"Türkmen dünýäsi" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-60-45, 38-60-40, 38-60-44
Email: turkmendunyasi@sanly.tm

Habarlar

Gyz edebi — göwher

Halkyň arasynda gyz edebi barada köp gürrüňler edilýär. Munuň özi halkymyzyň gyz maşgala bilen bagly gadymy ýörelgeleriniň owaldan-ahyra ünsden düşürilmeýändigini aňladýar. Ene-mamalarymyz «Gyzly öý — gyzylly öý» diýipdir. Türkmen halkynyň gyz maşgala terbiýe berşi-de özboluşly. Gelin-gyzlarymyzda öz milliligimize mahsus bolan asyllylygy, edep-ekramlylygy, sypaýylygy, päkizeligi, ula hormat, kiçä sarpa goýmagy terbiýelemek, ir döwürlerde bolşy ýaly, häzirki wagtda hem uly ähmiýete eýedir. Bu häsiýetler il-gün üçin taýsyz genji-hazyna. Şular bilen bir hatarda, gyz perzentleriň maşgalada öwrenen biş-düş, tikin-çatyn, arassaçylyk başarnyklary hem geljekde hersi bir maşgalanyň sütüni bolmaly gyzlarymyzyň bezegidir, zynatydyr. Gyz edebi onuň asylly hereketlerinde hem görünýär, onuň hereketleri hiç kimiň nazaryndan sypmaýar. Şu jähetden, bir ýaşuly enäniň aýdyşy ýaly, gyz maşgala asylly bolmaly, asgyn bolmaly däl, dogumly bolmaly, gödeksi bolmaly däl, alçak bolmaly, ýeňles bolmaly däl. Şu sözdäki bolmaly hem bolmaly däl diýilýänleriň arasynda kiçijik çygyrly uly tapawut bar. Gyz maşgalalar şol tapawudy bilip, «bolmaly däl» diýlen häsiýetlerden gaça durmaly. Akyly, edebi ýüz-gözüniň nurunda jemlenen, iş-güýçden gaçmaýan gyzlar taryp bilen wasp edilmäge, söýülmäge mynasypdyrlar. Şonuň üçin hem ene-mamalarymyz gyz perzentlerine öwüt berende: «Gürlände-güleňde sesiň gürrüňdeşiň gulagynd

Çarwadarlaryň V bütindünýä oýunlary

8-nji sentýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Prezident Kasym-Žomart Tokaýewiň çakylygy boýunça Çarwadarlaryň V bütindünýä oýunlarynyň açylyş dabarasyna gatnaşmak üçin Gazagystan Respublikasyna iş saparyny amala aşyrdy. Iş saparynyň barşynda türkmen halkynyň Milli Lideriniň Prezident Kasym-Žomart Tokaýew bilen duşuşygy boldy.

Söýýän göz gözellik görýär

Görseňizläň, älem-jahan nähili gözel! Seleňläp görünýän geriş-geriş daglaryň depeleri asmana gol gerip duran ýaly. Bu owadan görnüşden, howanyň tämizliginden aýrylyp bilmän, men öňki endigime görä, ýanýodadan pikir ummanyna gark bolup barýaryn. Men öňler işime gijä galmazlyk üçin tiz ýöreýärdim. Bu gün bolsa asla howlugasym gelenok. Men häzir wagtyň geçmän durmagyny isleýärin. Güýzüň gelendigini buşlaýan howa, şabat şemal ýaňaklarymdan sypap, saçlarymy daraýar. Seýilgähiň ýanyndan pessaý ýöräp, çar ýanymy söýgi bilen synlaýaryn. Suw çüwdürimleriniň ýokardan aşaklygyna düwmelenip gaçmagy göwnümi has-da göterýär. Men bu gözelliklere maýyl bolup barşyma öz-özüme ýüzlenip, göwnühoşlugymyň sebäbini soraýaryn. Şonda ýürek onuň sebäbiniň söýgüdigini aýdýar. Aslynda, söýgi hakda oýlanan pursadym men ähli zady unudýaryn. Bu taýsyz hem süýji duýga goýýan hormatym-sarpam meni bagtyýar ýaşadýar. Söýgi mukaddesligini gorap saklamagy başymyň täji, alnyma ýazylan bagtly ýazgydym hasap edýärin. Bir gün men uzak ýola ýolagçy boldum, şonda maňa ýüzi nurana, kümüş saçly bir ene bilen ýoldaş bolmak bagty miýesser etdi. Köp gürrüňdeşlikden soň ol ene meniň ýüzüme synçy nazaryny dikip, bir sowal berdi:

