"Diýar" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-56, 39-95-30, 39-95-23
Email: diyar-zurnaly@sanly.tm

Habarlar

Futzal boýunça welaýatymyzyň birinjiligi

Arkadag şäheriniň köpugurly sport toplumynda sportuň futzal görnüşi boýunça 2009 — 2011-nji ýyllarda doglan ýetginjekleriň arasynda Ahal welaýatynyň birinjiligi geçirildi. Ahal welaýatynyň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň hem-de Arkadag şäheriniň bedenterbiýe we sport müdirliginiň bilelikde guramagynda geçen ýaryşa toparlaryň bäşisi gatnaşdy. Ýaryşyň finalynda Ahal welaýatynyň Ýaş olimpiýaçylary taýýarlaýan sport mekdep-internatynyň we Ak bugdaý etrabynyň topary duşuşdylar. Bu aýgytlaýjy duşuşyk çekeleşikli geçip, güýçli topary öňe saýlady. Şeýlelikde onda Ahal welaýatynyň Ýaş olimpiýaçylary taýýarlaýan sport mekdep-internaty üstün çykdy hem-de birinji orny eýeledi. Ikinji orna Ak bugdaý etrabynyň, üçünji orna Kaka etrabynyň toparlary mynasyp boldy. Ýeňiji bolan toparlar Ahal welaýatynyň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň hormat hatlary we medallary bilen sylaglandylar.

Türkmenistan — Sport ýurdy

«7/24. tm» №21 (208), 20.05.2024 Türk­me­nis­ta­nyň Kons­ti­tu­si­ýa­sy­nyň we Türk­me­nis­ta­nyň Döw­let baý­da­gy­nyň gü­ni my­na­sy­bet­li spor­tuň kik­boks gör­nü­şi bo­ýun­ça Aş­ga­bat şä­he­ri­niň ku­bo­gy­ny al­mak ug­run­da­ky açyk ýa­ryş ge­çi­ril­di. Şol ýa­ry­şa ýur­du­my­zyň we­la­ýat­la­ryn­dan hem-de Aş­ga­bat şä­he­rin­den tür­gen­ler gat­naş­dy. Ku­bok ýa­ry­şy­na 385 tür­gen gat­na­şyp, olar ýaş aý­ra­tyn­ly­gy bo­ýun­ça öza­ra bäs­leş­di­ler.

Spor­tuň da­ba­ra­lan­ýan ýur­dy

«7/24. tm» №21 (208), 20.05.2024 Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­ri sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­le­ri­niň, türk­men spor­tu­nyň ab­ra­ýy­nyň da­ba­ra­lan­ýan döw­rü­dir. Ga­raş­syz ýur­du­myz­da spor­tuň ösen ul­ga­my­ny dö­ret­mek, be­den we ru­hy taý­dan sag­dyn ne­sil­le­ri ter­bi­ýe­läp ýe­tiş­dir­mek, Olim­pi­ýa he­re­ke­ti­ni ös­dür­mek, bu ugur­da hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gy pug­ta­lan­dyr­mak ba­bat­da uly iş­ler dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär.

Bedenterbiýe we sport

«7/24. tm» №21 (208), 20.05.2024 Da­şo­guz we­la­ýa­ty­nyň be­den­ter­bi­ýe we sport ba­ra­da­ky Baş mü­dir­li­gi­niň gu­ra­ma­gyn­da Ak­de­pe et­ra­by­nyň 7-nji sport mek­de­bin­de bas­ket­bol bo­ýun­ça 2008-2009-njy ýyl­lar­da dog­lan ýet­gin­jek og­lan-gyz­la­ryň ara­syn­da Da­şo­guz we­la­ýa­ty­nyň bi­rin­ji­li­gi ug­run­da ýa­ryş ge­çi­ril­di.

