«7/24.tm»: №52 (239) 23.12.2024
Täze ýyl — adamzadyň uly umyt bilen bir saçagyň başynda maşgala bolup, şatlyk-şowhun bilen belleýän baýramy. Adamlar gyş geldigi, Täze ýyla taýýarlyk görýärler. Gyş diýlende, ilkinji pikirlenýän zadymyz gar tozgalary, olar gyşyň bezegi. Çagalaryň ellerine elligini geýip, biri-birine gar zyňyşýan pursatlary, gör, nähili ajaýyp?! Olaryň sowukdan ýaňa çekgejikleridir ýaňaklary gyzarsa-da, oýun oýnap ýörişlerine sowugy unudýarlar. Sebäbi ýetip gelýän Täze ýylyň we gyşyň şowhuny çagalaryň tutuş bedenine nur çaýýar. Heý-de, mundan artyk bagt bolarmy?! Garyň akja reňki gijelerine-de gara tümlügi ýagtyldýan nur mysaly. Gijelerine gar ýaganda, gözýetime ilmeýän zatlaram görüp bolýar. Pederlerimizem ýöne ýere «Ak zat alnyňa ýagşy» diýip aýtmandyr-a.