"Diýar" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-56, 39-95-30, 39-95-23
Email: diyar-zurnaly@sanly.tm

Habarlar

Täze wezipeler — ösüşe badalga

Ata Watanymyz hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ösüşiň täze belentliklerine tarap ynamly öňe barýar. Dünýäde ykrar edilen milli Liderimiziň döwletlilik ýoly parahatçylygyň hem ynanyşmagyň, durnukly ösüşiň ýoly bolup dünýä ýaň salýar. Bu hakykat ýurdumyzda bolup geçýän taryhy wakalar bilen has-da baýlaşýar. Ýaňy-ýakynda hormatly Prezidentimiziň milli parlamentiň deputatlary bilen duşuşygynda eden taryhy çykyşynda ýurdumyzyň bagtly geljegi üçin alnyp barylmaly işler barada dürli ugurlara degişli tabşyryklary bermegi, ýurdumyzyň ähli pudaklarynyň kanunçylyk binýadyny pugtalandyrmak boýunça degişli wezipeleri öňde goýmagy her pursatda täzelenişi hemra edinip, ýokary tizlikli ösýän döwletimizde ak ýollarda üstünlikli sepgitlere aýgytly gadam goýulýandygyny ýene bir ýola aýdyň görkezdi. Gahryman Arkadagymyz üstümizdäki ýylyň taryhy wakalaryna, tutumlaryna degişli işleri deputatlar bilen bilelikde syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik guramalaryň wekilleriniň halkyň arasynda geçirmeli işleri barada beren tabşyryklary öz işimizi ösen döwrüň talabyna mynasyp derejede guramaga we alyp barmaga uly itergi berdi. Ýurdumyzyň içeri we daşary syýasatynda bolup geçýän özgertmeleri halkyň aňyna ýetirmekde syýasy-jemgyýetçilik guramalaryň wekilleriniň işine bil baglaýan Gahryman Arkadagymyz olar bilen taryhy duşuşyklary geçirip, ösüşiň hil taýdan kämil derejesini üpjün

Mähriban siz, gahryman siz, zenanlar!

Güneşli ülkämize pasyllaryň soltany baharyň gelmegi bilen tebigat gaýtadan janlandy, degre-daşymyz al-elwan güllere beslendi, baglar ak patrak kimin gül açdy. Ynha, tebigatyň şeýle ajaýyp keşbe giren çagynda, baharyň ilkinji günlerinde ýurdumyzda Halkara zenanlar güni giňden bellenildi. Oba-şäherlerimizde uludan tutulan toý-dabaralarda ýerine ýetirilen joşgunly aýdym-sazlar, aýdylan ýagşydan-ýagşy arzuw-dilegler mähriban zenanlarymyza bagyşlandy. Türkmen jemgyýetinde zenanlaryň sarpasy belent tutulýar, olar üçin durmuşda ähli ýeňillikler döredilýär. Her ýyl hormatly Prezidentimiziň sahawatly başlangyçlary esasynda zenanlarymyza pul sowgadynyň gowşurylmagy-da munuň aýdyň subutnamasydyr. Halkara zenanlar güni mynasybetli Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň zenan harby gullukçylaryna we işgärlerine baýramçylyk sowgatlaryny gowşurmak dabarasy geçirildi. Oňa ykballaryny Watanyň, ene topragyň ykbaly bilen mäkäm baglap, ýurdumyzyň asudalygyny ähli zatdan ileri saýyp, halkymyza, hormatly Belent Serkerdebaşymyza, ulus-ilimize ak ýürekden gulluk edýän zenanlar gatnaşdylar.