Futbol muşdaklarynyň baýramy

«7/24. tm» №21 (208), 20.05.2024 Dün­ýä ýü­zün­de spor­tuň iň meş­hur gör­nüş­le­ri­niň bi­ri fut­bol­dyr. Se­bä­bi fut­bol iň köp to­ma­şa edil­ýän we gy­zyk­la­nyl­ýan sport gör­nü­şi­dir. Her dört ýyl­dan ge­çi­ril­ýän dün­ýä çem­pio­na­ty­na fut­bol­sö­ýü­ji­le­riň uly gy­zyk­lan­ma bi­len ga­raş­ma­gy hem sö­zü­mi­ziň aý­dyň my­sa­ly­dyr.

Usik taryha girdi

18-nji maýda Saud Arabystanynyň Er-Riýad şäherinde geçirilen «Ring of Fire» söweş agşamynyň esasy tutluşygynda britaniýaly boksçy Taýson Fýuri ukrainaly Aleksandr Usik bilen duşuşdy. Bu söweşiň ähmiýetli tarapy onuň agyr agramda ýeke-täk (absolýut) çempiony kesgitländigidir. Çünki tutluşykdan ozal, Taýson Fýuri bu agramda «WBC» çempionlyk guşagyna, Aleksandr Usik bolsa «WBA», «IBF», «WBO» we «IBO» çempionlyk guşaklaryna eýelik edýärdi. Doly 12 raund dowam eden söweş ukrainaly Aleksandr Usigiň emin agzalarynyň tapawutly karary netijesinde ýeňiş gazanmagy bilen tamamlandy. Şeýlelikde, ol XXI asyrda agyr agramda ähli çempion guşaklaryny özünde jemläp, ýeke-täk (absolýut) çempiona öwrülen ilkinji türgen hökmünde taryha girdi. Ol professional karýerasynyň dowamynda 22 söweş geçirip, olaryň ählisinde ýeňiş gazandy.

Sport ýaryşlary tamamlandy

«7/24. tm» №21 (208), 20.05.2024 «Pä­him-paý­has um­ma­ny Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy» ýy­ly­nyň mart-ap­rel aý­la­ryn­da ýur­du­my­zyň har­by we hu­kuk go­raý­jy eda­ra­la­ry­nyň iş­gär­le­ri­niň ara­syn­da spor­tuň gör­nüş­le­ri bo­ýun­ça «Türk­me­nis­tan — ru­hu­be­lent­li­giň we sag­dyn­ly­gyň ýur­dy» at­ly XIII Spar­ta­kia­da­nyň jem­leý­ji ýa­ryş­la­ry gu­ra­ma­çy­lyk­ly ge­çi­ril­di. Türk­me­nis­ta­nyň Be­den­ter­bi­ýe we sport ba­ra­da­ky döw­let ko­mi­te­ti­niň, Türk­me­nis­ta­nyň De­mok­ra­tik par­ti­ýa­sy­nyň, Türk­me­nis­ta­nyň Kär­deş­ler ar­ka­la­şyk­la­ry­nyň Mil­li mer­ke­zi­niň hem-de Türk­me­nis­ta­nyň Mag­tym­gu­ly adyn­da­ky Ýaş­lar gu­ra­ma­sy­nyň Mer­ke­zi Ge­ňe­şi­niň bi­le­lik­de gu­ra­ma­gyn­da her ýyl­da ge­çi­ril­ýän bu Spar­ta­kia­da­nyň jem­leý­ji ýa­ryş­la­ry bu ýyl hem ýo­ka­ry üs­tün­lik­le­re bes­len­di. Spor­tuň 9 gör­nü­şi bo­ýun­ça gu­ra­lan bu ýa­ryş­lar har­by we hu­kuk go­raý­jy eda­ra­la­ry­nyň har­by gul­luk­çy­la­ry­nyň be­den taý­ýar­ly­gy­ny ýo­kar­lan­dyr­ma­ga, spor­ta we köp­çü­lik­le­ýin be­den­ter­bi­ýä bo­lan hö­wes­le­ri­ni has-da art­dyr­ma­ga uly iter­gi ber­di. Spar­ta­kia­da­nyň mak­sa­dy, ýur­du­myz­da spor­ty ös­dür­mek­den we ila­tyň sag­ly­gy­ny ber­kit­mek­den, türk­men spor­tu­nyň ab­ra­ýy­ny dün­ýä de­re­je­si­ne çy­kar­mak­dan hem-de har­by we hu­kuk go­raý­jy eda­ra­la­ry­nyň iş­gär­le­ri­niň ara­syn­da

