"Diýar" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-56, 39-95-30, 39-95-23
Email: diyar-zurnaly@sanly.tm

Habarlar

Rowaçlyga rowan ýollar

Awtoulaglar we ýol hereketi. Biri-birinden aýryp bolmaýan bu düşünjeleriň arasynda iş ýüzünde sazlaşygy gazanmak uly tagallalary talap edýär. Hormatly Prezidentimiz bu möhüm meseläni gün tertibinde saklamak bilen, degişli gulluklaryň öňünde anyk we jogapkärli wezipeleri goýýar. Bizde bu ugurdan alnyp barylýan işlere toplumlaýyn häsiýet berilýär. Oňa welaýat merkezimizde ýaýbaňlandyrylýan köptaraply çäreler aýdyň mysal bolup biler. Soňky ýyllarda şäherimiziň köçeleriniň durky täzelenilip, olaryň hereket üçin has sazlaşykly bolmagy üpjün edildi. Şeýle işler häzirki wagtda hem üstünlikli dowam etdirilýär. Ýol gurluşykçylar şu günler «Lebap» söwda we dynç alyş merkezine barýan Alty Garlyýew köçesiniň durkuny täzelemek işlerini ýokary depginde alyp barýarlar. Mälim bolşy ýaly, bu ýoluň ugrunda hormatly Prezidentimiziň gol çeken Kararyna laýyklykda «Türkmeniň Ak öýi» binasynyň kaşaň binasy gurulýar. Ýerine ýetirilýän işler şäherimiziň iň gözel ýerleriniň birine öwrülýän bu künjege eltýän köçäniň awtoulaglaryň gatnawy we pyýadalaryň hereketi üçin amatly bolmagyna uly ýardam berer. Şunuň ýaly durkuny täzeleýiş we abatlaýyş işleri beýleki ýerlerde hem berjaý edilýär.

Wagyz-nesihat çäreleri

Ündew edildi Golaýda Mary şäherindäki jemagat hojalygy orta hünär okuw mekdebiniň zenanlar guramasynyň guramagynda “Edep bilen bagt tapylar, sabyr bilen tagt» ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Ady agzalan okuw mekdebinde geçirilen çärä mährem eneler we mekdebiň mugallymlary, talyp gyz-gelinler gatnaşdylar.

Orazaňyz kabul bolsun!

Ýagşy dilegleriň aýy Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynda mukaddes Garaşsyzlygymyza eýe bolanymyza 30 ýyl dolýar. Mukaddes Garaşsyzlygymyz ähli türkmeniň ykbalyna, bagtyna, ruhy dünýäsine nur çaýdy. Garaşsyzlygymyza, baky Bitaraplygymyza eýe bolanymyzdan soňra, gadymy däp-dessurlarymyz, edim-gylymlarymyz, milliligimiz gaýtadan dikeldildi. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda bu ýol-ýörelgeler has-da döwrebap öwüşginlere eýe boldy. Şolaryň biri hem oraza tutmak, agyz beklemekdir.

Asudalygyň goragynda

Wezipämiz — halkymyzyň abadanlygy Bagtyýarlyk zamanamyzyň Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynda il-günümiziň rahatlygy we abadanlygy içeri işler edaralarynyň işgärleri üçin derwaýys wezipeligine galýar. Sebäbi, halkymyzyň asuda, rahat durmuşynyň üpjün edilmegi halkymyzyň döredijilikli zähmetiniň kepili bolup hyzmat edýär. Şonuň üçinem döwlet Baştutanymyz bu wajyp wezipeleri öňde goýup, olaryň ýerine ýetirilmegine berk talap bildirýär.