Dabaraly maslahat

Ýaňy-ýakynda Türkmenistanyň jemgyýetçilik guramalarynyň merkezi edarasynyň binasynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi hem-de Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň bilelikde guramaklarynda dabaraly maslahat geçirildi. Oňa ýurdumyzyň ýaşuly nesliniň wekilleri, ýazyjy-şahyrlar hem-de harby gullukçylar gatnaşdylar. Dabarada çykyş edenler «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda durmuşa geçirilýän beýik özgertmeler, ýaşlar babatyndaky edilýän aladalar, häzirki wagtda paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň 140 ýyllygy hem-de mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramçylyklary mynasybetli görülýän ýokary derejeli taýýarlyk işleri dogrusynda buýsançly söhbet etdiler. Milli Liderimiz her bir çykyşynda döwletimiziň bagtyýar geljegi hökmünde ýaş nesliň watançylyk terbiýesine aýratyn ähmiýet berilmelidigini belleýär. Çünki Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýaşlarymyzyň ýokary bilimli, sagdyn ruhly, berk bedenli bolup ýetişmekleri üçin giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Dabarada çykyş edenler halkymyzyň bolelin durmuşda ýaşamagy, döwletimiziň halkara abraýynyň has-da belende göterilmegi, türkmen ýaşlarynyň bagtyýar geljegi üçin ägirt uly işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň janynyň sag, belent başynyň aman, tutumly işleriniň hemişe rowaç bolmagyny arzuw etdiler.

Bahar buşlukçysy

(Şahyrana oýlanma) Daglaryň garlary eräp, daragtlaryň şahalary pyntyk ýaryp, ýere ýyly gidip başlan, guşlaryň nagmasy äleme dolýan pursady — her ýylyň baharynda söýgüli şahyrymyz Halyl Kulyýewiň «Bahar buşlukçysy» goşgusy köpleriň biygtyýar serine gelse gerek...

Baýramçylyk bäsleşigi

Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň hatarynda harby gullugy geçýän zenan harby gullukçylaryň ata Watanymyza, milli medeni mirasymyza, sungatymyza, däp-dessurlarymyza bolan söýgülerini, türkmen zenanlaryna mahsus edep-ekramlylyk, mähir-mylakatlylyk häsiýetlerini we döredijilik başarnyklaryny ýüze çykarmak maksady bilen, Halkara zenanlar güni mynasybetli zenan harby gullukçylaryň arasynda «Merdanalygyň nusgasy siz, zenanlar!» atly bäsleşigi geçirildi. Zenan harby gullukçylar bäsleşigiň düzgünnamasyna laýyklykda 5 şert boýunça öz aralarynda bäsleşdiler. Bäsleşigiň birinji şerti, saýlap alan käriniň wajyplygyny, öňünde goýan maksatlaryny, milli-ruhy gymmatlyklarymyza bolan söýgüsini çeper wasp etmek. Ikinji şertinde bolsa, zenanlar özleriniň sungata, döredijilige bolan ukyplaryny görkezip, türkmen zenanyna mahsus bolan edep-ekram, abraý-mertebe barada goşgyny ýerine ýetirmek. Bäsleşigiň üçünji şertinde taryhda öçmejek yz galdyran, gahrymançylyk görkezen zenanlaryň keşbini janlandyrmak. Dördünji şert bolsa, ata-babalarymyzyň «El hünäri il gezer» diýen nakylyndan ugur alyp, gadymdan gelýän çeper el işlerinden öz başarjaňlygyny görkezmek. Jemleýji bäşinji şert bolsa «Bereketli türkmen saçagy» atly kitapdan ugur alyp, unaş kesmek.

Arkadagyň pähimi bilen

Türkmenistan, ata-baba baky bagtyň mekany sen, Sähralaňda müşgün saçýan ak baharlaň soltany sen,