Maksadymyz — ak ýollaryň howpsuzlygy

Islendik oba bolsun, şäher ýa-da şäherçe, tapawudy ýok, ýol hereketiniň düzgünlerini berjaý etmek ynsan saglygyny goramakda uly ähmiýete eýedir. Häzirki döwürde ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmek dünýäde wajyp meseleleriň biri hasaplanýar. Ýurdumyzda her ýylyň 1-30-njy sentýabry aralygynda «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlyk geçirilýär. Bu işler özüniň oňyn netijesini hem berýär. Häzirki wagtda nurana ýollarda hereket edýän dürli kysymly awtoulaglary edinýän raýatlarymyzyň sany barha artýar. Şol sebäpden täze ýollaryň, köpugurly awtomobil köprüleriniň, ýolagçy duralgalarynyň gurulmagyna, köçeleriň yşyklandyrylmagyna, ýol belgileriniň görnükli ýerlerde goýulmagyna aýratyn üns berilýär. Ak ýollarda hereketiň güýçlenmegi bilen, ýol hereketine gatnaşyjylara, ýagny sürüjilere, pyýadalara, ýolagçylara bildirilýän talaplar hem güýçlendirilýär. Bu bolsa ýol hadysalarynyň öňüniň alynmagyny şertlendirýär.

Hünärli nesil

Düýn, Ak bugdaý etrabyndaky tebigy we takyk ugurly okuw derslerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 46-njy orta mekdepde Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň we Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň bilelikde yglan eden «Hünärli nesil — röwşen geljek» atly bäsleşiginiň jemleýji welaýat tapgyry geçirildi.

Çar ýandan oba hojalyk täzelikleri

Ekerançylykda gen inženerligi Genetikada gazanylýan üstünlikler oba hojalyk ekinlerinden hasyl almagyň derejesini ýokarlandyrmakda öz netijeliligini kesgitledi. Genleri redaktirlemegiň CRISPR ýaly täze usullary ösümlikleriň täze sortlaryny döretmekde seleksiýanyň işini çaltlandyrmaga ýardam edýär. Eger, öňler täze sorty döretmek üçin birnäçe ýyllar sarp edilýän bolsa, indi bu işiň gidişi has-da çaltlanýar.

