«7/24.tm»: №52 (239) 23.12.2024
Türkmenistanda Täze ýyl baýramy döwlet derejesinde şatlyk-şowhun bilen bellenilip geçilýär. Halkymyzda toý-baýramlara, şanly senelere taýýarlykly barmak, baýramçylyk saçaklaryny dürli naz-nygmatlar bilen bezemek asyrlardan dowam edip gelýän asylly däbimizdir. Täze ýyl baýramy mynasybetli söwda nokatlarynyň halkyň sarp edýän gündelik harytlary, Täze ýyl sowgatlary we beýleki önümler bilen has-da baýlaşmagy bereketli türkmen saçaklarynyň bolçulygyny öňküden-de artdyrýar. Ak bazarlarymyzda dürli harytlaryň bolçulygynyň bolmagy merdana halkymyzyň Täze ýyly ýokary derejede garşy almagyna uly mümkinçilik berýär.