"Diýar" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-56, 39-95-30, 39-95-23
Email: diyar-zurnaly@sanly.tm

Habarlar

Beýik maksatlaryň oňyn netijeleri

Watanymyzyň durnukly ösüşini üpjün etmek, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini yzygiderli gowulandyrmak, raýatlaryň abadan durmuşyny üpjün etmek hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň alyp barýan döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Netijede, milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda düýpli özgertmeler amala aşyrylýar, sanly ulgama geçmek, täze iş orunlaryny döretmek boýunça işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Munuň şeýledigini geçen hepdäniň wakalary aýdyňlygy bilen subut etdi. 12-nji iýulda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda ykdysadyýetiň pudaklarynda şu ýylyň geçen alty aýynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça kabul edilen maksatnamalaryň ýerine ýetirilişi ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem ýolbaşçylary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak bilen bagly meselelere garalyp, ýylyň ikinji ýarymy üçin wezipeler kesgitlenildi.

Ýüreklerde alkyş bar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň eşretli durmuşyň hözirini görüp ýaşamagy, netijeli we döredijilikli zähmet çekmegi ugrunda maksatnamalaýyn işler durmuşa geçirilýär. «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» ilatymyzyň ýaşaýyş şertlerini hem-de durmuş taýdan goraglylygyny ýokarlandyrmak bilen bagly göz öňüne tutulan wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegi bolsa, has-da guwandyrýar, buýsandyrýar. Ýurdumyzyň alyp barýan syýasatynyň bagtyýar raýatlaryň hal-ýagdaýyny yzygiderli gowulandyrmaga gönükdirilendigini aýratyn belläp geçýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ilatyň abadan ýaşaýşyny üpjün etmekde, Diýarymyzy hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösdürmekde alyp barýan işleriniň bu gün giň gerime eýedigini her bir ädimde görmek we duýmak bolýar. Hormatly Prezidentimiziň 12-nji iýulda geçiren Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisiniň barşynda 2025-nji ýylyň ýanwaryndan başlap, zähmet haklaryny, pensiýalary, döwlet kömek pullaryny we talyp haklaryny 10 göterim ýokarlandyrmak baradaky Permana gol çekmegi hem bu babatdaky tagallalaryň rowaçlanýandygynyň nobatdaky dabaralanmasyna öwrüldi.

Durnukly ösüşiň görkezijisi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli ykdysadyýetimiziň ähli ugurlary boýunça gazanylýan üstünlikler bilen eziz Watanymyz dünýäniň ösen döwletleriniň arasynda mynasyp orny eýeleýär. Ýurdumyzda adamlaryň bolelin, azat-erkin ýaşamagy ugrunda yzygiderli işler durmuşa geçirilýär. Adam hakyndaky alada ýurdumyzda amala aşyrylýan giň möçberli maksatnamalarda, hususan-da, ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ýokary depginli ösüşini dowam etmek, maýa goýum işjeňligini artdyrmak, täze iş orunlaryny döretmek, ilatymyzyň durmuş taýdan goraglylygyny pugtalandyrmak we ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak, şeýle hem pudaklaýyn anyk maksatnamalary işläp düzmekde öz beýanyny tapýar. Häzirki wagtda ilatyň maddy hal-ýagdaýyny hil taýdan täze derejelere çykarmak meselesi döwlet syýasatynyň baş ugurlarynyň biri bolup durýar. Ýurdumyzda ortaça aýlyk zähmet hakynyň möçberi ýyl-ýyldan ýokarlandyrylýar. Hormatly Prezidentimiz ýakynda, 12-nji iýulda geçiren giňişleýin Hökümet mejlisinde «Türkmenistanda zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň, talyp we diňleýji haklarynyň möçberlerini ýokarlandyrmak hakynda» Permana gol çekdi. Bu resminama laýyklykda, 2025-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan aýlyk zähmet haklarynyň, pensiýalaryň we döwlet kömek pullarynyň, talyp we diňleýji haklarynyň möçberlerini 10 göterim ýokarlandyrmak we iň pes aýlyk zähmet hakynyň möçberi 1410 manat hö