Parahatçylyk — baky bagtyň şuglasy

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda Türkmenistan Diýarymyz ruhubelentligiň, bagtyýarlygyň, agzybirligiň, asudalygyň, jebisligiň, sagdynlygyň nusgasyna öwrüldi. Golaýda Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýyly mynasybetli Ýolöten etrap häkimliginiň, TDP-niň we TAP-nyň etrap komitetleriniň, TKA-nyň etrap birleşmesiniň, TMÝG-niň etrap geňeşiniň guramagynda «Kalbymyzda Arkadaga alkyşlar, dillerimizde ajap döwrüň aýdymy» atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Wagyz-nesihat çäresinde TDP-niň etrap komitetiniň başlygy Toýly Anyşow, TAP-nyň etrap komitetiniň başlygy Ýagşymyrat Tairow, TKA-nyň etrap birleşmesiniň başlygy Rozymuhammet Artykow, TMÝG-niň etrap geňeşiniň başlygy Serdar Muhyýew çykyş etdiler. Olar öz çykyşlarynda Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany ýylynda gazanylan üstünlikler, ýetilen sepgitler barada we şu ýylyň dost-doganlyk, watansöýüjilik, parahatçylyk we ynanyşmak gatnaşyklarynyň hormatly Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde giň gerime eýe bolýandygy dogrusynda işjeň gürrüň etdiler. Şeýle hem şu ýyl uly dabara bilen bellenilip geçiljek şanly Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygynyň toýuna görülýän taýýarlyk işleri barada durup geçdiler.

Özgerýän we gülläp ösýän Aşgabat döwlet Baştutanymyzyň döredijilik ylhamynyň nyşanydyr

Döwrebap ylym-bilim merkezi Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Ak mermerli ajaýyp binalary, giň şaýollary, seýilbaglary we seýilgähleri, suw çüwdürimleri bilen häzirki döwrüň Aşgabady hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň yzygiderli alyp barýan oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik we «Açyk gapylar» syýasatynyň hem-de halkara hyzmatdaşlygyň ykrar edilen merkezi bolup, Türkmenistanyň dünýä derejesinde belent abraýa eýe bolmagyny üpjün etdi.

Gözelligiň şäheri

Ak şäherimiz Aşgabat şu ýyl 140 ýaşyny belleýär. Ilkibaşda Aşgabat çeşmesiniň boýundaky 800 çemesi ak öýden ybarat bolan kiçeňräk oba bu gün ak mermere beslenen müňlerçe gözel ymaratlary özünde jemleýän ajaýyp şähere öwrüldi. Ilki-ilkiler şäheriň köçeleri dar, egrem-bugram görnüşde bolan bolsa, bu gün döwrebap şaýollary, birnäçe gatly ýollar, köprüler, ýerasty hem ýerüsti pyýada geçelgeler paýtagt şäherimize iň döwrebap görnüş berýär. Şäherimiz bu gün dünýäniň ählitaraplaýyn ösen şäherleriniň arasynda mynasyp orun eýeleýär. Gözel paýtagtymyz bu günki gün ýurdumyzyň ýüregi hökmünde durmuş-ykdysady düzümleriň uly toplumyny özünde jemleýär. Bilim edaralarynyň ençemesini özünde ýerleşdirýän Aşgabat ýurdumyzyň dürli künjeklerinden gelýän ýaşlary gujak açyp garşy alýar.

Göwher gaşly Aşgabat

Hormatly Prezidentimiz Aşgabady ösdürmek, paýtagtymyzda täze taslamalary üstünlikli durmuşa geçirmek we onuň durmuş düzümini toplumlaýyn esasda döwrebaplaşdyrmak babatda taýsyz tagallalary edýär. Şeýle tagallalar netijesinde berkarar Watanymyzyň ak mermerli paýtagty gözümiziň alnynda günsaýyn ösýär, özgerýär we dünýäniň iň owadan, nurana şäherleriniň birine öwrülýär. Aşgabadyň özgerýän keşbinde häzirki taryhy döwrümiziň döredijilik ruhy aýdyň duýulýar. Gahryman Arkadagymyzyň bimöçber aladalary netijesinde, baş şäherimizde yzygiderli gurlup, ulanylmaga berilýän binalardyr desgalar paýtagtyň ýaşaýjylarynyň döredijilikli işlemegine, amatly dynç almagyna, sport bilen meşgullanmagyna giň amatlyklary açýar. Şeýle binalaryň we desgalaryň binagärlik hem-de bezeg işlerinde sanly ulgamyň, täzeçil tehnologiýalaryň we öňdebaryjy tejribeleriň ulanylmagyna aýratyn ünsüň gönükdirilýändigi has-da buýsandyryjydyr.