Durmuş üpjünçiligi pugtalandyrylýar

Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelgäniň aýdyň alamatyna öwrülen durmuş syýasaty adamyň bähbitlerine, hak-hukuklaryna sarpa goýýar, onuň döwrebap we mynasyp ýaşaýşyny üpjün edýär. Hormatly Prezidentimiziň ilatyň ygtybarly durmuş goraglylygyny üpjün etmek, ýaşaýyş-durmuş derejesini mundan beýläk-de ýokarlandyrmak ugrunda edýän tagallalary ähli ugurlarda özüniň oňyn netijelerini berýär. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe pensiýa we döwlet kömek pullary ulgamyndaky özgertmeler ilatyň durmuş goraglylygyny üpjün etmek ugrunda alnyp barylýan giň gerimli işleriň biridir. Türkmenistan demokratik, hukuk we dünýewi döwlet bolmak bilen, özüniň alyp barýan içeri we daşary syýasatynda adam deňhukuklylygynyň we wyždan azatlygynyň berjaý edilmegi ýaly ýörelgelere eýerýär. Döwletimiz jemgyýetiň gazanan maddy gymmatlyklaryny, baý tebigy mümkinçiliklerini adamlaryň bähbidine ulanmaga, ygtybarly durmuş goraglylygyny üpjün etmäge gönükdirýär. Şol sanda durmuş üpjünçiliginiň subýektleri hökmünde ýetim çagalar we ata-enesiniň howandarlygyndan galan çagalar baradaky alada döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar, şeýle-de olar babatynda kanunçylygy berjaý etmek we kämilleşdirmek wezipesi hem döwletiň paýyna düşýär.

Anyk wezipeler kesgitlenildi

Hormatly Prezidentimiziň 9-njy aprelde şu ýylyň birinji çärýeginde ýerine ýetirilen işleriň jemlerine bagyşlap, sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinden gelip çykýan wezipeleri ara alyp maslahatlaşmak we ýerine ýetirilmeli işleri kesgitlemek maksady bilen, welaýat merkezindäki Medeniýet öýünde maslahat geçirildi. Welaýat häkimliginiň guramagynda geçirilen maslahata welaýat, etrap, şäher häkimleri, olaryň orunbasarlary, welaýatyň jemgyýetçilik guramalarynyň, edara-kärhanalarynyň ýolbaşçylary, jogapkär işgärleri hem-de beýleki dahylly adamlar gatnaşdylar. Maslahaty welaýat häkimi Ý.Gurbanow açyp, sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinden gelip çykýan wezipelere ünsi çekdi, öňde duran wezipeleriň üstünde durup geçdi. Hormatly Prezidentimiziň ýetip gelýän galla oragyna, pagta ýygymyna gowy taýýarlyk görmek, gök-bakja ekinleriniň, ýeralmanyň we beýleki oba hojalyk ekinleriniň ekilýän meýdanlaryny giňeltmek, maldarçylygy ösdürmek we mallaryň baş sanyny artdyrmak, owlak-guzy möwsümini ýokary guramaçylykly geçirmek, şeýle-de Prezident maksatnamasyny amala aşyrmak boýunça netijeli işleri geçirmek, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygyna, ak mermerli paýtagtymyz Aşgabadyň 140 ýyllygyna, Bitaraplyk baýramyna ýokary derejede taýýarlyk görmek bilen bagly aýdanlaryna ünsi çekmek bilen, welaýat häkimi agzalan ugurl

Usuly maslahat geçirildi

Şu günler Kaka etrabynyň çägindäki edara-kärhanalaryň kärdeşler arkalaşyklarynyň ilkinji guramalarynda «Zähmeti goramak — sagdyn we howpsuz iş şertleriniň girewi» atly usuly maslahatlar geçirilýär. Şeýle usuly maslahat Ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň etrap Geňeşinde hem geçirilip, ýokary işjeňlige eýe boldy. Etrapdaky 19-njy orta mekdebiň mejlisler jaýynda bolan usuly maslahata bilim-terbiýeçilik edaralarynyň kärdeşler arkalaşyklarynyň ilkinji guramalarynyň başlyklary gatnaşdy. Usuly maslahatda ýurdumyzda ildeşlerimiziň döwrebap şertlerde zähmet çekmekleri, Watanymyzyň ösüşlerine mynasyp goşant goşmaklary ugrunda döredilen ajaýyp mümkinçilikler barada söhbet açylyp, zähmeti goramak boýunça kadalarydyr düzgünleri dogry berjaý etmegiň ýollary dogrusyndaky gürrüňe üns çekildi. Onuň barşynda sanitariýa-arassaçylyk, howpsuz zähmet şertleriniň üpjün edilişi, zähmeti goramak boýunça gollanmalaryň göwnejaý ýöredilişi, önümçilikde betbagtçylykly hadysalaryň we hünär keselleriniň öňüni almak babatda aýdylanlar dykgat bilen diňlendi.

