"Türkmen dünýäsi" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-60-45, 38-60-40, 38-60-44
Email: turkmendunyasi@sanly.tm

Habarlar

Wajyp wezipeler kesgitlenildi

“Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýlip yglan edilen üstümizdäki ýylda Garaşsyz döwletimizi durmuş-ykdysady taýdan ösdürmekde öňümizde möhüm wezipeler durýar. Golaýda Türkmengala etrap häkimliginiň mejlisler jaýynda geçirilen maslahat hem geçen ýylda ýetilen sepgitler seljerilip, öňde durýan wezipeleri durmuşa geçirmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu çäre TDP-niň etrap komiteti tarapyndan guralyp, oňa TDP-niň welaýat komitetiniň jogapkär işgärleri, etrap komitetiniň işgärleri we işjeň agzalary gatnaşdylar. Maslahatda TDP-niň etrap komitetiniň başlygy, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty Muhammetnazar Täşliýew, TDP-niň etrap komitetiniň işgäri Serdar Jumageldiýew, etrapdaky 14-nji we 16-njy orta mekdepleriň mugallymlary Bahar Gurbanmyradowa, Muhammetmyrat Durdyýew, etrapdaky 8-nji çagalar bagynyň aýdym-saz mugallymy Nurgeldi Garaýew çykyş etdiler. Olar 2020-nji ýylda bitirilen işlere seljerme berip, üstümizdäki ýylda ýetilmeli sepgitler dogrusynda giňişleýin durup geçdiler. Şeýle hem bu maslahatda ýaşlaryň birnäçesi partiýa agzalygyna kabul edildi. 2020-nji ýylda zähmetde tapawutlanan partiýa agzalaryna ýadygärlik sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

Adam. Jemgyýet. Kanun.

Ösüşli döwrüň talaby Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Garaşsyz döwletimiziň ykdysadyýetiniň ähli pudaklarynda giň gerimli özgertmeler amala aşyrylýar. Raýatlaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmaga gönükdirilen tagallalar rowaçlyklara beslenýär. Netijede, türkmen halky bagtyýar durmuşda ýaşap, abadan geljegine ynamly gadam urýar. Bularyň hemmesiniň gözbaşynda hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň durýandygy guwanjymyza guwanç goşýar.

Ýol hereketiniň düzgünleri düşündirildi

Bereket etrabyndaky 19-njy orta mekdepde welaýat Polisiýa müdirliginiň polisiýanyň ýol gözegçiligi bölüminiň, etrap polisiýa bölüminiň polisiýanyň ýol gözegçiligi bölümçesiniň we etrap bilim bölüminiň bilelikde guramaklarynda mekdep okuwçylarynyň arasynda ýol hereketiniň düzgünleri barada çäre geçirildi. Onuň dowamynda okuwçylara interaktiw enjam arkaly ýollarda pyýadalaryň borçlary baradaky wideoşekil görkezildi. Şeýle-de, okuwçylaryň ýol hereketiniň düzgünlerine bolan düşünjelerini artdyrmak maksady bilen, ýol belgileriniň we ýolyşyklaryň hereketiň sazlaşygyny üpjün etmekdäki ähmiýeti barada sorag-jogap alşyldy. Ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almak, hereket howpsuzlygyny üpjün etmek meselesine has oýlanyşykly we jogapkärli çemeleşmegiň zerurdygy, bu babatda raýatlarymyzyň her biriniň şahsy jogapkärçiligini duýmalydygy nygtaldy. Soňra mekdebiň kitaphanasynda hormatly Prezidentimiziň jöwher paýhasyndan dörän eserleri esasynda guralan sergä syn edildi. Halkymyza ajaýyp eserleri peşgeş berýän Gahryman Arkadagymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak bolup, alyp barýan beýik işleriniň has-da rowaçlanmagy arzuw edildi.