Möhüm syýasy çäre

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly döwlet syýasatynyň netijesinde, hakyky halk häkimiýetliliginiň köpasyrlyk ýörelgeleri mynasyp dowam etdirilýär. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen üstümizdäki ýylyň 28-nji martynda geçiriljek Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalygyna saýlawlar hem onuň aýdyň güwäsidir. Döwletimiziň Saýlaw kodeksine laýyklykda, 6-njy fewralda badalga alan bu möhüm syýasy çärä taýýarlyk işleri meýilnama laýyk üstünlikli alnyp barylýar. Şu güne çenli welaýat, etrap we şäher halk maslahatlarynyň mejlislerinde dalaşgärler ara alnyp maslahatlaşyldy, mynasyp dalaşgärleri bellige almak çäresi 7-nji martda tamamlandy. Bellige alnan dalaşgärlere Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi topar tarapyndan degişli resminamalar dabaraly ýagdaýda gowşurylyp, saýlawlaryň öňýanyndaky ähli çäreler demokratik, aýanlyk, köppartiýalylyk hem-de giň bäsdeşlik esasynda geçirildi.

Zenan bagtyýarlygy — ýurduň bagta ýarlygy

Ýaňy gadam goýan bahar paslymyzyň gözelligine gözellik goşup, ýurdumyzda Halkara zenanlar güni uludan bellenip geçildi. Şatlyk-şowhuny bilen «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylyny bezän bu ajaýyp baýramçylyk mynasybetli, paýtagtymyzda we ähli welaýatlarymyzda konsertler, dürli maslahatlar, sergiler, döredijilik duşuşyklary, şeýle hem wagyz-nesihat çäreleri guraldy. Döwlet Baştutanymyzyň: «8-nji martda dabaralary guramak bilen, biz zenanlarymyza çuňňur hormatymyzy, hoşallygymyzy beýan edýäris hem-de olaryň jemgyýetde, ýurdumyzyň syýasy, ykdysady we medeni mümkinçiliklerini artdyrmakda eýeleýän ornuny açyp görkezýäris» diýşi ýaly, bu baýramçylyk biziň döwletimizde zenan mertebesiniň juda belentdedigini ýene bir gezek bütin halkara jemgyýetçiligine görkezdi. Baýramçylyk dabaralarynyň çäklerinde Halkara zenanlar güni mynasybetli ýurdumyzyň aýal-gyzlaryna Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan pul sowgatlarynyň berilmegi, köp çagaly enelere «Ene mähri» diýen hormatly adyň dakylmagy hem-de olaryň birnäçesine ähli amatlygy bolan täze ýaşaýyş jaýlarynyň açarlarynyň gowşurylmagy, şeýle hem «Ýylyň zenany» we «Talyp gözeli — 2021» bäsleşikleriniň geçirilmegi baýramçylyga aýratyn röwüş çaýyp, watandaşlarymyzyň Gahryman Arkadagymyza bolan hoşallyk duýgusyny has joşdurdy.

Garaşsyzlyk müdimilik mukaddeslik!

Hormatly Prezidentimiz 2020-nji ýylda, ýagny «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynda Garaşsyzlyk güni mynasybetli halkymyza Gutlagynda: «Türkmen halky Garaşsyzlygynyň ilkinji günlerinden başlap, belent maksady — demokratik, hukuk, dünýewi döwletiň esaslaryny berkarar etmek, raýat jemgyýetini gurmak ýoluny saýlap aldy. Şoňa görä-de, biz Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe özbaşdak ösüşiň röwşen ýoly bilen ata Watanymyzy ösüşleriň täze belentliklerine tarap bedew bady bilen öňe alyp barýarys» diýdi. Eýýäm şu jümleden Türkmen döwletiniň özbaşdak ýaşaýşa gadam goýan ilkinji pursatlaryndan dogry ýoly saýlap alandygyny, ol ýol bilen bedew batly öňe gidip, uly belentliklere ýetendigini duýmak kyn däl. Elbetde, «duýmak» diýenimde men ýaş nesli göz öňünde tutýaryn, orta we uly ýaşly adamlar bolsa Garaşsyzlygyň gadamlaryna aýak goşup, her bir ösüş-özgerişe gözli şaýat bolan, kesp-kärine, ukybyna görä şol işlere goşant goşan adamlar. Indi 30 ýylyň içidir, biz mukaddes Garaşsyzlygymyzyň hem maddy, hem ruhy eşretlerini görüp, bagtyýar durmuşda ýaşaýarys. Elbetde, bu döwür taryh üçin juda bir uly möhlet däl, emma şol ýyllarda özbaşdak ýaşap, ata-baba ruhumyza kybap milli ýolumyzdan ýöräp gazanan köpugurly ösüşlerimiz welin, döwletimiziňem, halkymyzyňam durmuşynda görlüp-eşidilmedik özgerişlikleri döretdi. Şonuň üçin, bu günki gün geçilen ýola gysgaça ser salmaga, taryh üçin uzak