Ruhy gymmatlyklar — döwletli ýörelgeler

Milli aňyýetimizde däp-dessurlara, medeni we ruhy gymmatlyklara bolan mukaddes gatnaşyk kämillik bilen saklanyp gelinýär. Türkmen halky milli däp-dessurlarynda, durmuş ýörelgesidir sungatda, medeniýetde diňe kämil zatlary nesillere geçirýär. Milli aňyýeti baýlaşdyrýan kämil ruhy gymmatlyklar bilen nesiller terbiýelenýär. Ýaşlary milli ruhda terbiýelemek, halkyň ruhuny baýlaşdyrmak, jemgyýete kämil ugurlary ornaşdyrmak, düşünjäni ösdürmek, öwrenmek ukyplylygyny artdyrmak, ýaş nesli beýik maksatlara gönükdirmek bolsa, milli Liderimiziň baş maksatlarynyň biridir. Hormatly Prezidentimiz müňlerçe ýyllyk taryhy we däpleri bolan baý milli mirasymyza täze röwüş berdi, ruhy gymmatlyklarymyzy täzeden galkyndyrdy. Oraza aýynda ýerine ýetirilýän däp-dessurlar döwürleriň, nesilleriň we medeniýetleriň arasyndaky arabaglanyşygy üpjün edip, belent ahlak ýörelgelerini hem-de ynsanperwerligi özünde jemleýär. Yslam dünýäsinde uly orun eýeleýän Oraza aýy bilen bagly ýörelgeler Gündogar halklary bilen birlikde, türkmen halkynyň hem asyrlardan-asyrlara, nesillerden-nesillere dowam edip gelýän belent ahlak gymmatlyklaryny, däp-dessurlaryny, ynanç-adatlaryny özünde jemläp, ynam-ygtykady, sahawaty, terbiýäni, dostlugy, ynsanperwerligi dabaralandyrýar.

Oraza — aýlaryň serweri

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe halkymyzyň asyrlarboýy dowam edip gelýän ruhy-ahlak gymmatlyklaryna, asylly ýörelgelerine aýratyn ähmiýet berilýär. Munuň şeýledigine eziz Diýarymyzda Oraza aýynyň uly söýgi, şatlyk bilen garşylanmagy hem şaýatlyk edýär. Halkymyz Oraza aýyna sahawatyňdyr kanagatyň, halallygyňdyr haýyrly tutumlaryň aýy hökmünde garaýar. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, sahawatly, päk wyždanly bolmak, halal we arassa ýaşamak asyrlaryň dowamynda kalby hem ruhy tämiz halkymyzyň milli häsiýetleriniň esasy aýratynlyklarydyr. Ahlak tämizligine, rehim-şepagatlylyga we ynsanperwerlige beslenýän Oraza aýynda halkymyzyň süňňüne guýlan bu ebedi milli häsiýetler has aýdyň ýüze çykýar we halklary ýakynlaşdyrýan, doganlaşdyrýan ajaýyp gymmatlyklara öwrülýär.

Edebim — mertebäm

Şeýle at bilen Gökdepe etrap häkimliginiň mejlisler jaýynda zenanlaryň arasynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň etrap komitetiniň hem-de Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň etrap bölüminiň bilelikde guramagynda geçirilen duşuşyga etrabyň edara-kärhanalarynda zähmet çekýän gelin-gyzlar, mährem eneler gatnaşdy. Duşuşygy Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň etrap bölüminiň başlygynyň orunbasary N.Hojaýewa açyp, ýurdumyzda zenanlar hakynda edilýän alada, türkmen jemgyýetinde zenanlaryň orny we türkmen zenanyny bezeýän gözel ahlak sypatlar dogrusynda gürrüň etdi hem-de gelin-gyzlaryň bagtyýar durmuşy, ajaýyp şertlerde zähmet çekmegi, bilim almagy, döretmegi ugrunda edýän aladalary üçin döwlet Baştutanymyzyň adyna alkyş sözlerini aýtdy.