Bagt bagynyň bägülleri

Türkmenabadyň pagta egriji fabriginde «Arkadagly Diýarda gözelligiň nusgasy ― dokmaçy gelin-gyzlar» diýen at bilen hünär bäsleşigi geçirildi. Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň we Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň welaýat bölüminiň bilelikde guran bu bäsleşigine welaýatymyzyň dokma senagatyna degişli edara-kärhanalarynda zähmet çekýän gelin-gyzlaryň köpsanlysy gatnaşdy. Bäsdeşler dört tapgyr boýunça öz şahsy başarnyklaryny görkezdiler. Olar bäsleşigiň birinji şertine laýyklykda hormatly Prezidentimiziň «Enä tagzym ― mukaddeslige tagzym» kitabyndan bölekleri ýatdan aýtdylar, milli däp-dessurlarymyzyň dowam etdirilişi dogrusynda gürrüň berdiler. Bäsleşigiň ikinji şertine laýyklykda gelin-gyzlar gadymy milli lybaslaryň we olara salynýan nagyşlaryň aýratynlyklaryny, gelip çykyşyny gürrüň berýän slaýd usuly bilen taýýarlan şekillerini ýörite ekranda görkezdiler. Täze usullara esaslanýan bäsleşigiň bu şertine laýyklykda taýýarlanylan slaýdlarda ene-mamalarymyzdan miras galan el işlerimiz millilik ruhunda täze röwüşde janlandyryldy.

Hukuk terbiýesi — geljegi nazarlaýan iş

Hormatly Prezidentimiziň kakasy gulluk eden döwründe ýedi gezek ýokary döwlet sylaglaryna mynasyp bolan, «Içerki goşunlarda gullukda tapawutlanandygy üçin» diýen döşe dakylýan nyşan bilen sylaglanan, 1982-nji ýylda içeri işler edaralarynda podpolkownik harby adynda gullugyny tamamlap, zähmet ýoluny Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň düzümleýin edaralarynda dürli wezipelerde dowam eden, ilhalar ynsan, Türkmenistanyň içeri işler edaralarynyň hormatly weterany Mälikguly Berdimuhamedowyň zähmet we durmuş ýoly bütin türkmen halkymyz bilen birlikde, biziň bilim ojagymyzda hem okuw-terbiýeçilik işlerini mynasyp alyp barmakda beýik mekdep bolup durýar. Çünki, döwletimizde ylym-bilimiň döwrebap ösdürilmegi hem-de bu ulgama ornaşdyrylýan ýokary hilli tehnologiýalar talyp ýaşlarymyzyň ählitaraplaýyn kämil bilim almagyna oňyn täsirini ýetirýär. Bagtyýar talyp ýaşlarymyz ylmy tehnologiýanyň gazananlaryny üstünlikli ele almakda, daşary ýurt dillerini öwrenmekde, ylmy işler, şeýle-de sportuň dürli görnüşleri, aýdym-saz, sungat bilen meşgullanmakda öz başarnyklaryny görkezýärler. Ýaşlarymyzyň eşretli durmuşda ýaşamagy, okamagy, öwrenmegi, ýokary derejeli hünärmenler bolup ýetişmegi üçin döwlet tarapyndan yzygiderli tagallalar edilýär.