Röwşen geljegi nazarlaýan ösüşler

Şu ýylyň birinji ýarymynyň jemlerine bagyşlanyp geçirilen Hökümetiň giňişleýin mejlisinde berlen hasabatlar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ýurdumyzda innowasion ykdysadyýeti kemala getirmäge, maliýe durnuklylygyny üpjün etmäge hem-de eksport mümkinçiliklerini ýokarlandyrmaga gönükdirilen döwlet syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini ýene bir gezek aýdyň görkezdi. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň geçen alty aýynyň oňyn netijeleri diňe täze ösüşleri alamatlandyrman, eýsem, ýeneki möhüm wezipeleri hem öňde goýdy. Bu wezipeler ýyly üstünlikli jemlemek, geljek ýylda amala aşyryljak işleriň ygtybarly binýadyny goýmak ýaly asylly maksatlardan ugur alýar. Türkmenistanda syýasy, ykdysady we medeni ulgamlarda uly üstünlikleriň gazanylýandygy bu gün hemmä aýan. Amala aşyrylýan giň gerimli durmuş-ykdysady maksatnamalar we iri maýa goýum taslamalary ykdysadyýetimizi diwersifikasiýalaşdyrmaga, daşary ykdysady gatnaşyklary ösdürmäge, nyrhlaryň durnuklylygyny saklamaga, öňdebaryjy pudaklary häzirki zaman ýokary tehnologiýalary bilen üpjün etmäge mümkinçilik berýär. Hökümetiň giňişleýin mejlisinde berlen hasabatlardan görnüşi ýaly, bu çäreler şu ýylyň birinji ýarymynda ykdysadyýetimizi ösdürmäge gönükdirilen maýa goýumlaryň möçberini 20,8 göterim artdyrmaga ýardam etdi. Ösüş üçin döredilýän oňyn şertler, şol sanda halkara söw

Kämillik menzillerinde

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaşlaryň döwrebap bilim almagy, hünär saýlamagy, öz ukyp-başarnyklaryny yzygiderli ýokarlandyryp, öňde goýan maksatlaryny amal etmegi üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Munuň şeýledigine ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleri bilen bir hatarda, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň düzüm gurluşynyň we okuw-terbiýeçilik işleriniň yzygiderli kämilleşdirilmeginiň mysalynda-da aýdyň göz ýetirmek bolýar. Häzirki döwürde öňde goýlan wajyp wezipeleriň biri hem halkara gatnaşyklar ulgamynda netijeli işläp biljek ýokary taýýarlykly hukukçylary ýetişdirmek bilen baglydyr. Bu babatda geljekki hünärmenleriň ykdysady diplomatiýanyň we halkara arbitraž hukugynyň inçe tärlerini ele almagy möhümdir. Şu jähetden ugur alnyp, institutymyzda halkara arbitraž we işewürlik hukugy boýunça taýýarlygyň täze magistr ugrunyň açylmagy bellenilmäge mynasypdyr. Bu ugur boýunça hünärmenler taýýarlanylanda, milli kanunçylygyň we halkara hukugyň binýatlyk kadalaryny, halkara söwda-ykdysady, maýa goýum hem-de işewürlik jedelleri ýüze çykan halatynda döwletiň bähbitlerini goramakda wajyp wezipelere aýratyn üns berler.

Milli Liderimiziň eserleri — jemgyýeti öwreniş ylymlarynyň ilkinji çeşmesi

Milletiň asyl gymmatlyklary ýaşaýşyň ýörelgeleri hökmünde täze döwrüň durmuş filosofiýasyny kemala getirýär. Şol filosofiýa jemgyýetiň täzelenýän döwründe milli mirasy özleşdirmegiň ygtybarly guralydyr. Gahryman Arkadagymyz: «Men durmuşyň manysy barada söz açanymda, ony adamzadyň öz geljegine galdyrjak gymmatlyklary bilen bilelikde göz öňüne getirýärin» diýip, adamyň ýaşaýşynyň manysynyň onuň öz durmuşynda bitiren işlerindedigine ünsi çekýär. Milli Liderimiziň ylmy-filosofik eserlerinde adamyň kämil derejä çykmagy, öz bitiren işleri bilen ýaşaýan jemgyýetini, dünýäni gözelleşdirmegi, adamlar bilen düşünişip, haýyr işleri edip, ylalaşykly ýaşamagy baradaky pähim-paýhaslar jemlenendir. Hormatly Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow baý durmuş we syýasy tejribä eýe bolup, öz pikirlerini aýdyň, düşnükli beýan edip bilýän syýasy Liderdir. Milli Liderimiziň ýazan kitaplary, ylmy-filosofik eserleri çuňňur mana eýe bolup, okyjylar üçin ylham çeşmesi bolup hyzmat edýär. Alym Arkadagymyz öz eserleriniň üsti bilen ýurduň ösüş ýoluny kesgitläp, adamlarda geljege bolan ynamy has-da berkidýär. Şol eserler geljekki hünärmenleriň ynsanperwer taýýarlygyny Türkmenistanda bolup geçýän şu günki özgerişlikler bilen baglanyşyklylykda kesgitläp, olarda beýan edilen pähim-paýhasa jemgyýetçilik ylymlaryny öwrenmegiň wajyp serişdesi hökmünde garamaga esas döredýär. Bu eserlerde ýokary okuw

