýö­ne gu­tar­nyk­ly sa­naw ýa­kyn­da çap edil­di. Tä­ze hü­när­le­riň için­de on­laýn-stri­mer, «akyl­ly» aw­tou­lag­la­ryň sü­rü­ji­si, eme­li aň prog­ram­ma­la­ry bo­ýun­ça hü­när­men, bioin­že­ner­lik ug­run­dan teh­nik, «akyl­ly» önüm­çi­lik ul­gam­la­ry­nyň do­lan­dy­ry­jy­sy we beý­le­ki­ler bar.

Da­laş­gär­le­riň ara­syn­da te­le­çe­kiş­me ge­çi­ri­ler

ABŞ-nyň öň­ki Pre­zi­den­ti Do­nald Tramp we hä­zir­ki wi­se-pre­zi­dent Ka­ma­la Har­ris ABC te­le­ýaý­ly­myn­da 10-njy sent­ýabr­da te­le­çe­kiş­me ge­çir­mek ba­ra­da yla­laş­dy­lar. ABC-niň be­ýa­na­tyn­da Pes­pub­li­kan par­ti­ýa­dan pre­zi­dent­li­ge da­laş­gär Do­nald Tramp we De­mok­ra­tik par­ti­ýa­dan onuň bäs­de­şi Ka­ma­la Har­ris te­le­wi­de­ni­ýe­de gu­ral­jak çe­kiş­mä gat­naş­ýan­dyk­la­ry­ny tas­syk­la­dy­lar. Tramp Flo­ri­da şta­ty­nyň Palm-Biç şä­he­rin­de ge­çi­ri­len met­bu­gat ýyg­na­gyn­da, Har­ris bi­len üç te­le­çe­kiş­me ge­çir­mek­çi­di­gi­ni aýt­dy.

Mu­ham­mad Ýu­nus ka­sam ka­bul et­di

Pa­ra­hat­çy­lyk bo­ýun­ça No­be­l baý­ra­gy­nyň eýe­si Mu­ham­mad Ýu­nus Bang­la­de­şiň wagt­la­ýyn hö­kü­me­ti­niň baş­ly­gy hök­mün­de ka­sam ka­bul et­di. Paý­tagt Da­kka­da­ky Pre­zi­dent köş­gün­de 84 ýaş­ly Mu­ham­mad Ýu­nus we wagt­la­ýyn hö­kü­me­tiň beý­le­ki tä­ze ag­za­la­ry Pre­zi­dent Mu­ham­mad Şa­ha­bud­di­niň gat­naş­ma­gyn­da ka­sam ka­bul et­di­ler. Ýu­nus özü­ne bil­di­ril­ýän ynam üçin ho­şal­lyk bil­dir­di we ýurt­da er­kin saý­law­la­ry ge­çir­mä­ge müm­kin­çi­li­giň dö­re­dil­jek­di­gi­ni bel­le­di. Şeý­le­lik­de, Ýu­nus wagt­la­ýyn hö­kü­me­tiň baş ge­ňeş­çi­si we­zi­pe­si­ne bel­le­nip, bu de­re­je Prem­ýer-mi­nist­riň we­zi­pe­si bi­len deň­dir. Tä­ze wagt­la­ýyn Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň dü­zü­min­de 16 ag­za bar. Go­laý­da Prem­ýer-mi­nistr Şeýh Ha­si­na Wa­zed işin­den çe­ki­ldi. Şon­dan soň ýur­duň Pre­zi­den­ti Şa­ha­bud­din wagt­la­ýyn hö­kü­me­tiň gu­rul­ma­gy­na ýol açyp, par­la­men­ti ýa­tyr­dy. Mu­ham­mad Ýu­nus dün­ýä yk­dy­sa­dy­ýe­ti­ne we jem­gy­ýet­çi­lik ösü­şi­ne go­şan go­şan­dy üçin 2006-njy ýyl­da No­be­liň Pa­ra­hat­çy­lyk bo­ýun­ça baý­ra­gy­na my­na­syp bol­dy. Hu­su­san-da, ol özü­niň esas­lan­dy­ran ban­ky­nyň üs­ti bi­len Bang­la­de­şiň oba ila­ty­na az möç­ber­li karz­la­ry be­rip baş­lan­dan soň, oňa mik­ro­ma­li­ýe­leş­dir­mek we mik­rok­re­dit bo­ýun­ça öň­de­ba­ry­jy hü­när­men diý­lip, ba­ha be­ril­di.