Buýsançly waka

Golaýda, Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň harby gullukçylary bilen «Türkmenistan: Altyn asyr» teleýaýlymynyň döredijilik toparynyň işgärleriniň bilelikde guramagynda Türkmenistanyň raýatlygyna kabul edilen adamlaryň maşgala durmuşynda bolan özgerişler, ösüşler barada olaryň berýän buýsançly gürrüňleri, özleriniň ýürek arzuwlaryny wysal eden, baky bagtyýarlygy peşgeş beren hormatly Prezidentimize egsilmez alkyş sözlere beslenen ýürek buýsançlary sanly ulgam arkaly, göni wideoaragatnaşygynda, onlaýn görnüşinde teleýazgy edilip, ýaýlyma berildi. Teleýazgynyň dowamynda Türkmenistanyň raýatlygyna kabul edilen adamlar ýurdumyzda ynsanperwerligiň ajaýyp nusgasyny giňden dabaralandyrýan mähriban Arkadagymyza tüýs ýürekden egsilmez sagbolsunlaryny aýdyp, hemişelik Bitarap Türkmenistanda adam hakyndaky aladanyň iň öňdäki orunda durýandygyny, raýatlaryň erkana, parahat we bolelin durmuşda ýaşamagy üçin ähli mümkinçilikleriň döredilýändigini buýsanç bilen bellediler. Olar: «Men Türkmenistanyň raýaty» şeýle belent heň bilen ýaňlanan bu mukaddes jümläniň her bir adamyň kalbyndan syzylyp çykmagy, adamlaryň bagtyýarlygynyň aýdyň nyşany bolup, ýüreklere ornady.

Saýlaw möwsüminde

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň milli kanunçylyk ulgamyny düýpli kämilleşdirmegiň barşynda üstünlikli amala aşyrylan konstitusion özgertmeleriň netijesinde iki palataly parlament ulgamy girizildi. Şundan gelip çykýan wezipeleri çözmek üçin yglan edilen saýlaw möwsümi «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň esasy jemgyýetçilik-syýasy wakasy bolmak bilen, ýurdumyzyň syýasy durnuklylygynyň üpjün edilmeginde we ykdysady kuwwatlylygynyň has-da ýokarlandyrylmagynda, raýatlaryň hukuklarynyň goraglylygynyň ýokary derejede üpjün edilmeginde hem-de halkymyzyň ýaşaýyş-durmuşynyň has-da abadanlaşdyrylmagynda uly ähmiýete eýedir. Bilşimiz ýaly, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalygyna saýlawlar bilen baglylykda, şu ýylyň 2-nji ýanwaryndan ýurdumyzda saýlaw möwsümi başlandy. Saýlaw möwsümi Halk Maslahatynyň agzalygyna dalaşgärleri erkin we deňhukukly hödürlemek, aýanlyk we açyklyk, wagyz erkinligi başlangyçlarynda, ähli dalaşgärler üçin deň mümkinçiliklerde amala aşyrylýar.

Ynanyşmagyň hukuk binýady

Bagtyýarlyk döwrüniň aýdyň ýoly Gahryman Arkadagymyzyň öňdengörüjilikli baştutanlygynda dost-doganlykdan, agzybirlikden we ynsanperwerlikden badalga alyp, dünýä içre uzap barýar. Milli Liderimiziň öňe süren ajaýyp başlangyjy esasynda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan «2021-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamanyň kabul edilmegi halkymyzyň ynsanperwerlik, dost-doganlyk ýörelgeleriniň bütin dünýä nusga bolýandygynyň aýdyň nyşanyna öwrüldi.

Howpsuzlyk kadalaryny berjaý ediň!

Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet ýangyn howpsuzlygy gullugynyň işgärleri tarapyndan döwletimizdäki ilatly nokatlarda, eýeçiligiň görnüşlerine garamazdan, ykdysadyýet desgalarynda, guramalarynda, oba hojalyk ekinleri bilen bagly işleriň alnyp barylýan oba senagat toplumlarynda ýangynlaryň öňüni alyş çäreleri yzygiderli geçirilýär. Bu işler ýangynlaryň sanlarynyň azalmagyna getirýär. Ýaşaýyşdyr edara jaýlarynda ýangyn howpsuzlyk düzgünleriniň kadalaryny her bir raýatyň bilmegi hökmanydyr. Eziz ildeşler, ilki bilen, ýaşaýyş jaý-ulanyş edaralarynyň, şeýle-de edara jaýlarynyň ýangyn howpsuzlygyna jogapkär adamlar, düzgün bozulmalaryň häsiýetine, şonuň bilen bir hatarda getiren netijelerine laýyklykda, kanunda bellenilen tertipde jogapkärçilik çekýändiklerini bilmelidir. Ýaşaýyş jaýy kärendesine alan adamlar, jaý eýeleri, umumy ýaşaýyş jaýlarynda ýaşaýanlar, edaralaryň işgärleri ýangynyň döremegine getirip biljek, jaýlardaky, otaglardaky adamlaryň janyna hem-de saglygyna howp salýan hereketlere ýol bermeli däldirler. Ýangyn dörän halatynda, adamlary dessin halas etmäge ýardam berýän ýörite enjamlary elmydama işjeň ýagdaýda saklamaly. Halas ediş ýollarynda ýanyjy serişdeleri ulanmagy çäklendirip, adamlary binalardan halas etmekligi pese düşürýän gurluşyk-gurnama işlerini, şeýle-de jaý gurluşyk taslamasynyň çözgütlerini üýtgedip gurmak, özbaşdak gurluşyk-gurnama

Wagyz-nesihat duşuşyklary

Ýakynda «Ahalmiwe» oba hojalyk senagat birleşiginde wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Raýatlaryň sagdyn bedenli bolmagyny gazanmak, dürli kesellere garşy ukybyny ýokarlandyrmak hem-de howanyň üýtgemegi bilen bagly döräp biläýjek keselleriň öňüni almak maksadyndan ugur alnan maslahat welaýat häkimliginiň ýörite meýilnamasyna laýyklykda guraldy. Oňa ady agzalan oba hojalyk senagat birleşiginiň işçi-hünärmenleri gatnaşdylar. Welaýatyň jemgyýetçilik guramalarynyň hem-de saglygy goraýyş edaralarynyň işgärlerinden ybarat bolan wagyz-nesihat toparynyň agzalary maslahatda täsirli çykyş etdiler. Olar çykyşlarynda häzirki ajaýyp döwrümizde hormatly Prezidentimiziň «Döwlet adam üçindir!» diýen baş taglymatynyň iş ýüzünde üstünlikli amala aşýandygy, ata Watanymyzda raýatlaryň has-da eşretli günlerde ýaşamaklary ugrunda guwandyryjy işleriň durmuşa geçirilýändigi barada gürrüň etdiler.

Edep-terbiýe — ýaşlara ýaraşyk

Tejen etrabyndaky 1-nji hem-de 12-nji orta mekdepleriň ýokary synp okuwçy gyzlarynyň arasynda türkmen zenanlaryna mahsus bolan edep-terbiýe kadalaryny düşündirmek, milli däp-dessurlarymyzy wagyz etmek maksady bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Halkymyzyň gadymyýetden gözbaşly asylly ýörelgelerinden, şol sanda ýaşaýşyň gözbaşy bolan, ömrümize ýaraşyk berýän enelere hem-de gelin-gyzlara sarpa goýmak, olaryň mertebesini belende götermek ýörelgelerinden ugur alnan duşuşyklary Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň etrap Geňeşi hem-de Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň etrap bölümi bilelikde gurady. Duşuşyklarda bellenilişi ýaly, ene-mamalarymyz gyz edebine ýaşlykdan aýratyn üns gönükdiripdir, gymmatly nesihatlaryň, öwüt-ündewleriň üsti bilen olara edep-terbiýe beripdir.