Ruhy halypamyz

«Pähim-paýhas ummany, Magtymguly Pyragy» ýylynda beýik şahyryň köptaraply döredijiligi dünýä derejesinde has düýpli öwrenilýär. Çeper söz ussadynyň goşgularynyň many-mazmuny ummanlaryň çuňlugyna barabar bolup, parasatly pikirleri biri-biri bilen zynjyr kimin sepleşip gidýär. Aýratyn hem, adamzat bähbitli kesp-kär, hünär öwrenmek meselesi şahyryň dürdäne setirleriniň içinden eriş-argaç bolup geçýär. Akyldar şahyrymyz «Göze myhmandyr» diýen şygrynda: Ýigidiň bolmasa ýaragy, aty,Şony belli biliň, ýokdur gaýraty,Gojaldykça, gider süňňüň kuwwaty,Ýigitligiň zory dyza myhmandyr... —

Türkmenistanyň Mejlisiniň maslahaty

Aşgabat, 13-nji iýul (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Mejlisiniň ýedinji çagyrylyşynyň altynjy maslahaty geçirildi. Onuň barşynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna hem-de ýurdumyzyň kanunçylyk-hukuk binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça toplumlaýyn maksatnama laýyklykda işlenip taýýarlanylan kanunlaryň birnäçesine garaldy we kabul edildi. Maslahata degişli ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň birnäçesiniň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri çagyryldy. Ilki bilen, parlamentarileriň garamagyna “Türkmenistanyň Mejlisiniň aýry-aýry saýlaw okruglary boýunça saýlanylan deputatlarynyň ygtyýarlyklaryny ykrar etmek hakynda” Mejlisiň kararynyň taslamasy hödürlenildi. Habar berlişi ýaly, 7-nji iýulda Aşgabat şäheriniň 1-nji “Garaşsyzlyk”, 2-nji “Bitaraplyk”, 6-njy “Köpetdag” saýlaw okruglary boýunça Mejlisiň möhletinden öň çykyp giden deputatlarynyň ýerine saýlawlar geçirildi. Möhüm jemgyýetçilik-syýasy çäre açyklyk we aýanlyk ýagdaýynda, giň bäsdeşlik esasynda geçirildi hem-de hormatly Prezidentimiziň döwlet syýasatyny amala aşyrmagyň, türkmen jemgyýetiniň durmuşynyň demokratik esaslaryny berkitmegiň ýolunda nobatdaky ähmiýetli ädim boldy. Bu waka türkmenistanlylaryň ýurdumyzyň we halkymyzyň röwşen geljeginiň bähbidine döwlet işlerine işjeň gatnaşýandygyny aýdyň görkezdi. Şeýle hem deputatlar t

Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa

Çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti! Sizi «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ýurdumyz boýunça galla öndürmek baradaky şertnamalaýyn borçnamanyň üstünlikli ýerine ýetirilip, 1 million 400 müň tonnadan gowrak bugdaý hasylynyň ýetişdirilmegi mynasybetli Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň janyňyzyň sag, ömrüňiziň uzak bolmagyny, eziz Watanymyzyň ösüşleriň aýdyň ýolunda mundan beýläk-de öňe gitmegi, türkmen halkynyň bagtyýar, asuda, abadan, bolelin durmuşda ýaşamagy ugrunda alyp barýan döwletli işleriňiziň rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýärin.