Dünýä täzelikleri gys­ga se­tir­ler­de

Jo­ko­wi­çiň mu­ze­ýi gur­lar. Ser­bi­ýa­nyň Pre­zi­den­ti Alek­sandr Wu­çiç ýa­kyn wagt­da ýurt­da meşhur ten­nis­çi No­wak Jo­ko­wi­çiň mu­ze­ýi­niň gur­lu­şy­gy­na baş­lan­jak­dy­gy­ny mä­lim et­di. Ser­bi­ýa­nyň Baş­tu­ta­ny­nyň aýt­ma­gy­na gö­rä, bu mu­zeý Jo­ko­wi­çiň spor­ta we ýur­duň ta­ry­hy­na go­şan go­şan­dy­ny gör­kez­ýän mil­li ýa­dy­gär­li­ge öw­rü­ler. Ba­ly­gyň seý­rek gör­nü­şi. Ga­za­gys­ta­nyň Ba­lyk ho­ja­ly­gy bo­ýun­ça yl­my-önüm­çi­lik mer­ke­zi­niň iş­gär­le­ri Ha­zar deň­zin­den seý­rek duş gel­ýän gy­zyl ba­lyk (Sal­mo cas­pi­us) tut­du­lar. Ken­der­li aý­la­gyn­dan tu­tu­lan ba­ly­gyň uzyn­ly­gy 47 san­ti­metr, ag­ra­my 1,3 ki­log­ram. La­sos su­ra­ta dü­şü­ri­len­den soň gaý­ta­dan deň­ze­ goý­be­ril­di.

Sagdyn jemgyýet – kuwwatly döwlet

Sag­ly­gy­ny ber­kit­mek her yn­sa­nyň öz elin­de. Akyl­dar şa­hy­ry­myz Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň «Sag­ly­gyň gad­ry­ny bil­gil, has­ta bol­maz­dan bu­run» di­ýip bel­leý­şi ýa­ly, yn­san sag­ly­gy­ny go­ra­mak, onuň ga­dy­ry­ny bil­mek hal­ky­my­zyň ga­dym­dan gel­ýän ýö­rel­ge­si­dir. Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de ra­ýat­la­ry­my­zyň sag­ly­gy­ny go­ra­mak üçin ýur­du­myz­da köp­çü­lik­le­ýin wa­gyz-ne­si­hat du­şu­şyk­la­ry, öňü­ni alyş çä­re­le­ri gu­ral­ýar, azyk howp­suz­ly­gy­ny ýo­la goý­mak ug­run­da mö­hüm iş­ler dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. Bu ugur­da ata Wa­ta­ny­my­zyň hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ry­nyň bir­nä­çe gü­wä­na­ma­la­ry­na my­na­syp bol­ma­gy mu­nuň aý­dyň su­but­na­ma­sy­dyr. Türk­me­nis­tan BMG we onuň iri dü­züm­le­ri bi­len sag­ly­gy go­ra­ýyş ul­ga­myn­da hyz­mat­daş­ly­gy gi­ňelt­mä­ge we ber­kit­mä­ge aý­ra­tyn äh­mi­ýet ber­mek, luk­man­çy­lyk hem-de yl­my dip­lo­ma­ti­ýa ba­bat­da hyz­mat­daş­ly­gyň tä­ze ugur­la­ry­ny öňe sür­mek bi­len, öza­ra iş­jeň, ne­ti­je­li, mak­sat­na­ma­la­ýyn hyz­mat­daş­ly­gy alyp bar­ýar. Hä­zir­ki wagt­da hem BMG, onuň ýö­ri­te­leş­di­ri­len dü­züm­le­ri, aý­ra­tyn-da, Bü­tin­dün­ýä Sag­ly­gy Go­ra­ýyş Gu­ra­ma­sy, dün­ýä­niň öň­de­ba­ry­jy sag­ly­gy go­ra­ýyş eda­ra­la­ry we yl­my-bar­lag mer­kez­le­ri bi­len gat­na­şyk­la­ry­myz has-da iş­jeň­leş­di­ril­ýär. Te­le­luk­man­çy­lyk we te­l