Ynsanperwer ýörelgeler rowaçlanýar

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen ata-babalarymyzdan gelýän milli däp-dessurlarymyz, ynsanperwer ýörelgelerimiz rowaçlanýar. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň 29-njy martynda Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen nobatdaky mejlisinde milli Liderimiz goldawa mätäç çagalara hemaýat bermek bilen bagly meselä ünsi çekip, haýyr-sahawat gaznasynyň döredilýändigini aýtdy. Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimizde çagalaryň bagtyýar ýaşamaklary, erkin hem bolelin durmuşda sagdyn ösmekleri, bilim-terbiýe almaklary üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Diýarymyzda ýaş nesilleriň beden we ruhy taýdan kadaly ösüşini üpjün etmek baradaky alada Gahryman Arkadagymyzyň hemişe üns merkezinde durýar. Eziz Diýarymyzyň ähli künjeklerinde çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezleri, çagalar baglary we beýleki bilim-terbiýeçilik edaralary, saglygy dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumlary gurlup ulanylmaga berildi.

Täzelikler, habarlar

TÄZE MÖWSÜME BADALGA BERILDIGolaýda ýurdumyzyň teatrlarynda täze möwsüme badalga berildi. Welaýatymyzyň Nurmuhammet Andalyp adyndaky döwlet sazly-drama teatry täze möwsümde tomaşaçylara «Çynymy aýtsam», «Saňa ýalan, maňa çyn», «Umytly söýgi» atly oýunlaryny hödürleýär. Teatryň ussat artistleriniň sahnalaşdyran oýunlary her hepdäniň anna, şenbe we ýekşenbe günleri sagat 19:00-da görkezilýär. «Sahna oýunlary gülküli we gyzykly wakalara baý bolup, tomaşaçylary biparh goýmaýar» diýip, teatryň edebiýat bölüminiň müdiri Öremyrat Öwezow gürrüň berýär. Spektakllarda ýaşlaryň durmuşy täsirli sahna görnüşleri arkaly beýan edilip, olarda söýginiň mukaddesligi, päkligi hakynda gürrüň edilýär. Şeýle hem, ata-enä hormat goýmak, söýgä, dostluga wepalylyk ýaly asylly häsiýetler wagyz edilýär. Oýunlar we olaryň görkeziliş tertibi hakyndaky doly maglumatlar bilen Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň turkmenteatrlary.gov.tm saýty arkaly tanşyp bolýar. Gurban GURBANOW,«Daşoguz habarlary». * * *

Halyçylar bäsleşdiler

Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygy hem-de Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli «Türkmenhaly» döwlet birleşigine degişli kärhanalarda zähmet çekýän halyçy gelin-gyzlaryň arasynda yglan eden  «Arkadag paýhasyndan ady dünýä dolan türkmen halysy» atly bäsleşiginiň welaýat tapgyry geçirildi. Gubadag etrabynyň merkezindäki medeniýet öýünde geçirilen bu bäsleşige Daşoguz çeper halyçylyk kärhanasynyň hem-de onuň etraplardaky önümhanalarynyň ezber elli halyçy gelin-gyzlary gatnaşdylar. Bu bäsleşigiň esasy maksady halyçy gelin-gyzlaryň şahsy başarnyklaryny açyp görkezmekden, olarda zähmetsöýerligi, edepliligi, türkmen zenanyna mahsus asyllylyk häsiýetleri terbiýelemekden, ýaşlarda haly sungatyna höwesi artdyrmakdan ybarat bolup, oňa gatnaşyjylar milli halylarymyzyň we haly önümlerimiziň taryhyny, bäş welaýata degişli aýratynlyklaryny, halkymyzyň öz halylaryna çäksiz söýgüsini hormatly Prezidentimiziň «Janly rowaýat», «Arşyň nepisligi» atly kitaplarynda, beýleki çeşmelerde berilýän maglumatlar, gürrüňler, rowaýatlar, däp-dessurlar arkaly açyp görkezmek, gözelligini wasp etmek boýunça çykyşlary ýerine ýetirdiler. Olaryň «Türkmeniň kalby — türkmen halysy», «Gadymy hem