Resmi habarlar

«Türkmenistanyň prokuraturasy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 16-njy maddasyna laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedowyň Karary bilen, ýustisiýanyň geňeşçisi Begmyrat Nurýagdyýewiç Garryýew Ahal welaýatynyň prokurorynyň orunbasary wezipesine;

Hökümetiň giňişleýin mejlisi: möhüm çözgütler, oňyn başlangyçlar halkymyzda çäksiz hoşallyk döretdi

12-nji iýulda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde milli ykdysadyýetiň pudaklarynda şu ýylyň geçen alty aýynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenilip, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça maksatnamalaryň ýerine ýetirilişi ara alnyp maslahatlaşyldy. Mejlisde hormatly Prezidentimiziň Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi, halkymyzyň eşretli, bolelin durmuşda ýaşamagy babatda kabul eden çözgütleri bagtyýar ildeşlerimiziň kalbynda çäksiz hoşallyk duýgularyny döretdi. Şu günler redaksiýamyza Diýarymyzyň çar künjeginde ýaşaýan, zähmet çekýän watandaşlarymyzdan buýsançly ýürek sözleri, seslenmeler yzygiderli gelip gowuşýar. Il alkyşy — keramat

Türk­me­nis­tan­da Saý­law­la­ry we sa­la sal­şyk­la­ry ge­çir­mek bo­ýun­ça mer­ke­zi to­pa­ryň mej­li­si

«7/24. tm» №29 (216), 15.07.2024 7-nji iýul­da mö­hüm jem­gy­ýet­çi­lik-sy­ýa­sy çä­re — aý­ry-aý­ry saý­law ok­rug­la­ry bo­ýun­ça Mej­li­siň möh­le­tin­den öň çy­kyp gi­den de­pu­tat­la­ry­nyň ýe­ri­ne saý­law­lar ge­çi­ril­di. Türk­me­nis­tan­da Saý­law­la­ry we sa­la sal­şyk­la­ry ge­çir­mek bo­ýun­ça mer­ke­zi to­pa­ryň mej­li­sin­de Aş­ga­bat şä­he­ri­niň 1-nji «Ga­raş­syz­lyk», 2-nji «Bi­ta­rap­lyk» we 6-njy «Kö­pet­dag» saý­law ok­rug­la­ry bo­ýun­ça Türk­me­nis­ta­nyň Mej­li­si­niň möh­le­tin­den öň çy­kyp gi­den de­pu­tat­la­ry­nyň ýe­ri­ne 7-nji iýul­da ge­çi­ri­len saý­law­la­ryň ahyr­ky ne­ti­je­le­ri jem­le­nil­di.

Hat­ly buk­ja­lar ha­bar ber­ýär

«7/24. tm» №29 (216), 15.07.2024 To­mus pas­ly­nyň ör­kü­jin­de hem­me iş­ler gy­zyş­ýar. Or­ta mek­dep­ler­de tä­ze okuw ýy­ly­na taý­ýar­lyk gö­rül­se, ça­ga­lar sa­gal­dyş we dynç alyş mer­kez­le­rin­de okuw­çy­la­ryň wagt­la­ry­nyň gy­zyk­ly geç­me­gi üçin alada edil­ýär. Sport mek­dep­le­rin­de we et­rap­dyr şä­her­ler­dä­ki be­den­ter­bi­ýe we sport bö­lüm­le­rin­de ýaş­la­ryň ara­syn­da sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­si­ni wa­gyz et­mek, ola­ry köp­çü­lik­le­ýin spor­ta çek­mek bo­ýun­ça gyz­ga­laň­ly iş al­nyp ba­ryl­ýar. Ýur­du­my­zyň jem­gy­ýet­çi­lik gu­ra­ma­la­ry­nyň hü­när­men­le­ri bol­sa äh­li ul­gam­lar­da­ky iş­ler­de iş­jeň­lik gör­kez­ýär­ler.

Türkmen saçagynyň berekedi

«7/24. tm» №29 (216), 15.07.2024 Süýt we süýt önüm­le­ri türk­men ta­gam­la­ry­nyň ara­syn­da ir­ki dö­wür­ler­den bä­ri mö­hüm or­ny eýe­le­ýär, çün­ki süý­düň örän ýo­kum­ly mad­da­la­ra baý­dy­gy, onuň adam be­de­ni üçin peý­da­ly­dy­gy ir za­man­lar­dan bä­ri mä­lim bo­lup­dyr. Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myzyň baş­lan­gy­jy bi­len ne­şir edi­len «Be­re­ket­li türk­men sa­ça­gy» at­ly ki­tap­da süý­düň äh­mi­ýe­ti dog­ru­syn­da şeý­le di­ýil­ýär: «Öz ewol­ýu­si­ýa­sy­nyň äh­li dö­wür­le­rin­de türk­men­le­riň dur­mu­şyn­da süýt iň­ňän wa­jyp or­ny eýe­läp­dir. Şu­nuň ne­ti­je­sin­de süý­di gaý­ta­dan iş­le­me­giň tä­sin teh­no­lo­gi­ýa­sy dö­räp­dir. Süý­düň özi hem iç­gi hök­mün­de ula­ny­lyp­dyr, on­dan köp gör­nüş­li önüm­ler, Gü­nüň aşa­gyn­da gu­ra­dy­lan gurt­lar taý­ýar­la­ny­lyp­dyr».