Pag­ta bi­ziň baý­ly­gy­myz­dyr

Ýurdumyzda pagta ýygymyna guramaçylykly girişilýär. Bu milli baýlygymyzy ýangyndan goramak biziň borjumyzdyr. Pag­ta am­mar­la­ryň, pag­ta aras­sa­laý­jy kär­ha­na­la­ryň, har­man­la­ryň çäk­le­rin­de nä­saz ga­py­la­ry bo­lan elekt­rik paý­laý­jy ger­mew­le­ri ulan­mak, elekt­rik ge­çi­ri­ji­le­ri pag­ta har­man­la­ry­nyň üs­tün­den ge­çir­mek, elekt­rik ge­çi­ri­ji­le­re, öçür­ýän ab­zal­la­ra ola­ryň bi­rik­di­ri­len ýer­le­ri­ne goş­ma­ça en­jam­la­ry bi­rik­dir­mek, ýag­ty­lan­dy­ryş çy­ra­la­ry go­rag aý­na ör­tü­gi bol­maz­dan ulan­mak, elekt­rik ge­çi­ri­ji­le­riň daş­ky ör­tük­le­ri­niň elekt­rik aky­my­na gar­şy du­ruş de­re­je­si­ni sy­nag­dan ge­çir­mez­den ulan­mak, nä­saz ýa-da wagt­la­ýyn as­ma gör­nü­şin­de ge­çi­ri­len elekt­rik ge­çi­ri­ji­le­ri ulan­mak, pag­ta har­man­la­ry­nyň çä­gin­de aw­tou­lag se­riş­de­le­ri­ne ýag-ýan­gyç guý­mak, pag­ta ýük­le­ýän, dar­gad­ýan en­jam­la­ry nä­saz ýag­daý­da ulan­mak gadagandyr. Pag­ta ýük­le­ýän, dar­gad­ýan en­jam­la­ry işe goý­ber­mez­den öň, ola­ryň teh­ni­ki taý­dan gu­rat­ly­gy­ny bar­lap, ma­ýyş­gak elekt­rik ge­çi­ri­ji­le­ri ulan­ma­ly. Elekt­rik ul­ga­my­ny öçür­mez­den ýer­le­ri­ni üýt­get­mek, iş­jeň ýag­daý­da gö­zeg­çi­lik­siz gal­dyr­ma­ly däl. Iş wag­ty ta­mam­la­nan­dan soň, äh­li elekt­rik ul­ga­my­nyň öçü­ri­len­di­gi­ne göz ýe­ti­rip, ýö­ri­te tu­tu­lan ki­ta­ba bel­lik et­me­li.

Wagyz-nesihat duşuşygy

«Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlyk mynasybetli Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Babadaýhan etrap Geňeşiniň, etrap polisiýa we bilim bölümleriniň bilelikde guramaklarynda şu günler etrabyň bilim-terbiýeçilik ojaklarynda meýilnama esasynda wagyz-nesihat häsiýetli duşuşyklar, gürrüňdeşlikler, bäsleşikler geçirilýär. Şol çäreleriň barşynda ýaşlara ýol hereketiniň düzgünleri düşündirilýär. Etrapdaky 23-nji orta mekdebiň okuwçy ýaşlarynyň arasynda «Ýol hereketiniň düzgünlerini öwrenmek her birimiziň borjumyzdyr» ady bilen geçirilen wagyz-nesihat duşuşygy has-da täsirli boldy. Onuň barşynda etrap polisiýa bölüminiň ýol gözegçiligi bölümçesiniň, Ýaşlar guramasynyň wekilleri, etrap bilim bölüminiň hünärmenleri, halypa mugallymlar çykyş etmek bilen, her bir adamyň ýol hereketiniň düzgünlerini berjaý etmäge borçludygy barada nygtadylar, mekdep okuwçylaryna gymmatly öwüt-ündewlerini aýtdylar.

Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy

Jemgyýetimiziň baş baýlygy bolan adam hakyndaky aladany ähli zatdan ileri tutýan hormatly Prezidentimiziň bu ugurdaky beýik işleri halkymyzyň saglygyny, rahatlygyny kepillendirýär. Her ýylyň 1 — 30-njy sentýabry aralygynda «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» diýen at bilen biraýlyk geçirilýär. Bu biraýlygyň dowamynda geçirilýän çäreler ýurdumyzda ýol hereketiniň düzgünleriniň berjaý edilmegi netijesinde ilatyň saglygyny goramaga, şikesler sebäpli döreýän keselleriň we maýyplygyň öňüni almaga gönükdirilendir. Ýurdumyzda döwrebap ýaşaýyş jaýlary, täze etraplar, şäherçeler we ähli amatlyklary bolan awtomobil ýollary, köprüler yzygiderli gurulýar. Ýollaryň ugrunda döwrebap duralgalaryň, ýerasty, ýerüsti geçelgeleriň, hereketiň kadaly ýola goýulmagyna mümkinçilik berýän ýolyşyklaryň we beýleki degişli belgileriň bolmagy sürüjilere we pyýadalara hereket etmekde ähli mümkinçilikleri we amatly şertleri döredýär. Ýol hereketiniň asudalygyny we howpsuzlygyny üpjün etmek, agyr ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almak, ilkinji nobatda, herekete gatnaşyjylaryň ýol hereketiniň kadalaryny dogry berjaý edişine baglydyr.

