Mehter — geçmişiň buýsançly mirasy

26 Ýanwar 2021
3343

Hormatly Prezidentimiziň «Mertler Watany beýgeldýär» atly eserinde şeýle setirler bar: «Beýik Osman türkmenleriniň döwletinde ýörite «Mehter» (bu söz parslaryň «mihter» sözünden bolup, «beýik, uly» diýen manyny berýär) atly harby aýdym-saz topary hereket edipdir. Topar osman soltanlary tarapyndan barha kämilleşdirilipdir. Nagara, tebil, dowul, surnaý ýaly saz gurallaryndan düzülen bu saz topary esgerleri söweşe ruhlandyrmak bilen birlikde, garşydaş tarapy aljyraňňy ýagdaýa salmaklyga täsir edýän serişde hökmünde ýörişlerde ulanylypdyr. Mehter harby aýdymsaz topary goşuny tertibe salmakda, nyzama duruzmakda hem uly orun eýeläpdir. Olaryň haýbatly aýdym-sazlary Wizantiýa goşunyna öz täsirini ýetiripdir».

Osmanly türkmen döwleti 623 ýyllap dowam edip, öz zamanasynda ylym-bilimde, ykdysadyýetde, syýasatda, medeniýetde we harby ulgamda uly üstünliklere eýe bolmak bilen, dünýä taryhynda öçmejek yz goýupdyr. Gahryman Arkadagymyzyň “Mertler Watany beýgeldýär” atly eserinde beýan edilýän “mehter” harby aýdym-saz toparynyň taryhy kökleri çuňdur. Mehterden öň orta asyr türkmen döwletlerinde “newbet” hökümdarlygyň esasy nyşanlaryndan biri bolupdyr. Hormatly Prezidentimiz ady agzalan eserinde: “Beýik Seljuk türkmenleriniň döwletinde “Newbet” (newit — buşluk, hoş habar, söýünji) atly harby aýdym-saz topary bolupdyr” diýip ýazýar. Bu harby aýdym-saz topary tarapyndan, esasan, hökümdaryň köşgüniň gapysynda çalnan saza “newbet” diýlipdir. Mahmyt Kaşgarlynyň “Diwany lügat at-türk” atly kitabynda hem “newbet” dowulynyň kakylýandygy barada maglumatlar bar.

Ahmet ANNABERDIÝEW,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň uly mugallymy.