Ak arzuwlaryň mekany

Häzir ýurdumyzda dürli maksatly täze binalaryň köp sanlysy gurulýar, ilatly nokatlaryň, şäherleriň çäkleri giňeldilýär. Täze obalardyr şäherçeler gurulýar. Gysga wagtda tarpdan gurlup, döwre mahsus aýratynlyklary we alamatlary bilen tapawutlanýan täze şäheri görmek örän seýrek duş gelýän ýagdaýdyr. Arkadag şäheri Türkmenistanyň, diýmek, dünýäniň hem kartasynda örän gysga wagtyň içinde peýda boldy. Munuň özi milli şähergurluşykda görlüp-eşidilmedik wakadyr, düýpgöter täze sepgitdir! Şu ýylyň aprel aýynyň başynda türkmen topragy ýaz gözelligine beslenende, Arkadag şäherinde gezim etmäge çykdym. Şol gün howa örän ýakymlydy. Kiçiräk ak bulutlar gök asmanda erkana ýüzýärdi, adaja şemal ýüzüňi sypap geçýärdi. Köpetdag şaýoly Köpetdagy gapdallap uzap gidýär we bu görkana şähere eltýär. Dag eteklerinden bu mekan örän owadan we köpöwüşginli görünýär.

Hünär derejeleri ýokarlandyrylýar

Awiasiýa pudagynda edilýän hyzmatlaryň hilini ýokary derejede saklamak, ýolagçylaryň, daşalýan ýükleriň, howa ulagynyň infrastrukturasynyň desgalarynyň howpsuzlygyny üpjün etmek, işgärleriň hünär kämilligini ýokarlandyrmak ösüşleri gazanmagyň möhüm şertleri bolup hyzmat edýär. «Türkmenhowaýollary» agentligi hem öz işini Türkmenistanyň kanunçylygyna we Halkara raýat awiasiýasy guramasynyň awiasiýa howpsuzlygy boýunça kadalaryna, tejribelerine we iş amallaryna laýyklykda guraýar. Şunuň bilen baglylykda, işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak möhüm wezipeleriň hatarynda durýar. Ýakynda hem «Türkmenhowaýollary» agentliginiň Howa ulaglarynyň işgärlerini taýýarlaýan mekdebiniň binýadynda hünär derejesini ýokarlandyryş okuwlary geçirildi.

Hoşniýetli gatnaşyklarda täze sahypa

Geçen hepdäniň şenbe güni paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň we ýurdumyza sapar bilen gelen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterrişiň arasynda gepleşikler geçirildi. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň we BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterrişiň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň taryhynda täze sahypany açan duşuşygy irden paýtagtymyzdaky «Oguzkent» myhmanhanasynda geçirildi. Döwlet Baştutanymyz we iri halkara guramanyň ýolbaşçysy salamlaşyp, Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Baýdagynyň öňünde surata düşdüler. Soňra hormatly Prezidentimiz bilen BMG-niň Baş sekretarynyň arasynda ikiçäk gepleşikler geçirildi.

Bedenterbiýe we sport

Ýaşlaryň sporty gündelik hemrasyna öwürmeginde sport mekdeplerine möhüm orun degişlidir. Ine, sport mekdebimizde hem ýaryşlarda mynasyp çykyş etmäge ukyply türgenler kemala gelýär. Bu ýerde sportuň birnäçe görnüşinden türgenleşik işleri geçirilýär. Biz bu ýerde geljegini saýlap alan sport görnüşinde görýän ýaşajyk türgenleriň ilkinji ädimlerini ynamly ätlemeginden başlap, olaryň ähmiýetli ýaryşlara uzaýan ýolunyň binýadyny goýýarys. Türkmen ýaşlarynyň sportda barha kämilleşmegi, ajaýyp netijelere eýe bolmagy üçin ähli şert-mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimize sagbolsun aýdýarys.