HA­ZAR DEŇ­ZI – DOST­LUK WE HYZ­MAT­DAŞ­LYK DEŇ­ZI

12-nji awgustda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky «Berkarar» myhmanhanasynda Hazar deňziniň gününe bagyşlanan «Hazar deňzi: durnukly ösüşiň hatyrasyna hyzmatdaşlyk» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Maslahatyň gün tertibine hazarýaka ýurtlaryň hyzmatdaşlygynyň ykdysady, durmuş, ekologik meseleleriň birnäçesiniň çözgüdini özünde jemleýän durnukly ösüşi üpjün etmek bilen bagly möhüm meseleleri girizildi. Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň, Ar­ka­dag­ly Gahryman Ser­da­ry­my­zyň pa­ra­sat­ly baş­tu­tan­ly­gyn­da Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de Ha­zar se­bi­tin­de söw­da-yk­dy­sa­dy we ulag-lo­gis­ti­ka hyz­mat­daş­ly­gy­ny, se­na­ga­ty we ener­ge­ti­ka­ny ös­dür­mek, daş­ky gur­şa­wy go­ra­mak, «ýa­şyl yk­dy­sa­dy­ýe­ti» ke­ma­la ge­tir­mek, eko­lo­gi­ýa aba­dan­çy­ly­gy­ny üp­jün et­mek, deň­ziň bio­lo­gik köp­dür­lü­li­gi­ni go­rap sak­la­mak, bu tä­sin suw aý­ty­my­nyň te­bi­gy baý­lyk­la­ry­ny re­je­li peý­da­lan­mak, gel­jek­ki ne­sil­le­re mi­ras gal­dyr­mak ba­ra­da giň ge­rim­li, ýurt hem-de se­bit äh­mi­ýet­li iş­ler üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. Ýurt­da dö­re­di­len eko­lo­gi­ki ka­nun­çy­lyk ul­ga­my döw­let te­bi­ga­ty go­ra­ýyş sy­ýa­sa­ty­ny ne­ti­je­li ama­la aşyr­ma­ga we te­bi­gy se­riş­de­le­ri ne­ti­je­li peý­da­lan­ma­ga gö­nük­di­ri­len­dir. Esa­sy üns bol­sa Ha­zar deň­zi­niň türk­men bö­le­gi­niň de­ňiz gur­şa­wy­n