Futbolçy bolmak üçin butsy hökman däl

«7/24. tm» №21 (208), 20.05.2024 Bütindünýä futbol gününiň bosagasynda futbol ýyldyzlarynyň durmuşyndan söhbet açýan ýatlamalary okyjylara ýetirýäris

Türk­men ka­ra­te­çi­le­ri­niň me­dal­la­ry

Türk­men ka­ra­te­çi­le­ri Sa­mar­kant­da ta­mam­la­nan ka­ra­te bo­ýun­ça Mer­ke­zi Azi­ýa­nyň 9-njy çem­pio­na­tyn­da (WKF) 33 me­dal (6 al­tyn, 7 kü­müş we 20 bü­rünç) me­dal ga­zan­dy­lar. Üç gün­läp do­wam eden ýa­ry­şa Eý­ran­dan, Ga­za­gys­tan­dan, Gyr­gy­zys­tan­dan, Tä­ji­gis­tan­dan, Türk­me­nis­tan­dan we Öz­be­gis­tan­dan 800-den gow­rak tür­gen gat­naş­dy. Olar dür­li ag­ram de­re­je­le­rin­de ka­ta we ku­mi­te bo­ýun­ça güýç sy­na­nyş­dy­lar. 74 tür­gen­den yba­rat mil­li ýy­gyn­dy to­pa­ry­myz baý­rak­ly üçün­ji or­ny eýe­le­di. Öň­dä­ki iki or­na bol­sa Ga­za­gys­ta­nyň (39 al­tyn, 30 kü­müş we 47 bü­rünç me­dal) we Öz­be­gis­ta­nyň (22 al­tyn, 29 kü­müş we 58 bü­rünç me­dal) to­par­la­ry my­na­syp bol­du­lar.

Futbol täzelikleri

Ýakynda ýurdumyzyň futbol çempionatynyň 14-nji tapgyrynyň duşuşyklary geçirildi. Ýaryş tertibiniň öňbaşçysy «Arkadag» topary öz meýdanynda «Aşgabatdan» uly hasap bilen üstün çykdy – 7:1. Ýaryş tertibiniň üçünji hem-de ikinji toparlary – «Altyn Asyr» bilen «Ahalyň» arasyndaky duşuşyk çekeleşikli häsiýete eýe bolup, 2:2 hasabynda tamamlandy. Tapgyryň beýleki duşuşyklarynda «Şagadam» «Köpetdagdan», «Merw» bolsa «Energetikden» birmeňzeş 1:0 hasabynda üstün çykdylar.

Paýtagtyň sport durmuşyndan

Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli kikboks boýunça Aşgabat şäheriniň açyk kubogy ugrunda ýaryş geçirildi. Bäsleşige ýurdumyzyň welaýatlaryndan hem-de paýtagtymyzdan türgenler gatnaşdylar. Ýaryşda 2006 – 2015-nji ýyllarda doglan türgenleriň 385-si dürli agram derejelerinde bäsleşdiler. Ýaryşda Aşgabat şäheriniň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirligiň 2-nji sport mekdebiniň türgenleri hem şowly çykyş etdiler. Olardan Muhammetberdi Allaberdiýew 63 kg-de 1-nji, Kakageldi Gaýypow 42 kg-de 2-nji, şol agramda Öwez Berdiýew 3-nji orunlara mynasyp boldular.

Baýramçylyk sowgatlary

Aşgabatly 12 ýaşly türgen Aýlara Kakabaýewa Dohada (Katar) geçirilen Aziýanyň Tennis federasiýasynyň guramagynda 14 ýaşa çenli ýetginjekleriň arasynda geçirilen birinji ýaryşda jübütleýin bäsleşikde öňdäki orny eýeledi. Ýetginjek tennisçimiz bu üstünligi gazagystanly Polina Suşkowa bilen bilelikde gazandy. Aýlara Kakabaýewa 7 ýaşyndan bäri Aşgabat şäheriniň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň 10-njy sport mekdebinde Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Jennet Hallyýewanyň ýolbaşçylygynda türgenleşýär. Ol geçen ýyl paýtagtymyzda geçirilen Merkezi Aziýanyň 12 ýaşa çenli tennisçileriň arasyndaky toparlaýyn saýlama birinjilikde Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň düzüminde 3-nji orna mynasyp bolupdy.

Meýdançada energetikler

Gündogaryň beýik akyldary, nusgawy şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny hem-de «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylyny dabaralandyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň we pudaklaýyn KA-nyň geňeşiniň bilelikde guramagynda «Türkmenenergoabatlaýyş» ÝÖB-niň sport meýdançasynda kiçi futbol boýunça ýaryş geçirildi. Bäsleşige pudagyň edara-kärhanalaryndan 14 topar gatnaşdy. Çekeleşikli geçen ýaryşyň finalynda «Аşgabatenergo» önümçilik birleşiginiň topary Aşgabat energetika orta hünär okuw mekdebiniň toparyny 4:3 hasabynda utup, göçme Kubogy eýelediler. Üçünji orun ugrundaky duşuşykda «Döwletenergogözegçilik» kärhanasynyň topary «Energohyzma» birleşiginiň toparyndan 6:5 hasabynda üstün çykdy.

Taryhda şu gün

Şweýsariýanyň Sýurih şäherinde geçirilen halkara ýaryşda tapawutlanan Ronaldo (12,93 sekunt) şondan iki ýyl öň goýan rekordyny täzeleýär. Ilkinji rekordy goýanda ol bu aralygy 13 sekunda geçmegiň hötdesinden gelipdir. Onuň täze rekordy aradan 12 ýyl geçensoň täzelenýär. 1993-nji ýylda Ştutgartda geçirilen dünýä çempionatynda angliýaly ýeňil atletikaçy Kolin Jekson çeýelik hem ýyndamlyk görkezýär (12,91 sekunt).

Bedenterbiýe we sport

Ýakynda Arkadag şäheriniň Köpugurly sport toplumynda ýetginjekleriň arasynda sagdyn durmuş ýörelgesini ýaýbaňlandyrmak we welaýatymyzda sportuň boks görnüşini has-da ösdürmek maksady bilen 2006-2007-nji ýyllarda doglan oglanlaryň arasynda Ahal welaýatynyň birinjiligi geçirildi. Welaýatyň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň ýyllyk iş meýilnamasy esasynda guralan ýaryşda B.Beşimow (48 kg), A.Garaýew (51 kg), U.Amanmyradow (54 kg), H.Allaberdiýew (57 kg), E.Seýtliýew (60 kg), E.Şanazarow (63,5 kg), E.Parahadow (67 kg), D.Kakajanow (71 kg), B.Omarow (75 kg), A.Bäşimow (80 kg), G.Täçmyradow (86 kg), Ş.Gylyjow (92 kg), N.Mämmedow (+92 kg) öz agram derejelerinde üstünlik gazandylar.Ýeňijilere TMÝG-niň Ahal welaýat Geňeşiniň ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy. Mämmet AGABAÝEW,