Parahatçylyk we ynanyşmak - halkymyzyň gadymy ýörelgeleri

Hormatly Prezidentimiziň ajaýyp başlangyjy esasynda 2021-nji ýylyň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilmegi ýurdumyzyň durmuşynda şatlykly waka boldy. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygynyň dabaraly bellenilýän ýylynyň şeýle atlandyrylmagy ýurdumyzyň halkara abraýyny belende götermekde, halkymyzyň müňýyllyklara uzaýan şöhratly taryhynda aýratyn orny eýeleýän parahatçylyk we ynanyşmak ýörelgelerini has-da dabaralandyrmakda möhüm ähmiýete eýe bolar. Gahryman Arkadagymyz «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» atly kitabynda halkymyzyň parahatçylyga, ynanyşmaga, hoşniýetli gatnaşyklara goýýan hormat-sarpasyny, ata-babalarymyzyň parahatçylyk söýüjilik, ynsanperwerlik ýörelgelerini çuňňur paýhaslaryň üsti bilen giňden beýan edýär. Bu kitaby içgin okadygyňça, öňe sürülýän belent pikirler parahatçylyga we ynanyşmaga söýgiňi joşdurýar. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň hem-de hemişelik Bitaraplygymyzyň taryhy gözbaşlara, gadymy hem mizemez köklere daýanýandygy, halkymyzyň goşa ganatyna öwrülen bu mukaddesliklerimiziň buýsançly geljegimiziň täze gözbaşydygy, ebedi ýolumyzdygy, ertirki durmuşymyzyň sagdyn esaslarydygy bu kitapda aýratyn nygtalýar. Gahryman Arkadagymyzyň öz kitabynda aýdyşy ýaly: «Halkymyzyň parahatçylyk, oňşuklylyk, ynsanperwerlik ýörelgeleri häzirki döwürde döwletimiziň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesi we onuň pugtalanmagy bile

Aşgabat - açyk asmanyň astyndaky galereýa

Sungaty öwrenijileriň pikirlerine görä, nakgaşlyk seredip, synlap bolýan sungat, heýkeltaraşlyk daşyndan aýlanyp bolýan sungat, binagärlik içinden geçip bolýan sungat. Ine, her gezek Aşgabat hakynda bir zat ýazmaly bolanda şu pikirler ilki sere gelýär. Aşgabat ― sungat eserleriniň jemlenen ýeri ― galereýasy. Onuň islendik künjeginde durup, nakgaşlyk, heýkeltaraşlyk, binagärlik eserleriniň iň ajaýyp nusgalaryny synlap bolýar. Onuň islendik künjeginde durup, guşlaryň, agaçlaryň, çüwdürimleriň, «dag tarapdan typyp gelen «ýaşyl» şemalyň, mymyk şemalyň», şadyýan çagalaryň, sazlaşykly geçip duran ulaglaryň seslerinden düzülen simfoniki sazy diňläp bolýar. Onuň islendik künjeginde al-gyzyl gülleri synlap, parfýumeriýa sungatynyň iň tebigy nusgalaryny (belki-de ony başgaça aýtmalydyrys, meselem, aromaterapiýa bejergisiniň iň tebigy serişdelerini) kabul edip bolýar. Onuň asuda, erkana, nurana, dostana keşbi ― şahyr Kakamyrat Rejebowyň sözi bilen aýtsak, «Bagtyň suraty». Hormatly Prezidentimiz 25-nji fewralda ýurdumyzyň deputatlar düzümi bilen bolan duşuşygynda häzirki döwürde paýtagtymyz Aşgabady ÝUNESKO-nyň şäherleriň döredijilik ulgamyna girizmek boýunça zerur işleriň amala aşyrylýandygyny aýtdy. Munuň özi ak mermerli paýtagtymyz Aşgabadyň 140 ýyllygy mynasybetli durmuşa geçirilýän işleriň iň öňdengörüjiliklisi, ýakymlysy, möhümi, ajaýybydyr.