Çagalaryň döredijiliginde parahatçylygyň waspy

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda giňden bellenilýän mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzda ýetilen belent derejeleri, ösüşleri giňden beýan edýän çäreleri ýaýbaňlandyrmak hem-de çagalaryň oňa gatnaşygyny pugtalandyrmak maksady bilen geçirilýän «Parahatçylyk: çagalaryň sesi» atly döredijilik bäsleşiginiň golaýda welaýat tapgyry geçirildi. Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Parahatçylyk gaznasynyň müdiriýetiniň, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň bilelikde yglan eden bu bäsleşigi umumybilim berýän orta mekdepleriň 4 — 11-nji synplarynda okaýan okuwçylaryň tebigy zehinlerini ýüze çykarmaga, olaryň döredijilik ukyplaryny ösdürmäge, parahatçylyk, hoşniýetli goňşuçylyk medeniýetini giňden wagyz etmäge, bagtyýar çagalaryň Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyza bolan egsilmez buýsançlaryny açyp görkezmäge ýardam etdi. Bäsleşige ýaş nesiller döredijilik pikirlerini, ukybyny, zehinini, çeperçilik ussatlygyny görkezmek üçin üç şert boýunça işlerini hödürläp, olaryň döreden eserleri welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň sergi zalynda giň orun aldy. Çeperçilik bilen ýerine ýetirilen işlerde Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda bagtyýarlyk döwrümizde döwletimiziň ösüşi, parahatçylyk söýüjilik ýörelgeleri, beýik özgertmeler, ýetilen sepgitler, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň gymmatlyklary, ýaşlaryň bagtyýar du

Watançylyk mekdebi

Hormatly Prezidentimiziň jöwher paýhasyndan dörän ajaýyp eserleri halkymyzyň ruhy we maddy gymmatlyklaryny täze röwüşde janlandyrýar. Eziz Arkadagymyzyň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitaby ösüp gelýän ýaş nesli terbiýelemekde nusgalyk mekdepdir. Türkmen halkynyň däp-dessurlary, edim-gylymlary, ýörelgeleri, milli mirasy kitabyň her bölüminiň içinden eriş-argaç bolup geçýär. Ajaýyp kitapda watançylyk duýgusynyň inçe pikirler bilen berilmegi, nesil terbiýesi bilen bagly tymsallaryň, rowaýatlaryň, nakyllardyr atalar sözleriniň getirilmegi eseriň many-mazmunyny has-da artdyrýar. Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzda halkymyzyň parahatçylyk söýüjiligini, kämil dünýägaraýşyny, mukaddes ýörelgelerini dünýä ýaýmakda, ruhy gymmatlyklaryny dabaralandyrmakda tapylgysyz çeşmä öwrülen eseriň «Ylym-bilim durmuşa ýagty saçýar» atly bölüminde şeýle setirler bar: «Taryhda bina edilen kuwwatly türkmen döwletlerinde ylym-bilim ýokary derejelerde ösdürilipdir. Ylym-bilim baýlygy bolsa, edil adamy adam edýän altyn ýörelgeleriň, ynsaplylyk, adalatlylyk, lebzine wepalylyk, edermenlik, halallyk, şükürlilik, gaýratlylyk ýaly häsiýetleriň ynsan üçin umumy bolşy ýaly, adamlaryň köňlüni açyp görkezýän baýlykdyr». Halkymyzyň asyrlaryň jümmüşinden şu günlerimize gelip ýeten milli mirasyna sarpa goýmakda, olary nesillerimize ýetirmekde, Watana, ene topraga söýgini berkitmekde Gahryman Arkadagymyzyň aja