Halk maslahaty — döwletiligiň milli binýady

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň ähli ulgamlarynda uly ösüşler gazanylýar. Türkmenistanyň dünýä jemgyýetçiliginde kuwwatly we abadan döwlet, parahatçylyk dörediji merkez hökmünde abraýy ýylsaýyn belende galýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň içeri we daşary syýasatynda, şeýle hem ýurdumyzy ykdysady, durmuş we medeni taýdan ösdürmek ugrunda il bähbitli işler durmuşa geçirilýär. Gahryman Arkadagymyzyň öňdengörüjilikli başlangyçlary esasynda hem-de hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda häzirki zaman türkmen jemgyýetini dünýä siwilizasiýasynyň belentliklerine galdyrmak maksady bilen durmuşyň ähli ugurlarynda düýpli ösüşe badalga berildi. Taryh üçin gysga döwürde ösüşiň belentliklerine tarap ynamly öňe barýan berkarar döwletimiziň mundan beýläk hem gülläp ösmegi, eziz Diýarymyzyň halkara abraýynyň has-da belende galmagy üçin guwandyryjy işler durmuşa geçirildi. Bu ugurda ýurdumyzyň kanunçykaryjylyk binýady hem yzygiderli kämilleşdirilýär.

Ozon gatlagynyň goragy — adamzadyň derwaýys meselesi

Daşky tebigy gurşaw jemgyýetiň maddy, ruhy we medeni isleglerini kanagatlandyrmak üçin ilkinji we iňňän zerur çeşme bolup hyzmat edýär. Tebigat biziň umumy öýümiz bolmak bilen, bir bitewülikde ýaşamaga, tebigy baýlyklary örän oýlanyşykly peýdalanmaga borçly edýär. Häzirki wagtda ekologiýa howpsuzlygy tutuş adamzadyň öňünde çözülmesi örän wajyp mesele bolup durýar. Ekologiýa howpsuzlygy boýunça halkara hyzmatdaşlygyny alyp barmak Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar.

«Gözli» sütün

— Bedenimiziň iň çalasyn myşsalary gözlerimizde ýerleşýär. «Göz açyp-ýumasy salymda» diýlen söz düzümi, meger, şonuň üçin dörän bolsa gerek. — Ynsan gözüniň diametri ortaça 2,25 santimetre, agyrlygy bolsa 7 grama barabardyr.

Şan-şöhraty artýan «akylly» şäher

Düýn Arkadag şäheriniň häkimliginiň mejlisler jaýynda «Arkadag şäheri — dünýä nusgalyk «akylly» şäher» ady bilen hoşallyk maslahaty geçirildi. Ýurdumyzdaky ilkinji «akylly» şäheriň ýakynda mynasyp bolan halkara baýraklaryna bagyşlanan maslahata Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy, Arkadag şäheriniň häkimi, ýurdumyzyň dürli edara-kärhanalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, talyp ýaşlar, şeýle hem şäheriň bagtyýar ýaşaýjylary gatnaşdylar. Maslahatda çykyşlara giň orun berildi. Çykyş edenler ýakynda Koreýa Respublikasynyň paýtagty Seul şäherinde geçirilen «World Smart City Expo» atly halkara sergä türkmen wekiliýetiniň gatnaşmagynyň we onuň çäklerinde Arkadag şäheriniň üç sany halkara baýraga mynasyp bolmagynyň ildeşlerimizde çäksiz buýsanç duýgusyny döredendigini aýratyn bellediler. Munuň özi Gahryman Arkadagymyzyň paýhasyndan dörän şäheriň iň bir döwrebap şähergurluşyk taslamasy hökmünde dünýä ülňülerine doly laýyk gelýändiginiň, onuň öňdebaryjy binagärlik çözgütleriniň halkara jemgyýetçilik tarapyndan ykrar edilýändiginiň nobatdaky güwäsidir. Halkara sergide ýurdumyzyň ilkinji «akylly» şäherine «Iň tapawutlanan «akylly» şäher», «Daşary ýurt «akylly» şäheri», «World Smart City Expo 2024» halkara sergisine goşan uly goşandy üçin» atly abraýly baýraklar gowşuryldy.

Ýol hereketiniň kadalaryny berjaý edeliň!

Çagalary ýol hereketiniň kadalary bilen tanyşdyrmak ene-atalar üçin möhüm meseleleriň biridir. Ulular diňe düşündirmek bilen çäklenmän, eýsem, çagalarda ýol hereketiniň düzgünlerini berk berjaý etmek we olara eýermek endiklerini hem terbiýelemeli. Çaga ýol hereketiniň kadalaryny 4 ýaşandan soň öwredip başlamaly. Ýoldan geçeniňizde, oňa haýsy reňkde geçendigiňizi, näme üçin durandygyňyzy, ýol bellikleriniň näme üçin goýulýandygyny aýdyp beriň. Çagalarda 6 ýaşa çenli ünslülik gowşak we gyralygyna görmek gowy ösmedik ýagdaýda bolýar. Mysal üçin, çaga ýoluň geçilýän zolagynda tötänleýin bir oýnawajyny gaçyryp, ony almak üçin yzyna dolanyp biler. Şol sebäpli çaga ýolda yzyňa dolanmaly däldigini düşündirmeli: ýaşyl çyra uzak wagtlap ýanmaýar, gyzyl çyra ýakylanda bolsa awtoulaglar hereket edip başlaýar. Beýle ýagdaýda olar pyýadanyň duran ýerine sürüp, ýol ulag hadysasyny döredip bilerler. Bu örän howply ýagdaýdyr.

Ýollar rahat — durmuş abadan

Biziň köçe-ýol hereketine gatnaşyjylar bolanymyz üçin onuň howpsuzlygyny berjaý etmek ömrümiziň rahatlygyny goramakdyr. Bu diňe sürüjiniň däl, eýsem, köçe-ýol hereketine gatnaşýan her bir adamyň, ýolagçynyň borjy bolup durýar. Biz — ene-atalar perzentlerimize ýoldan geçmegiň tertibini düşündirmelidiris. Aýratyn-da, kiçi ýaşly çagalar mekdebe gidenlerinde ýerasty geçelgelerden geçmelidigini nygtamalydyrys. Ulagdan, ýagny awtobusdan düşülensoň, onuň öňünden däl-de, yzyndan aýlanyp geçmelidigini häli-şindi çagalara ýatladyp durmaly. Çagalaryň ýol hereketiniň howpsuzlygy hakyndaky kadalary özleşdirmeginde ene-atalaryň paýyna düşýän jogapkärçilik uludyr. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gurlup ulanylmaga berilýän şaýollar giňligi, sürüjiler hem-de ýolagçylar üçin amatlylygy bilen tapawutlanýar. Oklaw ýaly göni, iki gyrasy baglar, güller bilen bezelen aýna ýaly ýollarda gözegçilik enjamlary, ýol yşyklary, ýörite gullugyň gözegçileri ýolagçylaryň howpsuzlygynyň goragynda durýarlar. Ýerasty geçelgeler, pyýadalar üçin ýörite geçelgeler, ýanýodalar raýatlaryň hereketiniň rahat bolmagy ugrunda döredilen şertlerdir. Şu zatlary synlap, halkymyzyň arkaýyn ýaşamagy, zähmet çekmegi, nesillerimiziň okamagy barada edilýän aladalaryň bimöçberdigine göz ýetirýärsiň.

Döwletli tutumlara badalga

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň gowulandyrylmagyna gönükdirilen maksatnamalaryň üstünlikli amala aşyrylmagyna, syýasy, ykdysady, demokratik özgertmeleri has-da işjeňleşdirmäge uly ähmiýet berilýär. Türkmen halky gadymy döwürlerden bäri bir uly işiň başyny tutanda, ýaşulular bilen maslahatlaşyp geňeş edipdir. Pederlerimizden miras galan asylly ýörelge häzirki döwürde hem mynasyp dowam etdirilýär. Demokratik ýörelgelere eýerilip, il-ýurt ähmiýetli möhüm çözgütler kabul edilýär. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň işi halkyň bähbidiniň ileri tutulmagyny üpjün edýär.