Gender deňligini gazanmak: durnukly ösüş maksatlarynyň wajyp ugry

Häzirki zaman jemgyýetinde erkekleriň hem-de aýallaryň hukuklarynyň ykdysady we durmuş ulgamlarynda deňligine uly üns berilýär. Bu deňligiň derejesi raýat jemgyýetiniň ösüşiniň ölçegleriniň biri hasap edilýär. Zenanlaryň jemgyýetdäki orny, esasan, ýurduň ösüşiniň durmuş-ykdysady we syýasy aýratynlyklaryna bagly bolup durýar. Zenanlar babatda döwlet syýasaty — munuň özi durmuş syýasatyň bir düzüm bölegi bolup, iri durmuş-demografik topar hökmünde zenanlaryň bähbitlerini nazara almak bilen, olaryň hukuk we durmuş derejesini kemala getirýär, jemgyýet bilen özara gatnaşyklaryny kadalaşdyrýar. Türkmenistan umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlary bilen dünýä jemgyýetçiliginiň ünsüni özüne çekýär. Ýurdumyz häzirki wagtda halkara giňişligine işjeň goşulyşýan, Durnukly ösüş maksatlaryny yzygiderli durmuşa geçirýän ýurt hökmünde tanalýar.

Parahatçylyk — bagtyýarlygyň şuglasy

Halkymyzyň müňýyllyklaryň dowamynda ýöredip gelen hoşniýetlilik ýörelgeleriniň Garaşsyzlyk ýyllarynda dünýä döwletleri tarapyndan doly ykrar edilmegi diýseň buýsançlydyr. Munuň özi türkmen halkynyň hoşniýetli ynsanperwer gatnaşyklarynyň umumadamzat bähbitlerine laýyk gelýändigi bilen berk baglanyşyklydyr. Milli Liderimiziň “Döwlet adam üçindir!” diýen baş ýörelgesi, parasatly syýasaty Diýarymyzda ynsanperwerligiň hem-de adalatyň berkarar edilmeginiň, demokratik we hukuk döwletini kämilleşdirmegiň aýdyň ýoly bolup durýar. Hemişe parahatçylyga, dostluga we ynanyşmaga belent sarpa goýup, bu ýörelgelere uýup gelen türkmen halkynda “Iller agzybir bolsa, ýurtlar abadan”, “Ynanyşmak — dostlugyň mizemez binýady” diýen ynançlar bar. Bu ynançlar halkymyzy bagtyýarlyga eýe etdi, döwletli döwrana ýetirdi. Şeýlelikde, Türkmenistan gysga döwür içinde öz saýlap alan syýasy ýoluna doly wepalydygyny, Zemine parahatlyk nuruny çaýýan hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň ähli borçlaryny we talaplaryny gyşarnyksyz berjaý edýändigini dünýä ýüzünde doly subut etdi.