Zäh­met so­ňy – reh­net

Adamy beýleki jandarlardan tapawutlandyrýan zat onuň akyly we zähmetidir. Zähmet üstünligiň ilkinji şertidir. Zähmetsiz hiç zat mümkin däl. Eger «Beýik işleri amala aşyrmak üçin adama iň gerekli zat näme?» diýip soralsa onuň jogaby «Zähmetsöýerlik» bolardy. Zehini görmezlik mümkin, başarjaňlygy görmezlik mümkin, yhlasy görmezlik mümkin, emma zähmeti görmezlik mümkin däl. Zähmetsöýer adamy, onuň zähmetiniň netijesini gözden sypdyrmak mümkin däl. Meselem, Müsür barada bilýän zadyňdan biri hökmany suratda Müsür piramidalary bolar. Hytaý barada bilýän zadyňdan biri hökmany suratda Beýik Hytaý diwary bolar, sebäbi bu diwary gurmak üçin millionlarça adam zähmet siňdiripdir. Diýmek zähmeti, zähmetiň netijesini görmezlik mümkin däl. Bas­ket­bolyň ýyl­dy­zy Maýkl Jor­dan egin­deş­le­ri­niň ara­syn­da özü­niň bök­mek we to­py to­ra sal­mak uky­by bi­len däl-de, il­ki bi­len örän agyr tür­gen­le­şik­le­ri bi­len ta­na­lyp­dyr we mu­nuň üçin oňa uly hor­mat go­ýup­dyr­lar. Hat­da ýyl­dyz bas­ket­bol­çy hök­mün­de ta­na­lyp baş­la­nyn­dan so­ňam, bu erjel türgen agyr tür­gen­le­şik­le­ri­ni bir­ji­gem sypdyrmandyr. Agyr tür­gen­le­şik­le­riň üs­ti bi­len zäh­met çek­me­gi we der dök­me­gi öw­ren­ýär­siň. Ru­hu­ňy dur­nuk­ly ýag­daý­da sak­la­mak üçin zäh­met çek­mek­den peý­da­ly zat ýok­dur. Se­bä­bi, eger iş­le­nil­se, zäh­met çe­kil­se, hök­ma­ny su­rat­da ne­ti­je bo­laý­ma­ly. Eger ne

Ulag ul­ga­my we san­ly­laş­dyr­mak

Häzirki wagtda sanlylaşdyrmagyň durnukly ösüşiň ileri tutulýan wezipelerini çözmegiň binýady bolup hyzmat edýändigi aýdyň hakykatdyr. Sanly tehnologiýalaryň bazary dünýäde okgunly ösýän hem-de iş bilen meşgullanmagyň, aýratyn-da, ýaşlary iş bilen üpjün etmegiň giňden ýaýran ulgamlarynyň biridir. Şoňa görä-de, Gahryman Arkadagymyzyň nusgalyk ýoluny mynasyp dowam etdirýän hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda «Türkmenistanda 2019–2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyndan» gelip çykýan wezipeleri çözmek boýunça ýurdumyzda uly işler durmuşa geçirilýär.

Iň uly nebit-gaz platformasy guruldy

Hy­taý­da dün­ýä­niň iň uly ne­bit-gaz plat­for­ma­sy­nyň gur­lu­şy­gy ta­mam­lan­dy. Ag­ra­my 17 müň ton­na tö­we­re­gi bo­lan des­ga ke­nar­dan uzak­da­ky ýer­ler­de ýe­ras­ty baý­lyk­la­ry çy­kar­mak­da peý­da­la­ny­lar. Des­ga ýur­duň Şan­dun we­la­ýa­tyn­da­ky werf­de 34 aýyň do­wa­myn­da gur­lup gu­ta­ry­lyp­dyr. Plat­for­ma şu aýyň ahy­ryn­da äpet gä­mi bi­len Sa­ud Ara­bys­ta­ny­na äki­di­ler. Des­ga­ Sa­ud Ara­bys­ta­ny­nyň Mar­jan de­ňiz ýa­ta­gyn­da­ky önüm­çi­li­gi art­dyr­mak­da peý­da­la­ny­lar. Bu ýa­tak­dan her ýyl­da 24 mil­li­on ton­na ne­bi­tiň çy­ka­ryl­ma­gy­na ga­ra­şyl­ýar.

