Mälim bolşy ýaly, ýakynda döwlet Baştutanymyz TASS agentliginiň baş direktorynyň birinji orunbasary Mihail Gusman bilen söhbetdeş bolup, onuň sowallaryna netijeli görkezijilere esaslanmak bilen anyk jogaplary berdi. Bu söhbetdeşlikde hormatly Prezidentimiz ata Watanymyzyň Russiýa Federasiýasy bilen gatnaşyklarynyň dürli ugurlary, durmuş ýörelgeleri hem-de ýurdumyzyň goňşy döwlet Owganystanyň täze hökümeti bilen hyzmatdaşlyga taýýardygy barada aýtdy.
Žurnalist öz sözüni baş baýramymyz Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygyny gutlamak bilen giriş sowalynda GDA-nyň hem esaslandyrylmagyna 30 ýylyň dolýandygyny belledi. Şeýle-de ol milli Liderimiziň guramanyň taryhy ýoluna hem-de Türkmenistan üçin onuň ähmiýeti dogrusyndaky garaýşy bilen gyzyklandy. Hormatly Prezidentimiz myhmana öz hoşallygyny bildirip, ITAR-TASS habarlar agentligi bilen hyzmatdaşlyga ýokary baha berýändigini belledi. Habarlar agentliginiň «Häkimiýet ýörelgesi» atly syýasy telewizion gepleşiginiň tomaşaçysydygyny habar berdi. Şeýle-de ýaýlymyň ýurtlaryň we halklaryň sazlaşykly özara düşünişmegine, döwletara gatnaşyklarda açyklyga, ynanyşmaga ýardamynyň uludygyny beýan etdi. Gahryman Arkadagymyz ýyllaryň dowamynda öz işini amala aşyran Arkalaşygyň syýasy, ykdysady taýdan berkäp, durmuşa ukyply bileleşik hökmünde özüni görkezendigini nygtady. Muny hormatly Prezidentimiz Aziýa bilen Ýewropanyň arasyndaky baglaşdyryjy giňişlik köpri hökmünde dünýäniň hojalyk gatnaşyklarynda orun alandygyny jaýdar jümleler arkaly delillendirdi. Milli Liderimiz bu guramanyň sebitiň özara hyzmatdaşlyklarynda, Merkezi Aziýada durnuklylygy, yzygiderli ösüşi üpjün etmekde aýratyn hyzmata eýedigini belläp, GDA-nyň Türkmenistan üçin oňyn hem-de netijeli taraplaryny beýan etdi.