Abadan durmuşyň bähbidine

Golaýda Türkmenistanyň Merkezi bankynyň welaýat şahamçasynyň mejlisler zalynda welaýat häkimliginiň meýilnamasy esasynda ilatyň arasynda ýurdumyzda hereket edýän kanunçylygy düşündirmek, neşekeşlige hem-de korrupsiýa garşy göreşmek, ýol hereketiniň kadalaryny we düzgünlerini dogry berjaý etmek meselelerine bagyşlanan wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Oňa şu edaranyň işgärleri gatnaşdylar. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde, ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgesi barha rowaçlanýar. Parahorluga we korrupsiýa garşy hereket etmek, ilatyň beden we ruhy taýdan sagdyn bolmagyny gazanmak, ahlak arassalygyny ündemek maksady bilen, uly işler durmuşa geçirilýär. Şular dogrusynda Türkmenistanyň Merkezi bankynyň welaýat şahamçasynyň başlygynyň orunbasary, bank gözegçiligi bölüminiň başlygynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Öwlüýäguly Gutlyýew, welaýat Polisiýa müdirliginiň 4-nji bölüminiň uly gözegçileri Selbi Saparnazarowa, Näzik Ýusupowa, welaýat prokurorynyň hukuk üpjünçiligi boýunça uly kömekçisi 1-nji derejeli ýurist Bilbil Saparowa, TKA-nyň welaýat birleşmesiniň pudaklar boýunça utgaşdyryjysy Mämmetdurdy Muhamedow, Daşoguz şäher polisiýa bölüminiň ýol gözegçilik bölüminiň wagyz-nesihat işleri boýunça uly gözegçisi Akmyrat Mosanow, döwlet edaralarynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşyklarynyň Daşoguz şäher geňeşiniň başlygy Bibigül Amanowa, TDP-niň welaýat komitetin

Terbiýe mekdebi

Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly eseri türkmen halkynyň milli ýol-ýörelgelerine sarpa goýmagy, olary hormatlamagy öwredýän, asylly häsiýetleri ündeýän gymmatly gollanmadyr. Kitapda ynsaplylyk, adalatlylyk, paýhaslylyk, myhmansöýerlik, zähmetsöýerlik ýaly ýörelgelerimiz barada täsirli gürrüň edilýär. Onuň «Durmuşyň kadasy — paýhas pendi» atly bölüminde şeýle bellenilýär: «Ýiti akyly bolan, pähimli oýlanmagy başarýan nesiller döwrüň zerurlygyna aýdyň düşünip bilýärler. Akylly ogul-gyzlar Watan gymmatlygynyň manysyna aýdyň düşünýän pähimdarlaryň nesilleridir.

Kadalary berk berjaý etmeli

Ýangynyň döremeginiň öňüni almak üçin, esasan, elektrik we gaz bilen işleýän gyzdyryjy enjamlar bilen iş salşylanda örän ünsli hem-de seresaply bolmak gerekdir. Gaz peçleriniň güýçli ýakylyp, olaryň ýakynynda ýanyjy materiallaryň galdyrylmagy, tebigy gazy eltmek üçin peje rezin geçiriji çekilip, onuň bolsa gyzgyna eremegi, gaz peçleriniň ýakylyp, birnäçe wagt gözegçiliksiz goýulmagy, pejiň ýanyjy materiallaryň, ýagny poluň, parketiň we beýlekileriň üstünde oturdylmagy ýangynyň döremegine sebäp bolýar. Ýyladyjy peçleriň tüsseçykarlary her üç aýdan bir gezek, aşhana peçleriniň tüsseçykarlary bolsa her iki aýdan bir gezek arassalanmalydyr. Tüsseçykarlaryň jaýyň agaç basyrgysyny göni deşip çykarylmagyna ýa-da olara degip durmagyna, diwary deşip, göni daşary çykarylmagyna asla ýol berilmeli däldir. Olaryň hapalanmagynyň we beýleki näsazlyklarynyň uly adamlaryň we çagalaryň ýanan gazyň tüssesi bilen zäherlenmegine alyp barýan halatlary, gynansak-da, duş gelýär.

