Garagumuň çulbalary

29 Ýanwar 2021
3203

Aňyrsyna-bärsine göz ýetmeýän giňişlikde ýaýylyp ýatan Garagum sährasy tebigy gözelliklere diýseň baý. Ösümlik hem-de haýwanat dünýäsiniň köpdürliligi bilen görenleri haýran galdyrýan Garagumuň tebigy täsinlikleriniň biri-de çulbalardyr. Bu barada Gahryman Arkadagymyz «Döwlet guşy» atly çuňňur paýhasa ýugrulan romanynda: «Açyk meýdan. Arassa howa. Garşyňda ojar odun şatyrdap ýanyp dur. Uzaklara seredýärsiň. Şu ýerden Merkezi Garagum başlanýar.

Asyl bu çöl däl-de, sähra ahyryn! Çünki bu bereketli Garagumda bitmeýän ösümlik ýok. Garagum — bereketli gum, bereketli sähra diýmek bolmaly. Garagum — türkmeniň ýaşaýyş çeşmesi, gorhanasy.

Akmyrat REJEBOW,
Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri.