"Diýar" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-56, 39-95-30, 39-95-23
Email: diyar-zurnaly@sanly.tm

Habarlar

10-njy ge­zek Olim­pi­ýa oýun­la­ry­na gat­na­şan il­kin­ji ze­nan türgen

Pa­riž 2024-iň çä­gin­de ny­şa­na ok at­mak bo­ýun­ça 10 metr tü­peň gör­nü­şin­de bäs­le­şen gru­zi­ýa­ly Ni­no Sa­luk­wad­ze ta­ry­hy re­kord goý­dy. 55 ýa­şyn­da­ky tür­gen 10-njy ge­zek Olim­pi­ýa oýun­la­ry­na gat­na­şan il­kin­ji ze­nan, umu­my­lyk­da 2-nji tür­gen bol­dy. On­dan öň ka­na­da­ly at­çy­lyk spor­tu­nyň we­ki­li Iýn Mil­lar 1972-2012-nji ýyl­lar ara­ly­gyn­da je­mi 10 ge­zek Olim­pi­ýa oýun­la­ry­na gat­na­şyp­dy (1980-nji ýyl­da­ka gat­naş­man­dy). Sa­luk­wad­ze bu ge­zek­ki ýa­ryş­da 38-nji or­ny eýe­le­di. Ol il­kin­ji Olim­pia­da­syn­da, ýag­ny 1988-nji ýyl­da SSSR-iň adyn­dan we­kil­çi­lik edip­di we 25 metr tü­peň ýa­ry­şyn­da al­tyn, 10 metr tü­peň bäs­le­şigin­de bol­sa kü­müş me­dal ga­za­nyp­dy. Ol bu me­dal­lar­dan 20 ýyl soň Pe­kin­de 10 metr tü­peň bäs­le­şi­gin­de bü­rünç me­da­la my­na­syp bo­lup­dy. Sa­luk­wad­ze 36 ýyl­lyk dö­wür­de 3 dür­li to­par bi­len çy­kyş et­di. Il­ki SSSR-iň adyn­dan we­kil­çi­lik eden Sa­luk­wad­ze, 1992-nji ýyl­da Bir­le­şen to­par bi­len Olim­pi­ýa oýun­la­ry­na gat­na­şyp­dy. 1996-njy ýyl­dan bä­ri bol­sa ol Gru­zi­ýa­nyň adyn­dan çy­kyş edip gel­ýär. Sa­luk­wad­ze Pa­riž 2024-de 25 metr tü­peň ýa­ry­şy­na-da gat­na­şar.

Pa­riž­de sport baý­ram­çy­ly­gy ýo­ka­ry dep­gin­de do­wam ed­ýär

100 ýyl­dan soň 3-nji ge­zek to­mus­ky Olim­pi­ýa oýun­la­ry­ny gu­ra­ýan Pa­riž­de il­kin­ji­lik­le­re, tä­ze­lik­le­re, tä­sin­lik­le­re, me­de­ni­ýet-sun­gat eser­le­ri­ne baý bo­lan öz­bo­luş­ly açy­lyş da­ba­ra­syn­dan soň il­kin­ji 5 gü­nüň ne­ti­je­sin­de, me­dal sa­na­wyn­da hy­taý­ly­lar öň­de bar­ýar. Olar me­dal­la­ryň gow­şu­ry­lyp baş­la­nan gü­nün­den, ýag­ny 27-nji aw­gust­dan 31-nji aw­gus­ta çen­li ara­lyk­da 9 al­tyn, 7 kü­müş, 3 bü­rünç, je­mi 19 me­dal ga­zan­dy­lar. Ýer eýe­le­ri Fran­si­ýa bol­sa 3-si­ni Le­on Mar­şa­nyň ga­za­nan al­tyn me­dal­lar­dan 8-si­ni alyp, 8 al­ty­ny bo­lan Ýa­po­ni­ýa­dan kü­müş me­dal­la­ry­nyň sa­ny bi­len öňe ge­çip, 2-nji ýer­de bar­ýar. Ola­ryň umu­my­lyk­da 26 me­da­ly bar. 3-nji ýer­dä­ki Ýa­po­ni­ýa­dan soň 7 al­tyn me­dal­ly Awst­ra­li­ýa 4-nji or­ny eýe­le­ýär. Ýe­ňil at­le­ti­ka ýa­ryş­la­ry­nyň hem baş­lan­ma­gy bi­len XXXIII to­mus­ky Olim­pi­ýa oýun­la­ryn­da ýe­ňiş ug­run­da­ky gö­re­şiň mun­dan soň ha­sam ýo­kar­lan­ma­gy­na, tä­ze-tä­ze re­kord­la­ryň go­ýul­ma­gy­na ga­ra­şyl­ýar. Esa­san hem, ýüz­mek ýa­ryş­la­ryn­da Olim­pi­ýa re­kord­la­ry­nyň tä­ze­len­ýän Pa­riž 2024 to­mus­ky Olim­pia­da­sy ýo­ka­ry dep­gin­de do­wam ed­ýär. PARIŽDE 3 ALTYN MEDALA ÝETEN ILKINJI TÜRGEN

Gyzgalaňly häsiýete eýe boldy

Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň Türkmenistanyň körler küşt merkezi bilen bilelikde guramagynda görüş taýdan şikesli türgenleriň arasynda ýurdumyzyň şahsy çempionaty geçirildi. Onda ýurdumyzyň welaýatlarynyň we Aşgabat şäheriniň güýçli türgenleri özara güýç synanyşdylar. Daşoguz şäherindäki 5-nji sport mekdebinde geçen ýaryş gyzgalaňly we çekeleşikli häsiýete eýe boldy. Ýaryşyň netijesine görä, erkek türgenleriň arasynda Aşgabat şäherinden Aýdogdy Atabaýew birinji, Mary welaýatyndan Şageldi Şalyýew ikinji hem-de welaýatymyzdan Mergen Muhaýew üçünji orunlary eýelediler. Zenanlaryň arasynda geçen küşt ýaryşynda Mary welaýatyndan Mahym Gurdowa birinji, welaýatymyzyň maýyplar bedenterbiýe-sport klubunyň türgeni Mahym Taganowa ikinji, Aşgabat şäherinden Gurbangül Esenowa bolsa üçünji orunlary eýeläp, akyl-paýhas oýnunda has tapawutlanmagy başardylar. Ýeňijiler Hormat hatlary we baýraklar bilen sylaglanyldy.

Sagdyn jemgyýet — berkarar döwlet

Jemgyýetimiziň kämil şahsyýeti terbiýelemek babatdaky tagallasyna ata-babalarymyzyň «Sagdyn bedende — sagdyn ruh» pähiminden ugur alyp, bagtyýar ýaşaýşyň möhüm şertleriniň biri hökmünde garalýar. Gahryman Arkadagymyz: «Milletiň saglygy we onuň rowaçlygy ýurdumyzyň baş baýlygydyr» diýip belleýär. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň bedenterbiýe we sport ulgamyny ösdürmek boýunça amala aşyrylýan işler halkymyzyň ruhy we beden saglygyny berkitmäge gönükdirilendir.   Döwletimizde sagdyn durmuş ýörelgesini ornaşdyrmak saglygy berkitmegiň hem-de sagdyn durmuşda uzak ýaşamagy üpjün etmegiň, hemmetaraplaýyn kämil şahsyýeti terbiýeläp ýetişdirmegiň iň ygtybarly ýoly bolup durýar. Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda bedenterbiýäni we sporty ösdürmek arkaly ilatymyzyň saglygyny berkitmek, zyýanly endiklere garşy göreşmek, ösüp gelýän ýaş nesli sporty söýmek we halal zähmete hormat goýmak ruhunda terbiýelemek, milli sportumyzy dünýäde ýokary derejä götermegiň ygtybarly esaslaryny goýmak we hukuk, guramaçylyk, ykdysady-maliýe hem-de maddy-enjamlaýyn şertlerini üpjün etmek, sportuň halkara talaplaryna laýyk gelýän ulgamyny döretmek we ösdürmek barada alada etmegi ynsanperwerligiň belent nusgasydyr.

Sport çäresi

Sagdynlyk bagtly durmuşyň gözbaşydyr Golaýda TAP-nyň Mary etrap komitetiniň etrap bilim bölüminiň bilelikde guramagynda etrabyň 4-nji çagalar bagynda körpeleriň arasynda «Sagdynlyk bagtly durmuşyň gözbaşydyr” ady bilen sport çäresi geçirildi. Çärä TAP-nyň etrap komitetiniň işgärleri, etrap bilim bölüminiň hünärmenleri, etrabyň 1-nji, 4-nji, 6-njy çagalar baglarynyň terbiýeçileri gatnaşdylar.

Sport

Berkarar döwletiň sagdyn nesilleri Golaýda TMÝG-niň Mary etrap geňeşiniň, etrap bilim bölüminiň bilelikde guramagynda etrabyň 1-nji çagalar bagynda körpeleriň arasynda «Berkarar döwletiň sagdyn nesilleri» ady bilen sport çäresi geçirildi. Çärä TMÝG-niň etrap geňeşiniň işgärleri, etrap bilim bölüminiň hünärmenleri, etrabyň 1-nji, 4-nji, 6-njy çagalar baglarynyň terbiýeçileri gatnaşdylar.

Sport baýramçylygy dowam edýär

26-njy iýulda Fransiýanyň paýtagty Parižde XXXIII tomusky Olimpiýa oýunlarynyň açylyş dabarasy boldy. Sport janköýerleriniň garaşan iri halkara sport ýaryşynyň açylyş dabarasyna ýurdumyzyň milli ýygyndy toparynyň türgenleri hem gatnaşdy. Däp boýunça Olimpiýa oýunlary her dört ýyldan bir gezek geçirilip, bu iri ýaryşlar Ýer ýüzüniň dürli künjeginden sport dünýäsiniň iň ezber wekillerini bir ýere jemleýär. Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň düzüminde sportuň dzýudo görnüşi boýunça S.Rahymow, M.Pardaýewa, agyr atletika boýunça D.Hasanbaýew, ýeňil atletikada W.Meredowa we suwda ýüzmek görnüşleri boýunça 100 metr aralyga erkin usulda ýüzmek boýunça M.Jalaýew, 100 metr aralyga arkanlygyna ýüzmek boýunça A.Primowa dagy bar. Olimpiýa oýunlarynyň taryhynda ilkinji gezek Pariž Olimpiadasynyň açylyş dabarasy stadionda däl-de, şäheriň merkezinde geçirildi. Bu dabara gatnaşýan türgenler Austerlis köprüsinden başlap, Sena derýasyndan gaýyklarda 6 kilometr ýüzüp geçip, Eýfel diňiniň öňündäki «Trokadero» meýdançasyna geldiler. Syýahatyň dowamynda türgenler Fransiýanyň paýtagtynyň gözel künjekleri bolan Notr-Dam, Luwr, Uly köşk, Pon-Nýof köprüsi we beýleki desgalar bilen tanyşmaga mümkinçilik aldylar.

Hünärim bar — hormatym bar

Nepisligiň ajaýyp nusgasy Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary, bimöçber aladalary bilen, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe öý-ojagyň söýegi bolan, jemgyýetimiziň ähli ulgamlarynda tutanýerli zähmet çekip, döwrümizi beýgeltmäge saldamly goşant goşýan mähriban zenanlarymyzyň sarpasy belentde tutulýar. Bu günki gün olaryň sungat eserine çalym edýän milli el işleriniň, döredýän halydyr keçeleriniň at-owazasy dünýä dolýar.

Sport

Güýçli türgenleri saýlan ýaryş Şu ýylyň 15 — 19-njy iýuly aralygynda Daşoguz şäheriniň «Garaşsyzlyk» sport desgasynda Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komiteti, Türkmenistanyň Boks federasiýasy tarapyndan 2008 — 2009-njy ýyllarda doglan ýetginjekleriň arasynda boks boýunça ýurdumyzyň birinjiligi ugrunda ýaryş geçirildi. Ýaryşa Diýarymyzyň ähli welaýatlaryndan we Aşgabat şäherinden 14 agram derejesi boýunça ýaş türgenleriň 157-si gatnaşdy. Ýaryşyň esasy maksady hormatly Prezidentimiziň ata Watanymyzda bedenterbiýäni we sporty ösdürmek ugrundaky aladasyny durmuşa geçirmekden, ýurdumyzyň ýygyndy toparyna türgenleri seçip almakdan we Türkmenistanda sportuň boks görnüşini wagyz etmekden hem-de ösdürmekden ybarat boldy.

Döwrebap mümkinçilikler, guwandyryjy üstünlikler

Gahryman Arkadagymyzyň öňe süren, häzirki döwürde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýän «Açyk gapylar» syýasaty we giň halkara hyzmatdaşlyk esasynda Garaşsyz Watanymyzyň paýtagty syýasy, işewürlik, medeni, sport, jemgyýetçilik durmuşynyň iri merkezine öwrüldi. Milli Liderimiziň täzeçil şähergurluşyk strategiýasynyň netijesinde paýtagtymyzda we ýurdumyzyň ähli künjeklerinde döwrebap sport toplumlary, köpugurly stadionlar, ýöriteleşdirilen sport mekdepleri yzygiderli gurlup ulanylmaga berildi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ägirt uly özgertmeleriniň nyşany bolan paýtagtymyz Aşgabat iri halkara çäreleriň, şol sanda dünýä derejesindäki sport ýaryşlarynyň geçirilýän ýeri hökmünde giňden tanalýar. Hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň işjeň hyzmatdaşy bolmak bilen, dürli ugurlardaky, şol sanda sport ulgamyndaky köptaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmek boýunça anyk teklipleri öňe sürýär. 2022-nji ýylyň oktýabrynda Astanada geçirilen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň sammitinde hormatly Prezidentimiziň Arkalaşygyň çäklerinde sport hyzmatdaşlygyny giňeltmek maksady bilen, GDA-nyň Bedenterbiýe we sport boýunça geňeşiniň howandarlygynda halkara sport ýaryşlaryny geçirmek boýunça utgaşdyryjy komiteti döretmek barada öňe süren teklibi, şeýle hem yzygiderli esasda Dostluk oýu

Ýeňişleriňiz ýeňişlere uzasyn!

Sport Ýurdumyzda sportuň ähli ulgamlarda giň gerimde ýaýbaňlanmagy üçin ajaýyp şert-mümkinçilikleriň döredilendigine welaýat saglygy dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumynda bu ugurda alnyp barylýan işler bilen tanyş bolanyňda hem aýdyň göz ýetirýärsiň. Toplumyň bedenterbiýe mugallymy Gurbantagan Ylýasowyň tälimçilik etmeginde şu ýylyň başynda bu ýerde terbiýelenýän we uçurym bolan oglanlardan ybarat kiçi futbol boýunça topar döredilip, onuň gysga wagtda gazanan üstünligi diňe öwgä mynasypdyr.

TÜRKMENISTAN PARIŽ OLIMPIADASYNDA

SALAM, PARIŽ! Türkmen wekiliýetiniň Fransiýa ilkinji ädimi halkara howa menzilinden gözbaş aldy. Zemin bilen asman arasynda geçirilen sagatlaryň, minutlaryň dowamynda hakydada janlanan pursatlar düýş ýaly bolup göz öňümizden geçdi. Çünki türkmen türgenleri bu gün uly sport baýramyna gatnaşmak üçin Fransiýanyň paýtagtynyň gujagyna doldular. Biziň hiç birimiz daşymyza çykarmasagam, her bir adam hyýalynda Pariž bilen ýüzbe-ýüz bolmagyň täsirlerini başdan geçirendir. Biziň «Salam Pariž!» diýen içki seslenmämize meýletinçiler: «Hoş geldiň, Türkmenistan!» diýip jogap berdiler.

Sport syýasatynyň gadamlary

Giň gerime eýe Garaşsyz döwletimizde ilaty, esasanam, ýaşlary bedenterbiýä we sporta köpçülikleýin çekmegiň bähbitli taraplary köp. Ilki bilen-ä, sport sagdynlygyň, ruhubelentligiň gözbaşy bolmak bilen bu ulgamyň ösdürilmegi halkymyzyň saglygyny goramakda we berkitmekde ähmiýeti örän uludyr. Mundan başga-da, ýurdumyzda sportuň ösdürilmegi jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgesiniň berkararlygynyň gazanylmagyna-da bähbitli täsirini ýetirýär.

Çekeleşikli ýaryş

Kaka etrabynyň Hywaabat jülgesindäki «Ýaşyl ýaýla» çagalar dynç alyş-sagaldyş merkezinde welaýatymyzyň dürli ýerlerinden gelen çagalaryň 300-si dynç alyp, saglygyny berkidýär. Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň etrap birleşmesi, beýleki jemgyýetçilik guramalary, «Türkmenistan» Ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň welaýat bölümi tarapyndan guralýan sport- sagaldyş çäreleri bagtyýar çagalarda uly ruhubelentlik döredýär. Çagalaryň dynç alşynyň many-mazmunyny we sporta höwesini artdyrmak, sportuň kiçi futbol, woleýbol, tanap çekmek görnüşleri boýunça güýçli toparlary ýüze çykarmak hem-de höweslendirmek maksady bilen geçirilen nobatdaky ýaryş çekeleşikli häsiýete eýe boldy. Oňa toparlaryň birnäçesi gatnaşyp, sport ussatlygyny görkezdiler. Netijede, kiçi futbolda «Güneş», woleýbolda «Gala», tanap çekmekde «Ruhubelent» toparlary üstün çykdy.

Halkara sport baýramçylygy dowam edýär

Hemmämiziň bilşimiz ýaly, Fransiýanyň paýtagty Pariž şäherinde 26-njy iýulda XXXIII tomusky Olimpiýa oýunlarynyň açylyş dabarasy boldy. Sport janköýerleriniň uly gyzyklanma we sabyrsyzlyk bilen garaşan ýokary derejeli iri halkara sport ýaryşynyň açylyş dabarasyna ýurdumyzyň milli ýygyndy toparynyň türgenleri hem uly ruhubelentlik bilen gatnaşdylar. Syýahatçylaryň hem-de jahankeşdeleriň ünsüni özüne çekýän Fransiýanyň paýtagty Parižde geçirilýän nobatdaky Olimpiýa oýunlarynyň açylyş dabarasynda Türkmenistanyň Baýdagynyň belentde parlamagy biziň her birimiziň kalbymyzda buýsanç duýgusyny döretdi. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň syýasy durmuşynda möhüm ähmiýeti bolan şanly seneleriň dabaralandyrylýan 2024-nji «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hem ýurdumyzyň sport ulgamynda ösüşdir özgerişler, şanly wakalar taryhyň sahypalaryna altyn harplar bilen ýazylýar. Häzirki ajaýyp döwrümizde türkmen türgenleri sebit we halkara derejeli sport bäsleşiklerine gatnaşyp, Watanymyzyň sport abraýynyň belende galmagyna özleriniň mynasyp goşantlaryny goşýarlar.

Sport.

Sport — sagdynlyk we gözellik Şeýle at bilen TMÝG-niň etrap geňeşiniň, etrapdaky 1-nji sport mekdebiniň bilelikde guramagynda ady agzalan sport mekdebinde sport çäresi geçirildi. Sport çäresine TMÝG-niň etrap geňeşiniň işgärleri, etrap bilim bölüminiň hünärmenleri, etrapdaky 1-nji, 2-nji, sport mekdepleriniň tälimçileri, türgenleri gatnaşdylar.

Sungat. Ylham. Sport

Kaşaň köşgi-eýwanlaryňdyr ýaşaýyş jaý toplumlarynyň häziriki zaman binalar bilen ajaýyp sazlaşygy, uly şäheri ikä bölýän giň derýa, demir böleklerinden bina edilen hem-de uzaklardan seleňläp görünýän täsin diň. Gözel keşbi we taryhy ýadygärlikleri bilen jahankeşdeleriň söýgüli mekanyna öwrülen Pariž şäheri XXXIII tomusky Olimpiýa oýunlarynyň geçirilýän ýeri hökmünde bu gün ýene-de dünýäniň üns merkezinde. Medeni galkynyşyň mekany

Sport — parahatçylygyň we dostlugyň ilçisi

Türkmen türgenleri Parižde Olimpiada — 2024-iň açylyş dabarasyna gatnaşdylar Mälim bolşy ýaly, 26-njy iýulda Fransiýanyň paýtagtynda XXXIII tomusky Olimpiýa oýunlarynyň açylyş dabarasy boldy. Oňa Türkmenistanyň türgenleri hem gatnaşdylar. 1896-njy ýylda fransuz jemgyýetçilik işgäri Pýer de Kuberten tarapyndan gaýtadan dikeldilen, her dört ýyldan bir gezek geçirilýän iri ýaryşlar Ýer ýüzüniň dürli künjeginden sport dünýäsiniň iň ezber wekillerini bir ýere jemleýär. Munuň özi sportuň parahatçylygyň we dostlugyň ilçisidigini görkezýär.

Türkmen türgenleri Parižde Olimpiada — 2024-iň açylyş dabarasyna gatnaşdylar

26-njy iýulda Fransiýanyň paýtagtynda XXXIII tomusky Olimpiýa oýunlarynyň açylyş dabarasy boldy. Oňa Türkmenistanyň türgenleri hem gatnaşdylar. 1896-njy ýylda fransuz jemgyýetçilik işgäri Pýer de Kuberten tarapyndan gaýtadan dikeldilen we her dört ýyldan bir gezek geçirilýän bu iri ýaryşlar Ýer ýüzüniň dürli künjeginden sport dünýäsiniň iň ezber wekillerini bir ýere jemleýär. Paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesiniň «Başa-baş söweş sungaty» sport toplumynda geçirilen Türkmenistanyň milli ýygyndy toparyny Olimpiada — 2024-e ugratmak dabarasy mynasybetli hormatly Prezidentimiz türkmen türgenlerine Gutlag iberdi. Onda döwlet Baştutanymyz türgenleri bu halkara sport baýramçylygyna gatnaşmaga hukuk gazanmaklary bilen tüýs ýürekden gutlap, XXXIII tomusky Olimpiýa oýunlarynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistana mynasyp wekilçilik etmegi hem-de eziz Diýarymyzyň halkara sport abraýyny täze, belent derejelere götermegi arzuw etdi.

Türkmen türgenleri Parižde Olimpiada — 2024-iň açylyş dabarasyna gatnaşdylar

26-njy iýulda Fransiýanyň paýtagtynda XXXIII tomusky Olimpiýa oýunlarynyň açylyş dabarasy boldy. Oňa Türkmenistanyň türgenleri hem gatnaşdylar. 1896-njy ýylda fransuz jemgyýetçilik işgäri Pýer de Kuberten tarapyndan gaýtadan dikeldilen we her dört ýyldan bir gezek geçirilýän bu iri ýaryşlar Ýer ýüzüniň dürli künjeginden sport dünýäsiniň iň ezber wekillerini bir ýere jemleýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Watanymyzyň halkara sport abraýyny belende götermek, Olimpiýa oýunlarynda türgenlerimiziň üstünlikli çykyş etmeklerini gazanmak üçin hormatly Prezidentimiz, Türkmenistanyň Milli Olimpiýa komitetiniň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow degişli Kararlara gol çekdi. Olara laýyklykda, Parižde geçiriljek XXXIII tomusky Olimpiýa we XVII tomusky Paralimpiýa oýunlaryna Türkmenistanyň milli ýygyndy toparlaryny taýýarlamak boýunça maksatnama işlenip taýýarlanyldy hem-de guramaçylyk topary döredildi. Paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesiniň “Başa-baş söweş sungaty” sport toplumynda geçirilen Türkmenistanyň milli ýygyndy toparyny Olimpiada — 2024-e ugratmak dabarasy mynasybetli hormatly Prezidentimiz türkmen türgenlerine Gutlag iberdi. Onda döwlet Baştutanymyz türgenleri bu halkara sport baýramçylygyna gatnaşmaga hukuk gazanmaklary bilen tüýs ýürekden gutlap, XXXIII tomusky Olimpiýa oýunlarynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistana mynasyp wekilçilik etmegi hem-