Aşa çalt zar­ýad ber­ýän be­ket

Elekt­rou­lag­la­ryň iň köp ön­dü­ril­ýän we sa­tyl­ýan ýur­dy bo­lan Hy­taý­da bu ugur­da tä­ze teh­no­lo­gi­ýa­lar hem iş­le­nip taý­ýar­lan­ýar. Ýur­duň «XPeng» kom­pa­ni­ýa­sy 5 mi­nut­lyk zar­ýa­dy bi­len 300 ki­lo­met­re ýet­jek zar­ýad ber­ýän be­ke­di iş­läp taý­ýar­la­dy. S5 at­ly zar­ýad be­ke­di­niň 800 kW kuw­wa­ty bo­lup, elekt­rou­lag­la­ra bir se­kunt­da bir ki­lo­metr­den gow­rak ýo­ly geç­mä­ge ýet­jek zar­ýad be­rip bil­ýär. Tä­ze zar­ýad be­ke­di­niň ýy­lyň üçün­ji çär­ýe­gin­de sa­tu­wa çy­ka­ryl­jak­dy­gy mä­lim edil­di. Elekt­rou­lag­la­ryň ýaý­baň­lan­ma­gyn­da­ky päs­gel­çi­lik­le­riň bi­ri zar­ýad be­ket­le­ri­niň ýaý­ra­wy­nyň az­dy­gy hem-de bu ulag­la­ra zar­ýad ber­me­giň köp wagt al­ýan­dy­gy­dyr. Zar­ýad be­ket­le­ri­niň ýaý­ra­ma­gy hem-de has çalt zar­ýad ber­ýän teh­no­lo­gi­ýa­nyň peý­da bol­ma­gy bi­len daş­ky gur­şaw üçin zy­ýan­syz ulag­la­ryň sa­tu­wy­nyň has-da art­ma­gy­na ga­ra­şyl­ýar.

«Ýaşyl» wodorod bilen işleýän uçar

Şweý­sa­ri­ýa­ly in­že­ner, uçar­man Bert­rand Pik­kard Fran­si­ýa­da «ýa­şyl» wo­do­rod bi­len iş­le­ýän uça­ryň önüm­çi­li­gi­ne baş­la­dy. Ho­wa gä­mi­si­niň il­kin­ji sy­nag uçu­şy­nyň 2026-njy ýyl­da ama­la aşy­ryl­ma­gy­na ga­ra­şyl­ýar. Pik­kard mun­dan ozal di­ňe ga­nat­la­ry­na ýer­leş­di­ri­len Gün pa­nel­le­rin­den al­ýan ener­gi­ýa­sy bi­len iş­le­ýän uça­ry iş­läp taý­ýar­lap­dy hem-de onuň bi­len Ýer ýü­zü­niň da­şyn­dan aý­la­nyp­dy. In­že­ne­riň tä­ze tas­la­ma­sy­nyň çä­gin­de ön­dü­ril­jek uça­ryň bol­sa, hiç hi­li düş­le­mez­den Ýe­riň da­şyn­dan aý­lan­ma­gy mak­sat edi­nil­ýär. Pik­kar­dyň mak­sa­dy aras­sa ener­gi­ýa­ny dur­muş­da peý­da­la­nyp bol­jak­dy­gy­ny gör­kez­mek­den yba­rat. «Cli­ma­te Im­pul­se» at­ly tä­ze uçar 2028-nji ýyl­da do­ly taý­ýar bo­lar. Pik­kard bu uça­ry bi­len 9 gü­nüň do­wa­myn­da Ýer to­ga­la­gy­nyň da­şyn­dan aý­lan­ma­gy mak­sat edin­ýär.