Arkadag şäherinde ajap geljek gurulýar

Arkadag şäheriniň açylmagynyň bir ýyllygynyň öňüsyrasynda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde hormatly Prezidentimiz şäheriň ikinji tapgyrynda binalary we desgalary gurmak hakynda taryhy Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, binalaryň we desgalaryň taslamalaryny düzmek hem-de olary ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyryp gurmak işleri Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary bolan «Ulgam gurluşyk», «Kent gurluşyk», «Türkmen bina gurluşyk», «Ajaýyp bina», «Döwlet gurluşyk», «Kerwen gurluşyk» hojalyk jemgyýetleridir «Gurat gurluşyk», «Mukaddes gün», «Ýakynkent», «Aga gurluşyk» hususy kärhanalaryna ynanyldy. Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, türkmen telekeçileri «akylly» şäher konsepsiýasyndan ugur alnyp bina edilen Arkadag şäheriniň birinji tapgyrynyň düýpli gurluşyklaryna işjeň gatnaşdylar. Türkmen işewürleriniň tutanýerli zähmeti bilen gurlup, bu günki gün «ýaşlaryň, ýaşlygyň, geljegiň şäheri» diýlip tanalýan Arkadag şäheriniň at-owazasy bütin dünýä ýaýraýar. Milli Liderimiziň paýhasyndan dörän ajaýyp şäherde ýaşamak, işlemek, okamak, döretmek üçin ähli amatlyklar we şertler bar. Häzirki zaman innowasion şähergurluşyk taslamasynyň gysga wagtda we ýokary hilli durmuşa geçirilmeginde Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan «Ulgam gurluşyk» hojalyk jemgyýetiniň hem mynasyp zäh

Aý­dyň gel­je­ge gö­nük­di­ri­len hyz­mat­daş­lyk

Mä­lim bol­şy ýa­ly, BMG bi­len kö­pu­gur­ly hyz­mat­daş­ly­gy hem­me­ta­rap­la­ýyn ös­dür­mek we pug­ta­lan­dyr­mak açyk­lyk, pa­ra­hat­çy­lyk sö­ýü­ji­lik, giň hal­ka­ra hyz­mat­daş­lyk ýö­rel­ge­le­ri­ne berk eýer­ýän Bi­ta­rap Türk­me­nis­ta­nyň da­şa­ry sy­ýa­sa­ty­nyň esa­sy ugur­la­ry­nyň bi­ri bo­lup dur­ýar. Ýur­du­myz 1992-nji ýyl­da Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň do­ly hu­kuk­ly ag­za­sy bol­mak bi­len, ge­çen ýyl­la­ryň do­wa­myn­da äh­li halk­la­ryň deň­li­gi we bi­rek-bi­re­ge hor­mat goý­mak ýö­rel­ge­le­rin­de hal­ka­ra gat­na­şyk­la­ry ut­gaş­dyr­ýan eda­ra hök­mün­de bu iri gu­ra­ma­nyň ab­ra­ýy­ny pug­ta­lan­dyr­mak ug­run­da çy­kyş ed­ýär. 5 — 7-nji iýul­da Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Baş sek­re­ta­ry An­to­niu Gu­ter­ri­şiň Türk­me­nis­ta­na ama­la aşy­ran sa­pa­ry hem iki­ta­rap­la­ýyn hyz­mat­daş­ly­gyň ta­ry­hyn­da tä­ze sa­hy­pa­ny aç­dy. 6-njy iýul­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedow bi­len bu iri dü­zü­miň ýol­baş­çy­sy­nyň ara­syn­da gep­le­şik­ler ge­çi­ril­di. Paý­tag­ty­myz­da­ky «Oguz­kent» myh­man­ha­na­syn­da ge­çi­ri­len iki­çäk gep­le­şik­le­riň do­wa­myn­da Türk­me­nis­ta­nyň sy­ýa­sy, yk­dy­sa­dy, daş­ky gur­şaw, me­de­ni-yn­san­per­wer ugur­lar­da hyz­mat­daş­ly­gy iler­let­mek üçin Mil­let­ler Bi­le­le­şi­gi hem-de onuň ýö­ri­te­leş­di­ri­len eda­ra­la­ry bi­len al­nyp ba­ryl­ýan gat­na­şyk­la­ry has-