Çaýçorba

Gahryman Arkadagymyzyň halk hakyndaky aladasy netijesinde Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe göwün islän iýmitiňden haýyrlanmaga doly mümkinçilik bar. Hudaýa şükür, bolçulyk, abadançylyk. Sähel salymda owkady bişirmäge gaz plitalary, tok bilen işledilýän hil-hil enjamlar, gazan-taganlar... öý bikeleriniň gol astynda dur. Enelerimiziň, maşgalalarymyzyň, aýal doganlarymyzyň öňki döwürde gören gözgyny durmuşyny, isleseň-islemeseň, ýatlamaly bolýar. Ýaşaýanyň gyşyna sowuk, tomsuna yssy ýegşerilip oturan gara öýdür. Onda ne gaz bardyr, ne-de tok. Üstesine-de agşamlygyňy tapsaň, ertirligiň gara görgüdir. Ýöne ötenlerimiz şol ýeter-ýetmez durmuşda hem her edip, hesip edip, owkatdan, esasan hem, ertirlikden näumyt galmazlygyň çäresini tapypdyrlar. Ol neneňsi çärekä? Hawa, ol owkada «çaýçorba» diýilýär. Çaýçorbany taýynlamak üçin, ozaly bilen, süýtli gara çaý demlärdiler. Ýöne onuň ýüzündäki suwuň durlanyp duran suwuk däl-de, goýy, goňrumtyl reňkde bolmagyny gazanardylar. Çaýçorba iýilýän käse adatdakylardan iki-üç esse töweregi uly bolardy. Oňa «düýekäse» diýýänlerem bardy, «pyýala» diýýänlerem. ªol käsä her kes öz maddy ýagdaýyna, işdäsiniň alşyna görä, gant bilen mal ýagyny atardy. Goýnuň guýruk ýagy bolsa-ha has gowudyr. Oňa dogralýan çöregiň mukdary dogrusynda aýdanymyzda bolsa, çümhörekler-ä onuň bir käsesinden kanagatlanardylar, iýermenler bolsa pyýalany 2-3 gaýra çörekd

Sabyr hakynda söýlenen sözler

Iň garyp kişi sabyrsyz kişidir. Şekspir.

Milli ýörelgelere ygrarlylyk

Türkmen ýaşlaryny köpasyrlyk taryhy ýoluň dowamynda halkymyz tarapyndan döredilen milli ruhy gymmatlyklar esasynda terbiýelemek, watansöýüji, zähmetsöýer hem-de ýurdumyzyň hemmetaraplaýyn ösüşine mynasyp goşant goşýan kämil şahsyýetler hökmünde kemala getirmek Gahryman Arkadagymyz tarapyndan alnyp barylýan döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Ata Watanymyzda halkymyzyň baý medeni mirasyny gorap saklamak, öwrenmek hem-de milli gymmatlyklarymyzy, däp-dessurlarymyzy, maşgala edebini giňden wagyz etmek arkaly sagdyn, bilimli we ýokary aň-düşünjeli ýaş nesiller üçin maksatnamalaýyn işler yzygiderli esasda amala aşyrylýar. Şu nukdaýnazardan, «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynda» halkymyzyň taryhy gymmatlyklaryna gadyr goýýan hem-de ynsanperwerlik ýaly ajaýyp häsiýetlerini özünde jemleýän şahsyýetleri kemala getirmek möhüm wezipeleriň biri hökmünde kesgitlenilýär.

Ata-enäniň göwni ogulda-gyzda (Garaşsyzlyk we türkmençilik ýörelgeleri)