Tansyň saglyga peý­da­sy

Sag­lyk üçin maşk ýa-da sport bi­len meş­gul­lan­ma­gyň peý­da­ly­dy­gy hem­me­le­re mä­lim­dir. Adat­ça sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­si­ne eýer­ýän­ler gün­de­lik dur­mu­şyn­da ýö­re­mek, yl­ga­mak, ýüz­mek we we­lo­si­ped sür­mek bilen meşgullanýarlar. Em­ma bi­ler­men­ler tans et­me­giň hem peý­da­ly­dy­gy­na ün­si çek­ýär­ler. Tans adam­zat ta­ry­hyn­da ýa­zuw­dan has öň peý­da bo­lup­dyr. Tans ada­myň fi­zi­ki we ru­hy sag­ly­gy­na oňyn tä­sir ed­ýän has gy­zyk­ly fi­zi­ki he­re­ket­dir. Bi­ler­men­le­riň bel­le­mek­le­ri­ne gö­rä, tans ada­myň ru­hu­ny gö­te­rip, ýa­şaý­şa hö­we­si­ni art­dyr­ýar. Tan­syň beý­ni üçin peý­da­ly ta­rap­la­ry hem bar. Tans beý­ni­niň ýat we bel­li ne­ti­jä gel­mek bi­len bag­ly ýe­ri­ni ös­dür­ýär. Tans he­re­ket­le­ri öw­re­ni­len­de, ada­myň beý­ni­si iş­le­ýär, he­re­ket uky­by kä­mil­leş­ýär, ün­si ta­lap ed­ýän­di­gi üçin ýat­keş­li­gi go­wu­lan­ýar. Ada­myň haý­sy­dyr bir aý­dym diň­lä­nin­de ýa-da özi hiň­le­ne­nin­de eli bi­len bir za­da tyr­kyl­da­dyp, «saz çal­ma­gy» te­bi­ga­tyn­da bar. Tans et­mek ýö­ri­te ukyp ta­lap et­män, her kim özü­ne la­ýyk tans bi­len meş­gul­la­nyp bi­ler. Je­mal Ha­ýy­do­wa,

Täze banknotlar gymmat bahadan satyldy

Ang­li­ýa­nyň Mer­ke­zi ban­ky ýü­zün­de Karl III şe­ki­li ýer­leş­di­ri­len tä­ze bank­not­la­ryň kä­bir nus­ga­la­ry­ny auk­si­on ar­ka­ly sa­tu­wa çy­kar­dy. Auk­si­on­da sa­ty­lan bank­not­lar­dan al­nan gir­de­ji­niň dür­li ha­ýyr-sa­ha­wat gu­ra­ma­la­ry­na ge­çi­ri­len­di­gi mä­lim edil­di. Bank­not­la­ryň gym­mat sa­tyl­ma­gy­nyň se­bä­bi ola­ryň se­ri­ýa bel­gi­le­ri­niň meň­zeş bol­ma­gy bi­len bag­ly­dyr. Ban­kyň ber­ýän mag­lu­ma­ty­na gö­rä, 50 funt ster­ling hüm­me­ti bo­lan bir bank­not 26 müň funt ster­lin­ge sa­ty­lyp, iň gym­ma­da sa­ty­lan pul bo­lup­dyr. HB01 00002 se­ri­ýa bel­gi­li 10 funt ster­ling­lik bank­not bol­sa, 17 müň funt ster­lin­ge sa­tyl­dy. To­mus pas­ly­nyň do­wa­myn­da 5, 10, 20 we 50 funt ster­ling­lik bank­not­lar üçin dört ge­zek auk­si­on ge­çi­ri­lip­dir. Al­nan gir­de­ji sag­ly­gy go­ra­ýyş, ça­ga­la­ryň oka­ma­gy, daş­ky gur­şaw we jan­dar­la­ry go­rap sak­la­mak bi­len meş­gul­lan­ýan ha­ýyr-sa­ha­wat gu­ra­ma­la­ry­na paý­la­nyp­dyr. Her bir ha­ýyr-sa­ha­wat gu­ra­ma­sy­na 91 müň 400 funt ster­ling­den gow­rak pul se­riş­de­si ge­çi­ri­lip­dir.