Şu möwsümde ilkinji gezek

Mo­to GP bo­ýun­ça möw­sü­miň 5-nji «Gran Pri­si» Fran­si­ýa­nyň Le Man şä­he­rin­dä­ki «Bu­gat­ti» tras­sa­syn­da ge­çi­ril­di. Ýa­ryş­da 27 aý­la­wy 41 mi­nut 23,709 se­kunt­da ta­mam­la­n «Ducati Pri­ma Pra­mac» to­pa­ry­nyň is­pan sü­rü­ji­si, sa­na­wyň li­de­ri Hor­ge Mar­tin ýe­ňiş ga­zan­dy. Bu sprint ýa­ry­şyn­da-da ýe­ňi­ji bo­lan Mar­ti­niň şu möw­süm­dä­ki il­kin­ji, kar­ýe­ra­syn­da­ky 6-njy ýeň­şi­dir. Ýe­ňi­ji­den 0,446 se­kunt yza ga­lan «Ducati Gre­si­ni» to­pa­ry­nyň is­pan sü­rü­ji­si Mark Mar­kes ýaryşy 2-nji orun­da ta­mam­la­dy. «Ducati Le­novo» to­pa­ry­nyň ital­ýan sü­rü­ji­si, soň­ky 2 ýy­lyň çem­pio­ny Fran­çes­ko Ba­naia ýe­ňi­ji­den 0,585 se­kunt soň pel­le­ha­na ge­lip, 3-nji or­ny eýe­le­di. Bu ýa­ryş­dan soň sü­rü­ji­le­riň sa­na­wyn­da Hor­ge Mar­tin bi­rin­ji­li­gi­ni sak­lap, ol utu­gy­ny 129-a ýe­tir­di. 2-nji orun­da­ky Fran­çes­ko Ba­naia­nyň 91 utu­gy bar. 89 utuk­ly Mark Mar­kes bi­len Enea Bas­tia­ni­ni 3-4-nji orun­la­ry paý­laş­ýar­lar.

Ožieniň 60-njy ýeňşi

Dün­ýä Ral­li çem­pio­na­ty­nyň (WRC) möw­süm­dä­ki 5-nji ýa­ry­şy Por­tu­ga­li­ýa­da ge­çi­ri­lip, «Toyo­ta Ga­zoo» to­pa­ry­nyň fran­suz sü­rü­ji­si Se­bas­ti­an Ožie ýe­ňiş ga­zan­dy. Şu möw­süm­de bas­syr 2-nji, kar­ýe­ra­sy bo­ýun­ça-da 60-njy ýeň­şi­ni baý­ram eden Ožie 337,04 ki­lo­metr ara­ly­gy 3 sa­gat 41 mi­nut 32,3 se­kunt­da ta­mam­la­dy. Ýa­ryş­da «Hy­un­dai Shell Mo­bis» to­pa­ry­nyň sü­rü­ji­le­ri – es­to­ni­ýa­ly Ott Ta­nak 2-nji, bel­gi­ýa­ly Ti­er­ri Noý­will 3-nji or­na my­na­syp bol­dy. Bu ýa­ryş­dan soň utu­gy­ny 110-a çy­ka­ran Noý­will sa­na­wyň ba­şy­ny çek­me­gi­ni do­wam ed­ýär. 2-nji ýer­dä­ki El­fin Ewan­syň 86, 3-nji bas­gan­çak­da­ky Ott Ta­na­gyň 86 utu­gy bar. Soň­ky 2 ýa­ry­şyň ýe­ňi­ji­si Ožie 71 utuk­ly wa­tan­da­şy Ad­ri­en Fur­mo­dan 1 utu­gy az 5-nji orun­da bar­ýar.