«Nesil terbiýesinde türkmençilik ýoly» atly toplumdan Heňňamlary garradan halkymyzyň hiç bir milletiňkä meňzemeýän däp-dessurlary, ýol-ýörelgeleri, edim-gylymlary bar. Ata-babalarymyz ony biragyzdan «türkmençilik» diýip atlandyrypdyrlar. Uýýan dinimizdenem, gepleýän dilimizdenem has öň kemala gelen bu asylly ýol türkmeniň gany bilen girip, köňül köşgünde kemal tapypdyr. Ynsan gatnaşyklaryny ynsanperwerlik, rehimdarlyk, päklik, wepadarlyk ýaly ölçeg terezisine salyp, agyr ýüküni abraýyna öwren pederlerimiziň bu ýol-ýörelgesi ösüp gelýän ýaş nesilleriň şamçyragydyr. Hormatly Prezidentimiz «Türkmenistan ― parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň başynda, ilkinji geçiren mejlisinde pederlerimizden gelýän däp-dessurlary, türkmençilik ýoluny ýaşlaryň arasynda wagyz etmegiň wajypdygyny nygtap, ony terbiýeçilik işinde giňden peýdalanmak barada berk tabşyrdy. «Nesil» gazetiniň redaksiýasy milli Liderimiziň beren tabşyryklaryndan ugur alyp, ýaşlarymyzyň öz ata-babalary ýaly watansöýüji, zähmetsöýer, il-güne ygrarly, dost-ýara wepaly, päk ahlakly adamlar bolup ýetişmegine goşant goşmak maksady bilen, täze bir rubrika açmagy meýilleşdirdi. «Garaşsyzlyk we türkmençilik ýörelgeleri» atly bu rubrikamyzda göwnemakul milli ýörelgelerimiziň, däp-dessurlarymyzyň, ýazylmadyk kada-kanunlarymyzyň, halkymyzy şan-şöhrata besläp gelen nusgalyk häsiýetlerimiziň nesil terbiýesindäki ähm

Geljegiň ak şäheri

Bagtyýar hem-de ajaýyp durmuş, gözel paýtagtymyzy al-ýaşyl öwüsýän şaýollar, giň hem owadan köçeler, ak mermere beslenen hatar-hatar binalar, agşamlaryna älemgoşar öwüşginli yşyklar, möwç alýan halal zähmet hem-de beýik ösüşler Aşgabadymyzy tanalmaz derejede özgertdi. Aşgabadyň ajaýyp gözelligi, ýaşamak hem işlemek üçin amatly merkez hökmündäki belent abraýy bu gün tutuş Ýer ýüzünde ykrar edilýär. Türkmen kalby deýin nurana, ajaýyp sungat eserine deňelýän görkana şäherimiziň ösüşleri görenleriň guwanjyny goşalandyrýar. Bitirilýän beýik işler durmuşyň gymmatlygy bolup, halkymyzyň ýaşaýşyny has-da belentliklere ýetirýär. Agzybir iliň zähmeti bilen dabaralanýan, durnukly ösýän döwletiň paýtagty Aşgabat dost-doganlygyň, parahatçylygyň, ynanyşmagyň, ygtybarlylygyň, ysnyşykly hyzmatdaşlygyň merkezi hökmünde hem uly abraýa eýedir. Aşgabat şäheriniň görküni artdyrýan «Bitaraplyk» we «Abadançylyk» binalary bolsa milli gurluş aýratynlygy we çuňňur many-mazmuny bilen paýtagtymyzyň görnükli künjeginde parahatçylygyň aýdyň nyşany bolup şugla saçýar. «Parahatçylyk durky bilen durmuşyň sazlaşygydyr» diýýän, dünýä içre ykrar edilen milli Liderimiziň parasatly baştutanlygynda halkymyzyň bagtyýar durmuşyna gönükdirilýän belent maksatlar üstünlikli durmuşa geçirilýär.

Wagyz-nesihat dabaralary

Wagyz-nesihat çäresi Ahal welaýat Polisiýa müdirliginiň, Ak bugdaý etrap häkimliginiň, Ak bugdaý etrap Bilim bölüminiň we Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Ak bugdaý etrap komitetiniň bilelikde guramagynda gyş paslynyň sowuk howasy bilen bagly döräp biläýjek keselleriň öňüni almak, zyýansyzlandyryş serişdelerini ulanmak, arassaçylyk düzgünlerini berk berjaý etmek barada degişli maslahatlary yzygiderli wagyz-nesihat etmek üçin çäreler geçirilýär.