«Altyn asyr» AFK Çempionlar Ligasy 2 ýaryşynyň toparçalaýyn tapgyrynda çykyş eder

Azi­ýa Fut­bol kon­fe­de­ra­si­ýa­nyň tä­ze­çe at­lan­dy­ry­lan AFK Çem­pi­on­lar Li­ga­sy 2 (ozal­ky AFK Ku­bo­gy) ýa­ry­şy­nyň saý­la­ma tap­gy­ry­na gat­na­şan ýur­du­my­zyň «Al­tyn asyr» to­pa­ry ýe­ňiş ga­zan­ma­gy ba­şar­dy. Türk­me­nis­ta­nyň fut­bol çem­pio­na­ty­nyň wi­se-çem­pio­ny «Al­tyn asyr» myh­man­çy­lyk­da Hin­dis­ta­nyň «Ist Ben­gal» to­pa­ryn­dan 3-2 ha­sa­byn­da üs­tün çyk­dy. Çe­ke­le­şik­li ge­çen oýun­da ýer eýe­le­ri Lalh­lan­san­ga­nyň go­ly bi­len il­kin­ji bo­lup ha­sa­by aç­sa-da, il­deş­le­ri­miz gys­ga wagt­da jo­gap go­lu­ny ur­dy. 18-nji mi­nut­da My­rat An­na­ýew ha­sa­by deň­län oýun­çy bol­dy. Du­şu­şy­gyň 28-nji mi­nu­tyn­da Se­lim Nur­my­ra­dow ara­gat­na­şyk­çy­la­ry öňe saý­la­dy. 52-nji mi­nut­da Mi­ha­il Ti­tow ara­ta­pa­wu­dy 2 go­la çy­kar­dy. 59-njy mi­nut­da ýer eýe­le­rin­den Sa­ul Kres­po­nyň go­ly hin­dis­tan­ly­la­ra ýe­ňiş üçin ýe­ter­lik bol­ma­dy. Şun­luk­da, Hin­dis­tan­dan 3-2 ha­sa­byn­da ýe­ňiş bi­len do­la­nan «Al­tyn asyr» to­pa­ry AFK Çem­pi­on­lar Li­ga­sy 2 ýa­ry­şyn­da to­par­ça­lar­da çy­kyş et­mä­ge hu­kuk ga­zan­dy.

Olim­pi­ýa oýun­la­ry sy­ýa­hat­çy­laryň sanyny art­dyr­dy

Pa­riž 2024 to­mus­ky Olim­pi­ýa oýun­la­ry üs­tün­lik­li ta­mam­lan­dy. Pa­riž köp ýyl­dan bä­ri dün­ýä­niň iň köp sy­ýa­hat­çy ka­bul ed­ýän şä­he­ri bol­ma­gyn­da gal­ýar. Olim­pi­ýa oýun­la­ry döw­rün­de bol­sa, şä­he­riň sy­ýa­hat­çy­la­ry­nyň sa­ny has-da art­dy. Oýun­la­ryň baş­lan il­kin­ji hep­de­sin­de şä­he­re ba­ran myh­man­la­ryň sa­ny 42 gö­te­rim ýo­kar­la­nyp­dyr. Myh­man­la­ryň köp bö­le­gi­ni ame­ri­kan­lar eme­le ge­ti­rip­dir. Bu ýurt­dan Pa­ri­že ge­len sy­ýa­hat­çy­la­ryň sa­ny 72 gö­te­rim ýo­kar­la­nyp­dyr. Bu ba­ra­da 11-nji aw­gust­da Olim­pi­ýa oýun­la­ry­nyň ýa­py­lyş da­ba­ra­syn­dan soň­ra ula­ny­jy­la­ry­nyň ama­la aşy­ran söw­da­la­ry­na sal­gy­la­nyp, «Visa» tö­leg ul­ga­my ha­bar ber­ýär. Olim­pi­ýa oýun­la­ry­nyň ge­çi­ril­en beý­le­ki şä­her­lerin­de myh­man­la­ryň sa­ny kö­pe­lip­dir. Sy­ýa­hat­çy­la­ryň sa­ny Lill­de 188, Sent-Et­ýen­de 150 we Mar­sel­de 48 gö­te­rim ar­typ­dyr. Ýur­da ge­len «Visa» kart ula­ny­jy­la­ry­nyň sa­ny ha­sa­ba al­nan­da, La­tyn Ame­ri­ka­syndan we Ka­rib se­bi­tin­den ge­len­ler 62 gö­te­rim, Azi­ýa-Ýu­waş um­ma­ny se­bi­tin­den ge­len­ler 57 gö­te­rim ýo­kar­la­nyp­dyr. Ang­li­ýa­ly­lar 53 gö­te­rim, ger­ma­ni­ýa­ly­lar 53 gö­te­rim ar­typ­dyr. Myh­man­la­ryň aglabasy res­to­ran­lar­da has köp pul so­wup­dyr­lar. «Visa»-nyň Ýew­ro­pa bo­ýun­ça ýol­baş­çy­sy Şar­lot­te Hogg soň­ky üç ýyl­da Pa­riž 2024-iň Gu­ra­