Bagtyýar çagalaryň Diýary

Ýurdumyzda «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylymyz taryha altyn harplar bilen ýazyljak möhüm wakalara beslenýär. Muňa hormatly Prezidentimiziň 29-njy martda sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň mejlisi hem aýdyň güwä geçýär. Onda ýurt Baştutanymyzyň gol çeken Karary esasynda Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy döredildi. Munuň özi ata-babalarymyzyň asylly ýörelgelerine ygrarly Watanymyzyň bagtyýar çagalaryň Diýarydygyny aýdyňlygy bilen subut etdi. Milli Liderimiziň Karary bilen ýurdumyzda Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmegi döwletliligiň we ynsanperwerligiň alamatydyr. Bu ýörelgeler bolsa türkmen halkynyň ata-baba dowam edip gelýän özboluşly gymmatlyklarydyr. Halkymyz irki döwürlerden bäri ejizi goldamagy we mätäje hemaýat etmegi ynsanperwerligiň beýik nusgasy hasaplaýar. Munuň özi şöhratly we ynsanperwer türkmen halkynyň bütin adamzat üçin nusga alarlyk baý taryhy durmuş tejribesini hakykat ýüzünde doly aýan edýär.

Merdana pederlerimiziň nusgalyk göreldesi

Ýaş nesilleri terbiýelemegiň ygtybarly çeşmesidir Halkymyzyň gadymyýete uzaýan şanly taryhynda yz galdyran şahsyýetleriň durmuş ýollaryny içgin öwrenmek we olary ösüp gelýän ýaş nesle öwretmek milli terbiýe ulgamymyzda aýratyn ähmiýete eýedir. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda baý taryhymyzy we medeni gymmatlyklarymyzy düýpli öwrenmek we olary dünýä ýaýmak ugrunda giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Bu ugurda ähli mümkinçilikleri döredip berýän milli Liderimiz geljekki nesillerimiziň peder ýörelgelerine ygrarly terbiýelenmegine aýratyn üns berýär. Watan goragçylarynyň watansöýüji ruhda terbiýelenmekleri üçin taryhy şahsyýetlerimizdir merdana serkerdeleriň akyl-paýhasyny, baý durmuş tejribesini öwrenmek zerur bolup durýar. Bu barada hormatly Belent Serkerdebaşymyz «Mertler Watany beýgeldýär» atly kitabynda: «Taryhymyzy, Watan goragynda är işini bitiren serdarlaryň, gerçekleriň, batyrlaryň, gahrymanlaryň ömri, söweş ýoly, edermenligi bilen baglanyşykly taryhy maglumatlary içgin öwreniň, olardan görelde alyň, Watanymyzyň, Ýaragly Güýçlerimiziň gahrymançylykly taryhyny baýlaşdyryň!» diýip belleýär.

Belent binalaryň artýar hatary

Hormatly Arkadagymyzyň şähergurluşyk maksatnamasynyň üstünlikli berjaý edilmegi netijesinde berkarar Diýarymyzyň ýüregi gözel paýtagtymyz sanlyja ýylyň içinde tanalmaz derejede özgerip, ajaýyp şähere öwrüldi. Paýtagtymyzyň ajaýyp binagärlik toplumynyň üsti durmuş-medeni maksatly täsin desgalar, döwrebap edara binalary, çagalar baglarydyr orta mekdepler, gyralary al-elwan güllere beslenen, aýna kimin tekiz ajaýyp ýollar bilen ýetirilýär. Ýurdumyzyň ösüşine, halkymyzyň eşretli durmuşyna gönükdirilip, amal edilýän beýik işler halkymyzda egsilmez güýji, ruhubelentligi kemala getirýär, gurmaga, döretmäge bolan höwesi artdyrýar. Aşgabat häzirki wagtda kuwwatly ykdysadyýetiň, ösen senagatyň, ylmyň we innowasiýalaryň, milli binagärligiň ajaýyp ýörelgeleriniň, gurmagyň we döretmegiň, beýik ösüşleriň dabaralanýan şäherine öwrüldi. Şunda binalaryň täsin binagärligi, ýokary hil derejesinde gurulmagy aýratyn guwandyryjydyr. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygy, Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň ähli ýerlerinde bolşy ýaly, paýtagtymyzda hem il-ýurt ähmiýetli binalar dabaraly ýagdaýda ulanmaga berler. Bular babatda golaýda hormatly Prezidentimiziň Aşgabat şäheriniň häkimliginde geçiren iş maslahatynda aýratyn gürrüň edildi. Iş maslahatynda hödürlenen taslamalar paýtagtymyzyň mundan beýläkki ösüşlerinde möhüm ähmiýete eýe bolar. Goý, gözel şäherimiz Aşgabady ös