«Ba­ýer» 59 ýyl­lyk re­kor­dy tä­ze­läp, fi­na­la çyk­dy

UEFA Ýew­ro­pa Li­ga­syn­da möw­sü­miň su­per to­pa­ry «Ba­ýer» özü­niň ýeň­liş­siz ýö­ri­şi­niň üs­tü­ni fi­nal hem-de ta­ry­hy re­kor­dy tä­ze­le­mek bi­len ýe­tir­di. «Ro­ma­ny» Rim­de 2–0 ha­sap bi­len ýe­ňen «Ba­ýer» jo­gap du­şu­şy­gy­na kä­bir ýyl­dyz­la­ry­ny esa­sy dü­züm­de meýdança çykarmady. Le­wer­ku­zen­dä­ki du­şu­şyk­da ital­ýan klu­by Leand­ro Pa­ra­de­siň 43-nji we 66-njy mi­nut­lar­da pe­nal­ti ur­gu­la­ryn­dan ge­çi­ren gol­la­ry umu­my ha­sa­by deň­le­di. Ýö­ne «Ba­ýer» to­pa­ry­nyň şu möw­süm­de öz­bo­luş­ly ýö­rel­ge­si bo­lup, to­par soň­ky jür­le­wü­ge çen­li gö­re­şi­ni ýo­ka­ry dep­gin­de do­wam et­dir­ýän­di­gi bi­len meş­hur­lyk ga­zan­dy. Bu oýun­da-da şol ýö­rel­gä eýe­ren le­wer­ku­zen­li­ler 82-nji mi­nut­da rim­li­ler üçin çär­ýek fi­na­lyň gah­ry­ma­ny Man­çi­ni­niň aw­to­go­ly bi­len ara­ta­pa­wu­dy 1 go­la dü­şür­di. 90-njy mi­nut­da oý­na gi­ren Sta­ni­şiç 7 mi­nut­dan soň to­pa­ry­ny ýeň­liş­den ha­las eden go­ly der­we­zä gi­riz­di we du­şu­şyk 2-2 ha­sa­byn­da deň­lik­de ta­mam­lan­dy. Şun­luk­da, ge­çen ýy­lyň maý aýyn­dan bä­ri ýe­ňil­män gel­ýän «Ba­ýe­riň» ýeň­liş­siz­lik se­ri­ýa­sy 49 oý­na ýet­di. Bu bol­sa 59 ýyl­lyk re­kor­dyň tä­ze­len­me­gi diý­mek­dir. Por­tu­ga­li­ýa­nyň «Ben­fi­ka» to­pa­ry 1963-nji ýy­lyň de­kab­ry bi­len 1965-nji ýy­lyň few­ra­ly ara­ly­gyn­da yz­ly-yzy­na 48 oýun­da ýe­ňil­män­di. «Ba­ýer» to­pa­ry UEFA-

Yz­ly-yzy­na 13-nji ge­zek çem­pi­on bol­dy

Bol­ga­ri­ýa­nyň çem­pio­na­tyn­da soň­ky 12 ýyl­da bol­şy ýa­ly, bu möw­süm­de-de çem­pi­on üýt­ge­me­di. Razg­rad şä­he­ri­niň «Lu­do­go­res» to­pa­ry möw­sü­miň ta­mam­lan­ma­gy­na 3 tap­gyr ga­lan­da, çem­pi­on­ly­gy­ny yg­lan et­di. Bu ola­ryň yz­ly-yzy­na ga­za­nan 13-nji çem­pi­on­ly­gy bo­lup, bu gör­ke­zi­ji dün­ýä fut­bo­lyn­da iň ýo­ka­ry 3-nji gör­ke­zi­ji­dir. Bu ugur­da re­kord Wa­nua­tu­nyň «Ta­fea» to­pa­ry­na de­giş­li bo­lup, ýur­duň paý­tag­ty Port Wi­la şä­he­ri­niň we­ki­li 1994 – 2009-njy ýyl­lar ara­ly­gyn­da yz­ly-yzy­na 15 ge­zek çem­pi­on­lyk ga­za­nyp­dy. Lat­wi­ýa­nyň «Skon­to» (1991 – 2004), Gib­ral­ta­ryň «Lin­koln» (2003 – 2016) klub­la­ry-da yz­ly-yzy­na 14 ge­zek çem­pi­on bo­lup­dy­lar. Şeý­le-de, Şot­lan­di­ýa­da «Sel­tik» bas­syr 3-nji, umu­my­lyk­da 54-nji çem­pi­on­ly­gy­ny ga­zan­dy we bu ugur­da 55 çem­pi­on­ly­gy bo­lan «Reýn­jer­se» go­laý­la­dy. Hor­wa­ti­ýa­da «Di­na­mo Zag­reb» yz­ly-yzy­na 6-njy, umu­my­lyk­da-da 25-nji ge­zek ýur­duň çem­pio­ny bol­ma­gy ba­şar­dy. Uk­rai­na­da-da soň­ky du­şu­şyk­da «Di­na­mo Ki­ýew­den» 1-0 ha­sa­byn­da üs­tün çy­kan «Şaht­ýor Do­nesk» ta­ry­hyn­da­ky 15-nji çem­pi­on­ly­gy­ny baý­ram et­di.

Hepdäniň esasy duşuşyklary

17-nji maý (an­na) Fio­ren­ti­na – Na­po­li (23:45)