Üçe çenli — aýny wagty!

MASARU IBUKA (Irki terbiýe bilen bagly 76 maslahat) KÖP EMEDEKLEÝÄN ÇAGALARYŇ SÖZLEÝIŞ UKYPLARY HAS OŇAT ÖSÝÄR

Watan goragy mukaddesdir

Berkarar döwletimizde merdana ata-babalarymyzyň mertlik, watansöýüjilik, zähmetsöýerlik ýörelgelerine gyşarnyksyz eýerilýär. Çünki Watany söýmek we goramak, harby borja ygrarly bolmak her birimiz üçin mukaddes borç we belent mertebedir. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen ýurdumyzda ýaş nesli watançylyk ruhunda terbiýelemek, Watan goragçylaryna harby bilimiň çuňlaşdyryp öwredilmegini gazanmak ugrunda hem beýik işler durmuşa geçirilýär. Bu hakykata altyn güýzüň ilkinji gününde Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Berdimuhamet Annaýew adyndaky 1-nji Ýöriteleşdirilen harby mekdebiniň täze binalar toplumynyň açylyp, ulanylmaga berilmeginiň mysalynda ýene bir gezek göz ýetirdik. Bilşimiz ýaly, mekdebiň döwrebap binasynda ýaşlara kämil bilim bermek, olaryň söweşjeň taýýarlygyny ýokarlandyrmak, beden we ruhy taýdan sagdyn ösüşini gazanmak üçin ähli mümkinçilikler döredilipdir. Täze toplumda döredilen şertler Watan goragçylarynyň ýaş neslini kemala getirmäge, olaryň zehinini ösdürmäge, harby başarnyklaryny has-da kämilleşdirmäge, harby talyplaryň amatly ýaşaýyş-durmuş şertlerini üpjün etmäge ýardam eder. Şeýle döwrebap şertlerde harby bilim we terbiýe alýan ýaşlar geljekde halkymyzyň parahat, bagtyýar durmuşynyň bähbidine durmuşa geçiriljek beýik işlere mynasyp goşant goşjak şahsyýetler bolup ýetişerler.

Ýollar asuda — iller abadan

Welaýat ýörite sungat mekdebinde guran wagyz-nesihat çärämiz ýurdumyzda yglan edilen «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlyga bagyşlandy. Oňa welaýat polisiýa müdirliginiň polisiýanyň ýol gözegçiligi we ýangyn howpsuzlygy bölümleriniň işgärleri, kazyýet edaralarynyň wekilleri, mugallymlar we talyplar gatnaşdylar. Bu ähmiýetli çäräniň dowamynda edilen çykyşlarda ýollarda asudalygy saklamak, hereket howpsuzlygyny berjaý etmek, döräp biläýjek ýaramaz ýagdaýlaryň öňüni almak bilen bagly täsirli çykyşlara giň orun berildi. Polisiýanyň ýol gözegçiligi bölüminiň wekilleriniň çykyşlarynda ýol hereketiniň talaplaryny doly we dogry berjaý etmegiň herekete gatnaşyjylaryň ählisi üçin esasy zerurlykdygy nygtaldy. Çykyş edenler üstümizdäki ýylda hem bu biraýlygy netijeli geçirip, raýatlarymyzyň ömürleriniň rahatlygyny üpjün etmek bilen bagly şeýle ählihalk işlerine uly goşant goşjakdyklaryny aýtdylar.

Maslahat geçirildi

Türkmenistanyň Halk Maslahaty — raýat jemgyýetiniň kämil nusgasy Golaýda welaýat kitaphanasynda TMÝG-niň welaýat geňeşiniň, Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň welaýat bölüminiň, welaýat kitaphanasynyň bilelikde guramagynda «Türkmenistanyň Halk Maslahaty — milli demokratiýanyň we raýat jemgyýetiniň kämil nusgasy» ady bilen maslahat geçirildi.