Bagtyýarlyk mukamy

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen eziz Watanymyzyň beýik ösüşlere beslenýän zamanasy bolan Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe merjen şäherimiz Aşgabat dünýäniň parahatçylyk dörediji merkezine öwrüldi. 2019-njy ýylyň 12-nji sentýabrynda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan Türkmenistanyň başlangyjy bilen «2021-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan etmek hakyndaky Kararnamanyň kabul edilmegi Gahryman Arkadagymyzyň umumadamzat bähbitli öňe sürýän başlangyçlarynyň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan uly gyzyklanma, goldawa eýe bolýandygynyň aýdyň subutnamasyna öwrüldi. 2021-nji ýylyň ýurdumyzda «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilmegi hem hut şu belent maksatlardan gözbaş alýar. Ylalaşdyryjy we işewürlik merkezi hökmünde paýtagtymyzyň dünýä jemgyýetçiligindäki ornunyň we ähmiýetiniň ýylsaýyn pugtalanýandygy buýsanç bilen bellenilmäge mynasypdyr. Ak şäherimizde gurulýan binalaryň ençemesi halkara derejesindäki maslahatlary, forumlary geçirmäge niýetlenendir. Häzirki wagtda paýtagtymyzyň gözel künjeginde gurluşygy batly depginler bilen alnyp barylýan köpugurly işewürlik merkezli «Garagum» myhmanhanasy bu aýdylanlara aýdyň mysal bolup biler. Binagärlik taýdan özboluşly aýratynlyga eýe bolan bu desgany merjen paýtagtymyz Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygynyň uly joşgun bilen bellenilýän günlerinde dabara

Aýdyň geljegiň nury

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň çuň parasata ýugrulan öňdengörüjilikli döwlet syýasatynyň netijesinde ýurdumyzda amal edilýän beýik işler, gurmagyň we döretmegiň röwşen ýolunda ýetilen belent sepgitler täze taryhyň altyn sahypalaryny bezeýär. Berkarar Diýarymyzda bagtyýar durmuş öz eşretini eçilýär, beýik ösüşler bilen dabaralanýar. Ýurdumyz dünýäniň ösen döwletleriniň hataryna okgunly goşulýar. Watanyň, mukaddes topragyň, halkyň ykbaly göterilýär, möhüm ähmiýetli desgalar gurulýar, ýaşaýyş üçin oňyn şertler döredilýär, şöhratly geljegiň binýady berkden tutulýar. Şunda gözel paýtagtymyzyň öňde goýlan belent maksatlaryň dabaralanmagynyň öňüni çekip barýanlygy aýratyn guwandyryjydyr. Ýakyn wagtlarda paýtagtymyzyň Çandybil hem-de Arçabil şaýollarynyň aralygynda gurulýan aýlaw görnüşli «Arkadag» myhmanhanasynyň, Halkara Maslahatlar merkeziniň, Hökümet münberiniň kaşaň binalary, başga-da birnäçe desgalar ulanmaga berler. Munuň özi paýtagtymyzy döwrebaplaşdyrmak, syýasy, ykdysady, medeni, syýahatçylyk we sport ugurlarynda halkara gatnaşyklaryny ösdürmek we pugtalandyrmak boýunça ençeme wezipeleriň hem üstünlikli çözgüdini esaslandyrýar. Ak şäherimiziň ençeme giň hem owadan şaýollarydyr köçeleri, olaryň ugurlaryndaky dünýä ülňülerine laýyk gelýän ýaşaýyş jaýlarydyr edara-kärhanalaryň täsin binalary, seýilgählerdir dynç alyş we sport meýdançalary bu gü