Belent binalaryň sazlaşygy

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe paýtagtymyz Aşgabadyň keşbiniň döwrebap gözelleşmegi, abadanlaşmagy Gahryman Arkadagymyzyň durnukly ösüşi nazarlaýan beýik işlerinden gözbaş alýar. Paýtagtymyzda üstünlikli alnyp barylýan şähergurluşyk-binagärlik maksatnamasy esasynda ak şäherimiz Aşgabat gün-günden gözelleşýär. Mermer binalaryň özara sazlaşygyny emele getirýän özboluşly şähergurluşyk tejribesi paýtagtymyzyň gaýtalanmajak, ajaýyp gözelligine görk goşýar. Işjeňligi, zähmetsöýerligi, erjelligi, bina galdyrmakda, ýol, köpri gurmakda özünden soňkulara mizemez miras galdyran ata-babalarymyzyň binagärlik sungaty häzirki döwürde mynasyp dowam etdirilýär hem-de döwrebap ösdürilýär. Häzirki zaman ülňüleriniň özara sazlaşdyrylmagyndan emele gelen nurana binalaryň yzygiderli gurulmagy, ýurdumyzyň senagatlaşmagy göwünleri galkyndyrýar. Eziz Diýarymyzyň toplumlaýyn senagatlaşýandygyny paýtagtymyz Aşgabadyň ýurdumyzyň iri işewürlik, dolandyryş we jemgyýetçilik-syýasy merkezine öwrülmeginiň, bu ýerde uly medeni, döredijilik, intellektual mümkinçilikleriň jemlenmeginiň mysalynda görmek bolýar. Merjen şäherimiz Aşgabadyň ajaýyp hem-de täsin desgalarynyň Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabynda mynasyp orun tapmagy türkmen paýtagtynyň ylym-bilimiň, halkara hyzmatdaşlygynyň merkezi hökmünde mertebesiniň ýokarlanmagy döwlet Baştutanymyzyň pähim-paýhasyndan gözbaş alýar.

Üç sazlaşyk: döwrüň belentligi dünýä ýol açýar

Hormatly Prezidentimiz Garaşsyzlygyň we Bitaraplygyň türkmen döwletliliginiň goşa sütünidigini, Türkmenistanyň şu sütünlerde ynamly orun alyp, Ýer ýüzündäki köp sanly dostlary bilen bilelikde hyzmatdaşlygyň, ösüşiň we abadançylygyň täze belentliklerine tarap ynamly öňe barýandygyny buýsanç bilen belleýär. 2021-nji ýylyň Türkmenistanyň başlangyjy boýunça dünýäde «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip atlandyrylmagy bilen baglylykda, milli derejede «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ady berlen bu ýylyň şygary türkmen döwletliliginiň goşa ganaty bolan mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk, baky Bitaraplygymyzyň 25 ýyllyk şanly seneleri bilen özboluşly sazlaşýar. Bu gün şu üç sazlaşyk biri-biriniň üstüni ýetirip, ýurdumyzyň içeri we daşary syýasatynda gazanylýan üstünlikler arkaly dünýä ýaýylýar. Aýdylyşy ýaly, daşary syýasat içerden başlanýar. 2021-nji ýyl bolsa baky Bitarap Türkmenistanyň üstüne örän uly jogapkärçilikleri ýükleýär. Milli Liderimiziň başlangyjy bilen ýurdumyz parahat dünýä gurmak meýlini halkara bileleşigiň dykgatyna ýetirip, BMG-niň Baş Assambleýasynyň «2021-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamasynyň biragyzdan goldanylmagyny gazandy. Şu Kararnamanyň maksatdyr wezipeleriniň iş ýüzünde amal edilýän ýylynda Türkmenistan döwlet Garaşsyzlygynyň 30-njy ýubileýini hem giňden dabaralandyrýar. Hormatly P

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

5-nji martda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň geçen iki aýynda milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi, içeri we daşary syýasatyň möhüm meselelerine garaldy. Şol meseleleriň çözülmegi bolsa halkymyzyň abadançylygyny üpjün etmäge gönükdirilendir. Döwlet Baştutanymyz mejlisiň gün tertibine geçip, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Müşşikowa söz berdi. Wise-premýer 2021-nji ýylyň ýanwar-fewral aýlarynyň makroykdysady görkezijileri barada hasabat berdi.