Ten­nis oý­na­ýan ro­bot

«Go­og­le» kom­pa­ni­ýa­sy stol ten­ni­si­ni oý­nap bil­ýän ro­bot bi­len ta­nyş­dyr­dy. In­že­ner­ler ro­bo­tyň en­tek «öw­ren­je­di­gi­ni» bel­le­ýär­ler. En­ja­my iş­läp taý­ýar­lan «Go­og­le De­ep­Mind» kom­pa­ni­ýa­sy­nyň in­že­ner­le­ri bäs­deş­lik oýun­la­ry­na adat­ça çe­ke­le­şik­li ýag­da­ýyň mah­sus­dy­gy­ny bel­läp, çyl­şy­rym­ly he­re­ke­ti, çalt göz-el ut­ga­şyk­ly­gy­ny we bäs­de­şiň ejiz ta­ra­py­ny syn­la­ma­gy öz içi­ne al­ýan­dy­gy­ny, bu ýag­da­ýyň stol ten­ni­si­ni, ro­bot­la­ryň hä­zir­ki de­re­je­de ýo­ka­ry de­re­jä ýe­ten küşt ýa­ly stra­te­gi­ýa oý­nun­dan ta­pa­wut­lan­dyr­ýan­dy­gy­ny bel­le­ýär­ler. Ten­nis oý­na­ýan il­kin­ji ro­bot dür­li us­sat­lyk de­re­je­sin­de ten­nis oý­nap bil­ýän 29 adam bi­len ýa­ry­şyp­dyr. Ge­çi­ri­len du­şu­şyk­lar «You­Tu­be» ar­ka­ly to­ma­şa­çy­la­ra ýe­ti­ril­di. Ro­bot ten­nis oý­nap bil­ýän hem bol­sa, ten­nis to­pu­nyň il­kin­ji ur­gu­sy­ny ýe­ri­ne ýe­ti­rip bil­me­ýär. Ýag­ny di­ňe özü­ne aty­lan to­pa jo­gap ur­gu­sy­ny gaý­ta­ryp bil­ýär. Ro­bot ten­nis oý­na­ma­ga tä­ze baş­lan adam­la­ryň äh­li­si­ni utan hem bol­sa, ök­de oýun­çy­lar­dan as­gyn gel­di. Or­ta de­re­je­li us­sat­ly­gy bo­lan ten­nis­çi­le­riň bol­sa, 55 gö­te­ri­mi­ni ut­ma­gy ba­şar­dy. Ro­bo­tyň äh­li bäs­deş­le­ri ro­bot bi­len ten­nis oý­na­ma­gyň örän gy­zyk­ly­dy­gy­ny bel­le­ýär­ler. Us­sat ten­nis­çi­ler bu ro­bo­tyň tür­gen­le­şik­